08:12 Genimi ýa-da döwürden öñe geçip giden telbe? | |
GENIMI ýa-da DÖWÜRDEN ÖÑE GEÇIP GIDEN TELBE?
Geň-taňsy wakalar
Nýu-Ýork, Ist-Hýuston köçesi, 48-öý. Bu menzilde täsin, gözleri nähilidir şöhle saçýan alym adam ýaşaýardy. Onuň graf Drakulanyň garyndaşy we gün şöhlesine çykyp bilmeýän wampir ekenligi hakynda myş-myş bardy, onuň Ýer şaryny böleklere bölmäge ukyply ýarag döredeni hakynda gürrüň edýärdiler. Bu şahs Nikola Teslady. Aslynda, Teslanyň Drakula hiç hili garyndaşlyk gatnaşygy ýok, günden gaçmagy bolsa çyndy,çünki ol tiz-tiz elektromagnit meýdany täsirine düşüp galýar, beýnisi diýseň duýgur ukyba eýe bolýardy. Ýagtylyk onuň gözlerini agrydýar, şitirleýän ses hem gulagyna edil gökgümmürdi ýaly eşidilýärdi. Garaňkyda bolsa onuň gözleri diýseň gowy görýärdi. Hemişelik gowy, özgerijilik zor. Geljekgi oýlap tapyjy 1856-njy ýylyň 9-njy iýulynda Serbiýadaky Smilýan şäherçesinde doguldy. Ýaşlygyndan ol täsin görnüşe eýedi: boýy uzyn, horajyk, ýaňaklary derisinden çykjak bolup duran,gözleri adamy deşip goýberjek, bogujy , ýitidi. Ol başgalar görüp bilmeýän şöhleleri görüp bilmek ukybyna eýedi. Elektrik energiýa onuň ýaşlyk döwründen başlap gyzyklandyryp goýdy. Asmandaky ýyldyrymdan başlap, pişigi sypalanda peýda bolýan uçgunlara çenli. Ruhany atasy onuň hem ruhany bolmagyny isleýärdi. Emma Nikola ilki Awstriýanyň Grats şäherindäki tehnika mekdebine, soňra Praga uniwersitetine okuwa girdi. Ikinji kursdalygynda onuň hyýalyny üýtgeýän tok induksion generatoryny döretmek pikiri eýeledi. Tesla professor Ýakow Peşla bu pikirini aýdanda, professor ony telbä-akyldan azana çykardy. Emma bu netije oýlap tapyjyny ýene-de ruhlandyrdy we 1882-nji ýylda ol induksion generator döretdi. 1884-nji ýylda Tesla Amerika ýola düşdi. Ol oýlap tapyjy Tomas Edisona parižly tanyşyndan hat alyp bardy. Hatda şeýle sözler ýazylandy: “Men dünýäde iki beýik adamy tanaýan. Biri siz, ikinjisi ine, şu ýigit”. Nikola Nýu-Ýorka başdan geçirmeler bilen ýetip gelipdi. Ilki bilen ony talap gitdiler. Tesla Amerika aç, ýüksiz, jübisinde dört sent pul bilen geldi. Emma bu ýer uly mümkinçilikler döwleti ekenligini derrew aňlady:Brodweýda elektromotory düzetmäge urunýan adamlara kömek berip, 20 dollar işledi. Edison ýaş elektrotehnigi öz kompaniýasyna işe aldy, ýöne iki oýlap tapyjy arasynda şo bada düşünişmezlik ýüze çykdy. Olar kynçylygyň çözgüdine dürliçe ýakynlaşýardylar. Edison we Teslanyň aýrylmagyna olaryň energiýanyň gelip çykyşyna degişli garaýyşlary dürli ekenligi sebäp boldy. Edison umumy kabul edilen “zarýadlanan bölejikleriň hereketine” ynansa, Tesla başgaça pikirdedi. Onuň pikirine görä, bütin älem nähilidir görünmeýän madda bilen gurşalan, bu madda ýagtylyk tizliginden birnäçe esse tiz bolan silkinmäni emele getirýär. “Kosmosyň her bir millimetri çäksiz, gutarmajak energiýa doly” diýip, Tesla pikir edýärdi. Tomas Edison Teslany tankyt ediwerensoň, oýlap tapyjy oňa jedel baglaşmagy teklip etdi. Edison bu teklibe razy boldy. Jedele görä, Tesla öz stili kömeginde Edisonyň zawodlaryndan birini elektrikleşdirişi gerekdi. Edison eger utulsa, 50 müň dollar berjegini aýtdy. Onuň pikiriçe, Teslanyň rejesi amala aşyryp bolmajak işdi. Tesla ýigrimi dört hili enjam taýýarlady we gysga wagt içinde rejesini amala aşyrdy. Onuň stili boýunça elektrikleşdirmek ykdysady tarapdan diýseň ýokarydy. Edison muny görüp, huşy başyndan uçdy,emma puly bermekden boýun towlady. Şundan soň olar bütinleý ýüzgörmez bolup gitdiler. Edison bilen hoşlaşandan soň Teslany “Westingauz Elektrik” kompaniýasynyň hojaýyny,gidrawlik parowoz tormozyny oýlap tapan Jorž Westingauz özüne çekdi. Bu millioner Teslany 1888-nji ýylky Amerika inžener we elektrikler institutynda görüpdi. Ol Teslanyň 40sany patentiniň her birini 25müň dollardan satyn aldy we özüni bolsa maslahatçy hökmünde işe aldy. Tesla kompaniýada işleýän döwründe köp fazaly elektr maşyn, asinhron dwigatel we köp fazaly üýtgeýän tok arkaly elektroenergiýa ibermek ulgamyna patent aldy. 1893-nji ýylda Çikagoda döredilen Bütindünýä sergisine gelenler horajyk alymyň iki million wolt güýçlenmä eýe toky nädip özi arkaly geçirýänini gorky bn synladylar. Teoriýa tarapdan alyp görlende, alymyň küli hem galmazlygy gerekdi. Emma ol ýylgyryp durdy, ellerinde bolsa elektrolampalar ýanyp durdy. * * * 1895-nji ýyly Westingauz dünýäde iň uly Niagara GESini işe düşürdi. Bu ýerde Teslanyň gudratly generatorlary işläp durdy. Şo wagt oýlap tapyjy uzakdan dolandyrylýan mehanizmler üstünde iş alyp barýardy. Ol Medison-Skwer-Garden aralykdan durup gaýykjyklary dolandyrýardy. Adamlar muny jadygöýlige ýordular. Teslanyň tejribe otagynda bolanlar onuň howada energiýadan peýda bolan şar görnüşli şöhläni nädip elinde oýnadýany we çemodanyna salyp goýýanyny gorky bilen ýatlaýardylar. 1898-nji ýylda Tesla tejribe otagy ýerleşýän binanyň üçegine kiçijik enjam ornatdy. Bir azdan soň bütin bina silkinip başlady. Adamlar gorkanyndan köçä atylyp çykdylar. Teslanyň öýüne tiz wagtda polisiýa we žurnalistler ýetip geldiler. Emma ol enjamyny öçürip we ýok edip ýetişipdi. Soňrak bolsa ol žurnalistlere “Bruklin köprüsini bir sagatda bozup goýmagym mümkindi” diýipdir. Ol hat-da dogry gelýän wibrator bolsa, Ýer şaryny hem böleklere bölüp goýbermek mümkinligini aýdypdyr. Kolorado Springsde Teslanyň tejribe geçirmegi üçin ullakan mis şar ornadylan minara guruldy. Bu ýerde alym uzynlygy 4 metre çetýän ýyldyrym döretdi. Töwerege uçgunlar syçrady. Otlary hem düýpleri bilen tok urdy. Adamlary gorka salan bu tejribe hem ýöne ýere geçirilmändi. Minaradan 30 kilometr uzaklykda şo bir wagtyň özünde 200 sany elektrik lampoçkasy ýanyp durdy. Elektrik togy simsiz, ýer arkaly geçirilipdi. Iň soňunda, Kolorado Springsdäki tejribeler ýerli elektrostansiýadaky generatory işden çykardy. Nýu-Ýorka gaýtmaga dogry geldi. 1900-nji ýyly Tesla bankir Jon Pirpont Morganyň buýrugy boýunça Bütindünýä simsiz elektrostansiýasyny gurmaga girişdi. Long-Aýlend adasynda depesinde ullakan mis “tarelka” –uzadyjy ornadylan 57 metrli minara guruldy. Minaranyň esasy 36 metr çuňlukdady.1905-nji ýylda ilkinji synag amala aşyryldy. “Tesla müňläp kilometr uzaklykdaky asmany ýagtyltdy” diýip gazetlar ýazýardy. Simsiz energiýa uzadyjy ikinji minarany Tesla Niagara şaglawugynda gurmakçydy. Emma bu meýilnama diýseň uly serişde talap edýärdi. Şu sebäpli meýilnama amala aşman galdy. 1893-nji ýylda –Markonidan bir näçe ýyl öňräk birinji tolkun uzadyjy radioenjamy döreden bolsa-da, ol Morgana aragatnaşyk däl, energiýany simsiz uzatmaga köpräk gyzygýanyny aýdypdy. Emma Morgan munuň peýda getirmejekligini aýdyp, oňa kän üns bermedi. Birinji Jahan uruşy başlandan soň bolsa, Amerika hökümeti minaranyň duşmanlar tarapyndan peýdalanylmagy mümkinliginde howatyrlanyp, ony partladyp goýbermäge karar etdi. Şu şekilde Teslanyň dünýäni simsiz baglamak hakyndaky arzuwy puja çykdy. Şundan soň Tesla patentlarynyň bir bölegini 15 million dollara satdy. Puluna bolsa Nýu-Ýorkda özüne tejribe otagyny gurdy. Ol ýene açyşlar üstünde işledi, patent yzyndan patent satyn aldy. Onuň tejribeleri rowaýata öwrüldi. Hat-da, 1908-nji ýylky Tungus meteoriti hadysasyny hem ol bilen bagladylar. Edil şo hadysa ýüze çykan wagtda Tesla ullakan mukdardaky energiýany howa arkaly uzatmak boýunça tejribe geçirýärdi. Tungus partlamasyndan bir näçe aý öň ol meşhur syýahatçy Robert Piriniň Demirgazykdaky ekspedisiýasynyn ýoluny uzakdan durup ýagtyldyp bermegi yglan edipdi. ABŞ Kongressiniň kitaphanasynda onuň Sibirdäki adamsyz ýerleriň kartasyny soranlygyny tassyklaýan haty saklanmagy Tungus meteoritine onuň gatnaşygynyň barlygy hakdaky takmynlary peýda edipdir. 1926-nji ýylda ol Waldopf-Astopiýa we Nýu-Ýorkdaky tejribeotaglaryna radiomaçta ýerleşdirdi. Alym radiomaçta arkaly näbelli signallary kabul edýärdi. Bu signallaryň başga planetadan gelenini takmyn edipdirler. 1931-nji ýylda Nikola Tesla köpçülige syrly awtomobili görkezdi. Ol gymmatbaha limuziniň dwigatelini alyp taşlady we elektromotor ornatdy. Soň kapot içine kiçijik gutyjyk goýdy we motora birikdirdi. „Indi energiýa bar“ diýen Tesla awtomobile oturdy we ýöretdi. Awtomobiliň tizligi sagatda 150 kilometre ýetdi. Maşyny bir hepde synady. Gutyjykdaky tok çeşmesi bolsa gutarjak bolmaýardy. Jemlenenler onuň jadygöý ekenligini aýdandan soň, Tesla gahar bilen gutyjygy çykaryp aldy we tejribe otagyna alyp gitdi. Bu gutynyň nähili ýasalanlygy we nämäniň hasabyna işläni häzire çenli syr bolup gelýär. Tesla ölüminden bir azrak öň 400 kilometr uzaklykda durup, 10 müňe ýakyn samolýoty ýok etmäge ukyply „ajal nuruny“ döredenligini yglan etdi. Amerikanyň DARPA agentligi 1958-nji ýylda onuň taslamasy esasynda „ajal nuruny“ döretmek üçin iş başlapdyr. Emma 1982-nji ýylda tejribeleriň netijesizligi we uly serişde sarp edilenligi sebäpli taslama goýbolsun edilipdir. Tesla açan gapylar. Ikinji jahan uruşy başlanmagyndan öň ol ABŞ harby-deňiz ministrliginiň gizlin taslamalary üstünde iş başlady. Bu taslamalar duşmany ýok etmek üçin uzaklykdan durup energiýadan peýdalanmak,wagty dolandyrmak ýaly taslamalardy. “Filadelfiýa tejribesi” diýip at alan meşhur waka onuň gatnaşmagynda başlanan. Nikola Tesla bu tejribede ynsanlar gurban bolmagy mümkinligini öňünden bilipdir we enjamy gaýtadan taýýarlamak gerekligini talap edipdir. Emma uruş ýagdaýynda muňa wagt hem serişde hem ýetmeýärdi. Teslanyň ölüminden on aý geçenden soň Amerika harby floty gämileri radara görünmeýän etmek barada tejribe geçirdi. Munuň üçin “Eldrij” esminetsine Teslanyň generator kömeginde radara täsir berýän “elektromagnit köpürjik” ornatdylar. Tejribe wagtynda garaşylmadyk hadysa ýüze çykdy. Gämi diňe bir radara däl, belki-de ynsan gözüne hem görünmeýän boldy. Munuň üstesine-de, gämi duran ýerinden ýüzläp kilometr uzaklykda peýda bolup, soň ýene Filadelfiýadaky baza gaýdyp geldi. Gämi Filadelfiýadan Norfolka “baryp-gelýänçä” onuň içindäki adamlar bütinleý däli bolup galypdyrlar. Olary bejermek üçin uzak wagt hereket etdiler, emma peýdasyz boldy. Şondan soň bu taslama goýbolsun edildi. Tesla 1943-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda garyplykda aradan çykdy. Onuň bar emlägi dürli taslamalary amala aşyrmak üçin sarplanandy. Teslanyň ölümi hakynda habar tapmagy bilen FBI ýörite bölümi ol wepat bolan myhmanhana otagyny barlady. Nikola Tesla degişli bolan ähli ýazgylary we çyzgylary alyp gitdiler. Onuň jesedi ýandyryldy we küli salynan guty Nýu-Ýorkdaky Fernkliff gabrystanyna goýuldy. Nikola Teslanyň käbir golýazmalary entek hem tapylmandyr. Käbirleri bu golýazmalary onuň özi ýakyp goýberen diýip takmyn edýärler. Çünki zamanyndan diýseö öňe geçip giden alymyň açyşlaryna adamzat entek taýýar däldi. @Bay.men | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||