20:00 Öz-özümi ýigrenýän... | |
ÖZ-ÖZÜMI ÝIGRENÝÄN...
Goşgular
Öz-özümi birazajyk ýigrenýän: galpyñ galplygyny ýüzüne basman. Diýjegmi diýmän, dişimi gysýan. Öz-özümi birazajyk ýigrenýän: käte-käte kişi gepine gidip. Soñam jibrinýän, müñ puşman edip. Öz-özümi birazajyk ýigrenýän: maýda öýke-kine saklap köñülde. Dik kamatym egrelýär tobañ öñünde. Öz-özümi birazajyk ýigrenýän: meniñ üçin özge azara galsa. Göwräm özün eýgermän, Ile ýük bolsa. Ýör, dost toýuna baraly. Arma bereli. Başy beýgeler. Elbetde, mensizem, Sensizem Toýy bir özi eýgerer. Ýör, dost ýasyna baraly, Ýañy şatlygnyñ ýarsyna şärikdik, Indi derdiniñ barsyna şärik bolaly. Sensiz geçmesin ýasy, Mensiz geçmesin ýasy. Ol bir başa per bermez, Derdi bir özi eýgermez. Gowşut ŞAMYÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |