13:27 Ene mähri / hekaýa | |
ENE MÄHRI
Hekaýalar
Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Döwletliler köşgüniň umumyýaşaýyş jaýynda iki jora seslerini çykarman surat synlap otyrdylar. Olaryň biri birdenkä başyny galdyryp ýylgyrdy-da, jorasyna habar gatdy. — A gyz, Gunça, şularyň barysyny şu gezekki çärede düşdüňizmi? — Ýok, öňki çärelerde düşenlerimizem bar. Ýadyňa düşýämi, Bitaraplyk baýramynda çykyşa gidenimizde-de surata düşüpdik. — Hä, howwa, düşüpdik öz-ä. — Ana, şolaram çykardypdyrlar. Aýna Gunça seredip gülümjiredi. — Çykardypdyrlarmy ýa çykardypdyr? Jorasynyň äheňini aňan Gunçanyň ýüzi sähel salymda dym-gyzyl boldy. — Bolýa-la gyz, senem, bahana tapsaň gülesiň gelip dur. — Onda gönüläp aýt-da, «Batyr çykardyp getirdi» diýip. — Howwa, şol çykardyp getirdi. Indi içiň sowadymy? — Içim sowarmy? Meniň düşenlerimem çykardaýmaly ekeni-dä. — Seňkileri soň, özümiz çykardaýarys. Ol: «Fleşka ýazybam getirip berjek» diýdi, hemmesini. Aýna suratlaryň içinden birine barmagyny çommaltdy. — Şu gyradaky şo dämi? — Howwa. Tanamadyksyran bolmaň näme, gyz? Kän gördüň-ä ony. — Tanaýan welin, birhili, daşrakdan alnandanmy, başga biri ýaly bolup dur. O haýsy mekdepde okaýar diýdiň? — A gyz, şo mekdebinem aýtdy welin, ýadymda saklamandyryn-da. Ýöne, sazçylyk mekdebine gatnaýanyn-a bilýän. — On-a menem bilýän-le. Gunça ýalandan öýkelän boldy. — Aýtmasaň aýtma. — Çynym, gyz, bilemok men. Şony ýadymda saklamalydyram öýtmändirin men-ä. Aýna jorasyna mekirlik bilen gülümjiräp seretdi. — Ol-a sen barada ähli zady biljek bolup janserek. Görýäň-ä, suraty bermek üçin ýörite bärigem gelipdir-ä. — Gelende näme? Söz berensoň geläýendir-dä. — Bolýa-la, gyz, senem. Hemme üçin beýdip, yhlas edilenok. Gunça gaharlanan boldy. — Goý, gyz, indi, şol gürrüňi, öýkeleşesiň gelmeýän bolsa. Şondan soň Aýna az salym suraty synlap oturdy-da, turup, öz işleri bilen boluberdi. * * * Gijäniň bir wagty gülçyranyň ýagtysyna, stoluň başynda gündelik ýazyp oturan Gunça bu wagt dünýäni sil alsa-da, aňjak gümany ýokdy. Stoluň bir burçunda şol, günorta çaglary jorasy bilen synlan suratlarynyň biri durdy. Gunça şol surata seredip birsalym oturdy-da, hatyny dowam etdirdi. «Eje, men şu gün ýene-de ýüregim gysyp, seni ýatladym. «Ýatladym» diýäýýän, eje, mende sen barada ýatlara-da hiç zat ýog-a. Ýöne, şonda-da men seni örän küýseýän. Ýadyňdamy, öňem bir gezek saňa: «Kyn pursatlarda, maslahat gerek bolanda seni küýseýän» diýip ýazypdym. Ine, şu gün… Şu günem däl, soňky wagtlar men seni gaty küýseýän. Sebäbi meniň ýüregimde üýtgeşik bir ahwalat peýda boldy. Bir görseň-ä, ýersiz-ýere şähdim bozulyp, jan ýalyjak joram Aýnanyňam göwnüne degip ýörün. Birdenem şeýle bir göwnüm açylýa welin, hiç kimiň ýok ýerine çykyp, aýdyma gygyryberesim gelýä. Birdenem erbet ýüregim gysýa. Esasanam, şol barada pikir edenimde şeýle bolýa. «Şol» diýýäniň kim?» diýmejegiň-ä bilýän, eje. Sebäbi sen meniň ýagdaýymy, ýüregimiň näme üçin beýle ahwala düşüp ýörenini hökman bilýänsiň. Sebäbi ýanymyzda ýogam bolsalar, ejeleriň ýüregimizdäkini hökman bilýändikleri barada kän kitapda okapdym. Seniň hemişe ýanymdadygyňa bolsa men ynanýan, eje. Bilýäňmi, eje, arada men näme barada pikir etdim? Eger sen bar bolanlygyňda, meniň özümden biraz uly ýa kiçi uýamam bolardy, ana, ilki bilen şu syrymy şoňa aýdyp bererdim diýip pikir etdim. Olam, maňa bildirmän, bu syrymy saňa aýdardy. Senem, ýeke özüm, gussa batyp otyrkam gelip, meni bagryňa basardyň-da, ähli zady gürrüň bermegimi sorardyň. Ýok, sen bu zatlary soraman bilerdiň-de, jogabyny tapman ýören zatlarymyň ählisi barada maslahatlar bererdiň… Ana, onsoň, men şol, «hyýaly uýajygyma» hat ýazyp ugradym. Ynanýaňmy, mähribanym, oňa men özümçe adam dakdym. Ýöne, soň ol hatlary ýazan sahypalarymy ýyrtdym. Sebäbi olam meniň ýagdaýym bilen baglanyşykly hiç hili maslahat berip bilmedi. Birhili, näçe yhlas etsemem, ony ejeli gözümiň öňüne getirip bilmedim. Onsoň, hyýaly bolsa-da, özüm ýaly ejesiz gyzyň köpelmegini islemedimmi, nämemi, garaz, käbäm, oňa hat ýazmagymy goýdum». Gunça gündeligini ýazyp oturan ýerinde uklap galdy… * * * Bu wagt Döwletliler köşgi uly bir toýhanany ýada salýardy. Bu dabara Gunça dagynyň orta mekdebi tamamlaýandygy bilen baglanyşyklydy. Gunça nämedir bir zady ýatdan çykaran ýaly, haýdaşlap okuw binasyna tarap ugrady. Ol okuw otagyna baranda, mugallym Jeren Amanowna telefonda gürleşip otyrdy. Ol gürleşip boldy-da, Gunçany bagryna basdy. — Ine, ýüregimiň ýene bir bölegini sogrup, asmana sary uçuryp goýberýän. Mugallymyň sözlerine Gunçanyň birdenkä damagy doldy. Nämedir bir zatlar diýjek boldy, başarmady. Gözleriniň ýaşyny süpürip, mugallymyna seredende onuňam bozulandygyny gördi. Şondan soň ol özüni ele almaga çalyşdy. — Biz uzak ýere gidemizog-a, Jeren mollum. Onsoňam men-ä... — Wah, bilýän-le. Seniň mugallym bolup, ýene şu ýere dolanmagy arzuw edýäniňem bilýän. Hemme zadyň eddil şeýle boljagyna-da ynanýan. Ýöne, şonda-da, ýürek diýlen keçjala buýrup bolaýýamy? Ol birdenkä Gunça çiňerildi. — Pikiriňi üýtgeden dälsiň-ä? — Ýok, Jeren Amanowna, üýtgedemok. Nesip bolsa, Türkmen döwlet uniwersitetine, dil-edebiýat ugrundan synanyşmakçy. — Gaty gowy. Tüweleme, taýýarlygyň-a gowy. Nesip bolsa, hökman şu ýyl talyp bolarsyň. Ol ýerine geçip, Gunça mähir bilen seretdi. — Bar, Gunça jan, joralaryň garaşýandyr. Başga-da geljek myhmanyň bardyr-a? Mugallymyň soňky sözleri Gunçanyň şonsuzam howsalaly dünýäsini agdar-düňder etdi. Ertirden bäri tutuş älemden ýaşyrjak bolup ýören pynhanlygynyň mugallyma kimdir biri tarapyndan aýan edilendigi baradaky pikirem ýüregine ýyldyrym çaltlygynda doldy-da, sähel salymda ýüzi dym-gyzyl boldy. Düşen ýagdaýyny mugallymyndan gizlejek bolup görgi baryny gördi. — Bilemok… Öň ýaryşa bile gatnaşan tanyşlarymyň gelmegi mümkin. Mundan artyk saklansa barja syrynyň açyljagyna, mugallym gatyrak gyssasa dagy ähli zady özüniň gürrüň berip goýberäýmeginiňem mümkindigine gözi ýetik Gunça şondan soň otagdan çykmaga howlukdy. * * * Paýtagtyň kitaphanalarynyň birinden çykyp barýan Gunça öňünde duran Batyry görüp, gözlerine ynanmajak boldy. Onuň ýüzündäki aljyraňňylygyň ornuny derrew ýylgyryş eýeledi. — Salam. — Gunça! Şunça jaň edýän welin, hiç aldyryp bilemok. Talyp bolanyň bilen gutlaýjakdym. — Wiý, men okuwa taýynlanjak bolup, telefonymyň sesini öçürip goýşum. Soň açmalydyram öýtmändirin. Halys başagaý bolandyryn-da. Meň okuwa girenimi nireden eşitdiň? — Arada bile okan gyzlaryň birine duşdum, şol aýtdy. Gunça, gijrägem bolsa, gutlagymy kabul et. Geljekde-de ähli arzuwlaryň hasyl bolsun! — Sag bol, Batyr! A sen nätdiň? — Menem gutlap bilersiň, konserwatoriýa girdim. — Gutlaýan, gara çynym bilen gutlaýan, Batyr! — Nememi, sen häzir nirä? — Umumyýaşaýyş jaýyna. — Onda biraz garaşaý-da. Men derrew çykaryn. — Bolýa. Batyr kän eglenmän kitaphana girip çykansoň, ýaşlar paýtagtyň owadan köçeleriniň ugry bilen ädim urup ugradylar. * * * Okuwdan gelşi ýaly, kompýuteriniň başyna geçip, bir zatlara güýmenip oturan oglunyň ýanyna gelen Dünýägözel ejäniň elindäki surata gözi düşen Batyr edip oturan işinden ünsüni sowdy. Dünýägözel eje birsalym sesini çykarman oturansoň, suraty oguna uzatdy. — Neme, Batyr jan... Batyr surata seretdi. — O näme, eje? — Surat, oglum. — O nämäň suraty? Eje, sen ýene-de şol gürrüňe başlajak bolýaňmy? Men aýtdym-a... — Oglum, şol bir tutan ýeriňi tutup oturma-da, surata seredip bir gör-dä. Gör, synla, belki, göwnüňe ýarar. Özem aňyrsyna-bärsine gözümiz ýetip duran maşgalamyz... — Eje... Ýene-de aňyrsy diýip başlaýýaň-aý. Gyzyň özi barada gürrüň etmeli däl-maý, ilki bilen? — Waý, ine, seret, oglum, özem Aý ýaly gyz. Batyr ýylgyrdy: — Wah, suratda göreniň bilen onuň häsiýetini, gylygyny, adamkärçiligini bilip bolanok-da. — Jan oglum, menem şony diýip otyryn-da. Ine, bir gün görşersiňiz, gürleşersiňiz, häsiýetinem bilersiň. Batyr pikire batyp oturdy. Ejesi oňa aýdanlary täsir edendir öýdüp, biraz sesini çykarman oturansoň, ýene-de ogluna suraty uzatdy. Batyr surata seretdi-de, ýerinden turup, gidip, eline Gunçanyň suratyny alyp geldi. Getiribem sesini çykarman, ony ejesine uzatdy. Ol bir pursat sesini çykarman suraty synlap oturdy. — Bi suratdaky kim? — Eje... neme... Oň ady Gunça. — Bile okaýaňyzmy? — Ýok, eje, ol uniwersitetde okaýar. — Uniwersitetde? Biziňkidemi? — Howwa. — Waý, onda-ha menem derrew tanaryn ony. Neme, özi nireden? Şäher gyzymy ýa welaýatlardan gelenmi? Aňyrsy bilen gyzyklanan-a dälsiň? Aý, o zatlary derrewjik özüm bilerin, oglum. Tüweleme... Batyryň bolşundan bir zat aýtjak bolýany bildirýärdi. Ol ýaýdanjyrap gürledi. — Neme... Eje... Dünýägözel eje Batyra geň galyp, aladaly seretdi. — Hä, oglum? Näme boldy? Gaty aladaly görünýäň-le? — Neme, eje, o gyz… Gunça… — ??? — Eje, oň ene-atasy ýok. — Ýok? O nähili? — Ol… Neme-dä, eje… Ol Döwletliler köşgünde terbiýelenen. Ejesiniň ýüzüniň üýtgemegine özüçe düşünen Batyr gyzy aklaýjak delilleri getirmäge howlukdy. — Ýöne, eje, ol gaty gowy gyz… Adamkärçiligem, edep-terbiýesem gowy. Akýürek… Okuwa-da… Dünýägözel ejäniň damagy doldy. Ol ogluny bagryna basdy. — Goý, oglum… Mundan artyk hiç zadam diýme. Hemme zada düşündim, oglum. Batyr ejesiniň bolşuna nähili düşünjegini bilmän ýaýdandy. — Hä, näme? Nämä düşündiň, eje? — Oglum, men otursam-tursam: «Aljak gelnimiň aňyrsyna göz ýetirjek, kimlerdendigini bilip, göwnüm ýetensoň aljak» diýip, gaýtaladym ýördüm. Senem, meniň şo sözlerimden çen tutup, ýüregiňdäki arassaja duýgyňy maňa açmaga ýaýdanyp gezdiňmi? Batyr ejesine seredip, çala ýylgyryp, baş atdy. — Wah, oglum, oglum! Heý, ene-atanyňam bir perzendine ýamanlygy bolarmy? Seniň päk ýüregiň bilen saýlan gyzyňy kabul etmez ýaly, biziň nä ýüregimiz daşdanmyşmy? Gyzyň häsiýetine-hä özüm belet diýýäň. Batyr begenjinden uçaýjak bolup, tolgunyp gürledi. — Howwa, eje… — Ana, esasy zat — şol. Galan zatlary indi özümiz oňararys, oglum. Kakaňa-da aýdaryn. Nesip bolsa… Ady näme diýdiň oglum? — Gunça. — Nesip bolsa, Gunça jany ýakyn wagtda başyna kürte atyp, şu ojaga getireris. — Eje, aý, entek… — Entegi bolmaz, oglum. Näme, bileje, şu ýerden okuwa gatnar ýörersiňiz-dä. Wiý, ýa men oň bilen bile gatnamaly bolaýýanmy? Batyr güldi. — Howwa, oň bilen siziň okuw mekdebiňiz bir-ä. Batyr ýerinden turup, suraty ýygnajak boldy. — Wiý, oglum, o suraty nirä ýygnajak bolýaň? Indi gizläp ýörmegiň geregi ýok ony. Onsoňam, agşam işden gelende kakaňa, eneňe-de görkezeýin ony. Hany, getir bäri! * * * Umumyýaşaýyş jaýynda pikire çümüp oturan Gunça nämedir bir zatlary göz öňüne getirip, öz-özi ýylgyranyny duýman galdy. Ol bir zatlar diýip pyşyrdady. Soňam hat ýazýan stolunyň başyna geçip, gündeliginiň gatyny açdy. Hemişe ejesine hat ýazanda gussaly keşbe girýän gyzyň bu gezek ýüzüniň nury kemeler ýaly däldi. Ol sähel salymdan durmuşy aňşyrmagy öwrenip, mähribany bilen söhbetine başlady. «Eje, çagakam seni diňe göresim gelýärdi. Arzuwlarymyň barysam diňe seni görüp, gujagyňa dolmak bilen çäklenerdi. Indi bolsa kem-kem ähli zat üýtgäp barýan ýaly. Ýok, eje, men şu wagtam seni görsem, gujagyňa dolup, hiç zat gürlemän oturaryn. Sesimem çykarman, diňe gujagyňa gysylyp oturaryn. Çalaja aglamagymam mümkin. Ýöne indi meniň saňa aýtmaly, maslahat soramaly zatlarym gitdi giçe köpelip barýar. Meniň üýtgeşiklik diýýänim — şol. Ýüregimde dörän üýtgeşik duýgy barada, Batyr barada kän-kän gürrüň beresim gelýär. Olam meniň ýaly şu ýyl mekdebi tamamlap, konserwatoriýa okuwa girdi. Ýöne, biziň bir uly tapawudymyz bar. Tapawut diýýänim — onuň ejesi, kakasy, enesi, atasy bar. Görýäňmi, nähili uly tapawut, hä, eje? Aýtmagyna görä, kakasy şahyrmyşyn. «Bu zatlary nireden bilýäň?» diýýäňmi? Batyr maňa ähli zady gürrüň berýär-dä, eje. Onuň bilen çagalykdan bäri paýtagtymyzda, ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerine bile gatnaşyp gelýäs. Awazada, festiwalda bile aýdymam aýtdyk oň bilen. Bilmedim, nädip bolanyny, çagalykdan şeýle bir dostlaşdyk, bir çärä barsak ol meni hökman gözläp tapardy. Indem, şol dostlugymyz üýtgeşik, ýakymly bir duýga öwrülip barýan ýaly. Ýok, entek ol maňa gönüläp hiç zat diýenok. Ýöne, ol aýtmanda-da, özümdäki duýgyny, ýüregimiň howsalaly gürsüldisini näme diýip atlandyrjagymy bilemok, eje. Birden ol maňa: «Söýýän» diýäýende-de näme jogap bermelidiginem bilemok. Wah, şu wagt ýanymda sen bolan bolsadyň, eje...». * * * Ogullary Batyryň Gunça bilen gatnaşygy barada aýalynyň gürrüňini soňuna çenli sesini çykarman diňlän Akmyrat käsesindäki çaýdan gözüni aýyrman oturyşyna nägile äheňde başyny ýaýkady. — Dünýägözel, senem bir zatlar diýip goýberýäň-aý. Heý, şonyňdanam bir gürrüň bormy? Dünýägözel eje adamsynyň ýüzüne soragly garady. — Şol çaganyň ene-atasynyň ýokdugyny dile getirip oturmak nämä gerek, Dünýägözel? Ogluň ýanynda bir üýtgeşik gürrüň edeňok dälmi? Dünýägözel ejäniň ýüzi ýagtyldy. — Waý, ýok-la, Akmyrat. Meniň-ä, gaýtam, şol çaga öz ýanymdan nebsim agyrdy. Batyr janam, birhili, gyzjagazyň şo ýagdaýyny çekine-çekine aýtdy welin, ýüregim dagy gyýlyp gidäýdi. Meniň üçin-ä, akylly-başly gyz bolsa, Batyr janam gowy görýän bolsa, başga zat gerek däl. — Ana, munyň dogry gürrüň. Ogluň gowy görýän bolsa, gyzam göwnän bolsa, onda onuň ene-atasy özümiz bolarys. Şo çaga ene-ata söýgüsini görmedik bolsa, onuň şu çaka çenli küýsäp gelen söýgüsini, mährini şu öýden tapmagy üçin elimizden gelenini ederis. — Wah, meniňem arzuwym şol-da. Onuň ene-atasy ýok bolsa, biziňem gyzymyz ýokdy. Allatagala ony Batyr jana ýöne ýerden duş eden däldir. Nesip bolsa, gyzymyz ýaly söýeris o çagany. — Sen, onda, ogluň bilen ýene-de gürleş. Oňarsaň, ol gyz bilenem duşuşyp, gürleşjek bol. Goý, çekinip, ýaýdanyp ýörmesin. Göwnüçökgünje gyzdyr, biziňem ony söýgi bilen kabul etjegimizi bilse, ýüregi giňär. Onsoňam, olaryň pikirlerini bil, garşy bolmasalar, uzaklaşdyrman, başlaryny birikdirmek bilen bolaly. — Waý, şunyň-a gaty gowy pikir, Akmyrat. Onda, şu gün okuwdan geldigi, oguljygymy begendireýin. — Şeýt, ýagşy işi uzaklaşdyryp ýörmek nämä gerek? Dünýägözel eje şondan soň biraz oturyp, adamsynyň ýanyndan turup gitdi. Şol wagtam Batyryň enesi Mähek daýza ogludyr gelniniň gürrüňleriniň täsirinden çykybilmän esli wagt pikire çümüp oturansoň, Akmyrat aganyň oturan otagyna girdi. Oňa gözi düşen Akmyrat oturan ýerinde dikeldi. — Hä, eje, gel. Çaý içjekmi? — Aý, içsek, bir käsejik içäýeris, oglum. — Eje, gowumy ýagdaýlaryň? Ýaňy, gelenimde, ýatyr diýensoňlar, ýanyňa barmadymam. — Aý, howwa, oglum. Biraz irkilipdirin. Ýaňy, kelläm agyran boldy-da, gyşaraýdym. Seniň sesiňi eşidip, turup gelşim şü. — Ýa, biziň gürrüňimize ýatyp bilmediňmi? Turzaýdykmy? — Waý, ýok-la, jan oglum. Ýatyp, uky barmy indi bizde? Çala ymyzgansagam ýetig-ä. — Aý, bolýa-la. Indi gowy boldy dälmi kelläň? — Oňat. Bi, nahar iýmediňmi sen, oglum? — Aý, ýok, nahary soňrak iýjek diýdim. — Hä, şeýlemi? Gaty giç iýmeseň bolýa. Gezen ýeriňde bir aç bolaňok dälmi? Işde gowy naharlanýaňmy? Birhili, ýadaw görünýäň, özüňem. Işleriň gowumy? — Şükür, gowy, eje. Meni alada etmesene. — Wah, sizi alada etmän, kimi alada edeýin, oglum? Birhili, işden gijräk gelip, egleniberseňem, şo-ol, çagalygyňdaky ýaly, gözümi penjireden aýrybilmän geçäýýän. Akmyrat ýylgyryp, ejesine seredip, başyny ýaýkady. — Neme, oglum, ýaňy çalarak gulagyma ildi welin, Batyr jany öýermegiň gürrüňini etdiňizmi? Akmyrat ejesiniň çaganyňky ýaly sadaja gözlerine seredip hezil edip güldi. — Hä, eje, gyzykly gürrüňi eşidip, ýatyp bilmän, turup gelşim diýsene. —Neme, maňa-da ýaňy ejesi aýtdy. Batyr jan bir gyz bilen halaşypdyr. O gyzam… — Eşitdim. Gowy iş edýäňiz, oglum. Ýartygöwün çagajygy şeýdip, döwletli ojagyňa alsaň, döwletiň artar, oglum. Mähek eje Akmyradyň saçyna seredip, pikire çümdi. — Neme, oglum, birhili, saçyň agy köpeläýipmi? Näme, aladaň känmi ýa? Soňky döwürler hasam köpelýän ýaly, saçyň agy. — Aý, ýok, gowy-la, eje. Onsoňam, indi bizem çal saç bolarça ýaşa bardyg-a. — Aý, näbileýin, balam, göwnüme şo-ol, çagalygyňyz ýaly-da, meň üçin. Onda näme, oglum, indi toý aladasy bilen bolubermelidiris-dä. Obada, daýyňa bakdyryp oturan mallarym-a, nesip bolsa, Batyr janyň toýuna uly goltgy bolar welin, harajat ýagdaýyň ganymat dälmi özi? — Aý, eje, senem alada edere zat tapsaň bolýar-da. Arkaýyn bolsana. Gül ýaly, ýagdaýymyz. Nesip bolsa, uly toý tutarys, esasy zat, janyň sag bolup, toýda ýolbaşçylyk edip berseň, şondan uly kömek ýok, biziň üçin. Ejesi turup, öz otagyna gidensoň, Akmyrat onuň yzyndan garap oturyşyna, Batyryň saýlan gyzynyň şeýle uly dünýäniň iň bir datly zadyndan — ene-ata söýgüsinden mahrumdygy ýadyna düşüp, pikire çümdi: «Bäh, bu garry dünýäniň her dürli heň edişi bar-ow. Biz şunça ýaşasagam, enemiziň mährinden ganybilmän ýörüs. O çagajyk bolsa…» * * * Hemişekileri ýaly, kitaphanada gabatlaşan ýaşlaryň bu günki gürrüňleri üýtgeşikdi. Olaryň ikisi-de bagtyň mekany bolan Arşda gaýmalap ýörüşlerine aýdylýan sözlerden ganybilmän, ony ýene-ýene gaýtalasy gelýäne meňzeýärdiler. — Gönüläp aýdaýdyňmy, onsoň? — Howwa aýtdym. Hä? — Aý, bilmedim, birhili, çekinýän-dä, Batyr… Onsoň, näme diýdi ejeň? — Näme diýsin, begendi. Suratyň-a elinden düşürmedi. Enemem, kakamam täzelige begenişip otyrlar. — Olar... meň… Enem-atam barada… Batyr onuň sözüni böldi. — O gürrüňi goýaly Gunça. Indiden beýläk olar seniňem eneň-ataň. Batyr birdenkä haýallady. — Gunça... Ýöne olar neme diýýäler… Gunça Batyra howatyrly seretdi. — Hä, näme diýýäler? — Olar, eger sen razy bolsaň… Biziň toýumyzy uzaklaşdyrmasak gowy bolar diýýäler… Garaşylmadyk täzelige utanan gyz ýigitden gözlerini gizledi. — Hä, näme, Gunça? Ýa… Sen… — Batyr, indi meniň bar maslahat sorajak hossarlarym — sen, eneň-ataň. Özümi şeýdip, ak ýürek bilen kabul edip, hossarlyk goluny uzadyp, ýüregini açyp duran adamlar nämäni maslahat bilseler, şoň bilen bolubermesem… Batyr gyzyň ýüzüne seredip durşuna, onuň bagt aýdymyny ýatladýan sözleriniň yzynyň üzülmezligini, ýene-ýene… gürlärini, saýraryny isledi. Göýä, muny duýýan ýaly, Gunça oňa seredip owadan ýylgyrdy. — Näme, Batyr? Men başga näme diýeýin? Men indi senden maslahat soraýmasam? Men näme diýip jogap bereýin, başga? Batyr tolgunyp gürlände onuň joşgunly sesi paýtagtyň belent jaýlarynyň üsti bilen telim öwrüm edip, gojaman Köpetdagyň gaýalarynda ýaňlanyp giden ýaly boldy. — Razy diý, Gunça, razy diý!.. Myrat HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |