20:59 Täze "Müneçjim" | |
TÄZE «MÜNEÇJIM»
Teatr we kino sungaty
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ajaýyp özgerişlikleri ýurdumyzyň teatr işgärleriniň-de ylhamyna ylham goşýar. Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary hem golaýda «Müneçjim» atly iki görnüşli komediýany tomaşaçylara hödürledi. Jora Hudaýberdiýewiň «Müň bir gije» atly gündogaryň meşhur hekaýatlary esasynda ýazan eserini Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew sahnalaşdyrypdyr. Ýeri gelende «Müneçjimiň» bu teatryň sahnasynda mundan birnäçe ýyl öň hem görkezilendigini, ýöne onuň täze görnüşde dikeldilip, tomaşaça ýetirilendigini-de bellemek gerek. — «Müneçjim» islendik ýaşdaky tomaşaçyny-da özüne çekip bilýän gülküli, şol bir wagtyň özünde-de, çuňňur pikirlenmäge mejbur edýän pursatlara eýlenen komediýa — diýip, spektaklda esasy keşpleriň birini — müneçjimiň ýanýoldaşy Umeýdanyň keşbini janlandyran artist Göwher Muhammetgulyýewa spektaklyň görkezilişinden soň gysgaça söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi. — Teatrymyzyň sahnasyna dolanyp gelen bu spektakl täzeden dikeldilende, režissýorymyz turuwbaşdan ony düýbünden täze görnüşde halka ýetirmek pikirinden ugur aldy. Muny tomaşaçy sahna eseriniň başlanan ilkinji pursadyndan başlap, ähli wakada, şol sanda, Batyr Bekmyradowyň ýerine ýetiren sahna bezeginde-de, Mämmet Hydyrowyň döredijilik ylhamyndan kemal tapan saz bezeginde-de görüp, duýup bilýär. Şeýle eserleriň sahna üsti bilen halka ýetirilmegi tomaşaçynyňam, döredijilik toparynyňam peýdasyna diýesim gelýär. Sebäbi onuň aňyrsynda tutuş gündogar halklaryna mahsus pelsepe ýordumy bar. Her bir keşp — özboluşly dünýä. Režissýorymyzam, ilkinji nobatda, spektakla gatnaşýan her bir artistden şol keşpleriň dünýäsini doly açyp görkezmegi talap etdi. Döredijilik toparynyň yhlasy ýerine düşendir diýip tama edýäris. Hawa, söhbetdeşimiň aýdyşy ýaly, döredijilik toparynyň yhlasynyň ýerine düşendigini tomaşa zalyndan çykyp gelýän ildeşlerimiziň özlerinde galan täsirleri tolgunmak bilen paýlaşyşlaryndan hem aňyp bolýar. Durşuna diýen ýaly gülküli pursatlara beslenen spektaklda baş keşbi — müneçjimiň keşbini Hoja Saparow ýerine ýetiripdir. Şonuň ýaly-da, spektaklda müneçjimiň aýaly Umeýdanyň jigileri — Selimdir Halymyň keşpleri-de diýseň şowly çykypdyr. Ýeňiş Nazarowdyr Akmyrat Annamyradowyň janlandyran bu keşplerini režissýor esasy gahrymanlaryň häsiýetlerini, özboluşlylygyny açyp görkezmekde şowly ulanmagy başarypdyr. Şeýle-de spektaklda weziriň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Hanmämmedow, Şährizadanyň keşbini Gülaýym Annameňliýewa, Şähriýar patyşanyň keşbini bolsa Maksat Saparow ussatlyk bilen döretmegi başarypdyr. Hawa, sahna — gyzykly, jadyly dünýä. Ol jadyly dünýä aralaşýanlaryň — tomaşaçylaryň sanynyň köp bolmagy bolsa teatryň döredijilik toparynyň gözleglerine, ussatlygyna bagly. Biz hem Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik toparyna mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýäris. Myrat HUDAÝGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |