02:32 Ömrüzaýa -6/ romanyñ dowamy | |
5. AÝBAHAR — 2
Romanlar
Myhmanhanadan çykyşym ýaly taksi tutdum-da, şu ýere geldim... Ýöne, howlymyzy tanamajak boldum... — Mähti aga gurak-gurak ýuwdundy. Gözlerine çyg çaýyldy. Örän kynlyk bilen sözüni dowam etdirdi. — Şolar ýaly ideg-yssywatsyz, çöken ýurdy görenlerinde türkmenler: «Bir bendäň-ä yzy ýitipdir» diýip, aýak üstünden aýat okap geçýäler. Göz öňüňe getir-de göräý, Azat jan, daşky haýatymyz-a halys ýanyny ýere beripdir. Kakamyň bir wagtlar, Aşgabadyň iň ökde ussalarynyň birine uly höwes bilen, galyň hem berk tagtalardan ýasadan derwezesiniňem bir tarap-a gopupdyr-da, ho-ol, beýlede, bir aýagyny dik ýokary tutup, çäşerilip ýatyr. Beýleki tarapam söýesine çalaja ilişip dur. Her gezek şemal öwsende «jygyldysy» bütin obany lerzana getirýä. Wagtynda bolluk bilen çalnan goňur reňki bolsa «pakga-pakga» bolup, elledigiň pytrap, ýere dökülip dur. Umuman, bir wagtlar şähere belli, görene-eşidene: «Mürze Muhammediň howlusy» diýdiren owadan hojalyk şeýle bir ebgarlapdyr welin, içine adam girip-çykýana meňzänok. Şeýle-de bolsa, göni giribermedim-de, derwezäniň bitaý gapysyny kakdym. Howlynyň içinde hiç hili gymyldy-hereket bolmady. Hatda itiň sesem çykmady. Çöp-çalamlaryň arasyndan «alaşagyrdy» bolup çykan küle pişik tanamakçy bolýan ýaly ýüzüme «jüýjerilip» durdy-durdy-da, birdenem böküp, goňşy howlynyň haýatyna mündi, şol ýerdenem olaryň üçegine dyrmaşdy. Çür başyna çykansoň, ýene bir gezek maňa seredibem, aňyrlygyna tarap «zymdyrylyp» gitdi. Howla girdim. Biri «wäh» diýäýjek ýaly, iki gözümem töweregimde. Kakamyň eken miweli agaçlary demini sanap ýatan hassa ýaly saralyşyp-solşup otyrlar. Güller gurapdyr, iki-ýeke kölegeräk ýa käýarym bir öl barýan ýerdäkileri bolsa sülleripdirler. Bu görnüş olaryň barysynyň iň soňky deminde urunýandyklarynyň alamaty. Käbir agaçlar durşuna şepbik. Sütünlerinden şireleri akyşyp dur. Olaryň üstünde gyzyldyr sary arylar uly ölşük. Burny ýaşyl ullakan siňeklerem olardan kem galanoklar. «Birwagtky barly baglar şü» diýseň, adam ynanar ýaly däl. Hemmesiniňem sebäpkäri men. «Eýesi ölse bag guraýar» diýlen sözüň doly manysyna-da men diňe şondan soň düşünip galdym. Geň ýeri, jaýymyzyň gapysy açyk. Goýy, goňur reňkli, galyň iki çäk tuty şemala ýelkildäp dur. Içinde-de adam bara meňzeýä. Gapa barýan ýodany ot basmandyr. Basgylanypdyr. Diýmek, girilip-çykylýan bolmaly. Girende aýak süpürer ýaly bosaga dört eplenen öl mata taşlanypdyr. Ol içeriniň ýap-ýaňyja syrylyp-süpürilendiginden, dalanynyň ýuwulandygyndan habar berýä. Aňyrdan bir ýerden radionyňmy, magnitafonyňmy sesem eşidilýän ýalam bolup dur. «Ýa öýsüz, öwzarsyzlar eýeläýdilermikä» diýip, oýlandym-da, usullyk bilen gapa bardym. Ýuwaşjadan kakdym. Diň saldym. Jogap ýok. Tuty syrylanok. Ýene bir gezek, ýöne dözümliräk kakdym. Onda-da üýtgeşiklik bolmady. Goňşy-golamlardan sorag-ideg edip görmek maksady bilen, yzyma öwrüldim. Bäş-üç ädim ädenimdenem gapy «jygyldan» ýaly, «çygşyldam» eşidiläýen ýaly boldy. Seretsem öý eşiginde, ýarawsyzlygynyňmy ýa ýadawlygynyňmy alamaty hökmünde başyna kiçijik gara ýaglygy gaşyna çenli çümre daňnan garaýagyz bir gelin çep çigni bilen işige söýenip, meni synlap dur. Ine-de onuň dodaklary gymyldady. — Siz kim? Size kim gerek? Eý, Huda-aý jan-e-eý!.. Sesindenem tanadym welin, asyl özem gaty bir üýtgemändir-ä... Ýeri, meniň öňümde ümüş-tamyşlygyň salgymy ýaly iki-baka yraň atyp, şar-gara gözlerini balkyldadyp duran maşgala henizem şo-ol, bir wagty juwanlyk terzini ýitirmedik Aýbahar bolsa nätjek!.. Gözlerime ynanmajak boldum. Ýuwaşjadan adyny tutup, bir ädimem öňe omzanymda kalbym gozganyp, on iki süňňüm sarsyp gitdi. Ýaz paslynyň zarbyna köne keseli gozgap, ähli bogunlary sökülen syrkaw ýaly çym-pytrak boldum. Dyzlarymdan ysgyn, bilimden kuwwat gitdi. Ýykylman zordan saklandym. O-da meni tanady. Gan-gana, damar-damara çekdi. Tebsiräp duran dodaklar indi ikinji gezek gymyldady. — Ah, Mähti, Mähti!.. Aknur daýzamyň däli, Mürze daýymyň diwana ogly... Ýaşlygymdan söýdügim, göwün berip, ýanýoldaşym saýdygym. Öz ýanymdan «özümiňki» diýdigim. — Ol gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi. — Sen nireden çykdyň? Asla barmydyň? Aýatda dirimidiň? Eýle bolsa şunça wagtlap nirelerde bolduň? Nirelerde otlap-suwladyň? Ýüreginiň halys sary giden bor-a çemeli, şeý diýdi-de, ol syrylyp aşak çökdi. Ýüregini tutdy. Bir «hy-yýk» eden ýaly boldy, şondan soň ses-üýn çykmady. Ýüzi agardy. Gyşarylyp, bir tarapa gaýdaýarly göründi. Bir bökenimde ýanyna bardym. Götergiläp öýe saldym. Törki diwaryň düýbünde duran diwanyň üstünde ýatyrdym. Başyna ýassyk goýdum. Aşhana girip bir käse suw alyp çykdym. Agzyna tutdum, ýüzüne sepdim. «Tiz kömegi» çagyrmalydygym ýadyma düşýä, ýöne, öýde telefonyň bardygyny bilmändirin. Ony şol ýagdaýda taşlap köçä ylgamaga bolsa, töwekgelçilik edibilmedim. Oňa çenlem ol gözüni açdy. Ýene-de suwly käsäni agzyna tutdurdym. Tamşandy. Ýatyşyny üýtgetmän ýüzüme seretdi-seretdi-de, uludan demini alyp: — Gelişleýinmi ýa... — diýdi. — Gelişleýin, Aýbahar, gelişleýin. Men indi hiç ýana gitmen... — diýdim. Ol bulaşan saçlaryny, ýaglygyny düzedişdirdi. Biliner-bilinmez ýylgyrdy. — Tüweleme, akyllanypsyň... Onuň bu sözleri bir gyzyň öz deň-duşuna däl-de, bir mährem enäniň uzak aýralykdan soň dolanyp gelen ogluna aýdýan söýünçli sözlerine meňzedi. Birneme özüni rastlanyndan soň, men burçdaky iş stolunyň başynda duran arkasyz oturgyjy alyp, onuň gapdalynda çökdüm. — Hany, nähili ýaşadyň, Aýbahar, gürrüň ber... *** — Şol gije sen gideniňden soňam toý sowulmady. Asla, ertire çenli barlygyň-ýoklugyňam bildirmedi — diýip, Aýbahar adajadan söze başlady. — Diňe ertesi guşluk wagtlary, «agzybir aş» iýdirjek bolanlarynda seni gözläp ugradylar. Öňi bilenem menden soradylar. «Bilemok, ir bilen çykyp gidişi» diýdim. Ýöne, nämäniň-nämedigini hemmeden öňürti kakaň aňdy. Ýöne, köpçülige syr bildirmedi. Iň ýakyn garyndaşlaryny içki jaýa ýygnady-da: «Demiňiz içiňizde bolsun. Hiç kim, hiç zat bilmesin. Toý tutuldymy? Gelin getirildimi? Nika gyýyldymy? Ikisi bir gijäni geçirdilermi? Boldy! Hemme zat düzüw. Ýerbe-ber. Iş bitdi. O doňzam nätse şeýtsin. Gitse, gümüne gitsin» diýip, gaty kesgitli gürledi. Soň meniň ýanyma geldi. «Sen, oglum, öňem özümiňkidiň, ind-ä hasam golaýlaşdyň. Gaýrat et-de, otur. Gidäýme. Özüňem, bizem gepe goýma. Men ony ýeriň teýinde bolsa-da tapyp, getirerin. Eger-de okuwyňy tamamlaýançaň tapylmadyk halatynda-da, sen bizi taşlama...» diýdi. Şondan soň ol dogan-garyndaşlaryndan toý dabarasynyň öňküdenem has şowhunly dowam etdirilmegini talap etdi. Aýdany aňryýany bilen berjaý edildi. Toý gazanlary ojaklardan düşürilmedi. Märeke dargadylmady. Seniň ýoklugyň hiç kime bildirilmedi. Şondan soň Mürze daýym «iş bitiren» adam hökmünde ullakan sekiniň üstünde ynjalykly oturyp, gök çaý içdi. Öten agşamam diňländiklerine garamazdan, bagşy dostlaryny, sazandalary çagyryp, günuzynam bagşy aýtdyrdy... — Şondan soň Aýbahar kakamyň Ýazly mugallymyň öz hatynda ýazyp iberen «haçly ýörişini» ýeke-ýeke beýan etdi. — ...Iň soňky baran ýerinde halys paltasy daşa degipdir öýdýän, gelşi ýaly düşege ýykyldy-da, bir hepde ýaly galman ýatdy. Ahyry bir günem yraň-daraň turdy-da: «Wah, ýalňyz balamdan aýryldym!..» diýip, uly ili bilen aglady. Sesine ejeň geldi. Iki bolup, tutaklap ýerine geçirdik. Buýr-bulaşyk bolan düşekleriň içinde bir düýrmek bolup oturyşyna Mürze daýym gözlerini tegeläp: «Oýnasa ogly ýeňer, çynyny etse atasy» diýipdirler, onda näme üçin men ýeňildimkäm, Aknur?!..» diýdi. Daýzamam: «Sen ogluňdan däl, pelekden ýeňildiň, sen şonuň bilen dalaş etdiň, şondanam utuldyň. Ogluňdan bolsa kejeňekligiň üçin dyndyň. Indi bagryňa daş urup aglasaňam, peýdasy ýok...» diýdi-de, özi ondanam beter aglady. Olara goşulyp menem agladym. Üçimizem agladyk. Onda-da gujaklaşyp agladyk. Çünki, biri-birimize açyk pyşgyrmasagam, şol wagt üçimiziňem göwnümiziň bir ýerinde sen ölüp-ýitip gidensiň, ýa özüňi heläk edensiň, diýen güman bardy...» Şol «heýýalessala» edil şu wagt bolup duran ýaly, Aýbahar aglady. Soň, birneme köşeşenden soň, sözüni dowam etdirip aýtmagyna görä, maňa edil Meret dagynyň aýdyşy ýaly, kakam şol, bulaşyk düşekden, galybilmänem ýogalypdyr. Ýöne, hernäçe puşman etse-de, ölmeziniň öň ýany: «Baryň, şol doňzy nirede bolsa-da, tapyň-da getiriň, kimi alsa şony alsyn» diýib-ä bilmändir. Sebäbi, onuň gözüniň öňünde Aýbahar otyrdy ahyry. Onda-da hut şonuň öz sözi üçin otyrdy. Şol wagt meniň gidenime ylaýyk, bir ýyl dolan ekeni. — Kakaň ýurduny täzeländen soň Aknur daýzamyňam dünýä bilen seri bolmady. Hem ogluň, hem ýanýoldaşyň aýralygy iki günüň içinde bilini büküp taşlady. «Birini ajal aldy, biri gözümden dirije uçdy...» diýip, ertir-agşam aglaýa-aglaýa, nalaýa-nalaýa iki dyzyna ýumruklady oturdy. Kem-kemdenem haly agyrlaşdy. Şol wagt men, bilşiň ýaly, institutyň üçünji ýylynda okap ýördüm. Okuwyň daşyndan daýzama seretmek maňa kyn düşdi. Arasynda, ýöne, o-da yzyndan ynjalybilmedi. Ejemden ep-esli uly bolansoň kakamyňam gaty bir ugry ýokdy, jigilerimiňem entek ese-boýa galmadyklary bardy. Şonuň üçinem, kynam bolsa Aknur daýzamy Balkana äkitmekligi makul bildik. Ol ýerde tanyş doktorlarymyzam bardy, ejemiňem daýzama serederlik ýagdaýy bardy, okuwymyň arasynda özümem ýygy-ýygydan baryp, habar tutup durýadym, garaz, göwnümize-hä jaýlapdyk, daýzamy şol ýerde aýaga galdyraga-da, şu ýere tut ýaly edip getiräýjekdik welin, bolmady. Daýanybilmedi. Gün-günden egbarlady gitdi oturdy. Ahyram ajala ýan berdi. Hernäçe urunsagam, biz ony halas edip bilmedik. Ýöne, pahyr ölmeziniň öň ýany: «Size kyn-a bor, ýöne, gaýrat ediň-de, meni Mürzemmediň ýanynda jaýlaň» diýip, kän özelendi. Bolsa-da, Mürze daýymyň bitiren hyzmatlaryny göz öňüne tutup, demir ýol kömek etdi. Daýzamyň iň soňky sargydyny şolar berjaý etdiler. Getirip, Köşüdäki gonamçylykda, Mürze daýymyň gapdalynda jaýladylar. Olaryň ikisem biziň är-aýal däldigimizi, üstesine nikamyzam bozandygymyzy welin bilmän gitdiler. Bilen bolanlygynda Mürze daýymyň «däliremezligem» mümkin ekeni. — Aýbahar gürrüňçilik geçirip oturan jaýymyzyň içine hem gözüni, hem elini aýlap goýberdi. — Şu jaýyň gapysyny ýapmazlygymy ýeke bir Mürze daýym bilen Aknur daýzam däl, öz ejemem haýyş etdi. «Elbetde, ömrüň ötýänçä şoňa garaş, otur diýibiljek däl, ýöne, bagtyňy birine baglaýançaň welin, şol ojagyň oduny öçürme, haýwan şekilli haýwanam ahyr öz ýatagyna köwlenýändir...» diýdi. — Ýigrenç bilenem däl, söýgi bilenem däl, ýüzüme parhsyz seredip oturyşyna Aýbahar: — Ine, şondan bärem şu gapydan girip-çykyp ýörün. Ýöne, sen gelersiň diýib-ä däl, garrylaryň sözi üçin, şolara beren sözümi berjaý etmek üçin otyryn. Golaýdaky saglyk öýleriniň birinde işleýän. Hudaýa şükür, ýagdaýym gowy. Hojalyga, baga-bakja seredere-hä dogrymy aýtjak, Mähti, naçar halyma güýjümem çatmady, gurbatymam, höwesimem bolmady. Käte ejem gelip ýanymda bolup gidýädi, ýöne, olam soň garrady. Üç ýyl mundan öňem ýogaldy. Kakamyň ýogalanyna-da on ýyl-a bolandyr. Jigilerimiňem hemmesi öý-işik boldy, garaz, o tarapymyz düzüw. Ine, indi sen geldiň, belki, bu tarapymyzam düzeläýedi-dä. Men indi muny saňa taşlap, arkaýyn, öýe gidip bilerin... ― Şondan soň öz okuw ýerine Sümsüläniň barşyny gürrüň berdi. ― Mert gyz ekeni. Söz ýok. Gelişleýin gelendigiň çyn bolsa, beýdip, bu ýerde gormaýylyp oturma-da, şoň ýanyna git. Başdaky ähli bulaşyklyklaram sen şonuň üçin etdiň ahyry. Menem şonuň üçin taşlap gitdiň. ― Howwa. Ýöne, ol ikimiziň «nikamyzy» bagyşlap bilmedi. Men şondan soňam ötünç sorap onuň ýanyna köp geldim. Alyp gitjek boldum, bolmady. ― Öň bolmadygam bolsa, indi bolar. Şol gyzyň saňa garaşyp oturandygyna men edil, ertir irden Günüň dogjakdygyna ynanyşym ýaly ynanýan... Aýbaharyňam edil Ýuliýanyň sözlerini gaýtalap oturandygyna geň galdym. Durmuşda ejiz, naçar hasaplanýan zenan ýüreginiň beýle beýikdigine ondanam beter geň galdym. Olaryň ikisem meniň Sümsüläni bagtly etmegimi isleýärdiler. Onuň şunça wagtlap çeken jebri-jepalaryna dözmezçilik edýärdiler. Özlerini oňa pida berýärdiler. Men bolsam üç tarapymy gabsap duran, üç oduň haýsy birine özümi urjagymy bilmän kösenýärdim. Iň ýamanam wagt gijigipdi. Ömrüň öýläni golaýlapdy. Düýn-öňňinki gyralary akja tüýlüje, terje terneler, garrygyzlara öwrülipdiler. Biýaralar güýzäpdiler. Pazyllar ýatyşyp ugrapdylar. Haýsy tarapa ýönelsemem indi maňa ýylgaý bolanda güýz, yz ýanyndanam gyş garaşýardy. Şonuň üçinem men: ― Aýdýanlaryň dogry, Aýbahar. Şeýle seredeniňde men şeýtmelem. Ýöne, wagt juda köp geçdi. Ol köp zatlary özgertdi. Özgeren zatlaryň arasynda entek ikimiziň düýbünden bilmeýän zatlarymyzam bardyr. Belki meniň bärden baraga-da «zompa» çykaýmagym Sümsüläniň durmuşyna ters täsir eder? Belki ony bagtly däl-de, betbagt eder? Durmuşyny bozar? Gününi bular? Belki meniň şundan soňam süssenekläp baryp Sümsüläniň durmuşyna aralaşjak bolmagym ol etrabyň adamlarynyň gözüne meni öňküdenem beter, iň bir ýaramaz adam edip görkezer? Aýbaharam ýan bermedi. ― Şeýledir öýdýän bolsaň, onda şol zatlara göz ýetirip gel-de, onsoň nähili netije çykararyn diýseň çykaryber. ― Ol birdenkä gozganjyrap başlady. ― Wiý, men näme, ne çaýyň, ne naharyň ugruna-da çykmandyryn... ― Diwandan düşüp aşhana tarap ýöneldi. Gapysyna ýetiberendenem bärisine öwrülip syrly ýylgyrdy. ― Häzir ýabany guşlara çenli özleriniň bir wagtky taşlap giden höwürtgelerine dolanýalar. Senem şol öwüsginiň ýelgini bilen gelensiň. Ýöne, nirede bolanam bolsaň, bu wagta çenli ýeke-hä ýaşan dälsiň. Örňänsiňem... Olaram getirdiňmi, ýa munyň entek öňünden... Ätiýaçdan yz çalyp ýörşüňmi?.. ― O zatlar barada-da entek oturyp, çynlakaý gürrüň etmeli borus, Aýbahar ― diýdim-de, ýerimden turdum. ― Ýöne, sen bu wagt çaýam demleme, naharam atarma. Meniň gyssagly bir baryp gelmeli ýerim bar... Iş bilen... *** Garaört bolan ýüzümi ýerden süýräp otaga girenimden, diwanyň üstünde sus oturan Ýuliýa kyn bir meselä duçar bolanymy aňdy-da, «tarsa» ýerinden turdy. Ýanyma gelip, sag eliniň aýasyny çep egnime goýdy. ― Aýt. Çekinme-de aýt. Men näme diýseňem düşünerin. Näme boldy? Näme bolupdyr? ― Aýbahar... ― Näme, şoňa bir zat bolupmy? ― Ýok. Hiç zat bolanok. Ol sag. Ýagdaýlaram gowy. Ol henize çenli biziň öýümizi saklap oturypdyr. ― Saňa garaşypmy? ― Ýok. Öz aýdyşyna görä, maňa-ha garaşmandyr. Özüniň hem-de meniň hossarlarymyň haýyşy boýunça oturypdyr. Eýesi gelýänçä daýym bilen daýzamyň gapysy ýapylmasyn, diýipdir. Men barada bolsa o-da seň diýeniňi diýýä. «Sümsüläniň ýanyna git» diýýä. Ýöne, özem-ä entek durmuşa çykmandyr. Bu barada pikir edýäne-de meňzänok. Gaty arkaýyn. Onsoňam, gyzdygyna garamazdan, gelin lybasynda gezip ýör... ― Düşnükli. Sümsüle barada seň özüň näme netijä geldiň? ― O meseläni bir gyra aýyrmaly boljak, Ýuliýa. Ine, özüňem oýlanyp gör: Şunça ýyl gaçgak gezip, indem agyr ýük astynda ýegşerilen bolup bararyma ol ýerde kim garaşyp oturandyr öýdýäň? Kyrkdan geçen, ýat ýurtlarda gaýry bir maşgala bilen şonça ýyl ýaşaşyp gelen kişini görüp, şol etrapdakylaryň haýsy biri begener öýdýäň? Sümsülemi? Onuň garyndaşlarymy? Synpdaşlarymy? «Ýitigimiz tapyldy» diýşip öwsünişerler öýdýäňmi? «Ýigidimiz geldi» diýşip heşelle kakyşarlar öýdýäňmi? Ýok! Beýtmezler! Beýderleri ýaly men kim? Maňa ol ýerde gyjalatdan, puşeýmandan, biabraýçylykdan başga garaşýan zat ýok. Sümsüle otuz ýedi ýaşady. Kyrka ser urdy. Şu wagta çenli garaşyp oturan bolaýanlygynda-da ol meni garşy almaz. Kabulam etmez. Menem şuňa ertir Günüň dogjakdygyna ynanyşym ýaly ynanýan. Maňa indi şol tarapa ýönelmezlikden gowusy bolmaz. Onsoňam, aýny wagtynda bolmadyk zat indem bolmaz. Aslynda bolmajak zat, hiç haçanam bolmaz. Gülläp ösäýjek wagty suwa çöken, soňam kekirdeginden batga batan bagt, indiden soň-a asylam oýanmaz. Biziňki turuwbaşdan bolmady. Şo-ol, terse depdi durdy. «Ýiti gyzyl tiz solar» diýenleri boldy. Onsoňam Ýuliýa, seň özüň gowy bilýäň, Sümsüle birwagtlar meniň belli jogabymy berdi. «Gelme, gelseňem şundan şu ýana men seniň üçin ýok...» diýdi. Elbetde, men köp wagtlap umytda gezdim. Emma indi mende şol umyt ýok. Bu gün, Aýbaharly mesele orta çykandan soň welin, men islesem-islemesem şu pikire gelmeli boldum. Bu meniň üçin düýbünden garaşylmadyk ýagdaý boldy. Ine, meniň Sümsüle babatdaky gelen netijäm-ä şeýle, Ýuliýa... Ýuliýa agyr oý astynda baryp ýene-de öňki ýerinde oturdy. Böwrüni diňledi. Uludan sowuk demini aldy. Ahyram: ― Да-а... ― diýdi-de, başyny iki ýana ýaýkady. Ellerini ýaýdy. ― Правильно говорят, что «Восток дело тонкое...» ― Ondan soň ol meniň ýüzüme seredip zoraýakdan ýylgyrdy. ― Belki, sen mamlasyň, Mähti. Ähtimal! Sebäbi, görýän welin, nesibe takdyra görä Aýbaharyň yhlasy Sümsüläniň söýgüsinden üstün çykana meňzeýä. ― Bilemok. Bir bilýän zadym ― o-da iň bolmanda indiden soň bir ýalňyşlyk goýbermezlik. Öňki goýberilen ýalňyşlyklary mümkingadar düzetmeklik. Aýbahar öz mertligi bilen, meni çözülmesi kyn bolan uly bir meseläniň öňünde somaldyp goýdy. Ýöne, onuň özüniňem entek maňa ýüz berjekdigi ýa bermejekdigi belli däl. Galan ömrümi meniň şu ýerde, seniň bilen geçirmeli bolaýmagymam ahmal. ― Menli mesele gutardy, Mähti ― diýende Ýuliýa hiç hili ejizlik alamatlaryny ýüze çykarmady. ― Muny ikimiziňem mertlerçe boýun almagymyz gerek. Çünki, sen ençeme ýyllardan soň gözbaşyňa dolandyň. Bu bolsa seniň üçin köp zatlary aňladýar. Sen indi ykbalyňy şol gyzlaryň haýsy birine baglasaňam, men saňa bagtly durmuş arzuw edýän. Ýöne, ömrüň iň gözel pursatlaryny sen maňa bagyşladyň, şol süýjülikli ýyllar, içi mähirden doly aýlar, günler üçin men sendenem, ykbalymdanam razydyryn. «Eýt, beýt» diýip oturanam bolsam, ykbalymyň eçilen şol hoşwagt çaglaryndan soň, seň bilen aýrylyşmak maňa-da aňsat däl. Şeýle-de bolsa, belli bir netijä-de gelen bolsaň, sen maňa ak ýürekden rugsat ber. Ugrat. Men muňa başda-da kaýyldym, häzirem taýyn. Asyl gaýdanymyzda-da şeý diýip şertleşipdik ahyry. Gyýylma... ― Ýuliýa şol ikortada hem degişjek boldy. Zoraýakdan ýylgyrdy. ― SSSR ýykylaýanda-da, kanun öňki-öňküligine galar, saňa barybir iki aýal saklatdyrmazlar... ― Ýuliýa meniň egnimden tutup gapa eltdi. ― Bar, Leningrada petek alyp gel... Bokurdagymyň dolup durandygyny bildirmezlik üçin, men sesimi çykarmadym-da, ümdüzime çykdym, ötägitdim. *** Myhmanhananyň aşaky gatynda uçargähiň petek satylýan tekjeleri bardy. Aýagymy zordan süýräp şoňa bardym. Ertir irdenki uçara ýer bar ekeni. Alaç ýok, aldym. Otaga dolanyp bardym. Ýuliýanyň özüni merdemsi alyp baryşyny görüp, özümem birhili ekezlenen ýaly boldum. Ol ýylgyryp ýüzüme seretdi. ― Девушка, это мост, да?.. ― Menem biygtyýar ýylgyrmaly boldum. Öz degişmesi bilen göwnümi göterenine Ýuliýanyň özem hoş boldy. Şol bir terzde sözüni dowam etdirdi. ― Düýnjük ýalydy. Mitka-da aýagymyza çolaşyp, ylgap ýören çagady. Ine, eýýäm... Durmuşyň gurluşy şeýle-dä: bu gün duşuşmaly, ertir aýrylyşmaly. Asla, hemme zadyň soňy aýralyk... Näçe gezek gaýtadan gowuşsaňam, soňy barybir, ýene-de şol ― jydalyk. ― Bu ýowuz hakykat... ― Howwa-a... ― Ýuliýa uludan demini aldy-da, endigine görä, boýnumdan gol saldy. ― Durmuş bir ýatan derýa. Çaýkap-çaýkap kimi kenara taşlaýar, kimi bolsa ömürboýy çaýkap ýör... — Ýuliýa köýnegimiň alyn jübüsindäki, ýarysy çykyp duran petegi syňragy bilen çekip aldy-da, oňa göz gezdirip durşuna: ― Indi bolsa git... ― diýip, dözümli gepledi. ― Aýbaharyň ýanyna bar, ony köp garaşdyrma. Ertir irdenjik men özüm ugraryn. Ýene bir zat: Meniň bu ýerdedigimi Aýbahar bilmesin. Bile gelendigimiz-ä asylam aýtma. Hernäçe merdemsirese-de, naçardyr, barybir halamaz... Göwnüne alar... Ynjar... Köplenç bolşy ýaly, men bu gezegem onuň aýdanlarynyň ählisi bilen razylaşdym. Ýöne, «özüm ugraryn» diýeni bilen welin razylaşmadym. *** Ýolda bazara sowlup, iýer-içer ýaly zatlardan alyşdyrdym. Emma, Aýbahar eýýäm biş-düş taýýarlap goýan ekeni. Özem öňküsinden birneme açylyşypdyr, daýanypdyr, ýüzi-gözi ýagtylypdyr. Men muňa begendim. Gürrüňçiligimiz ugrugar, düşünişmegimiz aňsatlaşar öýtdüm. Şeýle-de bolsa, ol nahar başynda özüni diýseň sus alyp bardy. Hamala ýedi ýatdan gelen bir del myhmany kabul edýän ýaly, çat maňlaýymda aşak bakyp dymdy oturdy. Ýyllar ony örän özgerdipdir. Bir zat sorasaň jogap bermänem oturanok, ýöne, gaty bir özüne golaýladaýasam gelenok. Ahyry men ondan näme üçin özüni meniň bilen beýle, sowuk-sala alyp barýandygyny soradym. Ol ilk-ä ýüzüme aşaklyk bilen seretdi-de, edil çagalygyndaky ýaly, çep gözüniň gyýgy bilen çalaja güldi, soňam aşaky dodagynyň sag çüňküni çalarak dişledi. ― Näme, garaňy görenden: «Waý, geldiňmi...» diýip, boýnuňa zyňaýaryn öýtdüňmi? Ýok, Mähti! Ikimizi şu wagt garyndaşlyk gatnaşyklaryndan başga baglaşdyrýan zat ýok. Bir wagt men saňa söýgi bilen garaýadym, sen bolsaň garyndaşlyk gözi bilen seredýädiň. Menem häzir edil şoňňaly. Sümsüle hernäçe tekrarlanam bolsa, ikimiz är-aýal däl. Sebäbi, birinjiden-ä iki tarapyňam razylygy bilen gyýylmadyk nika ― nika hasap edilmeýär, ikinjidenem, ol nikany dogram bolsa, ýalňyşam bolsa, düzgüne sygsa-da, sygmasa-da, özara ylalaşygymyz boýunça şol pursadyň özünde bozduk. Göwnüňe sygan zadyň kanuna-da sygjakdygyna bolsa, men ynanýan. Sebäbi onam ýazýan adam. Onsoňam sen şol wagt Sümsüläni söýýädiň, hut şonuň üçinem meni taşlap gitdiň, seň şol meseläň indi nähili boldy? Mundan bu ýana nähili boljak? Onsoňam, ýaňky «Soň gürleşeris» diýen meseläň nähili? Näme hakda? Aýdyp otur!.. Men Sümsüle barada Ýuliýa aýdyp beren zatlarymyň hemmesini Aýbahara-da aýtdym. Delillerim ony ynandyrdymy ýa ýok, ol maňa mälim däl, ýöne, ol uzak wagtlap dymdy. Soň ýüzüme bakyp ýuwaşja seslendi... ― Gowy oýlandyňmy? Şol gyzyň öňünde günäkär däldirin öýdýäňmi? ― Ýok! Günäkär däldirin öýdemok. Ýöne, näme edenimde-de onuň öňündäki günämi ýuwup bilmejekdigimi welin bilýän. Ol ikimiziňki şeýle bir bulaşdy, ony indi düzetmek mümkin däl. Ýöne, ine, sen razy bolsaň, men kakam bilen ejemiň öňündäki günämi az-kem hem bolsa, ýuwmarlaryn diýen tamam bar... Iň bolmanda, goý, şolaryň bir ruhlary ynjalsyn. Sebäbi, ikimiziň birleşmegimizi olar ikimizdenem has beter isläpdiler... «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Gijem bolsa ýalňyşlyk düzedilse ýagşy. Şol wagt kimiňkiniň dogry bolandygyny welin, bu günki gün seljermek kyn. Ol wagt iki dünýä çaknyşdy. Şol çaknyşykda meňkem dogrudy, kakam pahyryňkam dogrudy. Meniň saňa bolan söýgimem Sümsülä bolan söýgimden kem däldi. Ýöne, ol ikimiziň söýgimize ot düşdi. Tutaşdy. Ikimizem ýakdy, ýandyrdy. Ýeke bizi däl, töwerek-daşymyzam ot aldy. Ahyram kül boldy. Sen bolsaň meniň ojagymyň oduny öçürmän saklap oturypsyň. Men seniň beýikligiň öňünde baş egýän, Aýbahar... Kiçijikkä, bir zatdan, ýa birinden uýalan wagty edişi ýaly, Aýbahar ýüzüni bir gapdala sowup, goltugyna bukdy. Bu onuň öz indiki ykbaly bilen razylaşdygynyň alamatydy. Bir haýukdan soň ol başyny galdyrdy. ― Sen gowy gürlediň. Akylly sözler aýtdyň. Esasanam ataň-eneňi razy etmek barada. Ýöne, o zatlaram entek ikimiziň aramyza düşen sowuklygyň doňuny çözerden kemterräk kakýa. Elbetde, ýaňky aýdyşyň ýaly, aňrujy düzeljek zady gijem bolsa düzeden ýagşy. Men ýöne, başga bir zady takyklajak bolýan, ýagny: geleliň bäri «zygyr-zygyr» gatnap dursuň, her gideňde, her geleňde-de ýüzüň üýtgeýä. Tüýsüň bozulýa. Gepiň gysgasy, ýanyň asgynjakly gelene meňzeýäň. Ýeri, onsoň o meseläňi nähili çözjek? «Aýal ýüregi duýgur bolýa» diýýäler welin, şolaryň hemmesi şeýlemikä ýa diňe maňa duşany şeýle bolaýýamyka. Duýgurlygy bilen Ýuliýa meni telim gezek haýran galdyrdy diýsem, ine, Aýbaharam ýeke-ýeke şonuň häsiýetlerini gaýtalap otyr. Ýa meniň özüm düňňüle-dürsüräkmikäm? Syr saklap bilemokmykam? Içki pikirlerimiň barysy ýüzümden görnüp durmuka? Ýa gözlerim günäkärmikä? Ýa müýnli adam şeýle bolýamyka? Umuman, buýtar-suýtar edere ýer galmady. Onça külpetlerden soňam Aýbahary aldajak bolmaklyk, onuň aýna dek arassa, zenan kalbyna ýene bir gezek daş atdygym, zarba urdugym boljakdy. Şonuň üçinem, ýüregimi bire baglap, rastymy sözläýenimi kem görmedim. ― Çakyň dogry, Aýbahar. Ýöne, ol asgynjak däl-de, şu ýerden gidelim bäri maňa hossarlyk edip gelen iň ýakyn ýoldaşym. Ol bu ýere hemişelik däl-de, meni ugratmak üçin geldi. Ertir ir bilenem yzyna uçýa. Men, dogrudanam, ýaňy şonuň ýanyna baryp geldim. Sen hakda aýtdym. Ol geň galdy. Seni dünýäniň iň mert aýallarynyň biri saýdy. ― Men aýal däl!.. ― diýende, Aýbaharyň garaýagyz ýüzi gülgün öwsüp gitdi. Dodaklary kemiş-kemiş etdi. Gözleri çygjardy. Elleri biliner-bilinmez titredi. Göwnüme bolmasa, kellesem saňňyldap giden ýaly boldy. ― Bagyşla, Aýbahar. Men ýalňyş aýdypdyryn. Ol: «Aýbahar ýaly belent gyz ýer ýüzünde ýokdur», diýdi. Men ýalan sözlemändim. Ýuliýa hakykatdanam şeý diýipdi. Aýbahar gabaklaryny galdyryp, soragly nazaryny iki gözümiň içine dikdi. ― Ol häzir nirede? ― Myhmanhanada. «Aşgabat» myhmanhanasynda. ― Haýsynda bolsa-da, derrew alyp gel. Özüňe şeýle golaý tutýan adamyňy ol ýerde ýeke goýup gaýtmaga utanmadyňmy? ― Aý, birhili gördüm-dä... ― Şondan-şuňa getirmäge gaýratyň çatdy-da, bärik getirmäni birhili gördüňmi? Ýa: «Türkmenleriň myhman alyşlary pylan hili ekeni» diýdirjek bolduňmy? Men halys aljyradym. ― Ýo-o-ok... ýöne-e... o za-at... Men... Sen... O ýerde-de... Onsoňam... ― Bar, «nokgy-nokgy» edip oturma-da, getir, myhmanyňy... Men bilenjämden kelteräk töwir etdim-de, sessiz-üýnsüz, ýerimden turdum. *** Ertire çenli ýeke galandygyna sangy edip oturan Ýuliýa meni görüp diýseň begendi. Ylgap gelip boýnumdan aslyşdy. Soň ýüzüme soragly seretdi. Men oňa özüni Aýbaharyň çagyrýandygyny aýtdym. ― Aýbahar? Myhmançylyga? Meni? Öýüne? ― Biziň öýümize. ― Siziň öýüňize? ― Howwa, biziň öýümize. Ol öý indi Aýbahar ikimiziňki. Özüňem bol, çalt bol. Goş-golamlaryň bilen. Ýatymlyk. Ertir irden uçargähe şol ýerden gideris. Isleseň birnäçe gün galyp, şäher bilen tanşybam bilersiň. ― Ýok, Mähti, bu gün barsam baraýyn, galsam galaýyn, ýöne... Ertir irden ugraýyn... *** Aýbahar Ýuliýany edil köne jorasyna duşan ýaly, gadyrly garşylady. Gujaklaşdy. Taýly gezek ýaňaklaryndan ogşady. Soňam birgeňsi ýylgyryp: ― Hoş geldiňiz... ― diýdi. Elinden tutup öýe saldy. Töre geçirdi. Ýerde kyn bor öýdüp, diwanyň üstünde oturtdy. Öňünde kiçiräk stol goýdy. Oba gyzydygyna garamazdan, Aýbahar orsçany öňem erbet bilenokdy-da, ind-ä hasam ökdeläpdir. Şonuň üçinem, oňa Ýuliýa bilen düşünişmek kyn bolmady. Geplerem alyşdy gitdi. Meni dag-a asyl ýatlaryndanam çykardylar. Bu maňa kemem ýaramady. Özümi juda ýadaw duýýandygym üçin törki jaýlaryň birine geçdim-de, ýatdym. «Gümür-ýamyrlary» welin, üzlem-saplamraga-da, käte bir gulagyma geldi durdy. Ukynyň arasynda aňşyryşyma görä, Ýuliýa-ha Aýbahara Leningrad, onuň ak gijeleri, gadymy ýadygärlikleri, ymaratlary, Newa derýasy barada gürrüň berýärdi, myhmançylyga çagyrýardy. Aýbahar bolsa ondan meniň bilen haçanrak nikalaşandygy, näçe çagamyzyň bardygy, näçesiniň ogul, näçesiniň gyzdygy barada soraýardy. Eger-de olaram getirip şu jaýda ýaşaberenlerinde hem özüniň garşy bolmajakdygyny, sebäbi meniň kanuny aýalym däldigini, garyndaşlykdan başga hiç hili baglanyşygymyzyň ýokdugyny nygtap-nygtap aýdýardy. Ýuliýa elbetde, onuň bu teklibini ret edýärdi. Özüniň hiç haçanam beýle orna dalaş etmändigini ýüreginden syzdyryp düşündirýärdi... Soň olaryň gürrüňleri Sümsüle barada gitdi. Ýalňyşmaýan bolsam, olar şol gije ýatman çykdylar. Agşam ýatmazdan öň taksi çagyrdym, şol gelen bolmaly, maşynyň daşardan gelýän «zoguna» oýanypdyryn. Böküp ýerimden turdum. Penjireden seretsem, howa ýagtylyp gelýä. Hasyr-husur geýindim. Çalak-çulak ýuwundym-da, oturan-oturan ýerlerinde hersi bir tarapa gyşaryp, uklap galan Aýbahary, Ýuliýany turuzdym. Çykdyk. Aýbahar ýene-de täze jorasy bilen gujaklaşyp hoşlaşdy. Gelip-gidip, jaňlaşyp durmagyny haýyş etdi. O-da öz gezeginde, agşamdan bäri gör, näçenji gezekdir, Aýbahary Leningrada çagyrdy. Agşamam aýtsa aýdandyr welin, eger-de hemişelik ýaşamaga baraýanymyzda-da jaýsyz horlanmajakdygymyzy, sebäbi meniň taýynjak jaýymyň bardygyny, janygyp-janygyp aýtdy. Men Ýuliýany ugratmaga gitdim. Aýbahar öýde galdy. Uçargähe baryp, hat-petekleri bellik etdirip bolanymyzdan soň, Ýuliýa ikimiz ýene-de, hoşlaşygyň şo-ol, birwagtky iki tarap üçinem ýüregedüşgünç, içgysgynç pursatlary bilen ýüzbe-ýüz galdyk. Aşaklyk bilen ýaýdanjyraşyp başladyk. Şolar ýalyda ugratjak adamyňy uçargähiň gapysyna düşüräge-de, şol taksi bilenem göni yzyňa gaýdybereniňden gowusynyň ýokdugyny, iň bolmanda, ýol petegini bellik etdireninden soň sagbollaşaga-da, «jyraýanyňda-da» bolman durmajakdygyny men öňki tejribelerim arkaly bilýädim. Emma men ol wagt onam edibiljek däldim. Sebäbi, men Ýuliýa bilen iň soňky gezek hoşlaşýardym. Şondan soň ol ikimiziň ýene-de duşuşjakdygymyz ýa duşuşmajakdygymyz gümanady. Ýöne, özüniň parasatlylygy, ugurtapyjylygy bilen Ýuliýa bu gezegem menden üstün çykdy. Oňaýsyz pursatlar başladam welin, öz ýagdaýynyňam meniňkiden gowy däldigine garamazdan, ol sessiz-üýnsüz çep çignimden tutup, ýüzümi zalyň çykalgasyna tarap öwürdi-de, ýuwaşlyk bilen, şol tarapa südenekledip ugrady. Eltip, sag eli bilen gapyny açdy. Meni daş çykardy. Usullyk bilen arkama kakdy-da, itekläp goýberdi. ― Bar! Sag bol! Razy bol! Özüňem yzyňa garaýma... Şeý diýmäýende-de, ol wagt yzyma öwrülmäge-de, ýüzüne seredip: «Senem sag bol, senem menden razy bol...» diýmäge mende ysgyn-deramat ýokdy. Içimden bir zatlar diýen bolmagymam ahmal, ýöne, o-da ýadyma düşenok. Tä öýe gelýänçäm hiç hili ulaga münmän, çet-çemerler bilen, paý-pyýada gaýdanymy welin bilýän. Aýbahara syr bildirmezlik üçin, gözýaşym kepeýänçä howla giribilmän, köçede o ýan, bu ýan entirekläp ýörenimem ýadyma düşýä... *** Uzynly gijäni çirim etmän geçirensoň, Aýbahar bizi ugradyşy ýaly ýerine geçip ýatandyr, asylam bu gün ukudan açylmasa gerek, diýip oýlandym. Ol welin ýassyga başynam goýmandyr. Entek daşky gapydakam: ― Geldiňmi... Mähti, bu senmi-i... ― diýen sesi eşidildi. Oňa çenlem men öýe girdim. Öňümde dim-dik dur. Elinde-de çäýnek. ― Ugratdyňmy?! ― Howwa... ― Sag-aman barsyn. ― Aýdanyň gelsin. ― Gowy maşgalaň bar ekeni. ― Ol meniň maşgalam däl. Biz ýöne, bile ýaşaşdyk... ― diýdim-de, ýazylgy duran saçagyň başyna geçdim. Aýbaharam aşhana girip, çaý demläp çykdy. Getirip, onam öňümde goýdy. Gaýtaryp oturyşyna gaharly gürledi. ― Namart gürrüň etme, Mähti. Bigaýrat bolma. «Asgynjakly gelene meňzeýäň» diýenimde gaty gördüň, «Ol asgynjak däl» diýdiň. Indi «maşgalaň» diýenimde-de: «ol meniň maşgalam däl» diýip dursuň. Bu nähili beýle bolýa? Şonça ýyl bir maşgala bolup, bir gapydan girip-çykyp, bir düşekde ýatyp-turan bolsaň, pasportyňa «är-aýal, şü ikisi» diýdirip ýazdyran bolsaň, maşgalaň bolman, nämäň bolýar o seň? Ýüzi aňry öwrülenden, beýdip, ýüz öwrüp oturmaga utanaňokmy? Ýa maňa ýaranjak bolup aýdýaňmy o sözi? Şeýle bolsa, onda onyňam bolanok. Ýa sen meni tanaman durmuň... ― Ol iýer ýaly zatlardanam getirip saçagyň üstünde goýdy. Özem gapdalymda ornaşdy. ― Al, Mähti, garban, ýüregiň syrylandyr, agşamam hiç zat iýmän ýatdyň. ― Meň şu wagtam işdäm ýok, Aýbahar. Ukym gelip, gözlerim bürlüp barýa. ― Onda, ýatyber. ― Ol ýene-de düýnküsi ýaly, ýüzüme seredip köpmanyly ýylgyrdy. ― Eglendiň welin, men-ä aýrylyşybilmän ýene-de bile ötägidiberensiň öýtdüm. ― Ýok, Aýbahar, men indi seni taşlap hiç ýana gitmen. Galan ömrümi atam-enemden galan şu mähriban ojagymyň başynda, seň bilen geçirmek maksadym bar. Eger-de sen razy bolsaň. Men ýokkam şu gapa eýelik edip oturypsyň, indem şeýt. Şeýtseň, meni ýene bir gezek harasatdan halas etdigiň bolar. Men Ýuliýanam hut şol maksat bilen ugratdym... Ýaňky diýenimi bolsa, bagyşla. Sen dogry aýdýaň. Biz onuň bilen hakykatdanda-da, bir maşgala bolup, ýaşaşdyk. Aýbahar aşak bakdy. Dymdy. Onda-da gaty uzak dymdy. Arasynda «öwhüldäp» dem aldy. Ýaşlykdan bäri göwünli, zandy ýumşak maşgala ýüregimden syzdyryp aýdan sözlerime düşünendir-dä, iň bolmanda gaňryşyma-ha gaýtmady, gaýra gaýyşmady. Türkmenlerde bolsa: «Dymmaklyk razylygyň alamaty» diýen düşünje bar. Çakym dogry bolup çykdy. ― Bolýa, Mähti ― diýip, Aýbahar ahyrsoňy başyny galdyrdy-da, süýjülik bilen sözläp başlady. ― Gelişleýin gelen bolsaň bolýa. Mürze daýym bilen Aknur daýzamyň hatyrasyny ara goşanyň üçin men seň raýyňy ýykmaýyn... ― Birdenem ony der basdy. Ýüzüme naýynjar garady. ― Öňi-soňy başdan başlajak bolsak... Toýdan başlaly, ýok, toýdanam däl-de, howludan başlaly. Öňürti şony dikeldeli. Jaýlary abatlaly, baglaryny täzeläli, soň ýaşulularyň hatyrasyna sadaka bereli, aýat okadaly, Kuran çykardaly, ondan soň... ― Aýbahar aşak bakyp, süýem barmagynyň ujy bilen keçäniň gülüni dyrmalady. ― Ondan soňam... Eger-de ýaşaşjagymyz çynymyz bolsa, öňkümiz-ä toýa meňzemedi, iň bolmanda, ýakyn garyndaşlarymyzy ýygnap, uly bolmasa-da üýşmeleňjagaz edeli. Nikamyzy täzeläli. Hemme zat goý, garrylarymyzyň göwünlerinde besledikleri ýaly bolsun. ― Ol maňa aşaklyk bilen seretdi-de, uludan sowuk demini aldy. ― Men ana, diňe şondan soň seniň bilen hakyky är-aýal hökmünde ýaşaşmaga razy... *** Men Aýbaharyň aýdanlarynyň ählisini gysga wagtyň içinde ýerine ýetirdim. Mürze Muhammediň yzynyň ýitmändigini, ojagynyň göçmändigini, öňküsi ýaly ir ertir, giç agşam öýünden aýdym-sazyň sesiniň eşidilip durandygyny uly ile äşgär etdim. Aýbaharyň aýdyşy ýaly üýşmeleň däl-de, toýam uludan tutdum. Kakamyň dost-ýarlaryndanam diri gezip ýörenlerini çagyrdym. Hersine aýratynlykda serpaý ýapdym. Bagşy aýtdyrdym. Şeýdibem Aýbahar ikimiz doly manysyndaky är-aýal bolduk. Çykdajy meselesinde hiç hili kynçylyk bolmady. Öz jübimem-ä boş däldi, ýöne, gaýdanymda: «Men jaýymy satjak däl, goý, ol seniň agtyk-çowluklaryňa menden ýadygär galsyn» diýenem bolsam, edip ýören hysyrdylarymdan habarly bolansoň Ýuliýa ony derhal satypdyr-da, pulunam ynamdar adamlaryň birinden iberipdir. Öz jaýym, atamdan miras galan ýurdum bolansoň, ýazgy meselesinde hiç hili kynçylyk ýüze çykmady. *** ...Şondan soň men ymykly işe başladym. Ilki döwlet taslamalar institutynda ýönekeý taslamaçy, soň Aşgabat şäheriniň baş binagäri weizpesinde işledim. Ol ýerdenem Medeniýet ministrliginiň «gadymy ýadygärlikleri dikeltmek we rejeleýiş» bölümine çagyrdylar. Şeýdip, aradan üç-dört ýyl geçdi. Ömrümiziň güýzän çaglarydygyna garamazdan, şol gysga wagtyň içinde Aýbahar ikimiziň yzly-yzyna iki oglumyz boldy. Ulujasynyň adyna Garadag, kiçisiniň adyna Galandar dakdyk. Men ilkinji gezek öz bagryňdan önen çaganyň perzentlik mährini duýdum. Olar biziň göz-guwanjymyz. Işden ýadap gelenimizde olar öňümizden gujaklaryny gerşip çykýarlar. Şadyýan owazlary bilen göwnümizi açýarlar. Şol aralykda-da, telim ýyl bäri öz-özünden yraň atyp duran, öňem bir halka geňeşilmän, gan bilen gurlan döwlet, ýene-de il-günden bigeňeş, bäş-on sany adamyň tokaýa girip, «gara taňkanyň» başynda gelen netijeleri bilen döwlet dargady. Öň özüne zoruň güýji bilen birikdirip, ýetmiş ýyla gadar gözüne urlan ýaly nirededigem belli bolmadyk kommunizm sary alyp giden halklarynyň barysyny, Orsyýet indi artykmaç ýük hökmünde ― как подбрюше ― münüp barýan otlusynyň düzüminden öz eli bilen aýryp, üzüp taşlady. Hossarsyz galan respublikalar, birbada aljyraşyp, ýetim galan guzular deý çar tarapa «yzlaşanam» bolsalar, gysga wagtyň içinde özlerini tutdular we öz-özlerinden garaşsyz döwletlere öwrüldiler. Edil şol günüň ertesem hiç kimden gypynç etmän: «Garaşsyzlygymyzy gazandyk» diýşip, gygyryşmaga başladylar. Türkmenistanam şolaryň biri boldy. Hakykatdan-da: «Нет худа без добра...» *** Şeýdip, durmuş adaty akym bilen, öz maýdalyna gidip ugrady. Köp-köp täze zatlaryň ornaşmagy bilen, köp zatlar könelişdi, ýatdan çykyşdy. Köne ýaralar bitişdi. Hä diýmänem howlymyza 1995-nji ýylyň ýylymsy, ýaz howasy kürsäp urdy. Aýbahar bilen är-aýal bolup ýaşap ýörenimize sekiz ýyl doldy. Ogullarymyz «çybyk atlara» atlandylar. Ýuliýa bilenem aragatnaşygymyzy ýitirmedik. Barşyp-gelişmesegem, gadyrly garyndaşlar kimin kä ol, käte biz, jaňlaşdyk durduk. Soňky gezekki gepleşiklerimiziň birinde gürrüň bermegine görä, öňden edip gelýän arzuwyny amala aşyrmak üçin, Ýuliýa gan-damar dartuwlarynyň emri bilen, ata-babalarynyň iň bolmanda daşkyrak ýaýrawlaryndan uç tapmak üçin, ýanyna oglunam alyp, Bolgariýa gidipdir. Ýöne, hiç hili netije bolmandyr. Boljagam ekeni, eger-de wagty köp bolan bolsa, ýa-da pederleri görnükli döwlet işgärleri ýa harby adamlar bolan bolsalar. Megerem, Aýbaharyň göwnüne melal gelmesin diýýän bolsa gerek, ne hatynda, ne jaňlaşanda: «Seni göresim gelýä, sensiz maňa kyn bolýa, çydap bilemok» diýen ýaly, ýürek tarlaryňa kakyp, kalbyňy sarsdyryp biläýjek sözleri agzyna almaýardy. Şol bir öňki agraslygyny, salyhatlylygyny saklaýardy. *** Şeýdip, aýlar-günler geçdi durdy. Respublikalaryň hersi özüçe, özleriniň senagat we gazma baýlyklar babatdaky mümkinçiliklerine, ylmy we medeni derejelerine görä aýaga galmaklyga dyrjaşýardylar. Edebiýat, sungat, medeniýet babatdaky, sowet döwründe gadagan edilen zatlary ýüze çykarmak, halka ýetirmek dogrusynda aladalar edilýärdi. Han-begler, işan-mollalar aklanýardy. Dine, dini däp-dessurlara, dini we gadymy milli baýramçylyklara ýol açylýardy. Ýeke bir uly şäherlerde däl, eýsem etraplarda, hatda oba ýerlerinde hem metjitler gurulýardy. Şol zatlar bilen bir hatarda, ýaňky, saňa beren interwýumda aýdyşym ýaly, nijembir ýyllardan bäri ezenegi galman gelýän gadymy ýadygärlikleri dikeltmek ugrunda hem uly aladalar edilip ugraldy. Şol hysyrdylaryň hemmesi diýen ýaly Medeniýet ministrliginiň, hususan-da biziň bölümimiziň gerdenine düşýädi. Şol zatlaryň bir gyrasynda, elbetde, menem bardym. Ine, şol ýagdaý hem, duýdansyz ýere meniň köne dertden ýaňy bir saplanyp barýan çalymtyl gara başymy ýene-de şol derdeseriň üstünden eltdi. Ýaralar täzelendi. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Janserek -12: romanyñ dowamy - 20.05.2024 |
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -4: romanyň dowamy - 13.09.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||