02:19 Ömür kyssasy: Jemile Paltaýewa | |
ÖMÜR KYSSASY
Zenan şahsyýetler
85 ýaşly bu aýal uzak durmuş ýoluny geçdi. Ýigrimi bir ýaşyndaka ol Türkmenistana işe geldi. Bu şeýle bolupdy. 1925-nji ýyl. Moskwada Sowetleriň üçünji gurultaýy geçýär. Jemile şo wagt partiýanyň Stawropolda az milletleriň işleri baradaky podotdeliniň müdiri bolup işleýän eken. Gurultaýa onuň daýzasy hem delegat saýlanýar. Partiýanyň Demirgazyk Kawkaz ülke komitetiniň sekretari bolup işleýän A.Mikoýan gurultaýda onuň çykyş etmelidigini aýdýar. Şonuň üçinem Jemile, daýzasy rus dilinde gepläp bilmeýänligi sebäpli terjimeçi hökmünde gurultaýa gatnaşmaly bolýar. Gurultaýdaky çykyşdan soň Türkmenistandan baran Mejlauk, Atabaýew, Sähetmyradow, Aýtakow olaň ýanyna baryp, hal-ahwal soraşýarlar. Türkmenistana işe iberiläýse, niçik görjegini ondan sorapdyrlar. Mundan öň olar bu hakda Merkezi Komitetde maslahat eden ekenler. – Şeýdibem men türkmenistanly boldum. Aşgabada geldik. Yssynyň derdinden çydar dagy eder ýaly däl. Men şonda Merkezi Komitetde «Meni suwuň bol ýerine iberiň» diýip haýyş etdim. Mara iberdiler. Görsem o ýer çydamaz ýaly däl. Howasam Aşgabatdakydan gowy. «Şo ýerde galýan» diýip, MK telegramma iberdim... Jemile partiýanyň Mary okrugynda aýal-gyzlar bilen işlemek baradaky bölüme ýolbaşçylyk edýär. Öz töweregine türkmen aýal-gyzlaryndan bolan aktiwi toplaýar. Haly artellerini açýar. Bu işde oňa Ajap Mämmedowa ýakyndan kömek berýär. – Ajap eje ozal baýlaryň gapysynda işläpdir. Bir gezek ol maňa «Ozallar aýal-gyzlar üç-dört bolup haly dokaýardylar» diýip aýtdy. Men öz ýanymdan «Näme üçin bu işi häzir ýola goýup bolanok?» diýip pikir etdim. Ilki bilen arteli Ajap ejeden başlamagy makul bildim. Onuň üç gyzy bardy. Özi bilen dört. Bir artel. Tikin maşynym bardy. Şony satdym-da, oň deregine gantdyr çaý satyn aldym. Olaram halyçy aýal-gyzlary höweslendirmek üçin paýladym. Ine, ýuwaş-ýuwaşdan artelin sanam artyp ugrady. Partiýanyň Mary raýkomynyň sekretaryna Daňatar Sähedow diýýärdiler. Köp kömek edendir. Maryda ýer-suw reformasy geçirildi. Oňa Gaýgysyzyň özi ýolbaşçylyk etdi. Orunbasary bolsa Hajy Atabaýdy. Ol uzyn boýly, degişgen adamdy. Reforma geçirilýän döwürde ol ýygy-ýygydan biziňkä gelýärdi. – Myhmanhana-da halys ýadadýa – diýýärdi. Gaýgysyz ony gaty gowy görýärdi. Jemile 1925-nji ýylda Wladislaw Ýasaýtisa durmuşa çykýar. Şo ýyl Moskwadan, Merkezi Kontrol Komissiýasy we Işçi-daýhan inspeksiýasy tarapyndan wekil edilip Türkmenistana 5–6 sany adam iberilýär. Olar Matusow, Ýasaýtis, Kogan, Sinýakin... dagydy. Ýasaýtis 1914-nji ýyldan partiýa çlenidi. – Gaýgysyz meniň latyş ýigdine durmuşa çykanymy eşidipdir. Aşgabada gelemde gören wagty meniň bilen gadyrly görşüp, oňşugymyzy, hal-ýagdaýymyzy içgin-içgin soraşdyrýardy. Biz Halmyrat Sähetmyradow bilen gowy gatnaşykda bolduk. Adamym oňa uly hormat goýýardy. Ol hakda «Sähetmyradow hakyky kommunist, päk adam» diýip aýdýardy. Bir gezek Aşgabada gelende Halmyrat meni öz aýaly Anna Markowna Lewina bilen tanyşdyrdy. Anna Markownanyň aýal dogany Asýany men ozaldan tanaýardym. Ol şo wagt Baýramalyda aýallar bölümine müdirlik edýärdi. Asýa häzir Leningradda ýaşaýar. Halmyrady ýaşlar gowy görýärdi... 1927-nji ýylda Aşgabatda partiýa mekdebi açylýar. Ýasaýtisi şo mekdebiň müdiri edip işe çagyrýarlar. Jemile dagy Aşgabada gaýdýar. Ol «Haly soýuzyna» ýolbaşçylyk edýär. Respublikamyzda haly senediniň ösmegine uly goşant goşýar. 1937-nji ýуl hеm ýеtip gelýär. Sоwet halkуnyň üstünе аbanan hоwp аgyrdy. Tutuş ýurtdа reрressiýa bаşlanýar. – Adаmymy 37-nji iýunуnda türmä bаsdylar. Şondan üç aý geçensoňam «hаlk duşmаnynyň» aýаly hökmünde mеni dоkma fаbriginiň direktоry weziрesinden bоşatdylar. Ýaşаýan jаýymyzdan çуkaryp kоwdular. Iki çаgam bilеn gün görmеli bоldy. Iş sorap baran ýerimden ýüz tapamok. Ahуry dokmaçylyk tеhnikumynyň direktorynyň ýanyna bardym. Onuň bilen ozal fabrikde bile işläpdik. Işe kabul etdi. Işläp ýörün. Bir gije erbet düşi görüp oýandym. Fаbrikde ýangyn döräpdir diýýän. Оny söndürýäs. Оnuň sebäbini аnyklamaga NKWD işgärleri Lýudоwin bilen Lоginow gelýär. Men olara «Ýangyn trаnsformatordan döräpdir» diýýän. Оlaram maňa «Ýörüň NKWD-ä baralyň. Şo ýerde-de akt ýazarys» diýýäler. Mеnem «Bоlýa» diýýän. «Bä, bu nä ahwalat boldugykan, janlarym?» diýip, öz-özüme sowal berýän. Öz-özümi köşeşdiren bolýan. Düýş gören günümiň ertesi, tehnikumda sapak geçip otyrdym. Daşarda ýagyş ýagyp dur. Klasyň penjiresi açyk. Bu gezek sapagy 10–15 minut irräk gutardym. Şo wagtam gapydan işdeş ýoldaşlarymyzyň biri: «Sizi direktor çagyrýar» – diýdi. Direktoryň kabinetine girdim. Görsem o günki düýşüme giren Lýudowin bilen Loginow direktoryň ýanynda otyrlar. Men olaň ikisinem öň tanaýadym. Çünki men mundan bir ýyl ozal NKWD-de partiýa hatarlaryny arassalaýyş komissiýasynyň başlygy bolupdym. Olar maňa: – Sizi adamyňyzyň işi bilen baglanyşykly mesele bilen çagyrdyk – diýdiler. Men olaryň matlabyna bada-bat düşündim. Aýlyk güni bolansoň, «Aýlygymy almaga wagt beriň» diýdim. Aýlygymy aldym. 24-nji we 25-nji ýyllaryň zaýomy bardy. Olary amanat kassa tabşyrdym. Şo aralykda Loginow maşyn bilen bir ýerik gitdi. Soň görüp otursam, ol meniň çagalarymy çagalar öýüne tabşyrmak üçin giden eken. Dogrusyny aýtsam, men öz yzymdan gelinjekdigine gözüm ýetikdi. Şoň üçin, gerek bor diýip, zatlarymy düwüşdirip goýupdym. – Sabyn bilen polotensam bar. Şolaram alaýyn – diýdim. – Ýok gerek däl–diýip jogap berdiler. Loginow geldi. Maşyna mündürdiler, NKWD-ä getirdiler. Sulçiň kabinetine saldylar. Hiç kim ýok. Garaşýan. Şeýdip iki gije-gündiz oturdym. Soň biri geldi. Eli gamçyly. Gapydan girip-girmän «Tur ýeriňden» diýip gygyrdy. Urmak üçin gamçysyny ýokaryk göterdi. Şo wagtam gapydan giren Loginow onuň gamçyly elinden tutup: «Bi size degişli däl. Dördünji bölümiňki» diýdi. Soň näme-näme bolanyny bilemok. Özümden gidipdirin. Birhaýukdan soň özüme geldim. Sorag etmäge durdular. «Sen türkmen azatlygy guramasynyň çleni ekeniň. Adamyňam kontrrewolýusioner. Boýnuňa al» diýip, hemle atýarlar.... Jemile «Türkmen azatlygy» hakda ilkinji gezek şu ýerde eşidýänini, adamsynyň bolsa hiç hili kontrrewolýusion işe baş goşmandygyny, hakyky bolşewikdigini subut etjek bolýardy. Emma olar şo bir aýdan zatlaryny gaýtalaýardylar. Jemile olaryň töhmetçilikli kagyzyna gol çekmejekdigini aýdýar. Şondan soň ony ýeke adamlyk kamerada üç aýlap saklaýarlar. Soň ony umumy kamera geçirýärler. — 100-den gowrak aýal 30 kwadrat metrden sähel ulurak jaýda bolmaly bolduk. Bu ýerde men partiýa we döwlet işgärleriniň aýallarynyň köpüsi bilen bile boldum. Halmyrat Sähetmyradowyň aýaly Anna Markowna göwrelidi. Ýaňy dünýä inen çagajyk türmede ýogaldy. Gurban Sähedowyň aýaly Katýa Çernuha. Oňam çagasy türmede ýogaldy. Oraz Täçnazarowyň aýaly Ýelizaweta Ýefimowna. Çagasy türmede ýogaldy. Hajy Atabaýyň aýaly bilen uly gyzy, Döwlet Mämmedowyň aýal dogany Gözel... Sanasan sanap oturmaly. Çynmy ýa ýalanmy bilemok, Gurban Sähedow ýeke adamlyk kameradaka öz damaryny özi kesipdir diýip eşitdik. Biziň aramyzda demirýolda streloçnik bolup işlän bir rus aýalam bardy. «Seni näme üçin türmä basdylar» diýip soradyk. «Bilemok. Terror üçin diýýäler» diýdi. «O nähili terror?» diýip soraýas. «Stalin Türkmenistana geljek wagty men otlyň geçjek ugruny üýtgetjekmişim» diýip jogap berýärdi. O pahyryň hat-petekdenem oňly başam çykanokdy-la. Köşüli Ogulbossan Nazarowa bilenem bir kamerada bile bolduk. Ony 36-njy ýylda oba Sowetiniň başlygy edip saýladylar. Şo ýygnaga meň özüm gatnaşypdym. Onam «duşmançylykda» aýypladylar. 10 ýyl kesdiler. Kolymada ýatyp geldi. Bir günem Jemile öz adamsynyň aýagyny döwdürip, türmäň keselhanasynda ýatandygyny eşidýär. Muny ol keselhanada wraç bolup işleýän är-aýal Şapkaýdan tötänlikde eşidýär. Bir gezek olar Ýasaýtis atly tussagyň 2-nji etaždan özüni aşak zyňandygyny aýdýarlar. Onuň Jemile Paltaýewanyň adamsydygyndan olaryň hiç hili habary ýokdy. Şondan uzak ýyllar geçensoň Jemile öz adamsynyň keselhanada ýatan ýerinden maşyna mündürilip, gijäň ýary şäheriň çetine äkidilendigini, şo ýerde-de atylandygyny eşider. Muny oňa Ýasaýtis bilen bile türmäň keselhanasynda ýatan adamlaryň ikisi ellinji ýyllaryň ahyrynda gürrüň berer. — Türmede Kasman diýen prokurora gabat geldim. Tussag geýminde. Maňa sanksiýa beren Kasmandy. «Meni tanap ýörkäň, meň hiç hili duşman däldigimi bilip durkaň, nähili sanksiýa berip bildiň?» diýip soradym. Ol: «Kim meni tutmaga sanksiýa beren bolsa, şoň buýrugy esasynda-da sanksiýa gol çekdim» diýip, bassyr-ýussursyz aýtdy. 1938-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda NKWD-niň aýratyn maslahaty bilen meni sud edip, bäş ýyl-a lagerde, on ýylam sürgünde bolmaly diýip, möhlet kesdiler. Aýagymda ýeňil köwüş, egnimde ýeňsiz köýnek, ýukajyk palto. Bizi Sibire tarap sürdüler. Ýol uzak, howa-da sowuk. Dadyma bir rus aýaly ýetişdi. Egnime atar ýaly köne odeýal berdi. Şeýde-şeýde Sibiriň Ýaýa stansiýasyndaky lagere äkitdiler. Orta Aziýadan getirilen adamlar bu ýerleriň sowuk aňzagyna çydaman gyrylýardy. Lagerde alty müň aýal bardy. Anna Markowna menden soň geldi. Oňurgasyna zeper ýetipdir. Şoň üçinem inwalid boldy. Bu ýerdenem ony Krasnoýarskidäki inwalidleriň bolýan lagerine geçirdiler. 1939-njy ýyldan tä uruş başlanýança Buhariniň aýaly bilen bir ýerde bolduk. Uruş başlananda bizi- kyrk aýaly lageriň içindäki aýratyn türmede sakladylar. Olar ozal ýolbaşçy işde işlän aýallardy, görnükli ýolbaşçylaryň aýallarydy, görnüki alymlardy... Gorkiniň agtygy, Swerdlowyň aýal dogany, Buhariniň aýal dogany (atalary başga) Zina Kostilskaýa... Lagerde oturmaly bäş ýylymy oturyp geçirdim. Şondan soň öýümize hat ýazdym. Öweý enemden hat aldym. Posylka iberipdirler Meni Sibire äkidenlerinden soň öweý enem Aşgabada gelip, detpriýomnikden yzymda galan gyzlarymy sorapdyr, ulujam on ýaşynda, kiçisem alty ýaşyndady. Gyzlary oňa bermändirlep. Olaň arasynda Hajy Atabaýyň iki gyzy bilen iki ogly, meň iki gyzym bar eken. Soň bäş gyzy Jambyla äkidipdirler. Hajyň iki gyzy, meň iki gyzym, ýene-de bir gyz. Men boşaýançam gyzlar Jambylda bolupdyrlar. Bäş ýyl oturanymdan soň, posoleniýä çykdym. Uly gyzymy hem öz ýanyma getirtdim. Ýaýa stansiýasynda tikin fabrigi bardy. Hünärim inžener-tikinçi bolansoň meni şo fabrigiň direktorynyň orunbasary edip goýdular. Bir gezek lageriň naçalnigi: – Sen Swerdlowskä baryp gel. Konteýner gerek – diýdi. Men komandirowka gidip geldim. Ýanyna bardym. Kabinetinde bir nätanyş adam otyr. Özem harby eşikde. Oňa üns bermän, ýagdaýy naçalnige habar berdim. – Konteýner alyp boljak. Ýöne muň üçin temmäki, bir kile ýag, spirt gerek boljak - diýip, lageriň naçalnigine aýtdym. Olam: – Bolýa. Skladdan ýazdyr-da alaý-diýdi. Şeý diýensoň menem hoşlaşyp, oň ýanyndan çykyp gaýtdym. Sklada tarap ýönelenimem şody weli, yzymdan biri ýetip: – Seni GULAG-yň prokurory çagyrýar. Naçalnigiň ýanyna barmaly – diýdi. Üstümden gaýnag suw guýlana döndüm. «Näme üçin çagyrýarka? Ýaňky gürrüň üçinmikä?» diýip, gitdim iňkise. Bolsa-da bardym. Ýaňky harby eşikli adam maňa seretdi-de: – Siz meni tanaýaňyzmy? – diýip sorady. Men: – Ýok! – diýip jogap berdim. – Siz Aşgabatda işlän döwrüňizi ýatlaň. Siz aýallar bölüminiň müdiri, «Haly soýuzynyň» başlygy, dokma fabriginiň direktory bolup işlediňiz. Şo wagtlar sizde partiýa hatarlaryny arassalaýşy kim geçirdi? Ýadyňyza düşýämi? Güpbe ýadyma düşdi. Ol Odinsowdy. Aşgabatda TSSR Ýokary sudunyň başlygy bolup işläpdi. – Nähili düşdüň? – diýip sorady. Ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly aýtdym. Ol şonda: – Siz Türkmenistanda işlärsiňiz. O ýerde gaty kän aýal türmede ýatyr. Olaryň zähmetini guramaly borsunyz – diýdi. Şeýdip meni Aşgabada iberdiler. Ýolugruna kiçi gyzymy Ewslinany Jambylyň çagalar öýünden aldym... Aşgabada gelip, ol türmelerde aýal zähmetini ýola goýýar. Türmelerde halyçylyk sehlerini açdylar. Tara dokamagy ýola salýar, soň agyr keselleýär. 1949-njy ýylyň 30-njy dekabrynda inwalidligi üçin türmeden boşadylýar. Çärjewdäki ýüpek fabrigine baş inžener edip işe iberilýär. 1956-njy ýylda Jemile Paltaýewa aklanýar. – 37-nji ýylda köp adam repressiýanyň pidasy boldy. Marydan türkmen diwiziýasynyň syýasy bölüminiň ilkinji naçalnigi Ata Baýnazarow, Marynyň Mülkbagşy obasyndan bolan ilkinji türkmen wraçlarynyň biri Garahan (Allaguly Garahan – A.Ç.), Mary okrug ispolkomynyň başlygy bolup işlän Han Kazyýew, doganlar Bapba, Kakajan, Ata Berdiýewler (Bekgi Berdiýew hem – A.Ç.), Han Ýomutskiý (Han Ýomutskiý 1928-nji ýylda Kislowodskide dynç alyp ýören mahaly tarpa-taýyn aradan çykypdy – A.Ç.) , Sähetmyrat Öwezbaýew, Tatýana Tekinskaýanyň adamsy terjimeçi Annamyrat Gurbanow, Gurtmyradow, Perenliýew, Gulbeşerow... Türkmeniň men-men diýen ýigitleri wepat boldy Bularyň hersi hakda bir kitap ýazmaly. Olar gaty täsin ykbally adamlardy. Olaryň birem gaýdyp gelmedi. Kimsi Kolymada sowukdan öldi, kimsini türmede atdylar, kimsi açlykdan, kimsi urlup-enjilmelerden jan berdi. Häzirki bu güne çenli hossarlary olaň niçik ýagdaýda ölendigi hakda anyk zat bilenok. Meň özümem şeýle. 58-nji ýylda Ýasaýtisiň ölümi bilen gyzyklandym. Bagyr keselinden ölendigini aýtdylar. Emma oň bilen bile bir ýerde ýatan adamlar bolsa başga zat aýtdylar. Bu zatlar indi hiç haçan, hiç kimiň başyna düşmesin. Biz gördük, bizden bolanlar bir muny görmesin!.. 1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |