09:26 Panama dokumentleriniñ syry şu hatda | |
PANAMA DOKUMENTLERINIÑ SYRY ŞU HATDA
Publisistika
"Panama dokumentlerinde" türk işewürleriniñem ady peçan edildi. Bu ýagdaýa nähili baha bermegimiz gerek? Men öz ýazgylarymda tanymal amerikan ykdysatçysy Jozef Stiglisiñ adyny kän gezek agzap geçendirin. Ol Kembriž, Ýel, Oksford, Stanford, Prinston, Kolumbiýa ýaly dürli uniwersitetlerde professorlyk etdi. Bill Klintonyñ prezidentlik eden döwründe Ykdysady geñeşçiler toparynyñ başlygy bolup işledi. Bütindünýä bankynyñ başlygynyñ orunbasary bolup işläp ýörkä, Türkiýe ýaly ýurtlaryñ nähili uçuryma togarlanyp barýanyny görüp öz islegi bilen işden gitdi. Onuñ Bütindünýä bankynyñ we IMF-niñ hakyky ýüzüni paş edip ýazan haty gyzgyn seslenme döretdi. Stiglisiñ 2001-nji ýylda Nobel baýragyny almagy geñ galdyrýardy. Çünki ol altyn ýyllaryny başdan geçirýän neoliberalizme-wagşy kapitalizme garşy gazaply tankydy bellikleri edipdi. Stiglisiñ "Deñsizligiñ bahasy" atly kitabyndan sitatalar alyp, "Panama dokumentleriniñ" aslynda nämäni ýüze çykarandygyny ýazaýyn. Serediñ, Stiglis hatynda näme diýýär: "Salam, men kapitalizm! Kiçijik gyzjagazlaryñyzy barbi gurjaklar bilen ulaltdym. Bu gün olaryñ sizden estetiki operasiýa üçin pul talap edýänine näme üçin geñ galýarsyñyz! Bähbitlerim üçin moda industriýasyny döretdim! Isleýän zadymy-da gazandym, 17 ýaşan gyzlaryñ köpüsi daşky sypatyndan nägile. Men kapitalizm! Bir aýalyñ moda žurnalynyñ sahypalaryny 15 minut eýläk-beýläk agdarmasy onuñ öz sypatyny halamazlygyna ýeterlik bolýar!.." Hat munuñ bilenem çäklenmeýär. Dowam edeliñ. • Iñ uly ýalan! "Men kapitalizm! Siziñ dünýägaraýşyñyzy şeýle bir üýtgetdim welin, ogry başlyklardyr direktorlaryñ geçen ömür ýoly siziñ üçin üstünlige ýetmegiñ hekaýaty bolup bilýär. Men kapitalizm. Bir adamyñ günde ortaça 5,5 sagat telewizora seredýän, kitap okamaýan, teatrlara we kinoteatrlara az gidýän jemgyýetinde el-aýagymyñ baglanma aladasy ýok! Men kapitalizm. Bilýäñizmi, Stiw Jobs möhüm adamlaryñ biridi, emma siziñ ýüzden biriñiziñ zerurlyk duýýan enjamlaryñyzy üçünji dünýä ýurtlarynda (ösmedik yzagalak ýurtlar) arzan işçiler bilen öndürmekde ondan öñe geçjek ýokdy! Elbetde, ähli kapitalistler "apostollar" ýaly gürleýändir. Edil Bill Geýts ýaly 150 million dollarlyk 66 müñ metr² jaýda ýaşaýan apostol! Men kapitalizmdirin! Meniñ üçin sahna baýlyk üçin gyr-pyçak bolan neberelerden doly. Her ýyl 20 million çaga açlykdan ölýärkä, siz ylgaw dorožkasynyñ üstünde artykmaç ýaglaryñyzy eretjek bolup arrygyñyzy gynaýarsyñyz! Men kapitalizm. Men sebäpli dünýäde 600 million semiz we 1,4 milliard aç adam bar! Men kapitalizm. "Starbucks" kompaniýasy üçin kofe ýetişdirýän daýhanyñ ol ýerden bir çaşka kofe satyn alyp bilmegi üçin işlemegi gerek! Men kapitalizm. Uzak Gündogarda 6-12 ýaşly gyzlar 200 dollar ýaly gülkünç bahalara seks gyrnagy hökmünde satylýarlar. Men kapitalizm. Erkin bazar ykdysadyýeti diýilýän zat dünýäniñ iñ uly ýalanydyr..." Hatyñ yzyny okalyñmy... • Işiñ özeni şunda "Men kapitalizm. Aýal-gyzlara seslenýäin! Haýyş edýärin, aýry-aýry närse görnüşine getirilendigiñizi ýadyñyza salmankañyz "Victoria's Secret"-e ylgañ. Bir gysym lipçik-türsüge 80 dollar bereniñize monça boljagyñyza kepil geçýärin! Men kapitalizm. 15 ýaşly çaganyñ "iPad" almak üçin böwregini satanyny eşidip, begenjimden dört boldum! Men kapitalizm. Taýlandiýada "Disneý" zawody üçin işleýän çaganyñ "Disneýlende" girerlik puly gazanmagy üçin 55 gün işlemegi gerek. Men kapitalizm. Afrika materiginden her ýyl 8,5 milliard dollara barabar almaz çykýar, materigiñ açlyk meselesini çözmäge ýeterlik mukdarda. Men kapitalizm. Siziñ almazlara gözüñiz gidýär, Hindistanda bir million adam gününe 1,2 dollar gazanyp, şol almazlary öndürýär. Men kapitalizm. Ýylda 20 million çaga açlygyndan ölýärkä, siz şol bir köýnekçäni hepdede iki gezek geýmäge utanýarsyñyz. Men kapitalizm. Siz haýsy hudaýyñ gürrüñini edýärsiñiz, indi gözüñizi açyñ, çokunýan ýeke-täk hudaýyñyz men! Siz haýsy hudaýyñ gürrüñini edýärsiñiz, musulmanlar bäş ýyldyzly, Käbe manzaraly otellerde ybadat edip ýörkä! Men kapitalizm. Siz haýsy hudaýyñ gürrüñini edýärsiñiz bütin dünýä hristianlaryñ Noel baýramyny diñe söwda edip, wagtyny geçirmek üçin belleýärkä, ABŞ-da öýsüz-öwzarsyz ýedi million adamyñ bardygyndan hiç kimsäniñ habary ýok. Çünki teleýaýlymlarda görýän amerikanlaryñyzyñ hemmesi serhowuzly willalarda ýaşaýar. Men kapitalizm. Ýene meñ aýdanym boldy! Ähli aýallary holodilnikleriniñ içi azykdan hyryn-dykyn doly durka-da, hiç zatlarynyñ ýokdugyna ynandyrdym. Dünýä ilatynyñ 50%-i dünýä baýlyklarynyñ we gorlarynyñ 1%-ne eýe. Dünýä ilatynyñ 1%-i dünýä baýlyklarynyñ we gorlarynyñ 50%-ne eýe. Men kapitalizm. Bankirler meniñ perzentlerimdir. Amerikanlaryñ 85%-i eger maddy ýagdaýlaryny gowulandyryp bilse, faşistik hökümeti saýlap biljekdiklerini aýdýar. Ine, şuña kapitalyñ güýji diýilýär! Sizi öz erkiñize goýmaýan, pikirleriñize el urýan, ahyrsoñynda polisiýanyñ güllesi bilen öldürýän sistemany öz eliñiz bilen gurmagyñyz nähili geñ? Siziñ agzyñyzy-burnuñyzy döwüp, türmä dykmalary üçin sistema gurmaga sarp edilýän puly salgyt bahanasy bilen öz jübiñizden çykaryp bermegiñiz nähili geñ?.." Ýagny... "Panama dokumentleri nämekä?" diýip menden soramañ. "Türkiýe näme üçin faşizme tarap barýar?" diýip menden soramañ. Işiñ özenini, syryny şu hat aýdyp berýär... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.05.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |