BAHAR MEÝLISINDÄKI SÖHBETLER
Näme üçindir bahar barada söz açylanda, ilki bilen, esli menzil yzda galsa-da, aýdylany etmezek çaga ýaly, yzymdan galman gelýän oglanlyk ýyllarym hakydamda janlanýar. Şonda ýatlamalaryň gatbar-gatbar çuňlugyna özüňi atanyňy duýman galýarsyň. Ol ýatlamalar, seniň wagtyň barmy ýa ýokmy, keýpiň çagmy ýa dälmi, garabam durmaz. Gelibem, ýyllaryň yzy çykyp giden aýalaryňy myssyjak eli bilen doldurar-da, yzyna — gaýgy-gamsyz çagalygyň galan sähralyklaryna tarap ylgaşlap ugrar. Onuň aýak urşunyň badam seniň ýagdaýyňa baglydyr. Ilki-ilkiler-ä onuň yzyndan galman, gursagyňy baharyň tämiz howasyndan dolduryplar, aýagyňy ýere kä galtaşdyryp, kä asmana galyp-galyp ylgarsyň. Ýyllaryň geçmegi bilenem, ol badyhowalygyň, joşgunyň peselip ugrar. Ol-a geçilen günler içre terslin-öňlin ylgajakdandyr, sen bolsa yzda galan menzilleriň aglaba bölegini hakydaňa getiribilmän, görgi baryny görüp barýansyň. Arasynda bir pursat aýak çekip, birmahallar köňlüňde egsilmez şatlyk döreden pursatlaryň şekilini hakyda sandygyňyň içinden gözlärsiň. Ýöne alan galaň bolmaz. Munuň şeýle bolýanyna näler gyýylsaňam, etjek alajyň ýokdur. Wagt atly hökmürowanyňam öz göçümlerini yzyna aljak gümany barmy?! Bu ýagdaý ýyl geçdigiçe has çökderleşer-de, hakydaňda zümerret kimin apalap ýören ol ýatlamalaryň gitdigiçe azalar barar. Ýöne ýyllar ara näçe wagt, özgerişlik salsa-da, her ýyl bahar gelende, ýene-de ýatlamalardan doly menzillere tarap ümzük atanyňy duýman galarsyň. Onsoň ýene-de haýsydyr bir owadan görnüşiň suraty galan sahypalaryň içine birmeýdan seýrana ugrarsyň. Şonda bahar meýlisiniň humaryna gözleriňi süzüp, bu lezzetiň ynsan ömri bilen ýaşytdaşdygy hakdaky pikirleriň içine özüňi atanyňy duýman galarsyň.
* * *
Bahar. Türkmen sährasy. Bilmedim nämedendigini, ýöne şu iki jümläni bir-birinden aýrybaşga göz öňüne getiresiň gelenok. Gurbannazar şahyryň «Türkmen sährasy» atly ýygyndysy iş stolumyň bir çüňküniň hemişelik «hojaýyny». Onsoň, işläp, ýadan pursatlarymda, köplenç, şol şygyrlardan birini-ýarymyny okap, bahar barada oýlanýaryn.
Gurbannazar şahyryň adyny, köplenç, güýz bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne onuň güýzlerinde-de nähilidir bir täzeleniş, döreýiş bar. Onuň güýzleriniň içem bahar gülleriniňkä çalymdaş jana şypa ysdan doly. Onuň «Türkmen sährasy» bolsa her birimiziň öýümizde, iş stolumyzda, ýüreklerimizde hemişelik orun almak bilen, ýylyň dört paslynda-da baharyň owadan pursatlaryny paýlaýar.
* * *
Ýaşuly adamlar bilen gürrüňdeş bolsaň, sähel salymyň içinde ullakan bir eseri okap çykan ýaly edäýýärler. Zeminiň juwanlyk toýunyň gyzdy-gyzda giräýen döwründe, bahar meýlisinde ýaşuly goňşularymyň biri bilen söhbet etdim. Söhbet diýip söhbedem däl ol. Ýaşuly-ha özüne mahsus agraslyk bilen gürrüň berýär, menem durşum bilen gulaga öwrülip otyryn onuň gabat garşysynda. Olam bazygär baharyň oýunçy ruhundan tebil tapýan ýaly, gitdigiçe joşa gelýär:
— Türkmeniň ähli zady bir-biriniň üstüni ýetirip gidip oturandyr. Onuň bir zadyny ýene bir zady bilen aýrybaşgalap biljek gümanyň ýokdur. Ýaz gelende türkmeniň owadan sähralaryna gözüňi aýlarsyň welin, göýä şu pasyl diňe türkmeniňki ýalydyr. Türkmeniň ýazynyň mukam döredişinde-de dutaryň owazyna meňzeşlik bardyr. Göz öňüne getirip gör: sazanda eline dutaryny alyp, barmaklaryny seçelendirip, kakuw edip ugrar. Onuň ilkinji «zyryň-zyryňlary» içiňden-bagryňdan geçip, ýüregiňi agdar-düňder edip barýandyr. Ine, şoňa atam pahyr «syr açar» diýerdi. Bu sözüň manysyny aňşyrýaňmy?! Men durşum bilen gulaga öwrülip oturyşyma, gözlerim bilen sorag alamatyny şekillendirýärin. Senden jogap bolmajagyna öňden kaýyl ýaly, ol säginjegem bolman, sözüni dowam etdirer:
— Bilmeseň, gulak goý. Sazandanyň ilkinji şelpeleri, bir tarapdan-a, haýsy sazyň ýaňlanjakdygyny äşgär edýär. Çalynjak sazyň nämälimligini aýyrýar, «syryny açýar». Bu bir. Iň gyzyklysy öňde. Türkmen-ä, näme, şahandaz halk. Nähili döwürde ýaşaýsyn, dutaryň owazyndan ganyp durmasa bolmaz oňky. Hol pyronta gidenleriňem telimsiniň ýany bilen dutar alyp gidenini özümizem bilýäs. Onsoň öňler, toý-tomgy bolsun, ýa şuňa meňzeş üýşmeleň bolsun, bagşy-sazanda eline dutaryny alyp, ýaňky ilkinji şelpelerini — «syr açary» inderip ugrar welin, aňyrsy yşkdan ýaňa gyzyl-köz bolup duran ýigitler, joşgunyny içine sygdyrybilmän, «öwh-de-öwh» bolşuberer ekeni. Dutaryň owazy başdan-aýagam aşygy-dälini öz ugruna goýmaz welin, hut ilkinji kakuwlaryň syr açyşy üýtgeşik bolar ekeni.
Ana, onsoň şol «syr açary» könelerimiz ýazyň ilkinji günleri bilenem baglanyşdyrardylar. Ýaňy bir baglar pyntyklap ugran döwürleri «Howada «gelin ysy» emele gelýär» diýerdiler. Onsoň baharyň şol «ilkinji gelin bakyşy», öýlenmedik jahyllar barada-ha gürrüňem ýok, öýlenip, galyňyny geçiribilmän, gaýtarmanyň zaryny çekip ýören ýigitleriňem syryny açýar eken. Hany, türkmen dutary bilen türkmen baharyny aýrybaşgalabilşiňi göreýin onsoň. Başaraýmarsyň.
Ganygyzgyn jahyl kimin, gahar-gazap bilen dagdan inip, jülgeleriň içinden «aýdym aýdyp» geçip gidýän çeşmelerimizem-ä dutaryň dilinde «owaz edýär». Bahar gelende, şolam däli-porhan boluberýändir. Garaz, bahar gelende, türkmeniň uç-gyraksyz sähralaryna, ýaýlalaryna aýlanyp çyksaň, janly-jandar ähliniň sus oturanyna duşmarsyň. Nirä barsaň, «Bahar geldi! Bahar geldi!» diýip, dutaryň şirin owazy ýaňlanyp duran ýalydyr. Aslynda, dutaryň özi tebigatyň perzendi-dä. Olam bir döwürler erik bolup gülläp, tut bolup bollap, bahary garşylap gören-dä. Onsoň türkmen tebigaty nädip dutaryň sesinde nagma tartmasyn?!
* * *
Baharyň her bir güni, her bir pursady owadan. Onuň ýüreklerde joşgun döredip, janly-jandarlary, tutuş tebigaty oýaryşy owadan. Baharda zeminiň ýaşyl begrese bezenip, oňa-da elwan güllerden keşde çekişi owadan. Tebigat atly ussadyň ýylda bir gezek döredýän şol ajaýyp sungatyndan röwşen alyp, bir-birege mähir paýlaýan gözler owadan. Şol owadanlyklardan döreýän söýgi pursatlary bolsa baharyň zemine eçilýän ajaýyplyklarynyň iň gözeli bolsa gerek.
Myrat HUDAÝGULYÝEW.
Oýlanmalar