21:05 Stalin nähili öldi? | |
STALIN NÄHILI ÖLDI?
Geň-taňsy wakalar
• Staliniñ ölümi boýunça iki çaklama Taryhyñ eli ganly iñ ýowuz diktatorlarynyñ biri hasaplanýan Staliniñ ölüminiñ sebäbi häzirki wagta çenli syrlylygyny gorap gelýär. Çeşmelerde "beýnä gan inme" diýip geçse-de, bu babatda dürli-dürli pikirler orta atylýar. Hernäme-de bolsa, onuñ ölümi birhili oýa batyrmanam duranok. Dünýäni elinde pyrlan şeýle beýik şahsyýetiñ eden käbir akmaklyklary sebäpli ölenligi şübhä düşürýär. Stalin diýilýän adamyñ Lenin bilen ýanaşyk düşen suratlarynda mylakatly ýylgyryp duran ýüz keşbiniñ bolandygyna garamazdan, dünýä taryhynyñ iñ rehim-şepagatsyz diktatorlarynyñ biridigi inkär edip bolmajak hakykatdyr. Millionlarça adam onuñ bilen pikiri meñzeş bolmandygy üçin ýa-da göwnüne ýaramandygy üçin türmelerde çüýredi, sürgün edildi, atylyp öldürildi... Ol şunça ýowuzlygy özünde jemleýän garadangaýtmaz aznawur adam bolsa-da, janyna kast edilmekden öler ýaly gorkup ýaşapdyr. Şonuñ üçin onuñ ölümi-de öz zalymlygy we akmaklygy sebäpli başyna gelipdir. • Birinji çaklama Stalin janpenalaryna her hili ýagdaý ýüze çyksa-da, dynç alýan otagyna girmezligi tabşyrypdyr. Hatda ol bir gezek görkezmesiniñ ýerini ýetirilişini barlamak üçin endamy agyrýan adam ýaly gaty ses bilen gygyrypdyr we özüni halas etmek üçin içeri giren janpenalaryna ölüm jezasyny beripdir. Şeýdibem, Staliniñ hakykatdanam ölen güni hiç kim onuñ otagyna girmäge milt edip bilmändir. Diñe P.Lozgaçew ahyrsoñy onuñ otagyna giripdir. Lozgaçew gapyny açyp, otagyñ içine girende, Stalin huşy giden ýagdaýda çaşyp ýatanmyşyn. Ýurduñ iñ ökde lukmanlaryny atyp öldüren ýa-da tussag eden bu zalymkerdäni bejerere ibaly lukman hem tapylmandyr. Şeýdibem 1953-nji ýylyñ 5-nji martynda Stalin aradan çykypdyr. • Ikinji çaklama Janyna kast edilmekden öler ýaly gorkýandygy sebäpli dynç alýan otagyna barýan koridorlary labirint şekilinde gurdurypdyr we bu ýoly onuñ diñe özi bilipdir. Şonuñ üçin Staliniñ ölendigi hem giç bilinipdir we jesedini tapmagam hyllalla bolupdyr... • Bellik: Staliniñ zäherlenendigini hem aýdýanlar bar, öz janyna özi kast etdi diýýänler hem bar (ikisi-de doly subut edilmedik). # BBC-niñ dokumental filmi esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||