11:31 Palestinanyñ edil häzirki etmeli zady näme? | |
PALESTINANYÑ EDIL HÄZIRKI ETMELI ZADY NÄME?
Publisistika
"Gaza bilen begenmegiñ" we "Gazalylar üçin gynanmagyñ" arasyndaky psihologiki tapawut birinji gezek bolup geçenok, emma bu gezek gorkunç we kyýamata meñzeş derejä ýetdi Esasynda we ýurt hökmünde Gaza urşunyñ üç referansy bolmaly: Palestina, Arap we halkara. Birinji referansa seretsek: Döwlet baştutany Mahmut Abbas Wenesuelanyñ döwlet baştutany Nikolas Maduro bilen geçiren gepleşiginde "Hamasyñ" ýöredýän syýasatynyñ we edýän işleriniñ palestin halkyna dahyly ýok" diýdi. Ikinji referans bolan araplar bolsa, müñlerçe öliniñ we ýaralynyñ ýany bilen weýran bolan jaýlara we hassahanalara garamazdan Arap bileleşiginiñ ýygnanyşygyny geçirip bilmediler. Gaýtam bölünişik bilen soñlanan daşary işler ministrleriniñ ýygnanyşygyny geçirmek bilen oñdular. Halkara arena barada aýdanda bolsa, ABŞ 1948-nji ýyldan bäri birinji gezek palestin tarapyna has duşmançylykly daraýan fronta ýolbaşçylyk edýär. Şu üçüsiniñ ýoklugynda Eýran özünde harby we strategik kararlary kabul etmek ygtyýarlygyny tapdy. Daşary işler ministri häzirki ýagdaýy dolandyrmak üçin prezident bolmadyk, hökümetiniñ möhüm çözgütleri kabul etmegi konstitusion taýdan gadagan edilen, prezident saýlawlarynyñ oturdaşlary "Avn" hristian partiýasy tarapyndan boýkot edilen ýurduñ paýtagty Beýrutda bir hepdä golaý wagt geçirdi. Frontyñ beýleki tarapynda birinji referans Binýamin Netanýahu. Adatdan daşary ýagdaýdaly hökümete Awigdor Liberman ýaly biri ýetenokdy, olam hökümet düzümine goşulandygyny mälim etdi. Ysraýylda indi mesele "bürgütler" we "gögerçinler" meselesi bolmakdan çykyp, kimiñ beýlekiden has köp ýok edýän, ýakyp-ýykýan we palestinalylary öýünden-öwzaryndan jyda düşürýän meselesi boldy. Ysraýyl bombalamalarynda ýaralanan, arasynda çagalaryñam bolan palestinalylary Gaza sektorynyñ günortasyndaky Han Ýunusdaky hassahanada bejergi alýar, 17.10.2023 ý. / Fotosurat: Haitham Imad, EPA-EFE Häzir esasy ýeke zat jemgyýetçiligiñ gözüniñ alnynda däl-de, añyrsynda nämeleriñ bolup geçýändigi. Ýagny ABŞ gorkunç deportasiýa kararynyñ bes edilmegi üçin basyş edip biljekmi ýa-da dowzahyñ gapylary açyklygyna galarmy? "Hamas" az-uçugam bolsa ylalaşyga gelermi ýa-da ysraýylly ýykgynçy topara bahanalar tapdyrmagyny dowam etdirermi? Edil häzir-ä atyşygy bes etmek, çözgüt, ýaraşyk gözleginde bolan güýçleri we faktorlary öz içine alýan syýasy çarçuwa ýok. Şular ýaly ýürek gyýyjy ejizlik we boşluk meýdany Ebu Mazeni (Mahmud Abbas) "Hamasyñ" edýän işiniñ we ýöredýän syýasatynyñ palestinalylara dahylynyñ ýokdugyny aýtmaga iteden zatdy. Bu umytsyz we gynançly beýanay bir adamyñ halkyna garşy edilen iñ gorkunç zulumy yza serpikdirmek üçin aýdyp biljek sözüdir. Elbetde, bu beýanat ekstremistlere amatly pursat döretdi. Emma Ebu Mazen muny aýdanda çaknyşygy Gazanyñ daşyna syçradanlary däl-de, hut Gazanyñ içinde iñ erbet deportasiýa karary zerarly kösenýän millionlarça adamyny göz öñüne tutýardy. "Gaza bilen begenmegiñ" we "Gazalylar üçin gynanmagyñ" arasyndaky psihologiki tapawut birinji gezek bolup geçenok, emma bu gezek gorkunç we kyýamata meñzeş derejä ýetdi. Ebu Mazeniñ aýdýan we palestinalylaryñ adyndan inkär eden "Hamasyñ" teraktlary ysraýyl harby ulgamy üçin täzelik däldi. Tersine Jo Baýdeniñ we Ýewropanyñ has öñ öwrenişilmedik syýasatlary ýöretmegini kanunylaşdyranam şu teraktlardy. Palestinanyñ döwlet ýolbaşçysy bu bolup geçýänlerden çetde galyp bilmez, şonuñ üçinem ol bir ýandan ABŞ-nyñ prezidentine jañ edip adamkärçilikli pozisiýada galmagyny talap etse, bir ýandanam gorkunç labirintiñ içinde Wenesuelanyñ döwlet ýolbaşçysyna jañ edýär. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 18.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |