16:47 Öwrenişdim | |
Çary ÝEGENMYRADOW
Goşgular
▶ ÖWRENIŞDIM Günler ömre şatlygyny tirkeýä, Azalyşýar ýüregimiň jerhedem. Täleýimden çykyp, gitmen Türkiýä, Kalba niçik ezýet-azap berse-de. Çünki bu ýer ýagşy päle öýerdi, Galdym oňa nikalanyp, imrinip. Öýmüzdekäm säherleri söýerdim, Höwesgäri boldum indi iňrigiň. Agşamlara yşk höwesin goşan Aý, Ýada salýar eräp barýan mesgäni. Bu ýerleriň adamlaram hoşamaý, Ozaldan göwnümiň besleýänidi. Göwün açmak üçin gözleseň pişe, Dul aýalyň öýi berlenok salgy. Ynanaý, şulary görsem hemişe, Bir zatlar, bir zatlar gozgaýar kalby. Men bu ýerde gögerçinleň aşygy, Heserdeşi hem wepadar itleriň. Şu ýerde ýaşaryn galan ýaşymy, Men bu ýerden öz erkime gitmerin. | |
|
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Toý güni ýazylan goşgy / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Bir millet / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Saýry gyz / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |