07:06 Owadan Bahar | |
OWADAN BAHAR
Goşgular
Ýaşlykdan ýadygär, gizlenip galan goşgy Al-öýme ýaglygyň alkymyň ýapar, Altyn halkalaryň boýnuňda hatar. Ak ýüzüň dünýäniň misli gündizi - Owadan, Bahar! Öýkeläp gideňden bäri şol sapar, Gözlerim intizar ýoluňa bakar. Bilmedim, kim boldy, meni özüňden Sowadan, Bahar! Gel, etmäli läläm, bir-birden gahar, Ýaraşmaga indi boldy çen, mahal. Juda gereklisiň maňa suwdan hem Howadan, Bahar! Huşumda diňe sen, her şam, her säher, Görmesem dünýämi gam-gussa basar. Yşk hesretin hem lezzetin kalbymda Oýadan, Bahar! Ýylgyryp bakyşyň jana hoş ýakar, Gaharly göreçleň ok bolup batar. Taý tapman özüňe, gözläp şäherden, Obadan, Bahar! Al-öýme ýaglygyň alkymyň ýapar, Altyn halkalaryň boýnuňda hatar. Umman gözüň göýä gijäň tümlügi - Owadan, Bahar! 1982 ý. “Nesil” gazeti, 19.10.2020 ý. | |
|
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Ýaşlyk / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |