WADA
Bu ýollar haýsy menzillerden gözbaş alýarka? Belki, ho-ol, Baýsähediň orta mekdebiň başlangyç synplarynda okap ýören döwürleri, gulpajygyny tasadypjyk ýören kejirje gyzjagaza — Söýlä çekinjeňje nazaryny dikip, üýtgeşik, başga hiç bir zada meňzemeýän duýgulara gaplanyp oturýan pursatlaryndandyr? Belki, ol garaýyşlar Baýsähediň soňraky meňzillerde ýüreginde dörän duýgulary bilen gabat gelýänem däldir. Ýöne, soňraky, has uly-uly duýgulara sapyp giden zatlaryňam barysynyň şojagaz sadaja garaýyşlaryň deňinden ýol ýasap gaýdýandygyna onuň öz-ä hemişe-de gara çyny bilen ynanypdy. Sebäbi çagalygyň Söýlüli ýatlamalary bilen soňraky, kükregini ýaraýjak bolup urýan ýüreginiň berýän azaryna döz gelibilmän, uzak-uzak
gijeleri çirimsiz geçirýän döwürleriniň arasynda bir umumylygyň bardygyny Baýsähede düşündirmek gerek däldi. Ol umumylyk — kalbyny pürepürläp duran owadan, päkize duýgulary şirinden-şirin sözleriň içine salyp şol, işdämen bakyş- larynyň sebäpkärine ýetiribilmänliginde. Ýogsa, ol zatlary dile getirip, uly ili bilen gygyrmanda-da, edil, mekdebiň soňky ýyllaryna ýeten döwürleri-hä onuň ýagdaýyndan habarsyzlaryň hatary edil, mekdep derejesinde-hä mazaly selçeňläberipdi.
Hawa, mekdepde geçilýän sapaklardan, bile okaýan oglanlarynyň arasyndaky günde-günaşa ýüze çykyp duran ownukly-irili meselelerden başga-da, ýeke özüne degişli meselesiniňem bardygyny töwerekdäki garaýyşlardan gizlemegi başarman ugran döwürleri Baýsähet öz öňünde ullakan bir maksady goýdy. Ol, bir görseň-ä ýönekeý, iki agyz sözde ýa eýläk, ýa beýläk ediläýmeli, bir görseňem, başyna barmak üçin ullakan ýürek talap edýän mesele — Söýlä gönülägede bar zady aýtmak. Ýöne bir aýtmagam däl, garşylyk ýa ikirjiňlenmeler ýüze çykaýan ýagdaýynda belli bir derejede tutanýerliligem görkezmek.
Dogrusy, edil, gönülemäge gaýrat tapybilse, ullakan bir garşylygyň bolup durmajagyna Baýsähet ynanmanam duranokdy. Şonuň üçinem, şol, öz hasaplamalaryma görä, okuw ýylynyň ahyrlaryna edilmeli kesgitli gürrüňe barha çynlakaý taýýarlanyp ugrady. Ol şeýdip, ikirjiňlenip ýörse, kimdir birinden gijä galaýaryn öýdübem gorkýardy. Söýlini töwerekdäki hyrydar gözlerdenem, sözlerdenem gysganardy.
Wagt diýeniň geçip dur, ol: «Haçan şu belli bir karara geläýerkä?» diýip, garaşyp duranok, ilk-ä mekdep ýyllaryny beýlesine geçirdi, soňam, öz yzyna düşürip, Baýsähediň synpdaş oglanlaryny ýeke-ýekeden esger lybasyny geýdirip ugrady. Bir günem Baýsähede-de harby wekillikden çakylyk geldi. Edil, ertir-birigün harby wekillige goşuň bilen barmaly diýip ýören wagtlary-da Baýsähet bir sebäp bilen etrap merkezine gitmeli boldy. Özüňden netije bolmajagyny bilse, şeýdip, ykbalyň özüniň «oýna goşulybermesiniňem» bardygyny Baýsähet şol gezek ilkinji ýola göz ýetiripdi. Hakykatdanam, şol gün ähli zady kimdir biri ýörite gurnan ýaly bolupdy...
...Çat maňlaýynda öz obalarynyň ady ýazylan awtobus ahyrky duralga gelip saklananda onuň içinde Baýsähetden başga bäş-üç ýolagçy galypdy. Bular düşüp-düşmänkä-de sürüji duralgada duran ýolag- çylara tarap boýnuny süýndürip gygyrdy.
