05:50 Pablo Eskobar - XX asyryñ iñ meşhur narkobarony | |
PABLO ESKOBAR - XX ASYRYÑ IÑ MEŞHUR NARKOBARONY
Geň-taňsy wakalar
Pablo Emilio Eskobar Gawiriýa (isp.Pablo Emilio Escobar Gaviria; 1949-nji ýyl 1-nji dekabr- 1993-nji ýyl 2-nji dekabr)- Kolumbiýaly meşhur narkobaron, terrorçy, ogry syýasatçy we milliarder. Neşe söwdasyndan baýap gidipdir. "Forbes“ žurnalynyň 1989-njy ýyldaky sanynda Eskobar dünýäniň iň baý adamlary hataryndan ýer alan bolup, onuň baýlygy 9 milliard dollardan köpräk ekenligi aýdylan. Eskobaryň ady diňe bir Kolumbiýada däl, dünýäde tanalandy. Ol öz maksadyna ýetmek üçin her nähili adamy ýok eden, uly emeldarlara para beren, rehimsiz we açgöz bolan, şu sebäpli ilatyň pes gatlagy,esasan hem ýaşlar arasynda uly abraýa eýe eken. ■ Biografiýasy. Ýaşlyk ýyllary. Eskobar 1949-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Kolumbiýanyň Rionegra şäherinde fermer Hesus Eskobar we mugallyma Hemilda maşgalasynda dünýä inýär. Mekdep we okamaga asla gyzykmandyr,köp wagtyny köçede, Medelin şäheriniň erbet kwartallarynda geçiripdir. Bu ýerlerdäki jenaýat toparlary onuň kanunsyz işler bilen meşgul bolmagyna itergi boldy. Biraz wagt Latyn Amerikasy Awtonom Uniwersitetine baran. ■ Jenaýat älemine girip gelişi. Ilki Pablo mazarlar üstündäki mermer daşlary ogurlap, olardaky ýazgylary öçüren we panamaly gara bazara pullapdyr. Soňra temmäki, göknar, ýasama lotoreýalar söwdasy we maşyn ogurlamak bilen meşgullanypdyr. Bu arada töweregine köp ýigitleri jemläp, jenaýatçylykly topar düzen. 1971-nji ýylda Pablonyň adamlary tarapyndan Medelindäki baý senagatçy Diego Eçawariýa Misas ogurlandy. Pablo ony azat etmegiñ deregine ummasyz pul talap edýärdi, emma şowsuzlyk sebäpli bu pirimi amala aşman galyp, jenaýatçylar Misasy öldürýärler. Pablo bu hakynda bütin şähere açyklygyna mälim edýär. Bütin şäher ilaty, esasanam garamaýaklar Pablonyň bu işini alkyşlap, oňa “Doktor” diýip lakam goýýarlar. Şeýdip, onuň abraýy gün-günden göterilýär, entek 22 ýaşy dolmadyk Pablo Medeliniñ ýakasy gaýyşly jenaýatçysyna öwrülýär. ■ Kokain karteli Pablonyň adamlarynyň hatary barha artyp başlaýar. Ol indi narkotik maddalar söwdasy bilen meşgullanyp başalady. Narkotrafik 1970-nji ýyllarda ABŞ-da giňden ýaýrapdy. Narkotikler esasan marihuana öwrenen we ony tapmak juda kyn bolup galypdy. Kolumbiýada bolsa, kokain söwdasy rowaçlanypdy. Pablo uly mukdarda kokaini Amerika döwletlerine dargatmagy ýola goýdy we her bir partiýa kokainden 35 prosentli paý alyp durýardy. Kolumbiýa tokaýlarynda Pablo inisiatiwasy bilen köpläp kokain gaýtadan işleýän laboratoriýalar gurulan. 1977-nji ýylda Pablo üç sany narkotik kärdeşleri bilen “Medelin kokain şereketi” atly iri gurama esas salýarlar. Bu gurama kokain işläp çykarmak we ýaýratmak barasynda dünýäde deňsizdi. Pablo Eskobar bu karteliň ýolbaşçysy bolup, “kokain koroly” boldy. Şu bilen bilelikde Pablo ilatyň pes gatlagy ,ýeter-ýetmezler üçin mugt öý-jaý, stadionlar, mekdepler gurup beren. Köp tankytçylar pikirine görä, ol gaçmak gerek bolan wagtda şu garyp-gasarlara daýanmak mümkin ekenligini hasaba alanlygyny aýdyp geçipdirler. ■ Syýasy işi we terror. 1982-nji ýylda 32 ýaşly Pablo Eskobar Kolumbiýa parlamenti- Kongresiň agzasy boldy. Indi ol döwlet ýolbaşçysy bolmagy niýet edip başlady. Onuň jenaýat işinden habarly Parlament ilki Kolumbiýa Ýustisiýa ministry Rodrigo Lara Bonilla jenaýat işinden gelen girdeýjileri saýlawa goşmazlyk üçin narkotrafige garşy kampaniýa başlapdy. Netijede, 1984-nji ýylda ministriň hereketleri bilen Eskobar parlamentden kowuldy. Munuň üçin Eskobar ministrden öç aldy: onuň maşyny atyldy, ministr jaýynda öldürildi. 1980-nji ýyllaryň ortalaryna gelip Ronald Reýgan ýolbaşçylygynda ABŞ hökümeti narkotik maddalaryň diňe ABŞ-na däl, bütin dünýäde dargamagyndan howatyrlanýandygyny bildirdi. Olar Kolumbiýa hökümetinden kokain söwdasy bilen meşgullanýan jenaýatçylary ABŞ hökümetine bermegi talap etdiler. Narkomaniýa bolsa muňa jogap hökmünde “Extraditables” diýip atlandyrylan terror guramasyny düzdi. Gurama agzalary narkomaniýa işine garşy uruş yglan etdi. Pablo her sapar gizlenmäge mejbur bolýardy. Munda öňa ýönekeý halk hemişe kömek berýärdi. 1989-nji ýylda ol hökümet bilen şertnama düzmäge urundy, ýöne onuň peýdasy bolmady. Eskobar gol astyndaky “jellatlar” tarapyndan Prezidentlige dalaşgär, Ýokary Suduñ başlygy we içeri işler ministriniň orunbasary öldürildi. 1989-nji ýylyň 27-nji noýabr güni Bogotadan uçan Boeing 727 samolýoty howada partlap gitdi. 101 adam heläk boldy. Bu iş Eskobaryň terror guramasy tarapyndan gurnalandygy anyklandy. Hökümet tarapyndan ýurtdaky kokain plantasiýalary ýok edilýän bir wagtda, terrorçylar gizlin polisiýa ýolbaşçysyny öldürmek üçin hüjüme geçipdiler. Hüjüm netijesinde 62 kişi heläk boldy, 100-den gpwrak adam bolsa ýaralandy. ■ Gözleg. Kolumbiýa hökümeti bu gezek Eskobary ele salmak üçin “ýörite topar” düzýär. Gözleg işleri netijesinde Eskobar toparyndan birnäçe adam ele düşüp, ABŞ hökümetine tabşyrylýar. Pablo ylalaşyga gelmek ýollaryny gözlap başlaýar. Munuň üçin ol birnäçe uly hökümet emeldarlaryny girewe alýar we olary hökümet onuň jenaýatlaryny bagyşlasa goýberjekdigini talap edýär. Talaplaryň ahlisi ýerine ýetirilen ýagdaýynda, Pablo käbir kiçi jenaýatlaryny boýun almaga we türmede oturmaga wada berýär. Ol özi guran “türmede” oturýar. Türme göwünaçyjy bina meňzedip gurulan bolup, Pablo islän wagty bu ýere gelip-gidip duran, hat-da bu ýerde birnäçe gözüne ýakmaýan adamlary getirip gynap öldüripdir. Onuň bu hereketlerinden habar tapan döwlet ýolbaşçysy Pablony hakyky türmä salmagy buýurypdyr. 1992-nji ýylyň 22-nji iýulynda Pablo türmeden gaçmak başardýar we gizlenýar. Pablo Eskobar indi gaty gidipdi. 1993-nji ýylyň 30-njy ýanwar güni Pablonyň adamlary tarapyndan Bogotadaky kitap dükanlaryndan birine bomba goýulýar. Partlama netijesinde 21 adam heläk bolýar. Eskobar jenaýatlarynyň gurbany bolanlaryň ýakynlary birleşip, “LOS PEPES” ýagny, “Perseguidos por Pablo Eskobar” – “Pablo Eskobary tankyt edijiler” toparyny düzýärler. Toparyñ agzalary Eskobara degişli bolan öýlere hüjümler geçirip, onuň birnäçe mal-mülküne zyýan getirýärler. ■ Ömrüniň soňlanyşy. 1993-nji ýylyň 2-nji dekabr güni Eskobar aýalyna jaň edýär. Ol her gezek gizlin gullugyñ işgärleri diñlemeginden ätiýaç edip, telefonda uzak gepleşmejek bolýardy. Bu gezek çagalary bilen gepleşen Eskobar trubkada 5 minutdan gowrak wagt sarp edýär. Gürrüňdeşligi diňleýän razwedkaçylar onuň duran ýerini anyklaýarlar. Tiz wagtda Eskobar gizlenen öý gurşap alynýar. Harbylar onuň öýüne basdyryp girýärler, atyşyk başlaýar. Atyşma wagtynda Pablonyň goragçysy heläk bolýar. Onuň özi bolsa, bina üçegi arkaly gaçmakçy bolan wagtynda “Los Pepes” toparyndaky snaýper tarapyndan atylýar. ■ Maşgalasy. Eskobar 1976-njy ýylda söýgülisi Hemilda öýlenýär. Ondan iki çaga bolýar. Eskobaryň ölüminden soň, onuň aýaly we çagalary Argentina gaçyp geçýärler. Bellemek gerek bolan zat, onuň ogly Sebastiýan žurnalistlere beren interwýusynda şeýle diýen: “Biz polisiýa we rawedkaçylardan gaçyp, dagdaky öýe gizlendik. Öý diýseň sowukdy, şol wagt atam gyzynmak üçin hiç zat tapman, men we uýamy sowukdan goramak we nahar taýýarlap bermek üçin sumkadaky nagt 2 million dollary oda taşlady.” ■ Eskobar hakyndaky kinofilmler. 2001-nji ýylda aktýor Kliff Kurtis Eskobar hakynda surata alynan “Kokain” filminde baş roly oýnady. 2014-nji ýylda “Ýitirilen jennet” atly film ekranlara çykdy. Onda baş roly Beniçio Toro oýnaýar. 2015-nji ýylda “Narko” serialy uly ekranlar çykdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |