20:54 "Zamanamyz - arzuwlaryñ ganaty" | |
GÜLŞAT MEŇLIÝEWA: «ZAMANAMYZ – ARZUWLARYMYŇ GANATY»
Teatr we kino sungaty
Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Meňliýewa bilen döredijilik söhbedi Gülşadyň gürrüňini diňläp oturyşyňa, ykbal öz öwrümlerini başga-başga ugurlara gönükdirenliginde, biziň häzirki söhbetimiziň sungat, medeniýet barada däl-de, fizika-matematika bilen baglanyşykly bolaýmagynyň mümkin ekendigi dogrusynda pikir edýärsiň. Sebäbi ynsan balasy dünýä inip, kemala gelip ugranda, onuň ykbal ýolunyň soňky menzilleri bilen baglanyşykly aladalar öňe çykýar. Ine, şonda-da ene-atanyň pikiri köplenç halatda aýgytlaýjy orna eýe bolýar. Ýöne bir zada yhlasyň, söýgiň güýçli bolanda, hut ykbalyň özüniň seniň ýürek sesiňe ses goşaýmasynyň bolýandygyna Gülşat bilen bolan gürrüňdeşligimiziň dowamynda göz ýetirdik. Ýurdumyzyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti Gülşat Meňliýewa bilen gürrüňimizi Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly adyň eýesi bolmagy bilen baglanyşykly, az-kem gijigen gutlag sözleri bilen başladyk. – Watana, sungata söýginiň, oňa edilýän hyzmatyň esseläp yzyna gaýdýandygyny ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiz bize görkeze-görkeze gelýär. Ine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde maňa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly ady dakandygy üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşymyň çägi ýok. Sebäbi islendik ynsan, onda-da sungat adamsy üçin öz işiňe, döredijiligiňe ýurt ýolbaşçysy tarapyndan şeýle uly ünsüň berilmegi –– geljekki menzillere uly bat bilen alyp gitjek ganat. Şol tolgundyryjy pursatlarda başymdan geçiren duýgularymy indi-indi oturyp göz öňüne getirýärin. Birde-hä ho-ol, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Abadanlyk» daýhan birleşiginde ýerleşýän 5-nji orta mekdepde okap ýören gyzjagaz gözümiň öňüne gelýär. Mugallymymyz Mamagül Aratjykowanyň alyp barýan aýdym-saz gurnagy… Gurnagyň okuwçylary bolup taýýarlyk görüp ýörüşimiz, mekdep, etrap, welaýat derejesinde geçirilýän çärelerdäki, dabaralardaky çykyşlarymyz… Mamagül mugallymymyzyň tagallasy bilen goýulýan kiçijek sahna oýunlarynda keşp janlandyryşym… Birdenem ýatlamalaryň arasyna sungatyň asla golaýyndanam geçmeýän sahypalar düşýär… Mugallymlarymyz, esasanam Mamagül Aratjykowa meniň sungat ugrundan gitjegime, onda-da artist boljagyma gara çynlary bilen ynanýardylar. Synpdaşlarymam ynanýardylar. Ýöne, sähel wagtyň içinde men başga-başga okuwçylara synpdaş diýmeli boldum oturyberdim. Sungata höwesim bilen birlikde beýleki sapaklardanam ýetişigim gowy bolansoň, meni altynjy synpdan soň Daşoguz şäherinde ýerleşýän fizika-matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän mekdebe okuwa kabul etdiler. Ol mekdebe her etrapdan tapawutly okaýan okuwçylary saýlap alýardylar. Şeýlelikde meniň durmuşymda wagtymyň köp bölegini sungat däl-de fizika-matematika eýeleýän döwür başlandy… – Gülşat, siziň döredijiligiňize nazar aýlanymyzda, sahnada döreden keşpleriňiz bilen bir hatarda radioýaýlymlarda alyp barýan gepleşikleriňizdir gatnaşan radiooýunlaryňyz göz öňüne gelýär. Radio alypbaryjysy bolmak hem çagalyk arzuwlaryňyzyň arasynda bardymy? – Edil, radiony aýratyn almanymyzda-da, alypbaryjy bolmak höwesim çagalygymdanam bardy. Mekdepde, şo-ol, synpdaşlarymyz bilen taýýarlaýan sahnalarymyzda, çykyşlarymyzda men alypbaryjylygam ederdim. Teleýaýlymlardaky diktorlaryň özlerini alyp baryşlaryna, gürleýişlerine öýküner ýörerdim. Belki şol höweslerimiňem hasyla durdugydyr-da, radiodaky alypbaryjylyk ýolum instituty tamamlap diýen ýaly, artistlik ýolum bilen deňeçerräk dowam edip gelýär. Indi men özümiň zähmet ýolum hakda «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymyndan üzňe gürrüň edibem biljek däl. Men bu radioýaýlymda taýýarlanylýan «Garaşsyzlyk bahary», «Edebi çemen» gepleşiklerini indi ençeme ýyl bäri alyp baryp gelýärin. - Döredijilik akabasy dogrusynda söhbet edilende, gürrüňi hökman halypalaryň mekdebine-de syrykdyraýmaly. Bu babatda siz hem aktýorlyk ýolundaky, hem radiodaky halypalar barada gürrüň etmeli bolsaňyz gerek. - Elbetde. Ýaňky aýdyşym ýaly, orta mekdebi fizika-matematika ugurlaryndan çuňlaşdyryp öwrenip tamamladym. Ýöne, okuwy gutaryp, geljekki ýoluň haýsy ugra gönükmelidigi barada mesele ýüze çykanda, sähelçe-de ikirjiňlenendirin öýdemok. Sungat älemine tarap barýan ýol meni Oguldurdy Mämmetgulyýewa, Nurmuhammet Keşşikow, Öwlüýäguly Kulyýew, Oguljan Nyýazberdiýewa, Durdy Nyýazow ýaly halypalaryň döredijilik ussahanasyna –– Türkmen döwlet medeniýet institutyna alyp geldi. Sahna, döredijilik eliňden tutup öwredilýän kär-ä däl. Ýöne, şonda-da halypalaryň sapak berişini, olaryň her biriniň özgeleriňkä meňzemeýän ussatlygyny özüňe näçe köp siňdirip bilseň, seniň üçin ullakan utuş. Mugallymlarymyza köplenç: «Kimdir birine meňzemek gowumy» ýa-da «Pylan artist şadyýan keşpleri gowy janlandyrýar ýa-da tersine, gussaly keşpleriň ussady» diýdirmek aktýoryň artykmaçlygymy ýa kemçiligimi?» diýen ýaly soraglary bererdik. Şonda halypalar aktýoryň köptaraplaýyn ussatlygynyň bolmagy barada aýdardylar. Elbetde, belli bir ugurdan ussat bolmagam hemme artiste ýetdirip duran zat däl. Ýöne, gülküli keşpler bilen meşhurlyk gazananyňdan soňam, başga bir ugurdan üýtgeşik bir keşpleri döredip, tomaşaçyny haýran galdyryp bilýän artistleri-de näçe ýatlasaň ýatlap oturmaly. Ine, mysal üçin, meşhur wäşi artist Ýuriý Nikuliniň rus ikonaçy suratkeşi Rublýowyň keşbini döredişini artistlikden sapak berilýän islendik sungat mekdebinde-de hemişe mysal hökmünde getirilýär. Meniň aýtjak bolýanym, mugallymlarymyz bize diňe bir sahnada däl, eýsem radio-telewideniýede, kinoda keşp janlandyranyňda özüňden nämeleri talap etmelidigi barada gymmatly sapaklary beripdiler. Mugallymymyz Oguldurdy Mämmetgulyýewa şol wagtky Mollanepes adyndaky döwlet akademiki drama teatrynda işlänsoň, şol ýerde goýlan oýunlaryň köpüsine tomaşa edip çykandyrys. «Medeýa», «Demir aýal», «Gelin gelýär», «Ediň enesi» ýaly spektakllardan galan täsirler häli-häzirlerem meniň üçin ullakan mekdep. Soňra, radio gelenimde-de üýtgeşik bir dünýä düşen ýaly duýgyny başdan geçirenim ýadyma düşýär. Ol ýeriňem ýol ýasan ussatlary, mekdep goýan halypalary bar. Ine, «Watan» radioýaýlymynda işlän döwürlerimde Juma Ýazmyradow, Baýram Geldimyradow, Magtymguly Myşşyýew, Ogulbagt Çaryýewa, Allaberdi Durdyýew, Muhammetmyrat Kömekow, Baýram Gurbanow, Daňatar Meredow ýaly halypalaryň mekdebini geçmegim diňe bir radio işgäri ýa alypbaryjy hökmünde däl, eýsem artistlik hünärimi kämilleşdirmekde-de ägirt uly täsirini ýetirdi. – Sungat ojaklarynda, şol sanda medeniýet institutynda-da şeýle bir ýörelge bar – okuwyň dowamynda öz ugruňdan gutarnykly bir iş edip, mugallymlaryň, talyp ýoldaşlaryň öňünde «hasap geçmeli». Talyp döwründe, institutyň sahnasynda döreden keşpleri bilen soň-soňlaram tanalyp ýören, şol gahrymanynyň adynyň hemişe gapdalyndan galman ýören artistlerem bar. - Düşündim. Edil, bile okan ýoldaşym Guwanç Söýünowyňky ýaly, talyplykdan keşbini janlandyran gahrymanymyň (Žapbak) adyny hemra edinmek miýesser etmese-de, şol döwürlerem ýoldaşlarymyz bilen taýýarlanýan sahnalaryň ählisine diýen ýaly gatnaşardym. Uly sahna bolmasa-da, birbada ýunlardan bölekleri, etýudlary taýýarlap gelmek öý iş hökmünde tabşyrylardy. tabşyrylardy. Olam seniň üçin uly sahna tarap ýoluň başlangyjy bolup hyzmat edýär. Institutyň soňky ýylynda mugallymlarymyz Oguldurdy Mämmetgulyýewa bilen Durdy Nyýazowyň sahnalaşdyran Magtymguly spektaklynda Meňliniň jigisiniň – oglanjygyň keşbini janlandyrypdym. Diplom işimizem şol mugallymlar goýdy. Karlo Galdoniniň «Köjüdäki dawa-jenjeller» atly spektaklynda baş gahrymanyň – Kekkanyň keşbini janlandyrypdym. Şol oýun A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda görkezilende Gülälek Akmyradowa, Şatlyk Halykow, Bägül Halykowa, Handurdy Gurbanow, Guwanç Söýünow ýaly talyp ýoldaşlarymyz bolup tolgunyşymyzy ýatlanymda, häli-häzirlerem üýtgeşik bir duýgulary başdan geçirýärin. Görüp otursam, şol zatlaram, ýagny, talyplaryň goýan spektaklynyň uly sahnada görkezilmegi biziň kalbymyzda ynam atly mukaddes duýgynyň dänejiklerini sepelemek diýen ýaly bir zat ekeni. Indi şol talyp ýoldaşlarymyzyň köpüsi bu günki gün hormatly atlaryň eýeleri, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. - Talyplykdan uly sahna bile gadam basan talyp ýoldaşlaryňyz barmy?! - Bar. Bile okan ýoldaşlarymyzdan üçimizi şol wagtky Aman Gulmämmedowa adyndaky ýaş tomaşaçylar teatryna ýolladylar. Näme, ýollananyň bilen, baraga-da, sahna çykyp, keşp janlandyrybermeli diýen zat ýok. Halypa, ussat artistlerden düzülen seljeriş toparynyň öňünden geçmeli sen ilki bilen. Olaryň atlaryny sanasam, toparyň öňünde durkam düşen ýagdaýymy göz öňüňe getirmek kyn bolar öýdemok. Men-ä durun, sahnada, tomaşa zalynda-da Baýram Seýdyllaýew, Öwez Gelenow, Ogultäç Hanyýewa, Nury Hudaýgulyýew, Handurdy Berdiýew, Döwlet Hanmämmedow, Alty Sallandyýew, Oraz Amangeldiýew ýaly halypalar otyr. Garaz, 1998-nji ýylda teatryň sahnasyna ilkinji gezek gadam basdyk. Teatra baran badyma diýen ýaly maňa režisser Goçmyrat Bekiýew Gowşutgeldi Daňatarowyň «Yşgyň gämisi» spektaklynda Arzuwyň keşbini ynandy. Soň bu oýnuň «Yşgyň gämisi kenarda» atly dowamynda-da ýene-de şol keşbi janlandyrdym. Teatryň repertuarynda öňden gidip duran oýunlardan Öwez Gelenow bilen Orazguly Annaýewiň «Şapak» spektaklynda Enegülüň, «Bir bakyşda söýen ýarymda» Humaýyň, Süýji durmuşyň gapysynda» Gülkişdäniň keşplerini janlandyrdym. Soň-soňlar Nobatguly Rejebow bilen Handurdy Berdiýewiň «Döwletli döwran geldi» spektaklynda Gülruhuň keşbini, Gowşutgeldi Daňatarowyň «Awazada asal aýynda» atly oýnunda Totynyň, Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Ýagtylan köňüllerinde» baş gahryman Selbiniň, «Magtymguluda» Zübeýdanyň, «Gumly gelinde» baş gahrymanyň – gumly gelin Çebşegiň keşbini ýerine ýetirdim. (Režisserlary Handurdy Berdiýew). Bulardan başga-da teatrymyzda çagalar üçinem oýunlardyr ertekiler goýulýar. Olarda-da dürli keşpleri janlandyrmak miýesser etdi. - Gülşat, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanylýan güňlerinde size-de Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly adyň dakylmagy siziň muşdaklaryňyz bolan tomaşaçylarymyzy-da begendirdi. Hormatly Prezidentimiziň siziň döredijilik ylhamyňyza beren belent bahasyndan ruhlanyp, geljekde-de täze-täze keşpler bilen tomaşaçylary begendirip durmagyňyzy, radioýaýlym üsti bilenem diňleýjilerimize ruhy lezzet bermegiňizi arzuw edýäris. - Sag boluň! Zamanamyzyň waspy, Arkadagymyzyň alyp barýan ak ýoly – biziň kalbymyzyň baş aýdymy. Şeýle döwürde, halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada edilýän söhbetiň her biri-de Arkadagymyzyň ajaýyp tutumlarynyň waspy. Döredijilk işgäleriniň ylhamdary Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Arkadag saýasynda ylhamdan doly kalbymyz bilen sungat äleminde täze-täze menzilleri aşmak her birimize miýesser etsin. Myrat HUDAÝGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |