03:03 Oýlanmaga itergi | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ OÝLANMAGA ITERGI Uzynly gün uklap ýatan meýdanlar Jana gelýär ýazyň ýagyşlaryndan, Heder edip, gaça duruň adamlar Bigünä bendäniň gargyşlaryndan. Göwne degmäň, bihuda gep aýtmaň, Söz ýarasy bitýän däldir, unutmaň Ýalňyşlygam boş gidýändir öýtmäň Adam sapak alsa ýalňyşlaryndan. Ýürek gyýlyp, ýokuş degse-de näler Ýamanlyk undular, ýagşylyk galar, Eli, kalby sahawatly ynsanlar Bähre tapar alan alkyşlaryndan. Adam käte - öz-özüne duşmandyr. Dogry ýola saljak diňe puşmandyr. Ýigidiň kalbyna uçgun düşýändir Güldesse gyzlaryň göreçlerinden. Gün ýaşar, ýaşan gün ýene-de dogar, Ýerden göterlen bug ýene-de ýagar. Şahyr geň-taňlygy alandyr meger Beýewan çölleriň derwüşlerinden. ▶SÖÝGI OÝUNLARY Duýgular dyňzaýar, hyjuwlar çökder. Söýgi alawlaýar ersen ýürekde. Oýnalmaly pynhan oýunlar hakda Aşykdyr magşugyň dilleşmesi bar. Bu mahallar bir burçunda eýwanyň Bar jadysy jemlenendir dünýäniň Ýüregi uçgunly iki juwanyň Söz däl-de, göz bilen gürleşmesi bar. Aşyk oglan, gutly bolsun seýranyň, Bagty çüwsün söýgi diýip saýranyň. Deň hukukly iki gyzgyn göwräniň Özara meýletin birleşmesi bar. Bu oýnuň düzgüni täsindir örän, Öpseň-ä ýagşy däl, öpmeseň karam. Güne ýanan takyr ýaly tebsirän Dodagyň dodaga ýelmeşmesi bar. Garaňkylyk - söýüşýänleň goragy. Bu söýgüdir - ýok soňunyň soragy. Huşundan giderip birek-biregi, Gujagyň gujakda ýerleşmesi bar. Iýul, 1996. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |