21:06 Pargaly Ybraýym nähili öldürildi? | |
PARGALY YBRAÝYM NÄHILI ÖLDÜRILDI?
Geň-taňsy wakalar
Stambulyñ Soltanahmet ploşadynda häzir Türk-yslam taryhy eserleriniñ saklanýan muzeýi bolup hyzmat edýän binanyñ birwagtlar osmanly hökümdary Kanuny Soltan Süleýmanyñ baş weziri Pargaly Ybraýym paşanyñ köşgi bolandygyny bilýäniñiz barmy? Etniki gelip çykyşy boýunça rumly bolan Ybraýym paşanyñ adynyñ yzyna soltanyñ ýakyn dosty bolanlygy üçin ilki "makbul", ölüm bilen jezalandyrylandan soñ bolsa "maktul" lakamy tirkeldi. Ýogsa-da, Ybraýym paşa nähili öldürildikä? Onuñ ölümine patyşanyñ söýgüli aýaly Hürrem soltan sebäp boldumyka? Ýa-da Pargaly öz tekepbirliginiñ pidasy boldumy? Geliñ, aşakda Ybraýym paşanyñ belli arhitektor Mimar Sinana bejerden köşgi barada heniz mälim bolmadyk käbir taryhy maglumatlara bilelikde göz gezdireliñ. • Taryhy çeşmelerde "At meýdany saraýy" diýip agzalýar Soltanahmet ploşadynda ýerleşýän bu köşgi Mimar Sinan gurmandyr. Ýöne bina XVI asyrda ýurduñ baş arhitektory tarapyndan abatlanypdyr. Bu ýagdaý awtobiografik çeşmelerde "At meýdany saraýy tejdid (remont) edildi" diýip agzalýar. Binanyñ baş arhitektor tarapyndan gurulmandygy, onuñ diñe abatlanandygy aýratyn ýañzydylypdyr. • Haçan gurulandygy we kimiñ gurandygy belli däl XIII asyrda ilki ýangyn çykyp, yzyndanam haçparazlaryñ talañçylykly ýörişlerine uçrap weýran bolan, netijede ähmiýetini ýitiren Wizantiýanyñ memorial binasy - Konstantinopol ippodromy XV asyrda türkmenleriñ Stambuly eýelemeginden soñ taryhyñ çañly sahypalaryna garylýar. Osmanlylar ippodromy ilki-ilkiler uly baýramçylyklaryñ geçirilýän meýdançasy hökmünde ulanypdyr. Wagtyñ geçmegi bilen bu ýeriñ töwerek-daşy imperiýanyñ aristokrat gatlagynyñ, ýokary wezipeli döwlet işgärleriniñ, soltanyñ köşgüne ýakyn adamlaryñ ýaşaýan raýonyna öwrülipdir. Taryhy çeşmelerde ippodromyñ üstünde gurlup, "Atmeýdany köşgi", "Mehterhany Kasry" ýaly atlar bilen agzalýan köşgüñ arhitektory we haçan gurulandygy barada anyk maglumatlar gabat gelmese-de, taryhçy Solakzadanyñ ýazgylaryna salgylanyp, binanyñ Baýezit II-niñ döwründe gurulandygyny çak etmek mümkin. • Taryha ilki "Makbul", soñra "Maktul" diýip geçdi Bina 1520-nji ýylda düýpli abatlanylýar we oña ilkinji bolup 1521-nji ýylda heniz tagta çykmadyk şazada Süleýman göçüp gelýär. Bir ýyl geçensoñ 1522-nji ýylda tagta çykan Soltan Süleýman 1523-nji ýylda baş wezir wezipesine bellenen Pargaly Ybraýyma köşgi sowgat berýär. Taryha ilki "Makbul", soñra "Maktul" diýip ady geçen Ybraýym paşa Soltan Süleýmanyñ şazadalyk döwründen bäri ýanynda bolan ýakyn dostudyr we ol köşk düzgünnamasyna gabat gelmeýändigine garamazdan wezipeden wezipä çaltlyk bilen göterilip, baş wezir wezipesinde oturýar. • Ybraýym paşa nähili öldürildi? Ybraýym paşanyñ asly rum milletindendir. Öwlüýä Çelebi "Makbul ee Maktul Ybraýym Paşa" diýip bu belli döwlet işgäriniñ "Harem-i Hasda ýetişip, sadaret bilen Müsüre baryp, dönük Ahmet paşany dardan asandygyny, Müsür galasynda ýedi sany diñ gurduryp, Müsüri täzeden bina edenden soñ Stambula gelendigini" ýazýar. On üç ýyldan soñ wezir bolan Ybraýyma soltan bilen ýakyn gatnaşygyñ bardygy üçin "Makbul" lakamy berlipdir. Köşk intrigalary zerarly gözden düşürilen paşa 1536-njy ýylyñ mart aýynyñ bir gününde, hemişeki bolşy ýaly Soltan Süleýman bilen bile bir supranyñ başynda şamlyk naharyny edinýär, ýöne ol köşgüne dolanyp barmandyr... Ertesi irden Topgapy köşgünden onuñ jansyz bedeni çykarylýar. Şeýdibem, "Makbul" paşa "Maktul" paşa bolýar. • Hürrem soltanyñmy ýa-da öz tekepbirliginiñ pidasy boldy? Aýwansaraýynyñ aýtmagyna görä, paşanyñ köşkden çykarylan meýdi Galatanyñ Tersane adyndaky Janpida tekkesiniñ ýanynda depin edilýär. Halk arasynda giñden ýaýran bir pikir Hürrem soltanyñ Ybraýym paşany özüne esasy bäsdeş hasaplaýandygy üçin öz aýdan-diýeninden çykmaýan patyşany yryp, onuñ ganyna galandygyny öñe sürýär. Ybraýym paşanyñ ýanynda diwan kätipligini eden Jelalzada Mustapa Çelebi, onuñ patyşanyñ permanlaryna we kanunlara diýseñ ygrarlydygyny, her bir işi adalat bilen berjaý edýändigini, juda dindar adam bolandygyny, ýöne Bagdadyñ eýelenmeginden soñ tekepbirlige ýol berip, men-menlik satyp başlandygy, nadanlaryñ sözlerine gulak gerip, gelşiksiz işleri edendigini, bütin bu işleriñ bolsa patyşanyñ gahar-gazaba atlanmagyna sebäp bolandygyny ýazýar. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |