16:26 Papak hem-de begres şlýapa hakynda | |
PAPAK HEM-DE BEGRES ŞLÝAPA HAKYNDA
Goşgular
Men bir ýönekeý proletar şahyr, Mäkäm nerwlerim, Muskullarym hem. Men çykamda il içine, Işçi papajygym başymda her dem, Men ony hepdede alty gün geýýän. (Polisiýanyñ penjesine düşmesem), Ýedinji gün bolsa Seýle gidenimde söýgülim bilen Ýalñyz şlýapamy geýýän diñe şonda Men Näme üçin ýok meniñ iki şlýapam? Näme üçindir öýdýäñ, Jogap ber, şepäm! Belki, men ýaltadyryn? Ýok! Elim ölçegli 12 sagatlap, Her günde 720 minut Gidýär ähli güýjüm galyndysyz sap Ýuwdarha dek agyr bu zähmete hut! Belki, men hiç zada düşmeýän nadan? Ýalan! Gaýtam begiñ özi gömük bir merman. Belki, men akmak? Ýok, ýok! Edip hem oturma onuñ deýin çak. Belki, men gijeler sähere çenli Sermest bolup meýhanada oturýan? Ýok-la, ýok! Beýle zatlaryñ hemmejesi biderek. Muña, dostum, ýalñyz dogry jogap bar: Men proletar! Dostum, Men bir proletar! Emma bolar meniñ iki şlýapam, Diñe bir ikem däl, Ýigrimi million şlýapam bar, şepäm, Hemme, her dürli kethudalara Garşy aýaga galyp, Ähli proletaryñ birleşen güni Barymyz deñ basyp, ýöräris göni, Bütin planetañ stanoklarna Men, biz, olar, Bolaryn, bolarys, eýe bolarlar Hemme zady baky ele alarlar. Bu bir gezek hem-de baky bor hökman, Bular bu dünýäde hiç zada bakman, Bolar bigüman! Nazym HIKMET. Terjime eden: Ata ATAJANOW. | |
|
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |