20:29 "Sahna - zehiniñ ölçeg terezisi" | |
AŞYRMUHAMMET RAHMANOW: «SAHNA — ZEHINIŇ ÖLÇEG TEREZISI»
Teatr we kino sungaty
Türkmenistanyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň öňde goýýan maksatlary dogrusynda söhbet «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz özüniň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeler toplumy kesgitleýär. Öňde goýlan maksatlaryň hatarynda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan diňe ykdysady babatda däl-de, eýsem, ruhy we medeni babatda kuwwatly ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmak, toplumlaýyn özgertmeleri geçirmegiň barşynda bu ulgamyň ornuny güýçlendirmek, sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmak we olary halkara bileleşige tanyşdyrmak, daşary ýurtly kärdeşleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri dowam etmek ýaly wezipeler bar. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz soňky ýyllarda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny netijeli peýdalanmagyň, halkymyzyň mirasyny we taryhyny giňden wagyz etmegiň möhümdigini hem hemişe belleýär. Bu babatda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda, edebiýatda, sungatda, döredijilik adamlarynyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp özgerişlikleri näçe mysal getirseň getirip oturmaly. Her bir ýylyň bir joşgunly şygar bilen atlandyrylmagynyň, ýylyň dowamynda ýylyň ady bilen baglanyşykly uly-uly işleriň durmuşa geçirilmeginiň hem hut Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşdyran täzeçillikleriniň biridigini ýatlamagyň özi-de ähli ulgamlarda, şol sanda medeniýetde, sungatda amala aşyrylýan işleriň çuňluklaryna nazar aýlamak üçin ýeterlik bolsa gerek. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly hem ähli döredijilik işgärleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň teatr işgärleriniň-de ylhamyna ylham goşdy. Bu babatda Türkmenistanyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylan işler, öňümizdäki ýylda durmuşa geçirmek göz öňüne tutulan maksatlar dogrusynda teatryň baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Rahmanow bilen söhbetdeş bolduk. — Gürrüňimiziň başynda geçen ýylky edilen işlere gysgaça nazar aýlaýsak. — Biz — teatr işgärleri üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri sözüň doly manysynda döredijiligiň, öndürijiligiň möwç alýan döwrüne öwrüldi. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyrylan spektakllaryň many-mazmun taýdan dürli-dürlüligine üns bermegem ýeterlik. Bu bolsa teatr işgärleriniň öz öňünde giň gerimli maksatlary goýup işleýändigini, munuň üçin bolsa giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňümizde goýýan borçlary bize ymtylyş berse, ajaýyp eserleri ylham baýlygy bolup bizi öňe sary alyp gidýär. INe, geçen ýylyň mysalynda şu aýdylanlara nazar aýlasagam ýurdumyzyň teatrlarynyň diýseň öndürijilikli işländigine göz ýetirip bolar. Esasy bellemeli zat bolsa geçen ýylda “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly teatr festiwalynyň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilmegidir. Biz hem bu festiwala “Ýüreklere ýol” atly spektaklymyz bilen gatnaşdyk. Onuň edebi esasyny Maksat Hudaýgulyýew bilen bilelikde ýazdyk. Režissýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Natali Laukert. Bu spektaklyň özeninde Gahryman Arkdagymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň dost-doganlyk ýoludygy baradaky pelsepewi pikirleri ýatyr. Her bir çeper eseriň aňyrsynda awtoryň aýtjak bolýan pikiri bolýar. Biz hem şu sahna eserimiziň üsti bilen şol gadymy ýola Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen täze ömür bagyşlanýandygyny aýtmak isledik. Bu spektaklyň hut şeýle uly festiwalda halkymyza ýetirilmegi bolsa biz üçin uly utuş. Sebäbi festiwal ylham paýlaýan, döredijilikli söhbetleriň guralýan meýdany. Festiwala ýurdumyzyň çar künjünden ýygnanan kärdeşlerimiz bilen duşuşyp, pikir alyşmak diýseň täsirli boldy. Onsoň öz sahnalaşdyran spektaklyň barada birbada şeýle köp sanly sungat ussatlarynyň pikirini bilmek mümkinçiliginiň döredilmegi diýseň utuşly ýagdaý. Iň begendirýän ýagdaý bolsa şeýle festiwalyň indi ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilip duruljakdygydyr. Şol festiwalda teatrymyzyň artisti Kerim Ataýewiň «Döredijilik gözlegleri üçin» diýen ýörite baýraga mynasyp bolmagy hem edilen işiň uly bahasy diýip düşünýäris. Şonuň ýaly-da geçen ýylyň dowamynda Şarl Pýerronyň «Gyzyl şyrdajyk» atly eserini ýaş režissýorymyz Arslan Berdiýew sahnalaşdyrdy. Bulardan başga-da teatrymyzyň döredijilik topary tarapyndan Žan Batist Molýeriň «Biygtyýar tebip bolan» we Prosper Merimeniň «Ah, gara gözler» atly eserleri esasynda-da spektakllar sahnalaşdyrylyp, halka ýetirildi. — Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň iň bir çet künjeklerinde-de medeniýetiň, sungatyň, sportuň ösdürilmegine ägirt uly üns gönükdirýär. Şol işlere teatryňyzyň seslenişi dogrusynda-da aýdaýsaňyz? — Elbetde, döredijiligimizde-de şeýle eserlere ýüzlenmäge çalyşýarys, ýöne, bu babatda ýurdumyzyň çar künjegine guraýan döredijilik saparlarymyzyň ähmiýetiniň uludygyna-da biz ýerlerde bolanymyzda göz ýetirýäris. Merkezi teatrlaryň ol ýerlerde bolup, sahna görkezmeklerini tomaşaçylar uly bir waka hökmünde kabul edýärler. Bularyň aňyrsynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň biz üçin döredýän çäksiz mümkinçilikleri dur. Geçen ýylyň dowamynda biz Balkan welaýatynda olup Reşat Nuri Guntekiniň «Amanat giýew», N.Ptuşkinanyň «Gitme», M.Worfolomeýewiň «Päk we günäli», O.Rozumyň «Basgançagyň astynda kim ýaşaýar» we rus halk ertekisi esasynda M.Sadowskiniň «Maşa we aýy», Şarl Pýerronyň «Gyzyl şyrdajyk» atly spektakly görkezildi. «Ýüreklere ýol» atly spektaklymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy bolsa döredijilik toparymyzyň geçen ýylyň dowamynda çeken yhlasly zähmetine berlen uly bahadyr. — Her bir döredijilik işgäri öňünde belli bir maksatlary goýup işleýär. Siziň teatryňyzyň döredijilik toparynyň şu ýylky maksatlary dogrusynda bilmek diňleýjilerimiz üçin gyzykly bolsa gerek. — Elbetde, maksat islendik ynsanda, şol sanda döredijilik adamsynda-da öňe ymtylyşy kemala getirýär. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrymyzyň döredijilik topary hem hemişe döwrüň sesine ses goşýan eserler bilen bir hatarda dünýä edebiýatynyň, sungatynyň wekilleriniň eserlerini sahnalaşdyryp halka ýetirmegi maksat edinip zähmet çekýär. Elbetde bu bolsa teatrymyzyň tomaşa zallarynyň hemişe dolup durmagynyň ilkinji sebäbi bolup durýar. Nesip bolsa hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýip yglan eden ýylynda-da döredijilik toparymyz bilen täze-täze spektakllary tomaşaçylara hödürlemegi maksat edinýäris. Olardan ilkinji nobatda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda Maksat Hudaýgulyýew bilen bilelikde ýazan “Ene ýüregi” atly eserimizi sahnalaşdyrmagy maksat edinýäris. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu spektaklyň içinden Gahryman Arkadagymyzyň ene hakdaky beýik pelsepesi eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň ýaly-da şu ýylyň ilkinji ýarymynda Baýram Abdyllaýewiň «Bagt paýlanýan öý» atly spektaklyny-da täzeden işläp, halka ýetirmekçi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary, öňdengörüjiligi biz — teatr işgärlerine uly-uly peşgeşleri bagyş edýär. Ine, şu ýyl halkara derejesinde, Türksoý bilen bilelikde geçiriljek teatr festiwaly hem biziň döredijilik mümkinçiliklerimizi giňeltmegimizde bahasyna ýetip bolmajak waka öwrüler. Ine, şu festiwala-da biz A.P.Çehowyň «Çarlak» atly eseri esasynda spektakly taýynlamagy göz öňünde tutýarys. BUlardan başga-da şu ýyl biz A.Wolodiniň «Bäş agşam», Eduard Uspenskiniň «Prostokwaşinoly üçler» atly eserleri esasynda goýlan oýunlarymyz bilen hem tomaşaçylary begendirmegi göz öňünde tutýarys. Elbetde bu sananlaryň içinde üstüňde işlenip ýörleni-de bar, ähli işleri öňde duranlary-da bar, ýöne, ýaňky aýdyşymyz ýaly, esasy zat — öňde anyk maksatlary goýmak. Sahna — biz — teatr işgärleri üçin zähmetimiziň ölçeg terezisi. Nesip bolsa şol maksatlarymyzy amala aşyryp halkymyzy gowy-gowy spektakllar bilen begendirip bilsek Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerine mynasyp jogap berdigimiz bolardy. — Aşyrmuhammet aga, maksatlaryňyz myrat tapyp, döredijilik toparyňyzyň yhlasly zähmetiniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň tutuş dowamynda-da tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagyny arzuw edýäris. — Sag boluň! Bize şeýle mümkinçlikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! Biz hormatly Prezidentimiziň medeniýet, sungat işgärleri üçin döredýän mümkinçiliklerinden ruhlanyp, geljekde-de täze-täze sahna eserlerini halkymyza ýetirip durarys. Myrat HUDAÝGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |