21:42 Özüme igenç | |
ÖZÜME IGENÇ
Goşgular
Öte ýadan wagtym ýarawsyz bolýan, Degnama deglende netijä gelýän, «Bu işden çykmaly» diýsem, «Gaýrat et! Az galdy» diýenleň pendini alýan. «Munça ýyl işläpsiň, öwrenşen käriň, Bu ýaşdan soň başga işde nä körüň!», Diýseler, geziberýän günümi görüp, Şeýdibem, kalbymy kemsidip ýörün. Boş-boşuna, bolşy ýaly düzgün ýok, Işden soň bir dynç aljak men, bolanok, «Bol-bol!» edip, gyssaýarlar howlukmaç, Äwmezek bolamda, hiç kim halanok. Ýartydyr rysgalym, stawka ýetmez, Maşgala býudžeti maňa eýgertmez, Ýol haky, mal haky, dükan bergim köp, Çolaşyp galanma hiç kim seretmez. Arzuwlygna galýar, hijem bitenok, Wagt tapsam, kurorta pulum ýetenok, «Zähmet rugsadynda, erkime goýuň, Azar bermäň» diýýän, sözüm ötenok. Klasdaşlaň toýlaryna barmadym, Dost-ýarlary, görme-görüş görmedim, Ugruna däl, ýola çykmak meýilim, Teňňe tapman, mydam jübim sermedim. Höwesine daga çykanym awa, Köp bolsa on gezek gelelim Zawa, Ýetişmän aljyrap, alakjap ýörün, Iş bolýar, özi bir kiçijik oba. Wagt ýokdur, gidip balyk tutmaga, Tagam bilip, iýeniňi ýuwtmaga, Tiz turmaly boldy hajathanadan, Dogrym diýjek, utansam-da aýtmaga. Bulaň bary belki meniň bagtymda, Gapy kakýar, aýşy-eşret wagtymda, Pursat tapsam öý işlerim etmäge, Çakylyk bor ýaňy gyzan çagtymda. Gorkup bakýan, açylanda işikler, «Wyzow» diýýän, dükürdeşse eşekler, Agyr hassa bolsa, gorkuda gözüm, Agy ýaly, mawlaşanda pişikler. Gorkdum men, del maşyn oba girende, Ürkdüm men, nätanyş salam berende, Barlagçy gelýänçä, barladym özüm, Bagyr-ödüm ýok ekeni ýerinde. Gyz-gelini saýlap, söýüp seçmedim, Restoranda konýak, şampan içmedim, Ýurt görmedim, çykyp, seýri-seýrana, Söýgi söndi, ýürek ýandy, öçmedim. Serenjam berinmä degmedi elim, Degna dartgynlykda otladym çilim, Indi ýetişmämsoň dünýä işlerne, Gorkym bar, daşda däl dyndarjak ölüm. Üste bolar, käsi eder minneti, «Görkez» diýer, hany «Kasam» hümmeti, Umydym sabryma hemaýat berýär, Alkyş alsam, nesip eder «Jenneti». Ähli aladamy bir ýana zyňyp, Gaçyp gitsem diýýän, bir ugra eňip, Peýwagta älemi gezesim gelýär, «Ýagdaýym ýoklugyn» bilemok ýeňip. Indi agyr gelýär, agry-ynjy bar, Aladam artyp dur, müň bir ünji bar, Bimahal gelene «Dynç günüm» diýsem, Soň ökünjüm maňa köp berýär azar. Köňül küýsegime göwnümi bölüp, Ham-hyýal, geň küýli, akyla gelip, «Başgaça ýaşamak» meýli bar mende, Günüme ýanýaryn bagrymy dilip. Göwnüm ikiýüzli, ynha ýaňadan, Küýsegin ret edip, diýip dur: «Nadan! Bir özüňi bilip gezmek haýypdyr, Bu pikirde..., eý, sen nähili adam?!». Eý, Illi, netijäň tapmady derek, Örtenşiňe ruhdan düşýäň biderek, Pensiýa çykaňda: «Işläbersenaý..., Aňyrda näm galdy» diýseler gerek. | |
|
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |