OÝTAK
"Ýere eýelik etmek bize berlen aýratyn bir hukuk ýa-da ýeňillik däldir-de, eýsem nesilleriň sudunyň öňünde jogap bermäge mejbur adýän agyr borçdur".
K. A. Timirýazew
Gyzylarbat şäheriniň gaýra-aýagujundan başlap, aňyrsy asmana birigip gidýän boz meýdan bilen barýansyň. Her ýerde her ýerde görünýän gurap giden ýowşan düýpleridir otlaryň samany we günüň göz gamaşdyryjy şöhlesiniň bu ýerlere boldan düşmegi töwerek -daşy sary görkezýändir. Bu sessiz-sedasyz sary dünýäniň içi bilen maşynly ep-esli ýöräniňden soň gözüň bu sarylyga ýagşy öwrenişer we indi mundan özge reňke bu erlerden asla garaşmarsyň.
Birdenem hol öňde, Garagumuň ilkinji gum depeleriniň salgymlap görünýän ýerinden bär-de, göýä ýokardan sallanyp duran ýaly, howada hellewläp bir gara görner. Ol gün şöhlesiniň oýnundan ýaňa düşen syrly ahwalaty bilen özüne çekip, seniň bilesigelijiligiňi oýadar. Golaýyna baryp görseň, çig kerpiçden salnyp, daşynyň gadym eýýamda suwalan saman suwagy» gopuk-gopuk bolan ýekeje tamdyr. Ol bu ümmülmez sary dünýäniň tukat ümsümligine döz gelip bilmän, kibtini gysyp oturandyr. Onuň içinde näme bardygyny bilmek üçin maşyndan düşmek hökman däldir. Tamyň gabsasy ýokdur. Içine köne keçe düşelendir. Goş-golam bardyr. Çaý içjek bolsaň, tüňçe-käse ga-pynyň iç ýüzünde durandyr. Emma sen indi maşynda oturan ýeriňden tamyň gapysynyň gabat garşysyna ýüzüňi öwürseň 200—300 metr uzaklykda daşyna sim aýlanan ýeri görersiň. Golaýyna barýançaň ol ýerde näme bardygyny bilmersiň. Maşynyň sime golaýladygyça bu sary dünýä hakda eýýäm sende dörän pikiriň üstüne indi düýbünden täze pikirler gelip ugrar. Simiň daş ýüzünde maşynyňy saklarsyň.
Ol ýer içi göm-gök pazylly, göýä äpet tarelkany ýadyňa salyp. tegelenip ýatan bir gektara golaý ekindir. Ol oýtakdyr.
Seniň göwnüňe salkynlyk aralaşar.
Ol salkynlyk pazyllaryň içinde towşan ýatyşyny edip gizlenip ýatan waharmanyň birini häziriň özünde iýip, ýüregiňi sowatjaklygyň üçin hem däldir.
Diňe onuň üçin hem däldir. Sessiz-sedasyz, göräýmäge janly-jandarsyz, gaflat ukusyna gark bolup ýatan bu ymgyr çölüň içinde öz adamzat kowmuň el yzyna duşanlygyň üçin gownüň aram tapandyr.
Oýtak ötegçi-ýolagçy üçin tomus günleri çölüň içinde goýlan bir okara sowuk suwdur. Ma¬şyndan düşüp, oýtaga girersiň.
Eger sen pazyllary basman ekiniň içinden iki sany halan gawunyňy tapyp alyp, onuň birini maşynyňda goýup, birini hem tama gelip howlukman oturyp iýseň, (gawun kesmek üçin pyçagy tamdan taparsyň) paçagydyr çigidinem bir erde üýşürip goýsaň, eýesi gelende senden hoşal bolar. «Bir gowy adam-a bizde düşläp gidipdir-ow» diýip, eşegine gürrüň berýän ýaly, içki pikirini daşyna çykarar. Ýörite gidip dien ýaly sen hakda goňşy oýtakça-da gürrüň berer. Gyzylarbada baryp, öýünde-de seni ýatlar. Ol muny başga gurruň tapman hem edýän däldir. Ýok, onda gürrüň kändir. Ol geçen ýyllarda dolup oturan ekinini paýhynlap giden ekinçi mallardyr ogrulary hem ýatdan çykaran däldir, emma olar hakda gürrüň etmez. Seni welin dilinden düşürmez. «Pazyla-beýlekä dagam basmandyr bende, ekiniň hem öz girilýän erini tapyp giripdir, iki sanjak gawun alypdyr-da, birjiginem gelip tamda oturyp iýipdir, paçagyny-dagysynäm zaýalaman bir ýerde üýşüripjik goýupdyr. Henizem çölüň düzgünini bilýän halal adamlar bar-ow».
Ynha, indi uç-dört gün bari traktoryň sesi barha golaýdan eşidilýärdi. Şäher bilen gum ýakasyndaky obalaryň aralygyna asfalt yol çekýärdiler.
Çaý-paý içip, ir bilen tamdan çykyp ileri, Gyzylarbat tarapa seretse, ýol gurup ýorsn traktor asyl golaý geläýen eken. Ilki bilen ol «Aý, säheriň açyk howasyna şeýle golaý gorünýändir-le» diýip pikir etdi. Emma görse, ýol oýtagyň gaçy-ýabynyň gutaran ýerine ýetmäge sähel galypdyr. Traktor depesinden gum sowrup işleýärdi.
– Be, aýdylany çyn bolup çykjag-ow. Ýol-a hakyt oýtagyň üstünden düşjek — diýip, garry oýtakçy şeýle boljagyna henizem ynanasy gelmän, tamyň ýanynda oýtagyna seredip abşarylyp durdy.
– Ýäk-eý, gel-gel munuň beýle bolaýşyny. Ol eşeginiň örküni täzeläp, oýtagyna girdi. Güýz gijeleriniň çigregine kem-kemden saralyp-solup ugran pazyllaryň gataşan ýapraklary demirgazyk-gündogardan ösýän şemala şygyrdaşyp otyrdylar. Indi uly gawunlar selçeňläpdir. Her ýerde, her ýerde, daňdan sowugyna ýarylan waharmanlar görünýärdi. Heniz gök pazyllaryň içinde terneler gozlerini jüýjerdişip ýatyrdylar.
Dury howada günüň şöhlesi gözüňi gamaşdyryp barsa-da, ýylysy ýokdy. Akrap düşüpdi Güýz günleri meýdanyň ýüzüni agras-solgun görkezýärdi. Bu ahwalat adamyň keýpine hem täsir edýärdi.
Hapyzyň göwnüne bolmasa, pazylyň ýapraklary şemala yranman, traktoryň sesinden gorkup sandyraýan ýalydy. Asyl ynha, ýene aňyrsy bir hepdeden traktor oýtagy ýer bilen ýegsan edäge-de üstünden ýol çeker.
– Salawmaleýkim, byradar – diýip, oýta¬gyň daşyna aýlanan demirtikenli sime ýakynlap gelýän eşekli adam salam berdi.
– Waleýkim essalam, Amanýaz, saglykmy, sag-aman ördüňmi? – diýip, Hapyz mallar üçin ot ýygyp ýörşüne parahat ses bilen aýtdy.
Ol adamyň eşegi sim agajynyň inçe kölgesine kellesini sokdy, Eşegiň gulagy wertolýotyň propelleri ýaly iki tarapa uzalyp agyrlygyndan ýaňa aşak sallanýardy we olaryň kölegesi gözüne düşýärdi. Gözlerinden syrygýan ýaş gözleriniň öňüni garaldyp gidipdir. Ol agaja tumşugyny degrip uludan demini aldy: “Eý hudaý, eý, bolýa-da”. Onuň gulaklary öňküdenem beter aşak sallandy, agramyna kelläni has hem aşak egdi. «Eý, hudaý, şü garry ülhidiň aýagynyň aşagynda ömrüm-ä kül boldy, indi özümem garrapdyryn. Aý, bolýa-da, kysmatymyz şeýledir-dä».
Emma ol eşek jögülik edýärdi. Ol heniz on hem ýaşanokdy. Ýene ol örän ýalta eşekdi. Ýogsa beýle nalar ýaly zat ýokdy. Eýesi täze ýüp almaga puluny gysganyp, ony köne, güne çüýrän ýüp bi¬len örkleýärdi. Sähel dyzansaň boşanyp boljakdy. Onsoň hem goňşy oýtakçylaryň eşekleriniň höwür islap aňňyrýan sesi häli-şindi eşidilip durdy.
Ol häzirem oýtagyň aňry çetinde örkli duran öz ymmatyndan bolan mahluga asyl barmysyň hem diýmän, günüň ysgynsyz şöhlesinden kellesini gizläp, ýaltalyk bilen adamlaryň gürrüňine gulak asýardy.
-Byradar, bi traktoryň näme? – diýip, onuň eýesi eşek taýagyny ses gelýän tarapa uzadyp sorady.
– Hä-ä, aý, traktor hem traktordyr-da. Gaýrak ýol çekýän bolaýmasa.
– Seniň üstüňi dogrulapdyr-la. Gara ýol ha¬kyt bi oýtagyň üstünden geçäýjekmikä? Sowlup geçip bilmeýärmikä?
– Sowlup geçip bilýän däldir-dä, elbetde, gelşi-hä gaty göni.
– Aý, hawa-da, byradar, kanal gelen bolsa, indi bize hezil bermezler. Öňki ýaly bu ýerler-de ýazylyp-ýaýrap gezesimiz ýok. Pagta diýer, beýleki diýer, örüňi daraldar-ow garaz.
– Hä-ä, onuň-a şeýdiljegi çyndyr.
– Wah, oýtak hem oýtak-la weli, ynha görersiň, düýejiklerimizi ýatagyndan çykarmak hal bolar. Daş-töweregimize ekin ekip taşlarlar – diýip, eşegiň üstündäki adam janygyp-janygyp zeýrendi.
– Aý, bähbit bolsun, il bilen gelen – toýda baýram diýipdirler.
– Haý, näbileýin, Hapyz byradar, indi biziň toýumyz-baýramymyz sowlan bolaýmasa.
Dyzanaklap ot ýygyp ýören Hapyz esli wagt dymdy. Soň ol başyny ýokary galdyryp şeý¬le diýdi:
– Sen-aýt, Amanýaz, hemişe atyňy ýeke çapyp geldiň-ow. Näme, indi Hapyz burun bilen Aman¬ýaz jortçynyň iki sany gotur ogşugy bar diýip il etjegini etmän gol gowşurar oturar öýdýäňmi. Ýol hem çekerler, ekinem ekerler. Kolhoz, sowhozam köpeler. Täze-täze obalaram dörederler. Ol akyp ýatan derýany ikimiziň öýüň içi ýaly oýtagymyzdyr iki sany arryk toklymyz üçin getiren däldirler ahyry. Ýäk, Amanýaz, kem akyla gulluk edýäň-ow. Goý, eksinler. Pag¬ta eksinler, halan zatlaryny eksinler. Ýa ekmesinlermi?
– Aý, eksinler-le, ekmesinler diýip bolmaz. Ýöne indi biziňkiniň gutaranyny aýtýajak bolýan.
– Biziňkiniň nämesi gutarypmyşyn. Ekmeli bolsa bizem ekeris.
– Näme pagta ekjekmi? – diýip, Amanýaz ýaňsyly äheňde aýtdy.
– Pagta ekjek. Ekmän näme. Güýjümiziň ýetdiginden buýran ýumuşlaryny ederis. Suwlaryny tutup bereris. Zyýanymyz-a degmez-dä, garaz.
– Aý, näbileýin, o zatlar bize eýgerdermi-kä. Kolhoz işi ikimiz ýaly garrynyň işi däldir, byradar.
Hapyz penjegindäki oty üýşmek otuň üstüne oklady-da, ýeňi bilen derini çaldy.
– Weý, oglan, sen ynha şu gidişiňe düýäm diýersiň, oýtagym diýersiň, uzakly güni hysyrdap geçirsiň. Şeýle dälmi? Kolhoz hem bize şundan kyn iş buýrar öýdemok.
– Aý, kolhoz bor-da. Öz işiňi eden ýaly-ha bolmaz.
Hapyz goňşy oýtakçynyň içýakgyç gürrüňlerine sakgalyny titredip loh-loh güldi. Peçekleriň içinde bitip giden bir uly ýandagyň tikensiz ýerinden, düýbünden tutup, ony köki bi¬len gopardy.
– Her kim öz bilenini eder-dä, Amanýaz. Dagyň-a bilemok weli, men-ä şu sährasyz oňup biljek däl. Senem oňup bilersiň öýdemok.
– Indiden soň, kolhozçy bolup, görjegim näme. Ekläp bilmän oturanym ýok-la şükür.
– Hm, aý, hawa-da – diýip, Hapyz hüňürdedi. Şunuň bilen iki goňşynyň gürrüňleri gutardy. Gürrüň başa barmady. Hemişe bolmasa-da, köplenç şeýle bolýardy. Bu mahal-a gür¬rüň aýak üstünde, meýdanda bolupdy, öýde gökje çaýyň başynda hem olaryň gürrüňi hemişe goşulyşybermezdi.
Gürrüňleriniň alyşýan wagty hem bolýardy. Daýhançylyk, çarwaçylyk hakda gürrüň edilse, meýdanyň sergin howasynyň täsiri, sazak odunyň höziri barada söhbet açylsa, iki goňşynyň gürrüňleri wagty bilen gutarmazdy. Emma umumy, dünýewi gürrüň edilende Hapyz Amanýazy köne düşünjeli, ownukçyl hasaplaýardy. “Sen hemme zady bähbit bilen ölçeýäň. Adamlar diňe peýdasyna çapyp ýören däldirler ahyry. Adamda göwün diýlen zat hem bardyr” di¬ýip, oňa igenerdi. Amanýaz bolsa: “Diliň diýmejek zady bolmaz. Kimi gepletseň jomartdyram, şahandazdyram, adalatlydyram, hemişe iliň aladasyny edip ýerendir. Emma niçikmi – jübüsinden bir köpük çykarmaly bolsa, ýaýdanar durar. Sen, Hapyz, maňa ýok zatlar hak¬da erteki otarma” diýer. Ahyrsoňunda hem her kim öz diýeninde galar.
“Ýer-ýurt üýtgäpdir diýseler ynan, hüý-häsiet üýtgäpdir diýseler ynanma” diýip, Hapyz ýalta eşegini ýöretjek bolup elini-aýagyny kelemenledip barýan Amanýazyň yzyndan seredip, içini gepletdi. “Äl, bi adam diýen bendäniň beýle hötjet ýaradylşyny diýsene. Başyndan nijeme çarşenbeleri geçirse-de, ajyny-süýjini ýuwdup, ýagşyny-ýamany göre-göre gözleri agaryp gitse-de, adamyň şol bir bolşy, her kimiň öz heňi, öz eňegi. Adam hem edil, nijeme wagtlardan bäri şol bir bolşuny üýtgetmän tozap ýatan şü çöl ýaly bir zad-ow. Bu janawaryň-a näme, holha, bir çetinden girip ugradylar. Derýalary bar, güýçleri bar, birki ýyldan bu ýerlerini Müsüre öwirler. Ýöne ynha, sen şu adamlary niçik özgerdersiň. Eý, garry kopek – diýip, ol özüne käýindi.—Saňa ol gelýän traktoryň sesi ýakanokmy, näme, ony yzyna öwräýsem diýýäňmi”
Emma herniçik ölçerip dökse-de, oýtagyň ýoluň aşagynda galjaklygy bilen ylalaşyp bilenokdy. Aslynda gep bu ýerde oýtagyň elden gitjekliginde hem däldi. Ekjegiň gawun bolsa, onuň bir alajy tapyljakdy. Bu ýerlerde açyl-jak sowhozlaryň birine işe girseň, saňa suwly-zatly mellegem bererler. Ýöne ýaşuly öz oýtagyna gaty öwrenişipdi. Bu ýer bilen onuň daýhan göwni özünde nähilidir bir içki, ruhy baglanyşyk duýýardy.
“Gep munda-da däl. Rast indi bu ýerlere derýa gelen bolsa, oýtagyň haýsy, beýlekiň haýsy sel-jerip durmazlar. Muňa düşünmek gerek. Bu gi¬den düzlügi dörtgyraň-dörtgyraň pellere bölüp, ekin ekerler. Ýagşy. Ýöne ekin ekjek bolsaň, ýeriň ýagdaýyny bilmeli bolar. Ýeriň yerden parhy köpdür ahyry. Boş ýatan düz meýdan bi¬len oýtagyň topragy deň bolarmy. Bu düzlügiň takyrlaç, güne gowrulyp, süýdüň ýanan köpürjegi ýaly bolan melemtil, küpürsäp ýatan boşlaw topragy bardyr. Oýtagyňky bolsa edil edermen-gyňyr adamyň buýra saçlary ýaly goňur-gataňsy, agyr toprakdyr. Onuň üçribem oýtagyň gawun ýasaşy üýtgeşikdir. Bu ýere dökünem gerek däldir, beýlekem. Ýagşyň suwy meýdanyň çöpüni-çörüni getirer, şol ýeterlikdir. Ata-baba gawun eken bolup ýörendiris weli, gawuna, garpyza azot berilýänini, ynha, indi eşidip ýorüs. Ýer güýçli bolanda oňa üýtgeşik emel ge¬rek däldir. Emeli – zähmetdir. Azot diýilýäni kanagatsyz adamlaryň tapyp ýören zadydyr. Azotly mälyň tagamam bolmaz, tagsyram. Sapagyndan ýolan günüň ertesi aşgarly suw ýaly paşyr-puşur bolar-da, erär ötägider. Oýtak gawunyny bir ýyl saklasaň hem mizemez. Sebäp, bu ýerlere gereginden artyk suw berip, dökün-derman sepip, eljiredilýän däldir. Oýta¬gyň öz topragy ýaly sagdyn gawuny bardyr. Gyşyň garyndan, alabaharyň suwundan oýtagyň mähri gansa, ýer bolanlygynda, ekini tomsuň jöwzasyndan alyp çykar. Suw gerek däldir. Gawun ýaňy hasyla durup, düwüp ugranda ýüzüni garaňka tutup ýagyn ýagaýsa, onda-ha näme, bagtyň iki geldigidir. Onda ekini suwaraýgyn. Ýöne yssyda weli oýtaga suw görkezmegin. Ekini ýatyrsyň. Suwuň hem öz wagty, biwagty bardyr. Artyk suw bereniň bilen hasyl alyp bilmersiň. Ýer hem edil adam ýalydyr. Horluga-da bol¬maz, meslige-de.
Mes adam azar. Töweregine azar berip başlar. Ýere-de suwy köp beriberseň, şorlar. Ekiniňi gamyş tutar. Onsoň paty-putyňy arkaňa daňyp, ol ýerden göçüp gidibermelisiň. Bularyň hemmesi bir töwra zatdyr. Hawa-la, indi munuň hemmesini birujundan sürüp, oýtagyny-beýlekisi garym-gatym etjek bolsalar, bu gürrüňleriň geregi hem ýok. Ýöne oýtak ýitse, oýtagyň gawunam ýiter. Her öňýeten ýeriňden oýtagyň ýasaýan gyş gawunyny alyp bilmersiň, ona gurp gerekdir. Oýtak bolmasa, oýtagyň gawuny bolmaz. Hol çaňap ýatan ýerlere-hä, näbileýin näme ekjeklerini, agyr gawun-a ol ýerde bitmez. Zamça ekseler, bilemok. Ýa-da tutuş zamça ekip çykaýjaklarmyka?! Myssyk zamçanyň zamany geljek-dä, garaz”.
Hapyz içini gepledip ýörşüne uly gujak ot ýyganyny hem duýman galdy. “Wah, heý ýeriň ýag-daýyny bilýän adam traktory bilen ýeri çepbe çöwrüp, oýtagyň üstüne şeýder sürner gelermi. Jany agyrýan adam beýle hyýanat etmez. Aý, yn-ha, görseň, ol bende heniz meýdana çykyp gör-medik şäher adamsydyr. Düşündirip aýtsaň, beýtmese-de beýtmez”.
Ol ýygan otlaryny agylda duran geçileriniň öňüne oklady-da, eşegini münüp, traktora tarap gitdi.
Traktor alazenzele bolup ýol çekýärdi. Hapyz hol aňyrrakda. tozandan sowarak ýerde eşegini saklady. Elindäki taýagyny howada bulaýlap, traktorçyny çagyrdy. Teý ahyry traktorçy ony gördi. Ol kabinanyň açyk gapysyndan elini çykaryp “näme gerek” diýen manyda yşarat etdi.
– Gürrüň bar – diýip, Hapyz taýagyny has hem beter bulaýlady.
Buldozer gumy iki tarapdan gezekleşdirip almak üçin ýoluň aňyrsyna geçdi. Birhaýukdan soň ol bäri tarapa geçip, boş, küpürsäp ýatan ýere agyz urdy. Buldozeriň zynjyrlarynyň aşagyndan çykýan tozan güýzüň ysgynsyz şemalyna haýallyk bilen ýokary göterilýärdi. Ol agzy gumdan dolýança, batly-batly arlap, öňe omzaýardy. Hapyzyň göwnüne, häzir traktoryň gulak gapdyryjy sesi bolmasa, bu mähnet demriň aşagynda mäjum bolýan ýeriň nähilidir bir naýynjar iňňildisi eşidiläýjek ýalydy. Ynha, indi haý diýmän oýtak hem onuň äpet agzyna we agyr zynjyrlarynyň aşagyna düşüp, ýer bilen egsan bolar. Ol bu ýere näme üçin gelenini unudan ýaly ellerini aşak sallap, eşeginiň üstünde epilibräk otyrdy.
– Näme-how, ýaşuly, näme gerek saňa – di¬ýip, traktorçy kabinadan göwresini çykaryp gygyrdy.
– Hany, ogul, bäri gelsene, bäri gel ahyry, ol ýerde ses-üýn alşar ýalymy – diýip, Hapyz gygyrdy we eşidýän däldir öýdüp, eliniň hereketleri bilen ony çagyrdy.
Alazenzele bolup duran buldozeri öçürmän traktorçy kabinadan atylyp düşdi-de, Hapyza tarap gaýtdy. Ol işjeň, gyssanmaç görnüşde ýöräp gelşine.
– Hawa, aýdyber – diýdi.
– Saglykmy, ogul, amanlykmy? – diýip, ýaşuly ol ýigidiň badyny birneme gowşatmak isläp, oňa parahat ses bilen ýüzlendi.
– Salam – diýip, traktorçy näme sebäpdendigine ozi hem düşünmän müýnürgejek ýaly et¬di, ýöne onuň ýüzi gaty çalt aýgytly gornüşe geçdi. – Hawa, näme boldy?
– Men, ogul, bir oýtakçy…
– Ýaşuly, hany gepiňi gysgaltsana, näme ge¬rek.
– Aý, gerek bolup bir ullakan gerek zadymyz ýok-la. Şu alyp barýan ýoluňy birneme günbatar-rakdan düşürip bolmaýarmy diýjekdim – di¬ýip, Hapyz öňküsi ýaly saýhally gepledi. Trak¬torçy gahar bilen elini salgady-da, gaty-gaty ädimläp buldozere tarap gitdi we oňa ýetiberende yzyna gaňrylyp:
– Bar, ýaşuly eşegiňi aňyrrakda sür – di¬ýip gygyrdy.
Hapyz eşeginiň başyny oýtagyna tarap owürdi. Birdenem onuň öz düşen oňaýsyz ýagdaýyna gülküsi tutdy. “Ýäk, oňard-aý. Aý, bolaýtd-ow. Hä-ä, garry kopek, sen ili ýolundan azaşdyrjak bolýaňmy. Hany, ýene-de bir milt et-dä göreýin. Äl, işine berlen adam eken-aýt. Belki, alla, hemmäňiz şeýle bolaýadyňyz-da hernä. Haý,özüň-ä häsiýetsiz ekeniň-ow, enesi ýalama-dyk”.
Ol oýtak ýabynyň boýuny syryp gelşine, ýaby kesip geçeň maşyn yzyny gördi. Ýap suwluka maşyn geçipdir-de, ony zaýalapdyr. Hapyz şol ýerdäki çaýyrlykda eşegini duşady-da, pyýada gidip, pilini getirdi. Ol ýer tamdan gaty uzakda däldi. Goja oýtakçy ýabyň ýykylan raýyşyna gum oklap, tapbatlady, onuň içiniň gumuny-kesegini, çop-çalamyny gyra çykardy. Ol bu mahal, oýtagyň üstünden ýol düşüp, onuň gömüljeginiň pikirini edenokdy. Ol häzir diňe ýabyň ýykylan raýyşyny görýärdi, oňa nebsi agyrýardy. Ony hökman düzedäýmelidi. Ol eýýäm traktorçynyň ýaňky eden gödekliginiň hem täsirinden çykypdy. Ony öz ýanyndan bagyşlapdy.
Aslynda ýaňy traktorçy edep-hormaty ýitirip, “Bar, ýaşuly, eşegiňi aňyrrakda sür” di-ýip, ýaş ýigide gelişmeýän hereketleri edende-de, Hapyz onuň üçin ullakan bir galaňňyramady. Göwnüniň giňligi mizemedi. Elbetde, ol ýigit öte gidiberen bolsa, onda başga gürrüň. Ýöne ol sähel ýerde özüni deňsiz bilen deň eýlär ýaly namart adam däl-ä.
Ertesi Hapyz irden eşegini gaňňalady. Go¬şa torba agşamky ýolup goýan gawunlarydyr ter-nelerini salyşdyryp, gaňňanyň üstüne atdy. Onuň üstünden hem güpbi oklap, eşegine mündi-de, Gyzylarbada gaýtdy. I
Ol şäheriň gündogaryndan geldi. Birmahallar dag silleriniň ugry bolup, indi hem gurap ýatan jardan geçdi-de, şäheriň çetinden girdi. Şol ýerde eşeginden düşüp, telegraf agaçlarynyň birine daňdy. Gapysy gaýra bakyp duran üsti eşegarka şiferlenen bir gat edara jaýyna ýoneldi. Jaýyň oňünde duran maşynlaryň arasyndan geçip, gapydan girmekçi bolanda, oňa köne tanşy pete-pet gabat geldi.
– Bow, Hapyz, halypa, senmiň-aýt bi. Salawmaleýkim – diýip, köne tanşy iki eli bilen onuň ellerinden tutdy.
– Waleýkim, Atak, saglykmy, sag-gurgunlykmy?
– Ýeri-haw, oýtakçy, ýitdiň-ä bi, görneňok-la?
– Aý, senem dagap ýataňok-la belli.
– Ha-ha-ha. Ýäk, ol-a şeýledir-aýt, halypa. Dagap ýatyp bolýamy, pensiýa çenli eýtmeli, beýt-meli, işleýän diýen bolup ili aldamaly, güýmenmeli-dä garaz.
– Güýmenmeli. Gymyldamak gerek. Ýogsa çüýrärsiň.
– Sen nire, bu ýerleri nire-haw, ýaşuly. Ýa taze sowhozlaryň birine direktor bolaýsam diýýäňmi, ha-ha-ha.
– Bolsam bolaýarynam. Näme, oňarmaz öýdýäňmi?
– Beterem oňarsyň, garry bolşewik ahyry sen. Onsoň menem öz ýanyňa algyn-haw, ha-ha-ha.
– Öňünden söz bermäýin. Çynyňy edip işlemeseň alman.
– Ha-ha-ha.
– Hany, bi hojaýynlardan bary barmy?
– Ýogundan galany bar, ha-ha-ha…
“Hapyz ýokarsyna “Oba hojalyk uprawleniesiniň naçalnigi” diýlip ýazylan gapydan girdi: -Saglykmy, gyzym, sag-aman işläp oturanmysyňyz – diýip, ol kabul ediş kabinetinde oturan gyza ýüzlendi.
Ol gyz jogap deregine stoluň üstündäki gat-gat papkalaryň aňyrsynda gizlenen aýnajykdan balygyň gözleri ýaly owadan gözlerini ýeke sekuntlykça aýryp, kirpiklerini gyrp-gyrp etdi. Soň, ýene-de ol öňki güýmenjesi – neşderi kirpiklerine sürme çalmak bilen boldy. “Şeýtseler, elbetde, gowy bolýandyr-da” diýip, Hapyz içini gepletdi. “Ýogsa şeýlekinem-ä ýer-çekmişjikleriň owadan kemi ýok-la. Eý, toba, toba”.
– Ýoldaş Saparow barmydyr, gyzym.
Sekretarka gyz teý ahyry, meşgul bolup otu¬ran işini häzirlikçe boldum edip, zatlaryny ýygnaşdyrdy-da:
– Hazir geler, azajyk garaşaýyň – diýdi. Gyzyň açyk mylaýym sesi Hapyza oturgyçlaryň birinde oturyp, nepesini düzlemäge kömek etdi. Ol çäkmeniniň eteklerini dyzlarynyň üstüne atyp, telpegini ele aldy. Telpeginiň buýralaryny sypalaşdyryp, ony bu ýere getiren pikirini ýene-de bir gezek ölçerip dökdi. “Ýa-da meniň bu tapyp ýören zatlarym bir bolar-bolgusyz zatlarmyka, janlarym. Bilmedim-dä öz-ä weli, beýle-hä bolmaly däl. Ýok-la, heý oýtagy hem bir gomüp bormy”.
– Hurma, salam! Salawmaleýkim, ýaşuly – diýip, uzyn boýly rus adamy daşardan gelşine naçalnigiň kabinetine girip gitdi.
– Kim ol, gyzym? – diýip, Hapyz pyşyrdap diýen ýaly sorady. – Raýispolkomdan. Ýygnak geçirjek bolýandyrlar.
– Raýispolkomdan bolsa has hem gowy. Bularyň kiçileri bilen duşünşeniňden ulugary bilen düşünişmek ansat bolýar – diýip, Hapyz ýerinden turup, naçalnigiň kabinetine tarap ýöneldi.
Birdenem sakga durup, yzyna öwrüldi:
– Hurma gyzym, ol adamyň adyny niçiksi tutmaly.
– Mihail Aleksandrowiç.
– Familiýasyny aýt.
– Koltomow.
“Koltomow” diýip, ol içinden gaýtalap kabi¬nete girdi.
– Ýoldaş Koltomow, mümkinmi?
Ullakan stoluň gapa golaý çetinde kagyzlara güýmenip oturan Koltomow başyny galdyryp oňa synlaýjy nazar bilen seretdi. Iki eli bilen agyr turkmen telpegini mäkäm tutup, şu garry halyna hem edep-düzgüni saklajak bolup, oňaryp bildiginden gönelip duran ýaşula birden syny oturan Koltomow hoşniýetli ses bi¬len:
– Näme, ýaşuly? – diýdi,
– Ýaşulynyň-ha kem akylyna öten agşam bir zat geldi-de, şu ýere gaýdyberendir.
– Näme zatdyr ol? Otur, ýaşuly.
– Men saňa gysgaldyp aýdaýaýyn. Meniň bir oýtajygym bar. Hol gaýrada. Onuň hem üstünden ýol düşjek bolup dur.
– O nähili ýol?
– Hol, gaýraky obalara ýol çekýärler. Şo ýol.
– Hawa, hawa, he. Hawa, ýol düşýar?
– Hawa, şo ýol düşmeli däl-dä.
– Sowlup geçmelimi?
– Aý, siz ony etmersiňiz.
– Ony etmeris, dogry aýdýaň. Bize egri ýol gerek däl.
– Wah, ýol dogry bolanda onuň höziri aýrydyr-la.
– Onda nähili maslahat berýärsiňiz?
– Şol oýtagyň topragyny başga ýere, ekin ekiljek ýere göçürip bolmazmy?
Koltomow ýazyp oturan ruçkasyny kagyzyň üstüne oklap goýberdi-de iki elini gowşuryp, Hapyzyň ýüzüne seretdi.
– Beýtmek nämä gerek?
– Ogul, sen Gyzylarbatda köpden bäri ýaşaýarmyň?
– Doglan ýerim şu ýer-dä.
– Şeýledir-le, türkmen diline suwara diýýän-le. Sen ol gadym Koltomowlardan dälsiň?!
– Kim ol gadym Koltomowlar?
– Pawel, Pawel, kimdi – aýt şol. Wah, indi gör, Pawel Nikolaewiç bolsa-da biçeme däl. Onuň bilen şu zawodda bile işlärdik. Meniň ussamdy neresse. Urşa Gyzylarbatdan ilki gidenleriň biridir. Gaýdyp gelmedi biçäre. Uruşdan soň sorap birki gezek öýüne barypdym.
– Ýok, olardan-a däl.
– Aý, olardan bärde adam galan däldir-le… Bir ogly. bir gyzy bardy. Olaram Daşkende gidäýdiler öýdýän. Asyl dereginde-de Daşkentlidi olar.
– Özüňem uruşda bolduňmy, ýaşuly? Adyňyzy hem aýtmadyňyz.
– Adymyz-a Hapyz diýýändirler. Hawa-la uruşda bolnandyr. Urşunam gördük, ýaraşygy-nam. Aý, hawa her haýsy görlendir.
– Ony nämeden soradyň?
– Nämedir ol?
– Gyzylarbatda köpden bäri ýaşaýarmyň diýdiň.
– Hä, hawa. Şu ýerlerde önüp-ösen bolsaň, oýtagyň ýagdaýyna beletmikäň diýýän.
Şol mahal gapydan Saparow girdi. Oturanlar bilen salamlaşdy.
– Annaberdi, ýaşulynyň aýdýanyny eşidýäňmi? – diýip, Koltomow Saparowa ýüzlendi.
– Hä, näme?
– Oýtagymy göçürip ber diýýär.
– O nähili gurrüň-aýt ol? Biz näme, oýtak goçürýän edaramy?
– Ýok, dur entek, sen düşünmediň. Hapyz aganyň oýtagynyň ustünden ýol düşüpdir. Şonuň üçinem oýtagynyň tutuş topragyny göçürmeli diýýär.
– Bu nähili gep bold-aý? Heý beýle-de zat bormy? Beýtmek saňa nämä gerek boldy, ýaşu¬ly? – diýip, Saparow Hapyza içgiň-içgin se¬retdi.
– Aý, maňa-da şonuň ilden üýtgeşik gerek ýeri-hä ýok, ýoldaş Saparow. Ýöne…- diýip, Ha¬pyz sözüne dyngy berdi. Howlukman, saýhally geplemek üçin telpeginiň buýralaryny sypalamak oňa zerur bolan ýaly şeýle etdi – Ýöne hasylly ýer, janly ýer, gara ýoluň aşagynda galjagyna nebsim agyrýar. Ol ýer meniň ýerim dal. Biz ýöne, häki ýer ulanylman ýatansoň oňa güý¬menip ýörüs. Ýer kolhozyňky. Özuňiz görüň.
– Hä, beý diýsene asyl. Be, Mihail Alek¬sandrowiç, näme diýeris?
– Ýaşuly seniň ýanyňa gelipdir, sen hem çöz meseläni.
– Hapyz aga, beýle dert-azar edip göçürip ýorer ýaly oýtagyň nämesi üýtgeşikmişin? – diýip, oslagsyz ýerden birden başyna düşen bu aladany özüne artykmaç gören Saparow gözlerini gyrp-gyrp edip sordy. Şol mahal hem ol gapydan girip ugran adamlary gördi – Hä, ynha, agronom hem geldi.
Oýtakly gürrüňiň uzaga çekmegi. adamlaryň üýşüp başlamagy Hapyzyň kejebesini daryk-dyrdy. Işim oňuna bolmaz öýtdi. “Mollasy köp bolsa, toklusy harama çykar” diýip, için¬den pikir etdi. Ol birden zöwwe ýerinden turup, gapa ýönelip ugrady. Telpegini iki eli bilen tutup durşuna şeýle diýdi: – Oýtagyň ýagdaýyny, han ogul, indi bu aksakalymyz bilen adamdan soramarys. Sözümize ynanylmaýan ýerde biziň işimiz ýok.
– Oýtagyň topragyna geljek toprak bolmaz. Ýaşuly dogry aýdýar – diýip, agronom söze başlady hem weli, oturanlardan biri:
– Ýäk, goýsan-aý biderek gürruňi, hany, ýygnaga başlalyň-la – diýip, onuň sözüni böldi.
– Ýygnak öňräk başlady, ýoldaşlar – diýip, häliden bäri bolan gürrüňi diňläp oturan Koltomow ýerinden turdy, – Hapyz aga, näme turduňyz, oturyň ahyry. Ýoldaşlar, şundan gowy hem ýygnak bormy? – diýip, ol indi köpçülige ýüzlendi.
– Şu ýaşulynyň näme sebäpli gelenini özüňizem aňan bolsaňyz gerek. Oýtak köp wagtlaryň dowamynda daýhanyň eli bilen emele gelen hasylly ýer. Janly ýer. Hapyz aga şol ýeriň gömlüp, üstünden ýol geçmegine ýüregi bolman gelipdir. Öz bähbidini arap gelmändir.
– Wah, indi bizde näme bähbit bolsun. Şol aýdyşyň ýaly, oýtak bir janly ýer-dä. Heý, janly zat diriligine gömler durar-da, sen onsoň nemetmezmiň – diýip, Hapyz, gürrüň, indi birden oňuna ýazansoň tolgunyp, oturyp bipmän dillendi. Telpeginiň içinden ýaglygyny çykardy-da, “ýaşaran bolaýmasyn” diýip gözlerini süpürdi.
Oturanlar gozgandylar…
Ol gün öýünde bolup, ertesi Hapyz eşegini mündi-de, oýtagyna gaýtdy. Demirgazykdan ösýän sergin güýz şemaly kalbyna salkynlyk aralaşdyrýardy. Eşek göwünjeň ýöreýärdi. Onuň aýaklarynyň aşagyndan inçejik çal tozan turup, ýerden göterilip-göterilmänkä şemal ony dargadýardy we ol meýdanyň arassa howasyn-da ýitip gidýardi. Hapyz düýnki günden razy bolupdy. Oýtagyň topragyny göçürmeli etdiler Ekiljek ýerleri gurplandyrmak üçin, aý, hamana dökün gornüşinde şeýle edäýmeli.Ýol başçylar şeýle karara geldiler.
“Goý, dökün bolsa dökün eken-dä. Ol hem bolýar. Dagy nätjek. Oýtak ýoluň aşagynda galmasa bolýar. Şu gün agronom gelip ýagdaýy anyklamaly. Onsoň ol kolhozyň başlygyny tapyp, ony ýoldaş Saparowyň aýdyşy ýaly, “agitirlär”. Arryk ýerleriňizi gurplandyryp biläýjek mes toprakly ýer bar. Selhoztehnikadan gum ýükleýän tehnika alda, 3-4 maşyny şoňa berkit, goý birki gün işlesinler. Uprawleniýede bolan gürrüňi hem başlyga ýatladaýmaly. Ýolbaşçylaryň pikirini hem aýdaýmaly. Şeýdip agronom başlygy agitirläp bolar weli, onsoň işe başlabermeli. Elbetde, ilki işi bitirip, soň agi¬tirläp bolýan däl bolmaga çemeli.
Koltomow gowy adam eken. Oňa duşanym gowy bolaýdy. Beýlekilerem erbet adamlar däl. Ýö¬ne düşünýänçäler oýtakly gürrüňi biderek zat hasap etdiler öýdýän. Düşünensoňlar-a özlerem janygyp başladylar. Hernä, sözümi alga al-dylar. Bolmajak zadyň gürrüňini edip olaryň wagtlaryny almanyma-da şükür. Baranymda-ha gorka-gorka barypdym. “Bu gürrüňiň-ä, ýaşuly – näme diýýändirler şindi ylymlylar oňa, fan¬taziýa, hawa – bu gürrüňiň-hä, ýaşuly, fantaziýa bolýar” diýäýjekler ýaly boldy durdy. Mazaly, beýle diýmediler. Aý, hawa, ony diýmän, ýene “ýaşuly, ol zatlary özümiz gowy bilýäs, bar işiň bilen bol” diýenlerinde, sen namä diýjek.
Ol gün traktorçynyňky ýaly. Gaýta Koltomow: “Sen ýaşuly, bize zarýad berdiň” diýýär. Wah, indi bizde zarýad näme işlesin. Güýç ýaşlarda. Ýaşkaň keýpine işlemeli. Gaýratyňy görkezmeli. Biziň indi häki, garyp sözümiz bar. Her-hal syladylar – sözümi diňlediler, garrynyň göwnüni awlap goýberdiler. Sag bolsunlar. Gep diňe bir oýtakda-da däl ahyry”.
Hapyzyň pikirini traktoryň sesi böldi. Ýok, ol ses şu güne çenli ony biynjalyk edip gelen traktoryň sesi däldi. Üç-dört sany traktor meýdanda ýer bejerip ýördi. Traktorlaryň sesi barha batly çykýardy. Olar bu meýdanyň baky hemrasy bolan çolalyga, tukatlyga, häzirki pessaý ösýän şemal bilen ýüregiň ýagyny iýip barýan güýz gussasyna çydaman olary bu ýerlerden kowjak bolýan ýaly, ýöne bir tarryldy hem däl-de uly illeri bilen gygyrýardylar. Olaryň tutumy uludy. Olaryň hersi meýdanyň bir ýerinden başlapdy. Agyzlaryny açyp, arlap, gumy bir ýerden alyp başga ýere eltýärdiler. Birden hem hyrra yzlaryna öwrülip, täzeden hyjuw bilen işe başlaýardylar. Şeýdip olar bu meýdanyň sarsmaz ümsümligine, çolalygyna, tukatlygyna gazaply daraýardylar. Toprak, göýä ýüz ýyllap dert çekip ýatyp, indi hem tebibine duşan hassa ýaly, bar zada kaýyl bolup ýatyrdy.
“Bu meýdanlar düz meýdandyr, keýpine be¬jerip ýörmelidir. Sähel eýlesine-beýlesine degseň, özi düzeler gider” diýip Hapyz öz ýanyndan traktorlara göwünlik berdi.
Mahal-mahal traktorlaryň sesi ýuwaşaýardy we daşlaşýardy, diňe mytdyldap barýan eşegiň aýaklarynyň sesi eşidilýärdi. Şonda eşegiň üstünde oturyp, ýüzüni demirgazyk şemalyna tutup barýan adamyň gulagyna Garagum tarapdan beýik Ümsümligiň gussaly aýdymynyň sesi gelýärdi. Kalbyňa näbelli, düşnüksiz tukatlyk aralaşýardy. Bu boz meýdan ol aýdyma ten berip, bikärlikden ýaňa perişan halda meýmiräp ýatyrdy. Traktoryň sesi täzeden batly eşidilip başlady. Kanalyň suwy günüň şöhlesine atlaz ýaly lowurdap göründi.
Goja Hapyzyň kalbynda agyryly şatlyk peýda boldy.
Bapba GÖKLEÑ.
Hekaýalar