00:05 Orta asyr Ýewropasynda geñsi adat: Akmaklar festiwaly | |
ORTA ASYR ÝEWROPASYNDA GEÑSI ADAT: AKMAKLAR FESTIWALY
Geň-taňsy wakalar
Orta asyrlarda dini we syýasy agalyk kada-kanunlaryny bozanlary beýlede dursun, tankyt etmäge synanyşanlary-da zalymlarça jezalandyrýanam bolsa, käbir festiwallarda hemme gadagançylyklary ýatyryp, adamlary öz ugruna goýberýän eken. Häzir Orta asyr Ýewropasy diýlende, göz öñümize diýdimzor häkimiýetler, gadagançylyklar, fanatik buthana we despotizm gelýär. Ýöne bu düzgünleriñ barsy ýylyñ 364 gününde ýöreýärdi. Tutuş bir günläp näme edesiñ gelse edibermeli karnawallar bardy. Bu karnawallara "däliler baýramy", "eşekler baýramy" diýen ýaly atlar dakylardy. Ruhanylar buthanada lül-gammar serhoş bolardylar, garamaýak raýatlar patyşalardyr begzadalar bilen degşip-gülşerdiler, iñ ýaramaz we azgynçylykly jynsy gatnaşyklar bilen birlikde zynanyñ her dürlüsi azat bolardy. Şeýle karnawallaryñ düýp maksady halkyñ basyşlardan ýadap köpçülikleýin gozgalañlara ýa-da anarhiýa meýil etmezligidi. Karnawallar gutaran gününiñ ertesi häkimiýet agalygyny gaýtadan ýola goýup, karnawal wagty bolan hemme zatlar karnawal güni hem galýan eken. Görnükli tankytçy Bahtin bu karnawallaryñ jemgyýete berýän peýdasyny şeýle sözler bilen düşündirýär: "Wagtal-wagtal gapagyny açyp, howa çalyşmagyna mümkinçilik berilmese, şerapdan doly gaplar çat açmak bilen bolýar. Biz adamlaram onçakly berk ýasalmadyk gaplar ýaly, içimizdäki danalyk şeraby dindarlykdan we hudaýa bolan gorkudan şekillenen üýtgewsiz fermentasiýada galan ýagdaýynda çat açarys. Zaýalanmazlygy üçin howa çalşygyna ýol bermeli bolýarys. Belli günlerde dälibaşlyga ýol bermegimiziñ sebäbi-de şonda. Şeýtmek bilen Hudaýa has gowy hyzmat etmegimizi dowam etdirip bileris. Karnawallaryñ iñ möhüm aýratynlygy - bu çäreler tomaşaçylara görkezilýän ýöne bir şowhun-şagalañ bolmandyr. Karnawalyñ ýa-ha gatnaşyjysy bolmaly ýa-da goşulman çetde galmaly eken. Uçdantutma hemmäni öz içine alýan bu köpçülikleýin çäre hemmeleri çäräniñ dowamynda deñleşdiripdir we özüne mahsus dil döredipdir. Ýagny, patyşa ýa-da ruhany hem bolsañyz, karnawala gatnaşsañ, öz ierarhiýasyz düzgüniñiz bilen ylalaşmaly bolupdyr. Aýratynam, jalbary sypyrylan ruhanyny ýa-da ýüzüne palçyk çyrşalan patyşany karnawalda näçe diýseñ görüp bolýan eken: Şüweleñli geçmeýän adaty durmuşyñ gurluşyny we tertibini kanuny taýdan kesgitleýän kada-kanunlar, gadagançylyklar, çäklendirmeler karnawal geçýänçä güýçsüz hasaplanypdyr. Güýçsüz hasaplananlaryñ arasynda ierarhik gurluş, bu gurluş bilen baglanyşykly gorkuzmalar, basyp ýatyrmalar, boýun sunmalar, baş egmeler, takwalyk we edep kadalary hem bolupdyr... Adamlaryñ arasyndaky ähli distansiýalar aradan aýrylyp, azat, mähirli, içgin, gyzgyn gatnaşyk döräpdir. Karnawal ýarym hakykat-ýarum oýun görnüşinde şahslaryñ arasynda, konkret ten keýpi-sapalaryny öz içine alýan täze ikitaraplaýyn gatnaşyklar formasynyñ sahnada goýulýan ýeridir... (Bahtin, 2004: 184). Bulam aslynda Orta asyryñ nähili we nämüçin şeýle uzak dowam edendiginiñ bir subutnamasydyr, çünki buthana bir ýandan-a "Ierusalimiñ eýelenmegi" ýaly bir prinsipi öñe süren bolsa, bir ýandanam bular ýaly karnawallary oñyn hasaplap, jemgyýetçilik gysyşlygy gowşadybrak dolandyrýardy. Elbetde, pikir gysyşlygy gaz gysyşlygyndan has beter bolýar, hiç bir despotizm ömrüni ebedilik saklap bilmeýär. • "Akmaklar festiwaly" "Akmaklar festiwaly" baýramçylygy hut buthana ýolbaşçylygy tarapyndan gurnalýan festiwallar bolupdyr. Kelläñe gelen hereketiñ oñlanýan we şeýle baýramçylygy geçirme tutarygy Isa pygamberiñ (a.s) sünneti hökmünde kabul edilen 1-nji ýanwar gününe gabat getirilipdir. Şeýle festiwala "Festum Stultorum" ("Akmaklar festiwaly"), "Festum Hypodiaconoroum" (Pes diakonlar festiwaly), "Festum Baculi" ("Çybyklar baýramy") ýaly atlara? berilipdir. (Süleýman Turan "Mukaddes akmaklyk we akmaklar festiwaly"). Akmaklar festiwalynyñ añyrsy Süleýman Turanyñ makalasyndan öwrenşimiz ýaly Rim imperiýasyna çenli uzapdyr. "Saturnyñ güni" ("Saturday", ýagny, şenbe gününe-de iñlis dilinde adyny beren "yrsgal hudaýy") ady bilen ýaýran festiwal "Akmaklar festiwalynyñ taryhy köklerini düzýär. 1100-nji ýyllaryñ resmi çeşmelerinde gabat gelýän bu geñsi däbiñ 1500-nji ýyllara çenli dowam edendigini görýäris. Şol täsin festiwallardaky käbir hereketler: Ruhanylar we wezipeli işgärler iş sagatlarynda dürli hili gorkunç maskalary geýipdir. Aýallar sutonýorlar ýa-da halk bagşylary ýaly geýinip, üýşüp tans edipdirler, ahlaksyz aýdymlary aýdypdyrlar. Ýewharistiýa däbi berjaý edilende gatap galan doñuz ganyndan we etinden ýasalan şöhlatlar iýilipdir. Nard oýny oýnalypdyr. Köne aýakgaplaryñ petegini ýakyp, maslyk ýaly porsap duran ys çykarylypdyr. Utanç perdesini doly sypyryp aýryp, buthananyñ içinde ikiýana towsaklanypdyr. Arabalara münüp obanyñ içinde aýlanylypdyr, at arabalaryñ üstünde oýun görkezilipdir, gelşiksiz el-gol hereketlerini edip, her dürli hapa-paýyş we uýat sözleri öz içine alýan goşgy setirlerini aýdyp, janköýerlerini we tomaşaçylaryny güldüripdirler. (S.Turan. agzalan makala seret). Şeýle festiwallarda mukaddes ýazgylara çenli parodiýadan paýyny alypdyr, akly başyndan uçan halaýyk "Injili" ýañsylamakdanam çekinmändir: Feswiwal geçip durka terslin-oñlyn edilen zatlardan biri-de liturgiýadaky we aýdymlardaky sözler bolupdyr. Ruhanylar "Injiliñ" parodiýasynda toslama wagyzlary edip, uýat sözli aýdymlary we dini aýdymlary aýdypdyrlar. Şunuñ bilen baglanyşykly mukaddes ýazgylara her kim özüçe tekst goşup ýoýupdyr. Şeýle-de, dürli wagtlarda we ýerlerde ruhanylaryñ düşnüksiz sözleri öz içine alýan aýdymlary aýdandyklary, gyk-wak edendikleri, sykylyk atandyklary, uwlandyklary, çylkasyz gülendikleri, başga-da ýañsylaýjy hereketleri sereşländikleri ýaly maglumatlar çeşmelerde agzalýar. (S.Turan. agzalan makala seret). Umberto Ekonyñ "Orta asyrlar" atly naýbaşy eserine göz aýlanymyzda şu jümle diýseñ ünsüñi çekýär: "Azgynçylykly ýöne täsin. Apostol Bernard hem monahlaryñ şu dünýäden el çekmek bilen nämelerden ýüz öwrendigini gürrüñ berende şol ruhy ahwaly tassyklaýar: "Halkdan aýry bolan biz monahlar - dünýäniñ gymmatly we ýalñyşdyryjy her bir zadyndan ýüz öwren bizler - Isany gazanmak ugrunda owadanlygy bilen lowurdaýan, sesleriniñ ýakymlylygy bilen gulagy sypalaýan, hoşboý ys kükeýän, datly tagamy, eliñi degirmegiñ aýry mazasy bolan, ýagny, bedeni sypalaýan hemme islendik zady nejasatdan eý görmeýän bizler..." (Apologia ad Guillelmum abbatem). Añryñy bäriñe getirýän derejede hapa-da bolsa, dänilen zatlar babatda güýçli duýgy we azajygam bolsa küýseg özüniñ bardygyny syzdyrýar. Eýsem bu festiwallar tebigaty boýunça ýalançynyñ her dürli haýu-höwesine garşy wysala wekilçilik etmegi nukdaýnazaryndanam diýseñ täsin". Gepiñ kelte ýeri, orta asyrlarda dini we syýasy agalyk kanunlary bozýanlary beýlede dursun, oña tankydy bellik etmäge synanyşýanlary-da gazaply jezalandyrandygyna garamazdan, käbir festiwallarda hemme gadagançylygy ýatyryp, adamlary öz erkine goýberýän eken. Şeýle festiwallaryñ ahlak kadalaryna gabat gelmeýän taraplaryny hasaba almanymyzda, baý bilen garybyñ, begzada bilen garamaýagyñ bir günlükçe-de bolsa deñleşýändigini görýäris. Şol sanda jemgyýetiñ basyş astynda saklanýan duýgulary öz erkine goýberilip, belki-de, has uly we jemgyýetçilik hadysalarynyñ öñi alynypdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Çarşenbe, 26.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |