11:14 Osmanlyda toý-şagalañlaryñ bezegi: Çeññiler we köçekler | |
OSMANLYDA TOÝ-ŞAGALAÑLARYÑ BEZEGI: ÇEÑÑILER we KÖÇEKLER
Taryhy makalalar
Häzir "Osmanly" diýlende, köpleriñ göz öñünde diñe berk ahlak düzgünleri bilen dolandyrylan jemgyýet janlanýar. Pikir edilişiniñ tersine, osmanly döwri häzirki wagtyñ "osmanlyçy" görünjek bolýan birnäçeleriniñ dar gözýetiminden giñ dünýälere we köpugurly durmuşa eýedi. Munuñ iñ anyk mysalyny toý-şagalañlarda görmek mümkin. Çeññiler we köçekler osmanlylaryñ keýpi-sapa babatda göz öñüne getirip bolmajak çäk-çygyrlara ýetmekden çekinmändigini görkezýär. Bu iki käriñ eýeleri şygyrlara, miniatýuralara aralaşyşy ýaly, resmi dokumentlerdir jahankeşdeleriñ eserlerinde-de özlerine giñ orun tapypdyr. Köçeklerdir çeññiler tansyñ ýany bilen sazlary bilenem öñe saýlanypdyr. Bulam diñe tans boýunça däl, saz boýunça-da osmanlylaryñ tapawutlanýan hoşniýetli garaýşa eýediklerini görkezýär. Gynansak-da, edil häzir osmanly sazy diýlende diñe tüýdük (musiki) ýa-da mehteran ýaly saz gurallarynyñ ýada düşmegi-de, aslynda ullakan ýalñyşlyk bolup garşymyza çykýar. Bu barada aýratyn durup geçeris. Häzirlikçe esasy gürrüñimizi dowam etdireliñ. Çeññiler we köçekler - umuman alanda belli bir derejede osmanly teatry hasaplap boljak bu uguryñ adamlary tansy we sazy utgaşdyryp bermekleri bilenem diýseñ täsin obrazlar bolup çykyş edipdir. Şu we şuña meñzeş mysallar sebäpli daşary ýurtly käbir türkologlar türk teatryny XII asyra çenli uzaldýarlar. Üstesine köçekler diñe Stambulyñ çäkleri bilenem oñman, Anadoly medeniýetinde-de özlerine güýçli orun tapmagy başarypdyr. Çeññi medeniýetiñem, köçek medeniýetiñem kökleri Hindistanyñ çäklerine çenli uzaýar. "Zenne medeniýeti" diýen umumy bapda toplap boljak bu medeniýet häzirem Hindistan, Owganystan, Päkistan ýaly ýurtlarda giñden ýaýran. Bu medeniýetiñ osmanly köşgünde beýle çalt ýaýramagynyñ sebäbi-de patyşanyñ aşhana medeniýetini doly diýen ýaly Eýrandan almagydyr. Pars medeniýetiniñ öz düzümine hindi medeniýetindenem kän zatlary alandygy bilen parslaryñ täsirindäki osmanly aşhana-saçak medeniýeti-de zenne şagalañyna oñyn garapdyr. Bu barada meşhur taryhçy Halil Inaljygyñ "Has Bahçede Aýşu-Tarab" kitabyndan jikme-jikme maglumatlary tapyp bilersiñiz. Geliñ, osmanly toý-şagalañlarynyñ bezegi bolan hokgabazlar, jambazlar, perendebazlar, ataşbazlar bilen birlikde köçeklerdir çeññiler hakda käbir maglumatlara göz gezdireliñ. • Köçekleriñ we çeññileriñ gysgaça taryhy Pars dilinden dilimize geçen bu söz "kiçijik" ("küçük") ýa-da "kiçijik haýwan" manysyny berýär. Mämmet IV şazadalary sünnet edilende eden meşhur sünnet toýunda daşary ýurtly syýahatçylardan Kowel şeýle ýazgylary galdyrypdyr: "Bularyñ göze ilip duranjalary örän bezemen, altyn-kümüş syýrmaly, ýüpek geýnerdi. Geýimleri tenlerine ýapyşyp, dyzlaryna çenli gelip, goly ýapyk, billerine, kiselerine we keýplerine görä baý guşak guşanardylar. Munuñ aşagyndanam giñ, topuklaryna ýetip duran etek geýerdiler. Bu etegem örän göze gelüwli, ala-mula, açyk reñkde bolardy. Saçlaryny kesmezdiler, ýanlaryna seçelenip duran owadan saç lülelerini goýbererdiler. Käbirleri saçyny ýapardylar, käbirleri-de aşaklygyna goýberip ýa-da üstüni örtüp arkadan eginlerine dökerdi. Köplenç kellelerine ýüpek başgap (kiçijik we jam görnüşinde) ýa-da galpak diýilýän sütükli deriden tikilen başgap geýerdiler. Bularyñ arasynda on ýaşly owadan oglanjyk bardy, onuñ saçy aýalyñky ýaly uzyndy. Onuñ bilen dynç, gelşikli, 25 ýaşly ýaş ýigit tans etdi. Ussatlyk bilen, sessiz, täsin, aklyña gelip biljek her dürli jalataýlyk bilen her dürli hereketlere ýüz urdular. Galanlar dört, alty we käte sekiz kişilik topar bolup tans etdiler. Olaryñ edýän tansy bedeni hasam ýygryp (gaty utandyryjy ýagdaý), ädimleri ýuwaşlyk bilen aýlap çilşirmäge, durmaga we pyrlanmaga esaslanýardy. Gol hereketi, tans hereketi, el hereketi ýaly belli-başly hereketleri ýokdy. Ýa ýarpy, ýa-da doly halka bolardylar. Bir nagmadan beýleki nagma, bir henekden beýleki henege geçerdiler. Iñ soñunda janly saza aýak goşup, uzyn-uzyn aýlanardylar (derwüşler ýaly), durubam eglip salam bererdiler we ýakynlarynda duran çalguwjylaryñ ýanyna ylgardylar". Köçekler ýüz keşbi gyza meñzeýän oglanlardan düzülipdir. Tüýsüz we açyk tenli bolmagy onuñ bu kärde ornaşmagyna getiripdir. Gyz ýaly görünmek üçin saçlaryny ösdüripdirler we tenleri görnüp durjak görnüşde geýnipdirler. Hawa, yşkynda diwana bolnup, jilt-jilt diwanlar ýazylan köçekler we çeññiler bolupdyr. Gynansak-da, bu kär bilen meşgullanýanlary paýlaşyp bilmän köplenç ýanyçarlar gopgun turzupdyr. Bulam olaryñ käriniñ gadagan edilmegine getiripdir. Köçekler gadagan edilen döwürlerinde gazanjyny we tenini diýdimzor ýanyçarlarlar bilen paýlaşmaga mejbur bolupdyr. Elbetde, her köçek ýa-da çeññi gomoseksualist bolmandyr. Ýöne hemme zatda bolşy ýaly, çeññilik we köçeklik toý-şagalañlaryñ bezegi bolmakdan çykyp, pul gazanylýan pudaga öwrülip başlansoñ, bidüzgünçilikleriñem ýoly açylypdyr. Ýogsam bolmasa "çeññileriñ piri" hasaplanýan Çingene Çeññi Ysmaýylyñ toýy müñlerçe adamyñ gatnaşmagynda bolupdyr we nazy-nygmatly saçaklaryñ soñy görünmeýän uly dabara bilen geçirilipdir. Gynansak-da, toý Stambulyñ taryhyndaky iñ uly dawalardan biri bilen gutarypdyr, ýüzlerçe adam biri-biri bilen ýumruga girip, toý dagapdyr. Soñ-soñlar bu dawany Çeññi Ysmaýylyñ özüniñ bilgeşleýin gurnandygy belli bolupdyr. Elbetde, bu hadysadan soñ Çeññi Ysmaýyl köşgüñ gözünden düşüp, güzeranyny aýy oýnatmak bilen dolamaga mejbur bolupdyr. Mahmyt II-niñ döwrüne gelenimizde, ýanyçarlar şäherdäki ähli köçekleri we çeññileri ýapyşy ýaly, birnäçe ýüzi owadan oglany çeññi ýa-da köçek bolmaga mejbur etmegi patyşanyñ gazabyny atlandyrypdyr. Üstesine bandalaşyp barýan ýanyçarlar ýüzi owadan köçekler üçin san-sajaksyz jenaýatlaryñ bolmagyna-da sebäp bolansoñ, patyşa ýörite perman çykaryp köçekligi gadagan edipdir. Şonuñ üçin Stambulda sanlary müñlerçä ýeten köçekleriñ hemmesi Müsüre gidip, Mämmedaly paşanyñ köşgüne sygynypdyr. Syýahatçymyz Öwlüýä Çelebi gomoseksualizmi ýaýýandygy üçin "Syýahatnamasynda" köçeklik bilen meşgullanýanlary gazaply ýepbekleýär: "Ýetmiş tastan pelegiñ çemberinden geçmiş, weledizyna, afytab-mysal rakgaslar". Enderunly Fazyl Hüseýiniñ ýazan "Çeññinama" we "Depderi-Yşk" eserperi köçeklerdir çeññilere bildirilen gyzyklanmanyñ iñ esasy çeşmeleridir. Daşary ýurtly syýahatçylaryñ aýtmagyna görä, türkleriñ özi köçeklik etmändir. Sypatlary we saz medeniýeti taýdan syganlar we owadan bolýandyklary üçin jöhitlerdir ermeniler has köp köçeklik edýän eken. Bu iş bilen meşgullanýanlara-da erkek atlaryñ ýerine köçek ady berlipdir, mysal üçin meşhur çeññilerden Küçük Ibowa berilen at "Gülli Patma" bolupdyr. Birnäçe şahyr bu gajaman tansçylar üçin birnäçe şygyrlary ýazypdyr. Mysal üçin Şairde şeýle setirler bar: "Rakgas, bu halet seniñ oýnuñdamydyr, Aşyklarynyñ günäsi boýnuñdamydyr, Doýman şebi-walsyña şebi-ruze kibi Eý simi-beden, saba goýnuñdamydyr". Gepiñ keltesi, Soltan Mahmyt II-niñ ýörite perman çykaryp, gadagan eden wagtyna çenli köçeklik we çeññilik medeniýeti Stambul toý-şagalañlarynyñ esasy güýmenjeleriniñ biri bolupdyr. Soltan Abdyleziz Müsürdr resmi saparda bolan wagty Stambuldan göçüp gelen köçekleriñ başdan geçiren horluklary bilen ýakyndan gyzyklanypdyr we olar üçin ýazylan aýdymlary diñläp, umuman köşgün bu medeniýetiniñ özüne duşman däldigini görkezipdir. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 28.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |