10:15 Owganlaryñ garañky dünýäsi | |
OWGANLARYÑ GARAÑKY DÜNÝÄSI
Publisistika
Rimliler tarapyndan warwar häsiýetlendirilen german taýpasy westgotlaryñ miladydan soñ 410-njy ýylda Rime kürsäp girip, şäheri talandan we oda berenden soñra Rim imperiýasy ýykylypdyr. Taryhçylar muny şeýle suratlandyrypdyr: "...Şeýdibem, medeniýeti ýagtylandyran yşyklar söndi we Günbatar dünýäsi tümlüge bürendi. Bu şeýle bir tümlükdi welin, ylym-bilim, sungat, edebiýat ýaly siwilizlenen dünýä degişli zatlardan nam-nyşan ýokdy." 2021-nji ýylyñ 15-nji awgustynda torba sakgally, gorkunç ýüzli talibanlar Kabula girende-de şuña meñzeş ýagdaý gaýtalandy. Bir aýa ýetmänkä Owganystanyñ iñ sowatly gatlagyndan 200 müñ adam ýurtdan çykdy, yzyndan ýene ýüz müñlerçe adam dogduk depesini terk etdi. Gidenleriñ köpüsi güni-haly gowy, ýokary bilimli, hünärli adamlardy, ýagny, lukmanlar, inženerler, işewürler, žurnalistler, ýazyjy-şahyrlar, sungat işgärleri, ýokary wezipeli döwlet işgärleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryñ gullukçylary we ş.m. Şeýlelikde her tarapy yşyklar bilen ýagtylandyrylan şäher birdenkä elektrik togy kesilen ýaly tümlügiñ içinde galdy. Elbetde, Owganystan ýa-da Kabul gadymy Rim ýaly hiç haçanam beýik medeniýetiñ ojagy bolmandy, emma soñky ýigrimi ýylda Günbataryñ tagallasy bilen ýurtda abyrsyz köp işler edilipdi. Ýurt siwilizlenen dünýä bilen bitewileşmek we onuñ parçasy bolmak ugrunda ep-esli menzilleri aşypdy. 100-e golaý teleýaýlym, 500-e golaý radioýaýlym bekedi, müñe golaý gündelik we hepdelik gazet-žurnallar bardy. Köp sanly kemçiliklerine garamazdan, iñ çet obalarda-da adamlaryñ gatnaşýan we talaşgärleriñ gyzgalañly ýaryşýan saýlawlary bolýardy, parlamentde her gatlaga wekilçilik edýän deputatlar bardy. Teleýaýlymlarda islendik adaty we medeni ýurtda bolşy ýaly konsertler, spektakllar, telegepleşikler, aýdym-saz bäsleşikleri efire berilýärdi. Türk seriallarynyñ ölemen janköýeri bolan owganlar agşamlaryna wagtyny şoña görä bölýärdiler. Indi bularyñ barsy ýatlama bolup galdy. Öñki köpöwüşginli we janly keşbini ýitiren Owganystan indi duz-tagamsyz, kirjimek we içgysgynç ýer. Telekeçisinden mekdep okuwçysyna, sungat işgärinden işçisine, daýhanyndan çörek bişirijisine, okumyşyndan jahylyna çenli kimiñ bilen gürleşsem gürleşeýin, barsy göwnüçökgünlik batgasyna batypdyr. Owganlar özlerini ahyrky pellesi görünmeýän garañky ýerasty geçelgä giren ýaly duýýarlar. Käbirleri muny paýtagt Kabuly ýurduñ demirgazygyna birikdirýän Salang geçelgesine meñzedýär. Geçelgäniñ içindäki asfalt ýol könelşip, oýuk-oýuk bolup ýatandygy üçin tozandan hem-de arabalaryñ çañyndan ýaña demigip öläýerinmikä öýdersiñiz. Hemme zatda bolşy ýaly geçelgäniñ howalandyrma ulgamy-da işlänok. Owgan dostlarymyñ biri "Geçelgäniñ içindäki tozan-çañda demigip ölmesek, bir gün-ä geçelgeden çykarys-la" diýýär. Elbetde, ol ýurdunyñ ýagdaýyny göz öñüne tutýar. Taliban hökümetiniñ ömrüniñ uzak bolmajagyny hemmelerem bilýär, ýöne bärde iñ esasy mesele režim ýykylyp ýurt täzeden aýaga galýança häzirki açlygyñ, gahatlygyñ, işsizligiñ hötdesinden gelip bilmekde. Öñki režimde ýokary wezipede işlän başga bir owganly dostum häzir Türkiýede iki jahan owarrasy bolup, näme etmelidiginiñ pikirini edýär. Wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnamasy bolan dostum rugsatnamasynyñ möhletini uzaltmandygyny, şonuñ üçinem iki ýoldan birini saýlamaly boljakdygyny aýdýar: Birinji ýoly - deñizde gark bolup öljegiñi bilseñem bikanun ýollar bilen Ýewropa aşmak. Munuñ üçin gaçgaklary aşyrýançylara müñlerçe dollar bermeli, ol pulam onda ýok. Ikinji ýoly - näme bolsa şo bolsun edip, Owganystana gaýdyp barmak. "Gaýdyp barsam öñki režimiñ adamy bolandygym üçin meni ilki suwasalma ýenjerler, soñra eger ölmän diri galsam, erkinlige çykmak üçin Talibana ep-esli möçberde para bermeli bolaryn, onça pulam tapmajagymy bilýärin". Öñki režimde prezident köşgünde işlän üç çagaly bir türkmen zenany bir ýyldan gowrak wagt bäri Eýranda türk wizasyny aljak bolup jan edýär. Tanyş-bilişleri jem bolup, oña Türkiýede bolar ýaly ýer taýýarladyk, noterden çakylyk we gününi dolamagy üçin bankdaky hasabyna birnäçe müñ dollar geçirdik. Hemme zat taýýar bolansoñ Tährandaky türk ilçihanasyna barmaly güni gözýaşlaryna gark bolup yzyna dolandy. Ähli resminamalaryny taýýarlandygymyza garamazdan, türk ilçihanasy oña wiza bermekden ýüz öwürdi. Ol "Öýe gelenimde çagalarym "eje, indi Türkiýä gidip bilemzokmy?" diýip aglaşdylar. Ýüregim gyýym-gyýym boldy" diýip, yzyndanam agyly ses bilen maña igendi: "Birnäçe ýyllap maña "Türkiýe - ähli türkleriñ ene ýurdy, daşyndaky agyr ýagdaýa düşen hiç bir türki garawsyz goýmaz" diýýärdiñ, hany nirede?" Onuñ bu dogry igenjine näme jogap berjegimi bilmedim. Stambulda gaçgak ýagdaýda ýaşaýan owgan maşgalalaryñ biri "Daşary çykmaga gorkýarys, resminamalarymyz ýokdugy üçin polisiýa tarapyndan saklanyp, ýurtdan çykarylmakdan gorkýarys. Çykyp işlemesegem, ajymyzdan ölmeli" diýýär. Şol sanda, sosial mediýa ulanýan käbir ýaş owganlylar YouTube-de "Erkek adamam ýurdundan gaçarmy, bar, ýurduña gitsene!" diýip, her dürli kemsitmelere uçraýarlar. Şeýdibem, ýurtlaryndaky dowzahdan gaçan owganlar gözleýän asudalygyny we howpsuzlygyny ýurduñ daşynda-da tapanoklar. Owganlaryñ alnyndan dirän ýeke-täk ýer - Günbatar. Gelen her bir bosgun ol ýerde düşelge merkezlerine ýerleşdirilýär, ýatmaga ýer, üç wagtyna nahar we hepdelik sowalga puly berilýär. Resminamalary taýyn bolup, kabul edilen bosgunlara hemişelik ýatakhana we hak-heşdek berilýär. Jemgyýete uýgunlaşmagy üçin ilki dil öwreniş kurslaryna, yzyndanam hünär öwreniş kurslaryna ýollanýar. Belli bir wagta çenli Türkiýede gaçgak ýagdaýda ýaşandan soñ biri Pariže, beýlekisi Bonna ýerleşen owganystanly iki türkmen dogan hem indi durmuşlaryndan müñde bir razy. Günbatardaky owganlylaryñ içinde iñ nesibesi çüwenler bolsa, öñki režim döwründe günbatarly guramalarda işlän owganlar. Olaryñ köpüsi Talibanyñ häkimiýete gelmeginden soñ ýurtdan çykaryldy we dürli Günbatar ýurtlaryna ýerleşdirildi. Emma olaryñam oý-pikiri yzda galdyryp gaýdan dogan-garyndaşlarynda, dost-ýarlarynda. Ýüzlerinde ýürekdäki ýaralary bildirip duran ajy gülümsiremeler bar. Hem Türkiýede, hem Günbatarda bir ýere jemlenen sowatly owganlaryñ biri-birlerine iñ köp berýän sowaly şu: sungat, aýdym-saz, şahsy azatlyklar, asudalyga we howpsuzlyga gurşalan birmahalky ajap günlerimize gaýtadan dolanyp bararmykak? Jogap: Elbetde! Gyş hernäçe añzakly bolsa-da, yzy hökman bahardyr. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 29.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||