11:35 Owgan oppozisiýasynda näme bolup geçýär? | |
OWGAN OPPOZISIÝASYNDA NÄME BOLUP GEÇÝÄR?
Publisistika
Şa Masudyñ ogly Ahmet Masut owgan oppozisiýasynyñ esasy aktýorlarynyñ biri hasaplanýar Taliban ikinji gezek häkimiýet başyna gelenine birinji ýylyny dolduranynda, oppozisiýañ hatarynda-da käbir gymyldy-hereketler göze ilýär. "Owganystanyñ Azat edimegi üçin Ýokary Garşylyklaýyn göreş geñeşi" ady verilen owgan oppozisiýasynyñ agramly bölegi Demirgazyk ýaranlygyndan ybarat. Geñeşiñ düzüminde täjikler, özbekler, hazareýler bilen bir hatarda ownuk puştun toparlary-da bar. Oppozisiýanyñ lideri saýylýan öñki serkerde Ahmet şa Masudyñ ogly Ahmet Masut Owganystanda federatiw formada täze yslam hökümetini gurmak üçin Taliban bilen gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýtsa, özbek lider General Dostum ýakynda "BBC"-niñ özbek dilindäki gepleşigine beren interwýusynda Kabuldaky Taliban hökümetini özi bilen gepleşik geçirmäge çagyrdy. Türkiyýede döwletiñ depesine mündürilip saklanýan özbek lider general Raşit Dostum Taliban bilen dil tapyşmagyñ tarapdary • Dostum, Nur, Muhakkyk, Rabbani halkyñ goldawyny ýitirdi Özbek lideri "uruşdan hemmämiz ýadadyk, men 43 ýyl bäri urşuñ içinde. Taliban meni we halkymy görmezlige salyp bilmez. Ne biz Talibany doly ýok edibildik, ne-de Taliban bizi" diýýär. Talibanyñ häkimiýet başyna gelenine bir ýyl dolanda, ýagny, 2022-nji ýylyñ 15-nji awgustynda duşenbe hüni owgan oppozisiýasynyñ belli-başly liderleri Zoom arkaly geçiren wideokonferensiýasynda goranyş meseleleriniñ üstünde durup geçseler-de, belli netijä gelip bilmediler. Her näçe haýalam bolsa, oppozisiýanyñ hatarynda käbir taýýarlyklaryñ bardygyny görmek bolýar. Eýse, owgan oppozisiýasy herekete geçip, Talibana garşy goranyş-serpikdiriş operasiýasyny amala aşyryp bildimi? Wagt hernäçe Talibanyñ zyýanyna geçse-de, oppozisiýanyñ häzirki ýagdaýy bulen nämedir bir zatlary etmek mümkin däl bolmasa-da, juda kyn boljaga meñzeýär. Munuñ iñ birinji sebäbi-de, Raşit Dostum, AtamuhammetbNur, Muhakkyk, Salahuddin Rabbani ýaly demirgazyk bileleşigi liderleriniñ öz halklarynyñ goldawyny ýitirenligindedir. Soñky ýigrimi ýylda bu liderler ellerindäki syýasy güýji öz şahsy bähbitleri üçin ulanyp, wekilçilik edýän halklary üçin jinnek ýaly iş bitirmediler. Gaýtam tersine, köp wagtlaryny öz ogul-gyzlaryny, ilen-çalanlaryny döwletiñ iñ gowy wezipeli orunlaryna oturtmak ýa-da halk deputaty, senator saýlatmak üçin ulandylar. General Dostum ýalylar Türkiýe ýaly dürli ýurtlardan alýan maddy kömekleriniñ hasabyna Şybyrganda arap şeýhleriniñ köşgündem kaşañ köşk gurup, keýpi-sapada ýaşadylar. Dostumyñ hiç hili ukyp-başarnygy bolmadyk iki geleñsiz çagasy soñky parlamentiñ düzümine girdi. Şol bir wagtyñ özünde Muhakkyk, Hikmetýar, Saýýaf ýaly öñki mojahet liderleriniñ ogullarydyr ilen-çalanlary-da halk deputaty, häkim, edara başlyklary, ministriñ orunbasary ýaly döwletiñ iñ omaçaly wezipelerine ýerleşdiler. Demirgazyk ýaranlygynyñ belli liderlerinden Atamuhammet Nur soñky ýigrimi ýylda Mazary-Şerifde özygtyýarly hökümete meñzeýän agalyk gurup, ýüz millionlarça dollara barabar ummasyz baýlyk toplady, ogullaryny Angliýa korollygynyñ akademiýasynda okatdy. Hökümeti eýelän we bir ýylyny geçiren Taliban içerde birgiden meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy • Täjikler, özbekler, hazareýler köpçülikleýin ýagdaýda Talibana goşulmaga başlady Şular ýaly zatlar bolup durka, Taliban Owgan platosyna gitdigiçe ýaýrap barýardy. Uly şäherlerde işsizlik ýetjek derejesine ýetensoñ, pul üçin zorlukly adam alyp gaçmalar, ogurlyk, talañçylyk ýaly jenaýatçylykly hadysalar köpelýärdi. Režimiñ dargamagyndan bir ýyl öñ, ýagny, 2020-nji ýylyñ oktýabrynda Mazary-Şerif şäherinde bir türkmen maşgalasynyñ dokuz ýaşly oguljygy pul üçin alnyp gaçyldy. Maşgala häkimligiñ edara binasynyñ öñünde çadyr gurup protest hereketine başlady welin, hadysa birnäçe aýlap owgan jemgyýetçiligini başagaýlyga salan köpçülikleýin waka öwrüldi. Çagajygyñ gözi ýaşly ene-atasy ýokarda ady agzalan liderleriñ hersine aýry ýüzlense-de, olar muña kellerinem agyrtmadylar. Sebäp olar öz keýpi-sapalary bilen gümradylar. Göwünlerine bolmasa, guran şahsy soltanlyklary müdimilik dowam edäýjek ýalydy. Şeýdibem, halkda öñki režimiñ liderlerine garşy çuññur ýigrenç döredi. Režime garşy ýigrenç artdygyça Talibanyñ gerimi hasam giñedi. Taliban puştun toparydygyna garamazdan Demirgazyk Owganystanda Dostum, Atamuhammet Nur, Muhakkyk ýaly liderlerden bizar bolan täjikler, özbekler, hazareýler kowçum-kowçum bolup Talibana goşulmaga başlady. Bu liderleriñ barsy 2021-nji ýylyñ awgustynda we ondan öñem Talibana hiç hili garşylyk görkezmeden ýurtdan gaçyp gitmekleriniñ düýp sebäbi öz halklarynyñ ynamyndan gaçmaklarydy, ýogsam bolmqsa olarda goranyp-göreşip biljek ýeterlik maddy mümkinçilikleri-de bardy. Taliban häkimiýetiniñ üstünden tegelek bir ýyldan gowrak wagt geçendigine garamazdan oppozisiýanyñ häzirem dogry-dürs garşylyk görkezip bilmeýänligi-de, olaryñ halkyñ gözünden düşendiginiñ başga bir subutnamasydyr. Oppozisionerler üçin ýene bir kynçylygam öñki howandarlaryny lapykeçlige uçradanlygydyr. Otuz ýyllap hazareýlerdir täjikleriñ arkasynda duran ne Eýran bilen Täjigistan, ne-de General Dostuma eýe çykan Türkiýe bilen Özbegustan indi Owganystandaky öñki ýaranlary üçin arryklaryny gynasy gelenok. Owganystanyñ ykdysady problemalar bilen başagaý wagty käbir toparlaryñ ýaraglandyrylýandygy öñe sürülýär • Halkara jemgyýetçiligi Talibany basyş astynda saklamalydyr Owganystanda Günbatar terzinde demokratik düzgünli döwlet gurmak üçin soñky ýigrimi ýylda iki trillon dollara golaý pul harçlan Günbatar we onuñ harby bileleşigi NATO hem bu ýurtdan bizar boldular. Owganystanda özgerişligi getirip biljek ýeke zat bar, olam - ýa-ha Taliban Günbataryñ gaharyny getirjek uly ýalñyşlygy ýol bermeli, ýa-da açlykdan gyrylýan owgan halky uçdantutma aýaga galmaly. Halkara jemgyýetçilik Owganystan diñe dünýäniñ kellesini agyrdan ýagdaýynda oña el uzatjaga meñzeýär. Suw señrikden agyp, boljak iş bolansoñ, oña el gatdyñ nä, gatmadyñ nä... Etmeli iş şu: Owganystan ikilenç "11-nji sentýabr terakty" ýaly uly hadysa bilen täzeden dünýäniñ ünsüne düşmezden öñ bu ýurtda ähli etniki toparlaryñ gatnaşmagynda giñ möçberli hökümet gurulmaly. Munuñ üçinem halkara jemgyýetçiligi Talibany basyş astynda saklamaly bolar. Daşardan goldaw bolmasa Taliban hökümeti ömrüni dowam etdirip bilmeýär. Talibanlar muny gowy bilýär. Belki-de, azajyk basyş, azajyk tagalla bilen Owganystan 70-nji ýyllardaky öñki asuda günlerine dolanyp biler. Esedullah OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 19.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |