«ÖÝ BIKELERINE MASLAHAT»
Arada, giçlik işden öýe barsam, gelnim eline köne bir kitaby alypdyr-da, okap otyr. Özem okaýan kitabynyň içine şeýle bir giripdir welin, meniň gelenimem duýanok. Oguljygymyz Mukam janam ho-ol, otagyň bir burçunda, özbaşyna oýnapjyk ýör.
Gapynyň agzynda söm-saýak bolup, esli duranymdan soň, elimdäki içi azykly torbamy ýerde goýdum-da, ardynjyradym. Ol meniň sesime «ziňk» etdi-de, ýerinden galdy. Okap oturan kitabyny bir gyrada goýdy-da, mähir-muhabbeti atasy öýünde galan gözlerini maňa dikdi.
- Aýlygyňy aldyňmy?
«Hawa» diýen manyda baş atyp-atmankam, ol ýene-de soragly nazaryny göreçlerime sançdy:
- Nämeler getirdiň?
Men sesimi çykarman getiren torbalaryma tarap boýnumy süýndürdim-de, onda nebsagyryjylyk duýgusyny oýararyn diýen inçe tama bilen, torbalaryň agramyndan ýaňa gan öýüp giden ellerimi owkalaşdyrdym.
Gelnim bolsa şondan soň maňa üns beräýse nädersiň, torbalary aldy-da, aşhana tarap çykyp gitdi. Aşhana diýýänimem näme, beýleki otagymyz-da. Iç-içine geçýän iki otagymyzyň birin-ä diwarlaryna surat-beýleki ýelmeşdirip, abatja goş-golamlarymyzdyr-düşeklerimizem şoňa ýerleşdirip, myhman jaý eden bolýas. (Meniň iş otagymam şol). Beýleki otagymyzam aşhana.
Gelnimiň ýaňky, kitap okap oturmasynyň gowulygyň alamaty däldigin-ä başda-da inim syzdy-la welin, edil, beýle-beýle bolar diýip, kelläme gelmese näme? Onuň okap oturany «Öý bikesine maslahat» diýen kitap ekeni-de, şonuň içinden keks bişirilişi baradaky bölüme jyny düşüpdir. Nämemişin, keks bişirmegi öwrenjekmişin. Wah, öwreneni ýagşy-la. Menem begenjek, şol üýtgeşik bir tagam bişirip öwrense. Ýogsam, maňa geleli bäri, şo-ol, iki nahary gezekleşdirip bişirip ýörşi. Özem olary bir gün-ä duzsuz, bir günem deň ýaryny duz edip bişirýär. Ýene bir günem içinden ýanygyny saýlajak bolup, işdäň köýüp gider. Günde şu ýagdaý gaýtalanyp duransoň, bir gün «näme bolsa şol bolsuna» saldym-da, sesime gahar-gazap garaga-da «Öýde başga duz galdymy?» diýip, haýbat bilen soradym. Soranym bir tarapdan gowam bolaýdy. Onuň turuzan galmagalyndan gorkunjyma, häliden bäri iýibilmän oturan, haýsy nahardygy belli bolmadyk, durşuna duz bolup duran lukmamyň derrew soňuna çykdym. Dokja-da ýatdym.
Soň pikir edip görýän welin, şoňky dogry ýalam bolup dur. Ol näme diýýär diýseňizläň: «Meň özüm ispisalny şeýdip, günde bir hili edip bişirýän, nahary. Şeýtsem, her gün bir hili nahar iýýän ýaly bolarsyň. Heý, şolaň biriniň tagamy beýleksiniňkä meňzeýämi?» diýýär. Näme diýseňem, dogry şoňky. Bir gezek dagy «çorba» diýip, öňümde bir zat goýdy welin, hiç bir gowrup bişirilýän naharam şonça gowrulýan däldir. Etini dagy «kydyrdadyp» oturmaly…
Ine, şu zatlar göz öňüme gelende, ýaňkynyň «keks bişirmegi öwrenjek» diýenini eşidip, edil, «atam öýüme gitjek» diýendäkisi ýaly begendim. Ýöne begenjim uzaga çekmedi. Gelnimdir oglum Mukamjygyň gatnaşmagyndaky «keks bişirilişigi» görenimde, üýtgeşik bir zat iýerin-ow diýen inçejik tamam kem-kem inçeldi-inçeldi-de, ýuwaşlyk bilen, sessizje üzüläýdi. Onsoň menem «myhman otagymyzyň» özüme degişlije künjünde ýerleşdirilen iş stolumyň başynda, gultunyp oturşyma, aşhanada bolup geçýän wakany kagyza geçirmegi ýüregime düwdüm. Özi-de ony gelnimiň adyndan, öý bikelerine maslahat görnüşinde beýan etmegi makul bildim. Garaz, ha ynanyň, ha ynanmaň, biziň öýde-hä keks şeýleräk «bişirildi».
«Keks bişiriliişi»
Ilki bilen howurpeji ýakýaň. Gerek bolan gap-gaçlary, önümleri taýýarlaşdyrýaň. Kendirigi ýazýaň. Goňşulardan elek dilemäge gidýäň. Oklawyň ýok bolsa, iki gatnap ýörmez ýaly, bir gideniňde onam alyp gelmeli. Geleniňizden soň, kendirikdäki unuň içinden ilk-ä oguljygyňy çykaryp, bolşuna göräräk, üst-başyny kakyşdyrýaň-da, ala-goh edip, kakasynyň ýanynda goýup gaýdýaň. Soňyndanam unuň içinden Mukamjygyň galdyryp giden oýnawaçjyklaryny çöpleşdirýän. Şol zatlary edip bolanyňdan soň, oturyp, keks bişirjek gabyňa ýag çalyşdyrýaň. Keksiň üstüne sepjek maňyzlaryňy owradyşdyrýaň. Şol bir wagtyň özünde-de, bir aýagyňy uzadyp, emedekläp, kendirige ýetip gelýän Mukamjygyň öňüni kesmeli.
Iki käse uny ölçäp alýaň-da, turup gidip, howurpejiň agzyny ýapyp goýýaň. Yzyňa gelip, ölçäp goýan unuň içinden Mukamjygyň ellerini çykarýaň. Gowy edip arassalaşdyrýaň-da, ony edil, ilkinji gezekdäki hereketleriňi gaýtalap, kakasyna tabşyryp gaýdýaň. (Şunda gykylygyň has uzagrak bolmagy gadagan edilmeýär).
Uny täzeden ölçeýäň. Ýaňky uny ulurak bir gaba guýýaň-da, oňa duz, çaý sodasyny garýaň. Soňundan bolsa eliňe sübse alyp, Mukamjygyň kül-uşak eden, duz salynýan çüýşe gabynyň owuntyklaryny süpürişdirýäň. Duzuňam saýlap alyp bolaýar ýalysyn-a alýaň, galanynam süpürişdirýäň.
Daşaryk çykyp, ýanyňa gelen goňşy aýal bilen sakyrdaşýaň. Yzyňa dolanyp gelibem, hamyr legeniň içinden Mukamjygyň oýnwajyny çykarýaň. Onuň özünem kendirigiň üstünden düşürip, äkidip, elini-aýaklaryny, ýüzüni ýuwuşdyrýaň.
Uny ýene-de täzeden ölçeýäň. O jaýa geçip, telewizorda bolup duran gyzykly zada az wagtlyjak tomaşa edip gaýdýaň. Yzyňa gelibem, keks bişiriljek gabyň içindäki duzlary, keçäň üstünde pytrap ýatan maňyz owuntyklaryny çöpläp başlaýaň. (Şonda gözüňe ýaş aýlasaňam bolýar). Ýöne maňyzy çöpläniňizde seresap boluň, keçä çyrşalan mesgäniň üstünde bir oturaýmaň. Ýagy ýuwup aýyrmak keks bişirendenem kyndyr. Şonuň üçinem maňyzlary çöpläp bolanyňyzdan soň keçä dirdiwara çyrşalan mesgäniň yzlaryny ýuwuşdyrýaňyz. Şu zatlary edeniňizden soň bolsa, kendirigi ýygnap, gap-gaçlaryňyzam arassalaşdyryp goýuň-da, Mukamjygy kakasyna tabşyryp, golaýdaky dükandan keks satyn alyp geläýiň. (Dükana Mukamjygyň kakasyny iberseňizem bolýar).
Myrat HUDAÝGULYÝEW.
Satiriki hekaýalar