— Adamlar, men kän durjak däldirin, ýolagçy bolsaňyz, eglenmän, derrew müneweriň! Öňem, wagtymdan ep-esli yza galdym. Boluň, münüň, derrew ugraly.
Awtobusyň dolaryna garaşyp durubiljekgä.
Sürüjiniň sözlerinden soň duralgadakylar gozgalaň tapyp ugradylar. Kim hol, aňyrrakdaky setir dükanlara tarap ylgap gidip, ýoldaşyny çagyryp geldi, kimsi sürüjiniň ýanyna baryp, azajyk garaşmagyny, ýoldaşynyň edil ýap-ýaňyja bir sebäp bilen öýüne gidip-gelmeli bolandygyny aýdyp, töwella etdi. Garaz, sähel salymyň içinde uly başagaýlyk döredi. Ogulgurt daýza ýaly, derrew ýolagçylaryň tarapynda durup, sürüjiniň nähak hereketlerini ýüzüne basyp ugranam tapyldy:
— Gy-yýw, bi nä, indi sen gyssanýaň diýip, galyň millet ýoldan galmalymyş-my? Hany, mundan öň-ä awtobusyň hyryn-dykyn bolansoňam gozgabilmän geçäýýädik sizi. Nä, seň işiň biziňkiden wajypmyşmy? Gidäýmersiň, wagtyň bolman-a.
— Aý, gelneje, men öz işim üçin howlugamok, tabşyryk şeýle. Häzir etrap merkezine barybildigim, başga obalaryňam birine bir gatnaw etmeli. Awtobuslaryň biri döwülipdir, menem keýpine edemog-a şu zatlary.
— Bilemok, jigim, sen şu ýerden öz wagtyndajyk ugra-da, soň nirä, näçe gatnaw etseň, şonça gatnaw et. Ýöne, sen bähbidiňden galýaň diýip, ýoldaşlarymyzy goýup gitmejegimiz-ä çyn.
— O nämäň bähbid-aý, daýza? Hany, artykmaç gürrüň etme-de, münjek bolsaň-a mün, ýogsamam, saklama indi. Aýtdym-a ýetişemok diýip.
— Gidäýmersiň, «Daýza» diýen bolup… Häli, soraşybersek, menden uly bolmasaň, kiçi dälsiň-le welin…
— Bolýa-how, jan gelneje… «A gyz» diýmelem bolsa, «jigim» diýmelem bolsa diýeýin, ýöne, gaýrat et-de, egleme indi.
Ol barmana Ogulgurt daýza sürüji- den ünsüni sowdy-da, ho-ol, aňyrlaryk, bir ýerlerik seredip, ulili bilen gygyrmaga durdy.
— Gy-yýw, Söýli, boluň-a, gidip barýa
bi. Zordan saklap durun!
Awtobusdan düşüp, öýlerine tarap gidibermän, duralganyň ýanyndaky dükanjykdan ol-bi almak üçin egleneni üçin Baýsähet şol pursat aşygy alçy gopan dek begendi. Ogulgurt daýzanyň häliden bäri garaşyp duran ýoldaşlarynyň biriniň synpdaşy Söýlüdigini gören badyna, Baýsähet pikirlenjegem bolman, sähel salymda şol, ertap merkezinden gaýdanda oturyp gelen ýerini täzeden eýeledi. Sähel salymdanam awtobusyň öňki gapysyndan Söýli bilen jorasy Aý- senem girdi.
Özara gürrüňlerinden çen tutup, Baýsähet Söýli dagynyň etrap merkezinde kän eglenmän yzyna gaýtmalydygyny, Ogulgurt daýzadyr beýleki gelinleriň bolsa ýoldaky obalaryň birine barýandyklaryny aňdy. Şonuň üçinem ol öz ýa- nyndan indiki ätjek ädimleriniň pikirini edip ugrady.
Ýöne näme, häsiýetiň ýygra bolsa, ähli etsem-petsemleriňi durmuşa geçirip bolaýýarmy? Üstesine sen-ä ýeke, onuňam ýanynda gyzlaryňam iň dili duzlujalarynyň biri bolsa. Dogrusy, Aýsenemiň bardygy Baýsähedi tas, ähli zady goýbolsun edip, gaýtmyşyma-da tutdurypdy welin, her niçigem bolsa, iki ýylyň aýraçylygynyň öňde ýatandygy, «kimdir birinden gijä galmazlyk» baradaky şol, ýürekgysgynç pikirlerden goldaw tapyp, etrap merkezine baryp düşen batlaryna, Baýsähet «näme bolsa şol bolsuna» tutduragada hüjüme geçjek boldy.
— Söýli, salam!
Aýsenem Söýlä salam almaga-da maý bermedi.
— Gy-yýw, Baýyş, men nä, görnemokmy? Edil, şoň ýaly salam gytçylygy ýokdur-a, birimize berip, beýlekimizi goýar ýaly.
— Wiý, neme… Söýlä salam berdigim, ikiňize-de berdigim-dä. Dilime geleni Söýliň ady bolaýdy-da…
— Hawa-da, ýalňyşylanda-da biziň adymyz soňa galaýmaly-da. Asyl, Söýliň adyny tutmagy unudaýmarsyň.
Söýli Baýsähediň dadyna ýetişdi.
— Goýsana gyz, senem, diliň hezilini görübilseň bolýa. Tapawudy näme, salam berildimi, al-da, geç-de gidiber-dä. Her kimiň işi-güýji bardyr.
Arzymanyndan goldaw tapan Baýsähet gara çyny bilen janykdy.
— Aý, Söýli, dogrusyny aýtsam-a, meň üýtgeşik bir işimem ýok-la. Birki sany barmaly ýerim bar, onsoň, derrew yzyma gaýtjak. Siz nähili? Haçan oba dolanmakçy?
Söýli owadan, kirpikmen gözlerini Baýsähede gönükdirdi.
— Bizem eglenjekgä. Aýsenemiň işiniň bitişine bagly-da. Soňky awtobus- dan-a galmarys, nesip bolsa.
— Onda gaýdyşynam ýoldaş bolaýmagymyz mümkin-dä?!
— Gy-yýw, bi nä, gürrüňiňiziň soňy çyna ýazyp barýa-la! Şular-a gözüň öňünde wagt belleşmekdenem gaýtjakgä. Bolmasa, men beýleräkde duraýaýyn?
Söýliniň ýüzi al reňke boýaldy. Baýsähedem şondan soň ol ýerde kän eglenmedi-de, gabat gelen ugra tarap tutduryberdi.
Işsiz, bimany aýlanyp ýöreniň ýagdaýy özüňe belli. Baýsähet soňky awtobusyň ugramaly wagtyna çenli nämä güýmenjegini bilmän geçdi. Duralga baranda welin ol ýerde ne Söýli bardy, ne-de jorasy Aýsenem. Baýsähet tä, aw- tobus duralgadan daşlaşýança Söýli dagynyň ýoluna garady oturdy.
Hernä, bile gaýtmak nesip etmese- de, şol gezekki iki agyz sözleşmegi Baýsähede gulluga gitmänkä Söýli bilen duşuş- maga, iň bolmanda iki agyz sözleşmäge bahana-ha tapyp berdi. Ol bahanany döreden ykbal Söýli bilen duşuşmak üçin mümkinçiligem gulluga gaýdaýmazynyň öň ýanlarynda Baýsähede döredip berdi. Ol şol gysgajyk duşuşygyň dowamynda şunça ýyllap bile okan, ulalan obadaş gyzynyň öňünde aljyrap durşuna öňde-soňda görmedik görgüsini gördi. Iň ýaman ýerem şunça wagtlap garaşan gürrüňdeşliginiň dowamynda aýdara iki sany sözlemden başga zat tapybilmän kösenmek kösendi. “Hernä wagtynda etrap merkezine gidip geläýen ekenim, ýogsam, şojagaz iki sözlemem boljak däl ekeni» diýip, Baýsähet şol duşuşygy soň-soňlar ýatlanda-da öz-özi ýylgyryp, başyny ýaýkardy. Edil şol pursat welin Baýsähediň ýylgyrmag-a däl, artykmaç sähel hereket etmäge-de ýagdaýy ýokdy. Ol etrap merkezinden gaýdyşyn gabatlaşybilmezlikleri bilen olaryň yzlaryna nädip gaýdandyklaryny telim ýola gaýtalap-gaýtalap soransoň, ahyrsoňy gulluga gidýändigi baradaky gürrüňiň üstünden bardy. Söýliniň: «Sag-aman gidip gel!» diýen sözlerinden ganat edinip, biraz özüne gelen ýigit edil, gönüläp söz aýdaýmanyň töwereklerini tozadyp ugrady:
— Söýli… Ol ýerde bolsaň, hat ýazylyp durulsa gowy bolýa…
— Wiý, bolmanam, yzyňdakylaryň ýagdaýyny bilip durar ýaly, wagtly-wagtynda hat baryp dursa gowudyr-la.
— Aý, bir öýdäkiler ýazaýmasa. Bizd-ä kän bir, hat ýazyp durjagam ýok diýen ýaly.
— A dostlaryň näme? Gullukdaky synpdaşlarymyzyň hersinden bir hat alanyňda-da, günüňe biri dagy düşäýýämi? Olaryň salgylaryny alansyň-a.
— Aldym-laý welin…
— Hä, näme? Alybilmedigiňem barmy?
— Oglanlaryňkynymy? Ýok, oglanlaryňkyny aldym-laý… Ýöne, neme-dä, sizdenem hat baryp dursa gowy bolaýjak ýaly…
— Kimden? Gyzlardanmy? Wiý, hä, gyzlaryň salgysyny sorajak bolýaňmy? O kyn däl-ä, obaň adyny ýazyp, «pylanylar» diýseň, gelýär-ä. Döwwe daýy hemmäni tanaýar-a…
— Aý, hemmä ýazyp durasym ýok- laý. Esasy ýazaýjaklarymy tanaýan bolsa bolýa maňa.
— Tanar, tanar. Sen ýazybilseň, hök- man getirerler hatyňy.
— Saňadamy?
— Näme maňadamy?
— Saňa ýazsamammy?
— Wiý, ýazsaň, maňa-da getirer. Hatdyr-da, ony barmaly ýerine eltmek hat gatnadyjynyň borj-a.
— Onda, Söýli… Saňa-da ýazsam bolýa-da, hä? Hiçmi, ýazsam?
—Wiý, ýazyber. Oňňam bir «hiji — hiç däli» bolarmy?
— Senem jogap ýazarsyňmy? Baýsähediň ýagdaýyna, äheňine diňe şonda üns beren ýaly, Söýliniň sesi bir- denkä sandyrap çykdy.
— Ýazmaly bolsa, ýazaýaryn.
Şo çaka çenli Söýliniň ala gözleriniň özüne tarap gezelip durmagyny gözelligiň çür başy hasaplan Baýsähet üçin şol pursat ol owadan dideleriň gabagyň astynda gizlenip durmagy bagtyň suraty bolup göründi. Indi ol gözelligiň üstü- ni başardygyňdan owadan sözler bilen ýetirmelidi. Baýsähediň welin ol pursat barja tapybilen sözleri şu boldy:
— Onda ýazarsyň-da, Söýli?! Söýli bu gezek sesini çykarman baş atdy. Baýsähedem oňardygyndan «hüjüm edip» ugrady.
— Sorajak zadymam hatymda soraryn-da... Jogap berersiň-ä?
Gyz ýigide soragly nazaryny dikdi. Ýene-de özüne gezelen ala gözler barja «dilewarlygynam» elinden aldy-da, bol-şuna, başaryşyna görä sözüne düşündiriş bermäge synanyşdy:
— Aý, gönümel sorandan, hatda nemetmek aňsat bolýa-da... Söýliniň gaşlary çytyldy.
— O nämäň soragy? Kim barada?
— Aý, Söýli, men näme sorasamam, senden başga hiç kime-de degişli bolmaz.
— Maňa degişli?
— Hawa, Söýli, meň bar bilesim gelýän zatlarym diňe saňa degişli. Men iki ýyllabam hatymda diňe saňa degişli gürrüň ederin. Ýöne, şolaryň birinem jogapsyz goýaýma, bolýamy? Söz berýäň gerek? Ýazarsyň-a, hä?
— ...
— Söýli, jogap beräý-dä, men şuny biläýmeli... Ýazarsyňmy?
— ...
— Söýli, näme birden dymaýdyň? Ýa, gaty gördüňmi? Göwnüňe degmek üçin-ä aýdamok men bu zatlary. Ýöne, bilip goý, şunça wagtlap aýdybilmän ýören sözlerimi aýtmaga gaýrat tapamsoň, indi yzyma gaýtmajagym-a çynym. Şonuň üçinem, senden jogap bolmasa-da, men ýazar duraryn. Senem eger, meniň ýazmagyma garşy bolsaň, iň bolmanda, şony aýdyp bir ýazarsyň-da. Ýa... Eger... Meň ýazmagymy islemeýänem bolsaň, edil şu wagt gadagan etseň, oňa-da hakyň bar. Ýöne dymma! Edil şu wagt bir dymma! Bir zat diýip, jogap bir ber maňa!
Söýli gabagyny galdyrybilmän durşuna Baýsähediň şunça wagtlap garaşyp gelen sözlerini pyşyrdap diýen ýaly aýtdy:
— ... Bar geregiň şol hat bolsa...
— Wah, şo-da meň bar geregim. Onda bardygym, ilkinji hatymy saňa ýazaryn. Senem ara gün salmanjyk jogap ýazgyn, bolýamy?! Men şoňa hemme zatdanam beter garaşaryn. Bolýamy?
— Bolýa... Ýöne...
Baýsähediň ýüzi üýtgedi. Ol soragly nazaryny gyza dikdi. Gyz bolsa näzli bakyş bilen ýigidiň dünýäsini agdar-düňder edip bir pursat dymyp duransoň, gussaly gürledi:
— Ýöne, hatyňy nirä ugratjak?
Baýsähediň ýüzi ýagtylyp gitdi.
— Wiý, olmy? Oň aladasyny etme. Men haty synpymyzdaky Agadurda ugradaryn. Olam içini açmanjyk saňa ýetirer.
Söýli bilen aralygynda kimi hat gatnadyjy edip boljakdygy barada Baýsähet hakykatdanam kän pikir etmeli bolupdy. Ýöne syr ynanyp biläýjek oglanlarynyň ählisiniň goşun gullugyna gidendigi sebäpli paýtagtda okap ýören synpdaşy Agadurda bil baglaýmakdan başga alaç galmandy.
...Söz berişi ýaly, Baýsähet esger lybasyna girip ilkinji hatyny Söýlä ýazdy.
Gyşyň güni, Uzak Gündogaryň çapgyn aýazynda esger durmuşynyň içine aralaşyp ýören ýigit aýralyk bilen bir hatarda nämälimligiň ýürekgysgynç tagamyna-da öwrenişmeli boldy. Ýöne, her näçe garaşsa-da jogap alybilmedi. Ilkibada dürli pikirler bilen göwnüni aldan boldy. Gulluga baran gününden diýseň ysnyşan gazak dosty Žetibaýyň: «Ol seni synap görýändir, köpräk ýazyberseň, ahyrsoňy jogap geler» diýen sözleri bilenem esli wagtlap özüni aldap gezdi. Ýöne, tas, bir ýarym ýyl gowrak wagtyň içinde ara hepde salman iberen hatlarynyň birindenem jogap bolmazlygy soňabaka onuň badyny haýalladyp ugrady. Ahyrsoňam ol oturyp söýgüsi bilen şeýle ýowuz oýun eden Söýlä iň soňky hatyny ýazdy.
Baýsähet gugaryp galan dünýäsindäki emele gelen boşlugy harby durmuşyň başagaýlyklarynyň içinde ýitirip goýbermekden başga ýoly gözlejegem bolmady. Goşun gullugyny tamamlap gelende-de Söýliniň paýtagtda okap ýörendigini bilip galdy. Baýsähedem her bir ädimi Söýlini ýatladyp duran obadan uzakda bolmak üçin gaz känleriniň birine işe ýerleşdi. Ýöne oba telim baryp-gaýtsa-da Söýli bilen gabatlaşmaga sebäp döremedi. Toýda-tomguda gabatlaşaý- maly bolanda-da Söýlini görmezlik üçin, işini bahana edip, ol ýere barmakdan saklandy.
Ýöne näme, seniň eden hasabyň bolýan bolsa muňa durmuş diýiljekmi?! Ykbalyň öwrümli ýollary ony aýlap-öwrüp ahyrsoňy Söýli bilen ýene duşurdy. Dogrusy, Baýsähediň niýeti şol gezegem synpdaşynyň toýuna barmazlykdy, ýöne, Söýliniň gelmejekdigini eşidende ol bu pikirinden ýüz öwrüpdi. Toýa baran synpdaşlarynyň arasynda Söýlini görende Baýsähet birbada gözüne ynanmajak boldy. Köpden bäri görüşmedik synpdaşlary bilen degşip-gülşüp, her näçe syr bildirmejek bolsa-da, ol gussaly nazaryny bir nokada dikip, köpe goşulybilmän oturan Söýlä tarap gözüni aram-aram aýlap goýberenini duýman galýardy. Belki, şol gezegem Baýsähet özüni baky gussa sürgün eden gözlerden gaçyp gaýdardy. Ýöne, bu gezegem ykbal ýene-de özüçe göçüm etdi. Ertirden bäri görejini gaçyryp oturan halyna, Söýliniň öýüne gaýdyp barýandygyny görenden Baýsähediň dünýäsi daralyp ugrady. Ol howludan çykyp barýan Söýliniň yzyndan nädip ýetenini-de bilmän galdy. Ol edil birmahallar, gulluga ugramanka bolan gürrüňdeşlikdäki ýaly, näden nämeden başlajagyny bilmän, ýaýdanjyrady durdy. Ol barmana garaşylmadyk ýagdaýda Söýliniň özi Baýsähediň gözlerine gaharly didelerini dikdi:
— Baýsähet, sen maňa ýekeje zady aýt, näme üçin beýtdiň?
Ol aňk-taňk bolup durşuna oňa gar- şylyklaýyn sowal berdi:
— Men näme edipmişim?
Söýli gözüniň ýaşyny süpürip durşu- na parahat gürlemäge çalyşdy:
— Wah, gepem şonda-da. Sen hiç zat etmediň-dä. Hat ýazmajak bolsaň, «Ýazaryn, garaş» diýmek nämä gerekdi?
Bu sözlerden soň-a Baýsähet halys ugur-utgany ýitirdi.
— O nähili ýazmanmyşym? Baran günümden işim saňa hat ýazmak bold-a! Men senden başga zat barada pikir edibilmesem näme? Gaýtam-a sen maňa özüňiň näme üçin jogap ýazmandygyňy düşündir.
Gürrüňiň öwrüm alşyndan bir üýtgeşikligi syzan Söýli Baýsähediň ýüzüne gönüläp bakdy.
— Baýsähet, sen näme diýýäň? Ýa, özüňi aklajak bolup…
— Men näme üçin özümi aklaýyn, Söýli? Ýazan hatlarym üçinmi?
— Ýazan hatlarym? Sen näme, maňa hat ýazdyňmy?
— Näme, sen ol hatlary alamok diýjek bolýaňmy?
— Seň ýazanyň çynyň bolsa, meniň almadygym-a çyn.
Eger şol pursat ýüzüne dikanlanlygynda Söýli Baýsähediň nähili duýgulary başdan geçirýänligine-de düşünmezdi. Ýöne, garaňkylyk ýigidi halas etdi. Sebäbi şol pursat başyndan geçirýän ahwalyna Baýsähediň özi-de düşünip bilenokdy. Ol öz hatlarynyň Söýlä ýetmändigine begenjeginem bilenokdy, gynanjagynam.
— Söýli, sen dogrudanam, meniň ýazan hatlarymyň birinem almadyňmy?
— Alamok diýýän-ä. Ynanaý, bir hatam alamok senden.
— Beh, ýöne, ýaňy Agadurdy meň hatlarymy agzadam-a.
— Agadurdymy? Sen şoňa iberdiňmi maňa ýazan hatlaryňy?
— Hawa, gitmänkäm şeýtjegimi aýtdym-a.
— Onsoň? Ol alypmy hatlaryňy?
— Aý, ol indi hökmanam däl-le. Seniň şol hatlary almadygyň çynyň bolsa bolýar. Söýliniň bolýan zatlara düşünjek bolup, gürrüňiň yzyna howlugyp garaşýanyny bilse-de, ýöne, oňa ýagdaýy düşündirip biljegine ynamy bolmansoň, Baýsähet esli ýoly sesini çykarman gitdi.
— Bäh, ind-ä, dogrusy, käbir zatlara düşünjegem bolup barýan.
— Nämä düşünjek bolýaň? Düşnükliräk aýdaý-a indi, näme boldy?
— Hatlaryň näme üçin saňa ýetmänligine düşünjek bolýan.
— Onuň nämesi düşnüksizmişin? Hamana, sen şol hatlary ýazanam ekeniň-dä. Agadurdy meniň ol hatlara nähili garaşýanymdan habarlydyr-a.
— Gepem seň şol hatlara garaşanlygyňda-da.
— Näme? Agadurdy…
— Hawa, hatlary ol özünde saklan bolmaly. Gullugy tamamlap gelenimden soň soranymda: «Gelen hatlar-a gowşurdym» diýse-de, birhili, oňa ynanasym gelmedi. Ýöne, bu meselede edil beýdäýerem öýtmedim. Indi pikir edip görýän welin... Iki terezide iki söýgi goýlanda özüňki tarapyň agyr gelmegi geň ýagdaý däl-dä...
— Goýsana, birine beýle günä ýükläýmek gelşiksiz-ä.
— Ýok, bar günä mende. Esasy zat, sen maňa ynansaň bolýa. Sen maňa ynanýansyň-a, Söýli?
— Edil şu wagt-a şu sowalyňa jogap beribem biljekgä.
Olar esli wagtlap seslerini çykarman gitdiler. Sebäbi bu pursat olaryň ikisinde-de pikir edere zat kändi.
Öýlerine golaýlaberenlerinde Söýli sägindi.
— Bolýa onda, Baýsähet, sag bol!
— Biz ýene gabatlaşyp bileris-ä?
Söýli baş atdy.
— Men birigün gitmekçi.
— Onda ertire çenli ýaňky sowalyma jogabyňy taýynlajak bol, bolýamy?
— Haýsy sowalyňa?
— Maňa ynanyp-ynanmaýanlygyň baradaky…
* * *
Söýliniň ýanyndan gaýdansoň Baýsähet ýolboýy pikire çümdi bardy. Ol Söýli bilen uzak aýralykdan soňky boljak gürrüňden nähili netijä garaşsa-da, edil, beýle-beýle zatlary kellesine-de getirmändi. Iň soňky hat sebäpli Söýliniň öňünde özüni aklamaly bolaýan- da taýýarlap goýan sözleriniň birinem ulanmaly bolmandygy üçin minneti hut, Agadurdydan çekmeli bolaryn diýib-ä ol pikirem etmändi.
Dogrudanam, Agadurdy özi-de bilmezden yşk ýolundaky esasy garşydaşy bolan Baýsähede çyn dostuň ýagşylygyny edipdi. «Gör-ä, bu bolýan zatlary» diýip, öz-özi bilen gürleşip barşyna, Baýsähet iň soňky, hoşlaşyk hatynda ýazan, şunça wagtlabam örtenipler gaýtalaý-gaýtalaý, halys ýat tutan sözlerini hakyda- syna getirdi: «Söýginiň tagamy gadyryny bilenler üçin süýji. Onuň ezýetine hem jebrine düşünenlere täsir edýär. Saňa şolaryň ikisiniňem ýatdygyny bilen bolsam iň bolmanda arassa söýgimiň hormatyna şu çaka çenli ýollan hatlarymyň birini-de ýazmazdym. Meni indi ýalňyz örteýän zat — menden baran hatlary okap, hondanbäri bolup, gülüp oturyşyňy göz öňüme getirmek. Şonuň üçinem saňa hoşlaşyk sözlerinem aýdasym gelenok. Ýöne şonda-da ynanaý, men seniň diňe bagtly bolmagyňy arzuw edýän».
…Baýsähediň ýazan hatynyň özüne gowuşmazlygynda Agadurdynyň eli- niň bolup biljekdigine Söýli sähelçe-de ikirjiňlenmedi. Ýöne Baýsähetden gelen sansyz hatly bukjalaryň soňkusynyň içinde nähili syryň gizlenip ýatandygyndan edil Söýliniň habarsyz bolşy ýaly, Agadurdy-da habarsyzdy. Şol gezegem ol, hemişekileri ýaly, «söýgüsini halas edýändigine» ýürekden ynanyp, esgerden gelen soňky haty ýyrtyp, özüniň däl-de Baýsähediň söýgüsini halas edýändigini aňyna-da getirmändi…
Myrat HUDAÝGULYÝEW.
Hekaýalar