21:03 "Millilik - iñ gowy bezeg" | |
PERHAT HUDAÝBERENOW: — MILLILIK — IŇ GOWY BEZEG
Teatr we kino sungaty
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işi barada söhbet Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, taryhy nukdaýnazardan örän gysga wagtda amala aşyrylan, şeýle-de amala aşyrylmaga ugur alnan juda köp sanly işleri, ösüşleri, özgerişleri seriňde aýlanyňda her bir geçilen günüň ajaýyplygy, gadyr-gymmaty has aýdyň görünýär. Çünki ajaýyp zamanamyz ykbal çözüji pursatlara baý bolmak bilen, halkymyzyň garaşsyz ösüşiniň täze belentligini kesgitläp, ýurdy öňe batly gadamlar bilen alyp gitmek üçin örän zerur özgertmeleri amala aşyrmagyň, täze belentliklere ýetmegiň döwri bolup, halk hakydasynyň nurly sahypasy öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçilen ýola nazar aýlanyňda onuň ähli babatda diýseň ägirt gymmatlyga eýedigini biz her bir ýetilýän sepgidiň kalba berýän egsilmez joşgunyndanam görýäris. Medeniýet, sungat babatda alnanda bolsa bu joşgun esseläp artýar. Ine, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň režissýory Perhat Hudaýberenow bilen gürrüňdeşligimiziň dowamynda-da ajaýyp zamanamyzda medeniýetiň, sungatyň ýeten täze belentlikleri, ýurdumyzyň teatr durmuşyndaky özgertmeler barada pikir alyşdyk. Söhbetimiziň başy bolsa bu teatryň sahnasynda soňky ýyllarda «dünýä inen» gahrymanlar we olary döretmekde yhlasyny siňdirenler hakdaky gürrüňe syrykdy. — Her ýyl türkmen teatr işgärleriniň durmuşynda milli Liderimiziň sahawaty bilen täzeçillikler bolup dur. Köşgi-eýwanlary ýada salýan binada mekan tutan teatrymyzyň döredijilik toparynyň durmuşynda-da ajaýyp zamanamyzda ýatdan çykmajak wakalar yzygiderli bolup dur. Ine, geçen ýyl hem şolar ýaly ýatda galyjy wakalara diýseň baý boldy. Ýylyň dowamynda biz tomaşaçylara «Daýahatyn», «Saňa ýalan, maňa çyn» (Awtory we režissýory Gaýyp Jumaýew), «Iki hojaýynyň hyzmatkäri» (režissýory M. Jumabaýew), «Aýazbabanyň sowgatlary» (Edebi esasy Öwez Galandarowyňky, režissýory Gayýp Jumaýew) atly spektakllary hödürledik. Ol spektakllar Akjagül Suhanowa, Babageldi Rejebow, Jelaleddin Sultyýew, Babamyrat Aşyrow, Döwran Joraýew, Leýla Rahmanowa ýaly artistlerimiziň yhlasy bilen tomaşaçylar tarapyndan diýseň gyzgyn garşylandy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwaly geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň teatr işgärleriniň durmuşynda ýatda galyjy pursatlaryň köp sanlysyny goýup gitdi. Şol festiwal bilen baglanyşdyryp «ýatda galyjy» diýen sözleri öz durmuşym bilen baglanyşykly-da aýdyp bilerin. Ýagny Şöhrat Maşarykowyň — edebi eseri esasynda sahnalaşdyran «Daýahatyn» atly spektaklymyz üçin bu festiwalda «Iň gowy režissura üçin» diýen baýraga mynasyp boldum. Şonuň ýaly-da spektaklda Daýahatynyň keşbini janlandyran ýaş artistimiz Umyda Hamraýewa bu festiwalda «Iň ýaş zehin üçin» diýen ýörite baýraga mynasyp boldy. — Soňky ýyllarda ýurdumyzyň teatrlarynyň daşary ýurtlara döredijilik saparlarynyň yzygiderli guralyp durmagy asylly däbe öwrüldi. «Daýahatynyň» Täjigistanda görkezilişi barada gysgaça gürüň edäýsek. — Bu spektakl hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda beýanyny tapýan Daýahatyn rowaýaty esasynda sahnalaşdyryldy. Oýnuň süňňüni türkmen zenanynyň ruhuna mahsus bolan gymmatlyklaryň — maşgala ojagyna, ýan-ýoldaşyna wepalylyk, asyllylyk ýaly aýratynlyklaryň beýany düzýär. Daýahatynyň merdemsi keşbi rowaýatyň üsti bilen iň bir gowy gylyk-häsiýetleri ündeýär, ine, Umyda Hamraýewa-da ýaşdygyna garamazdan döreden keşbiniň üsti bilen aýdyljak bolýan pikirleri tomaşaçylara ökdelik bilen ýetirmegi başardy. Şeýle-de bu spektaklda Ekberiň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejebow, Serwigül enäniň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa, Selimhanyň keşbini Jelaleddin Sultyýew ýerine ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň milli sungatymyzyň, medeniýetimiziň ösmegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde geçen ýyl Türkmenistanyň Täjigistan respublikasyndaky medeniýet günleriniň çäklerinde Duşenbe şäheriniň A. Lahuty adyndaky teatrynda «Daýahatyn» spektaklymyzy täjik tomaşaçylaryna görkezmek miýesser etdi. Elbetde, şeýle döredijilik saparlarynyň köptaraplaýyn bähbidi barada näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Sebäbi munuň özi iki halkyň milli gymmatlyklarynyň özboluşly duşuşygy. Şonuň bilen bir wagtda-da sungat, medeniýet işgärleri üçin özboluşly mekdep. Sebäbi dili başga tomaşaçynyň öňünde çykyş edeniňde oňa aýtjak bolýan zadyňy diňe bir söz arkaly däl-de, esasan hereketleriň, sahnada özüňi alyp barmak ukyp-başarnygyň arkaly ýetirmelidigi sende jogapkärçiligi goşalandyrýar. Artistiňem, režissýoryňam öz-özünden talabedijiligini ýokarlandyrýar. Ýöne, alyp giden eseriň aňyrsynda umman ýaly çuň many-mazmunyň ýatandygy bu işde saňa uly goldaw bolýan ekeni. Umuman milli aýratynlyklar tomaşaçyny özüne çekýär. Aslynda, millilik — iň gowy bezegmikä diýýän özüm-ä. Ýöne, onuň bilen iş bitäýenok-da. Birbada milli gymmatlygyň bilen tomaşaçyny özüňe ýakyn getireňsoň, ukyp başarnygyň, sahna ussatlygyň bilen oýnuň ahyryna çenli onuň ünsüni özüňde saklamagy başarmaly. Ine, Täjigistanyň paýtagtyndaky çykyşymyzdan soň ýerli tomaşaçylaryň, medeniýet, sungat işgärleriniň uly joşgun bilen aýdanlary artistlerimiziň bu wezipäni amal edendiginiň özboluşly subutnamasy boldy. Spektakldan soňky pikir alyşmalarda ýerli sungat işgärleriniň, bilermenleriniň, hatda taryhçylarynyň-da bize Watanymyzdaky taryhy ýerler, taryhy şahsyýetler barada beren sowallary milli gymmatlyklarymyzyň dünýä çykarylmagynyň ähmiýetiniň diýseň uludygynyň durmuşy subutnamasy bolup hakydama hemişelik ýazyldy. Ine, hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyza ýüzlenmelidigimiz barada yzygiderli edýän sargytlarynyň aňyrsynda-da şular dur. Sebäbi biz ol gymmatlyklarymyzy esasan sungatyň üsti bilen dünýä halklaryna ýetirmeli, şonuň ýaly-da geljekki nesillerimize-de şu günüň gymmatlyklaryny ýetirjek esasy çeşmeleriň biri sungat, edebiýat. Ine, şeýlelikde Täjigistandaky çykyşymyzdan galan täsirler režissýor hökmünde geljekki maksatlarymyň özenini düzdi. — Sungat ojaklarynyň, teatrlaryň halka mümkingadar ýakynlaşmagy barada hormatly Prezidentimiz hemişe nygtaýar. Bu babatda ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik saparlarynyň yzygiderli guralyp durulmagy bellärliklidir. Gazetimiziň şu sany siziň teatryňyzyň paýtagtymyzdaky döredijilik saparynyň dowam edýän günlerinde okyjylara gowuşýar. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň paýtagtly tomaşaçylara hödürleýän spektakllary barada bilmek elbetde okyjylarymyz üçin gyzyklydyr. — Hawa, soňky döwürde şeýle iş saparlaryny yzygiderli gurnap durmak diýseň oňyn däpleriň birine öwrüldi. Sebäbi paýtagtymyzyň teatrlarynyň welaýatlara döredijilik saparlarynyň guralmagynyň täsirini aýratyn nygtap oturasy iş ýokmuka diýýärin. Paýtagtda welaýat teatrlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilmegi hem diýseň täsirli. Ine, aprel aýynyň 14-inden paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda biz Şekspiriň «Romeo we Jullýetta» atly eseri esasynda sahnalaşdyran espektaklymyzy paýtagtly tomaşaçylara görkezýäris. Paýtagtyň talapkär tomaşaçylary bilen spektakllaryň görkezilişine uly-uly sungat ussatlarynyň, halypalaryň hem geljekdigi elbetde, bizde diýseň tolgundyryjy duýgulary döredýär. Bu teatrdaky çykyşlarymyz aýyň 17-sine çenli dowam edip, şondan soň döredijilik saparymyzyň çäklerindäki çykyşlarymyz Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda dowam eder. Bu teatryň sahnasynda biz tomaşaçylara gülküli, gysgajyk sahnalarymyzy hödürläris. Biziň çykyşlarymyz tomaşaçylaryň göwnünden turup, olarda ýakymly täsirler galdyrar diýen tama bilen pursatdan peýdalanyp ildeşlerimizi oýunlarymyza tomaşa etmäge çagyrýarys. — Döredijilik barada gürrüň edilende edilen işler bilen bir hatarda ýakyn geljekdäki maksatlar barada hem hökman söz açaýmaly. Sebäbi maksat — bizi öňe sary alyp gidýän güýç. Teatrlaryň ýakyn geljekdäki maksatlary hem elbetde, täze-täze spektakllar bilen baglanyşykly. Şonuň üçinem sowaly ýönekeýleşdirägede «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzyň dowamynda tomaşaçylaryň teatryňyza gelip, sahnada nähili täze oýunlary görüp biljekdigini soraýaýyn?! — Hakykatdanam maksatlar biziň kalbymyzda täze-täze etsem-petsemleri şineledýär, olaryň ahyryna çenli durmuşa geçirilmegine ymtylyşy döredýär, şol ýoluň ugrunda güýç-kuwwat berýär. Teatr diýlende-hä, näme, «Gämiçiniň jany bir» diýlişi ýaly, edýän işimiziň miweleriniň näderejede datly bolmagy tutuş döredijilik toparymyzyň yhlas-başarnygyna bagly. Döredijilik adamsy üçin ruhy joşgun esasy hereketlendiriji güýç bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ajaýyp syýasaty ýurdumyzyň her bir döredijilik işgäriniň kalbyna ganat bolýar. Ine, şol ganat hem bizi uly-uly sepgitleri amal etmäge ruhlandyrýar. Bu ajaýyp zamanamyzda edilen işiň gadrynyň näderejede bilinýändigini bolsa geçen ýylyň dowamynda gördük. Onsoň şolar ýaly joşgunyň netijesiniň täze-täze spektakllar görnüşdäki miweleriniň bol bolmagy kanunalaýyk ýagdaý. Tomaşaçylara täze-täze sahna oýunlarynyň birnäçesini hödürlemegiň maksadynda ýylyň başyndan bäri teatrymyzyň döredijilik işgärleri billerini berk guşap zähmet çekýärler. Ine, şolaryň hatarynda ýazyjy Maksat Hudaýgulyýewiň edebi eseri esasynda Gaýyp Jumaýewiň sahnalaşdyryp ýören «Sogap» atly spektaklyny ýakyn wagtda tomaşaçylara hödürlemekçi. Bu spektaklda teatrymyzyň Taýly Allaberdiýew, Nurjahan Jumagulyýewa, Gülälek Şaýmerdanowa, Ýagşygeldi Aşyrow, Babamyrat Gurbandurdyýew, Gülbahar Gurbangulyýewa, Akmyrat Jumageldiýew, Wepa Sadykow, Çary Eýeberenow, Batyr Ýazow ýaly tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan artistleri keşpleri janlandyrýarlar. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak bilen bir hatarda daşary ýurt edebiýatynyň, sungatynyň wekilleriniň eserleriniň halkymyza yzygiderli ýetirilip durulmagy babatda hem öz çykyşlarynda yzygiderli nygtap geçýär. Ine, bu babatda biziň teatrymyzda hem yzygiderli işleri alyp barmak göz öňüne tutulýar. Şu ýylyň dowamynda-da şeýle spektakllary sahnalaşdyryp tomaşaça ýetirmek babatda hem öz öňümizde wezipe goýduk. Şonuň netijesinde biz ýakyn wagtda tomaşaçylara Aleksandr Wampilowyň «Myhmanhanadaky başagaýlyk» atly spektaklyny hödürlemegi maksat edinýäris. Şeýle-de režissýorymyz Nurýagdy Döwletowyň tatar dramaturgy Tufon Mingiulliniň edebi eseri esasynda sahnalaşdyrjak «Bir gyza dört aşyk» atly oýny hem tomaşaçylaryň söýgüli spektakllarynyň birine öwrüler diýip tama edýäris. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri, bize peşgeş edýän gymmaty öçmejek kitaplary her bir döredijilik adamsy üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän eserler esasynda teatrymyzyň sahnasynda häzirki wagta çenli birnäçe spektakllar sahnalaşdyryldy. Bu asylly däbi şu ýyl hem dowam etdirip, hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda gürrüňi edilýän Şükür bagşy barada spektakly teatrymyzyň sahnasynda goýmagy maksat edinýäris. Umuman teatrymyzyň döredijilik topary hemişe gözlegde, nesip bolsa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň tutuş dowamynda-da hormatly Prezidentimiziň medeniýet, sungat işgärleriniň öňüňde goýýan wezipelerine amal etmek üçin yhlas-başarnygymyzy döredijilige, mukaddes sahna sarp edip zähmet çekeris. Bize işlemäge, döretmäge şeýle uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, täzeçilliklerden doly tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. — Perhat, arzuwlaryňyzyň myrat tapmagyny, döredijilikde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny, sahnaňyzda täze-täze spektakllaryň yzygiderli goýlup durlup, tomaşa zallaryňyzyň hem hemişe doly bolmagyny arzuw edýäris! — Sag boluň! Myrat HUDAÝGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |