20:14 Kindiwanja kyssalar | |
Kindiwanja kyssalar
Hekaýalar
■ DÜWÜNÇEK Çagakak, öýümize enemiň gelmegi uly bir şatlyk-şowhun dörederdi. Onuň gelmeginiň iň gyzykly ýeri — ullakan akja torbasynyň açylyp, içinden biz üçin niýetlenilip getirilen, bolşuna, ýagdaýynyň ýetdigine göräjik taýýarlanan sowgat-salamlaryň çykyp ugramagydyr. Sowgat diýip näme, setanda-seýranda bolaýmasa, üýtgeşik bir oýunjak-beýleki-hä çykmaz welin, «ak kökedir» pampazalardan welin şol düwünçek bize hökman eçiläýmelidir. «Sowgat paýlanyşygyň» iň tolgundyryjy ýerem gözjagazymyzy tegeleşip, düwünçekden çykjak zada garaşmakdyr. Ondan nämäniň çykýandygyna garamazdan, biziň ählimizem gara çynymyz bilen begenişip bökjekleşerdik. Aňyrsynda hiç hili ýasamalyk bolmadyk, kir-kimirsiz duýgularyň dünýäsinde başagaý bolup ýörşümize, enemiziň şol zatlardan özümizden-de telim esse köp lezzet alýandygy barada welin çagalyk badyhowalygy bilen pikir edendirisem öýdemok. Bir günem enemiň gelmesi galdy. Ol düwünçegini-zadynam goýdy-da, özündenem ulularyň arasyna hemişelik göç etdi. Şonda jydalyk gürzüsiniň duýdansyz urgusyna saňsar bolup oturyşyma, bu bazygär dünýäni eneme meňzeş eli düwünçekli garra meňzetdim. Içinden çykýan zatlar meňzemese-de, olarda bir umumylyk bar — onuň nämeler çykarjagyny tä gözüňe dürtülýänçä bilmänjik galýaň. Ýene birmeňzeş ýerem, onuň görkezen zadyna gözüň düşensoň, döredýän duýgularyny süňňüňden geçireniňde, hereketleriňde, bolşuňda ýasamalyga, ýalana sähelçejigem orun bolmaýar. Begenseňem, gynansaňam, edil çaga ýaly, ýürekden edýäň. Enem gelmese-de, duýdansyzlyk düwünçegini egnine atyp, durmuş soňam telim ýola bizden «habar tutup» gitdi. Her gezek gelende-de, enemiň giden ýerindäkileriň sany artdy bardy. ■ SOWGAT Çagalykda bir gowulyk edip, berekellasyna mynasyp bolsak, kakam bizi etrap merkezine gezelenje alyp giderdi. Gezelenç diýip, uly bir waka-ha ýokdur. Bir-ä Aşot daýynyň emelsizje edip gurlan, aňry-bäri satýan hütdüjeginiň — dükanynyň ýanyndaky bassyrma baryp, doňdurma iýersiň. Doňdurma gutarandanam, Jümmi daýzanyň «gyzyl suw» satýan ýerine tarap eňersiň. Bu zatlar biz üçin baýramçylyga berimsiz şatlyk dörederdi. Şonuň üçinem islendik şowlulygymyza, ilkinji nobatda, kakamyň yzyna düşüp etrap merkezine gitjekdigimizi göz öňümize getirip begenerdik. Aradan wagtyň geçmegi bilen, ol gezelençleriň gyzygy gaçyp ugrady. Bu ýagdaý, ilki bilen, iň uly aýal doganymda bildirdi. Entek özümizde beýle ýagdaý duýdurmansoň, onuň gezelençden ýüz öwürmegine hem-ä diýseň geň galypdyk, hemem şeýle hezillikden öz erkine çekilmeginiň sebäbine, näçe kelle döwsegem, akyl ýetirip bilmändik. Ýöne soň-soň bu ýagdaý adaty bir zada öwrüldi gitdi. Aradan ýene biraz wagt geçensoň, ikinji aýal doganymam şol hereketi gaýtalady. Käte bir meniň iňirdilerime çydaman gidäýmese, ol, ýagdaýyny tapsa, gezelençden galanyny kem görmezdi. Ýöne şondan kän wagt geçmän, mende-de bir üýtgeşiklik peýda bolup başlady. Gezelenje kakamyň yzyna düşüp däl-de, özbaşdak, deň-duşlarym bilen gidenim has gyzykly ýaly bolup görnüp ugrady. Soňlugy bilenem munuň hut şeýledigini dolulygyna boýun aldym. Şeýdip, öňler ýetip bilmeýän hezilligimize meniňem höwesimiň gaçmagy ol gezelençlerimiziň nokadyny goýdy. Indi-indi pikir edip otursam, ondan iň soňky ýüz öwrenem kakam bolan eken. Her hepdäniň ahyrynda, gezekli-gezegine baryp, kakama gündeligimizi barlatmak öýümiziň öňden gelýän düzgünidi. Şol gezegem elimize gündeligimizi alyp, kakamyň otagyna bardyk. Gündeligimizi barlap bolup, gol çekensoň, ählimiziň bahalarymyzyň gowudygyna şähdi açyldymy ýa göwni küýsäp etdimi, garaz, kakam ýüreginden syzdyryp, biziň «serpaýymyzy» yglan etdi. — Haý, bular ýaly sowgat edeniňizden soň, sizem bir begendirmesem bolmaz, ertir barymyz bile etrap merkezine gezelenje gidýäs. Öňki-öňkülik bolanlygynda, kakamyň bu sözlerinden soň biz begençden ýaňa uçaýjak bolup, bökjekleşip ugramalydyk. Kakamyňam edil şol pursat şeýle hereketlerimize garaşanyny bilýän, ýöne biz bir-biregiň ýüzümize seredişip oňaýdyk. Ýagdaýa düşünendir-dä, kakam şondan soň bize hiç zat diýmedi. Ertesi ir bilen kakamyň ulagyny taýýarlap ýörmegini özümizçe ýorsagam, çakymyz ters çykdy. Ol bize ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedi-de, ulagyny taýynlap bolansoň, sessiz-üýnsüz howludan çykdy gidiberdi. Ine, şondan soň kakamyňam gezelenje gitmek höwesi hiç haçan gaýtalanmady. Kakam bilen bolmasa-da, ara ýyllary salyp, şolar ýaly gezelençler ýene-de dowam edip ugrady. Ýöne bir tapawudy, indi gezelenje kakamdyr uýalarym bilen däl-de, çagajyklarym bilen gidýän. Ýene bir tapawudam, gidýän ýerimiz etrap merkezi däl-de, paýtagt seýilgähleri. Edil dek düýnem kakamyň birmahallarky hereketlerini gaýtalap, «Aşgabat» seýilgähine alyp gitdim çagajyklarymy. Olaryň şadyýanja hereketlerini synlap durşuma-da, uýajyklarym bilen kakamyň yzyna düşüp etrap merkezindäki hiňňildiklerde uçuşymyzy, doňdurma iýşimizi, «gyzyl suw» içişimizi... ýatladym. Şol pursadam bir günden bir gün, çagajyklarymyňam şular ýaly gezelençlere, meniň bilen däl-de, deň-duşlary bilen gidesleriniň gelip ugrajakdygy ýüregimiň bir ýerinde ýakymsyzja sanjyny döretdi goýberdi. Gözümi bir nokada dikip durşuma-da, näme üçindir, şeýle ýagdaýyň, mümkin boldugyça, aňyrraklara çekilmegini öz ýanymdan diledim. Soňam... Soňam näçe aňryk çekseňem, gutulmasy ýok şol sowuklygyňam, çagajyklaryma, umuman, ähli ynsanyýete degişli ähli zatlaryňam öz wagtynda bolup durmagyny arzuw etdim. ■ REŇK Içi gyzym dükana, çörege özbaşdak gitmäge ýarapdyr. Şu gün onuň eli iki sany tegelek çörekli, «joňkuldapjyk» dükandan gelşini görüp, gözüm tegelenip gitdi. «Hany, ýanyňdaky nirede?» diýip soraýan. Olam, zatdan bihabar, mähirlije ýylgyryp: «Hiç kim ýog-a ýanymda. Ýeke özüm gitdim-ä» diýýär. Soň görüp otursam, onuň dükana özbaşdak gatnap ýörenine telim wagt bolupdyr. Dogrusy, eger begenj-ä gyzyl, gaharam sary reňk bilen aňladylýan bolanlygynda, men şol pursat mämişi duýgyny başdan geçirendirin. Ýöne, her niçigem bolsa, gyzjagazymyň özbaşdak, «şeýle ullakan, jogapkärçilikli missiýany» amala aşyryp gelendigine begenendigim ejesiniň nazaryndan sypmandyr. Meniň ýagdaýymy aňmaga-da oňa adamsynyň hereketlerindäki gabanmaga esas döredip biläýjek iň bir ownujak zatlaram görüp bilmek ukyby kömek edipdir. Men muňa onuň çalaja siltenjiräp: «Bolmanam, çagalaryň gözüňe ilýämi seň...» diýip başlanýan sözleriniň giden bir düzümini doly diňlemänimde-de düşündim. Edil şu wagt bolsa ýene-de şojagaz görnüşiň dowamy «ýalp» edip, göz öňümden geçip gitdi. Dowamy diýýänim, hemişe dükandan gelende ýa güýjüniň ýetäýýänje başga bir işi ýerine ýetirende, süýji-süýji sözler bilen öwgi paýy ýetirilýän gyzjagazymyň getirenje çöreginem özjagazy baryp, aşhanadaky stoluň üstünde goýup gaýdyşy, gelibem, ilk-ä telewizor görüp oturan uluja gyzymyň gapdalyna geçip, o taýda-da karary ýetmän, daşaryk çykyp gidişi... Suratkeş bolan bolsam, şol görnüşi, belki, şekile geçirerdim. Özem reňkleriň sowukdan-sowugyny saýlap çekerdim. Aý, ýok. Suratkeş bolanam bolsam, ol görnüşi beýan etmäge bognum ysaryndan ysmazy ýakyn bolaýmasa. ...Sebäbi gyzjagazymyň içeriniň mähir garyndysy ýetmese agralýan howasyndan dem alyp bilmän, daşaryk çykyp gidişini surat ýüzünde-de uzak egläsim gelmezdi. Eger şeýle sungat elimden gelýän bolsa, beýan etmek üçin durmuşyň diňe ýyly reňkler ulanylýan pursatlaryny saýlardym. Myrat HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |