21:19 Pasinler söweşi | |
PASINLER SÖWEŞI
Taryhy makalalar
Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasynda" 1071-nji ýylda Çagry begiñ ogly Alp Arslanyñ Rum iliniñ derwezesini açmak üçin Wizantiýa hökümdarlygy bilen gazaply söweş edendigi, Malazgirt söweşiniñ netijesinde, Anadolynyñ türkmenleriñ eline geçendigi nygtalýar. Türkmenleriñ 1071-nji ýylda özünden san taýdan iki-üç esse artyk duşman leşgerini çym-pytrak eden şanly Malazgirt söweşiniñ bolup geçenine şu ýylyñ awgust aýynda 947 ýyl doldy. Dek ýañy 2018-nji ýylyñ 26-26-njy awgustynda Türkiýäniñ Ahlat diýen ýerinde, (Malazgirt söweşiniñ bolan ýeri) bu şanly ýeñiş dabaraly ýagdaýda döwlet derejesinde bellenilip geçildi. Söweşde şehit bolan seljikly türkmen esgerleriniñ gonamçylygyna zyýarat eden Türkiýäniñ häzirki Prezidenti R.T.Ärdogandan başga-da, bu dabara döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniñ, syýasatçylaryñ onlarçasy gatnaşdy. Türk romanlaryny hasaba almanyñda-da, Malazgirt söweşi türkmen edebiýatynda hem öz beýanyny giñden tapdy. Ýazmyrat Mämmediýewiñ, Osman Ödäniñ taryhy romanlarynda bu şanly ýeñiş çeper suratlandyrylýar. Şeýle hem Jumageldi Mülkiýewiñ "Seljuklar" romanynyñ "Malazgirt" atly 3-nji bölümi boýdan-başa şu harby operasiýanyñ gidişine bagyşlanan. Türkmenleriñ Anadolyny eýelemek synanyşygy Togrul begiñ döwründe başlanypdy. 1049-njy ýylda bolup geçen Pasinler söweşinde türkmenler Wizantiýanyñ üstünden ilkinji gezek ýeñiş gazanmagy başardylar. Pasinlerdäki bu ýeñiş türkmenler üçin Anadolynyñ gapysyny açdy. Bu ýeñiş Malazgirt ýeñşi üçin şertleri taýýarlady. Malazgirt ýeñşi bolsa türkmenleriñ öñünde Anadolynyñ derwezelerini giñden açdy. Sahypamyzyñ şu günki sanynda, şol taryhy dabara mynasybetli, taryhçy Jumamyrat Gurbangeldiýewiñ ýurdumyzyñ "Esger" gazetinde çykan "Pasinler söweşi" atly taryhy makalasyny okyjylarymyzyñ dykgatyna ýetirýäris. @"Kitapçylar" edebi topary. ▶ PASINLER SÖWEŞI Dañdanakan söweşinden soñ seljuk türkmenleriniñ bir bölegi günbatara ~ Anadoly topraklaryna tarap hereket edip ugrapdylar. Çagry begiñ barlag ýörişiniñ netijesinde bu ýeriñ türkmenler üçin amatly, otlagly-suwlagly mekandygy öwrenilipdi. 1028-nji ýylda oguzlaryñ bir bölegi Wizantiýanyñ çäklerine girip, Diýarbekir töwereklerinde ornaşypdy. Olaryñ baştutany Arslan Ýabgunyñ Mahmyt Gaznaly tarapyndan zyndana atylmagyndan soñ bu ýerlere çekilipdirler. Dañdanakan ýeñşinden soñ Beýik Seljuk türkmen döwletiniñ günbatar çäklerinim giñeldilmegi üçin Togrul beg Ybraýym Ýynaly Häzirbegjanyñ we Yragyñ-Ajamyñ eýelenmegi üçin tabyn edipdir. Seljuk akgynlarynyñ güýçlenýän pursadynda Anadolynyñ gündogarynda kiçiräk gürji we ermeni şalyklary bardy. Olar Wizantiýa imperatoryna tabyndylar. Imperator Konstantin IX Monomah döwletiniñ gündogar serhetlerini seljuk türkmenlerinden goramak syýasatyny alyp barypdyr. Özüne tabyn gürji şazadasy Liparidiñ serkerdeliginde 1045-nji ýylyñ baharynda bir ordany Dwine tarap ugradypdyr. Bu habary eşiden Togrul beg Arslan Ýabgunyñ ogly Gutulmyşyñ serkerdeligindäki nökerleri wizantiýalylaryñ garşysyna ýollapdyr. Türkmenleriñ wizantiýalylar bilen ilkinji çaknyşygy 1045-nji ýylyñ güýzünde Genjäniñ golaýynda (Häzirbegjan) bolupdyr. Birleşen gürji, ermeni, wizantiýa goşuny çym-pytrak edilip, söweşde goşunbaşylary Wahram öldürilipdir. Araz derýasy boýunça öñe ilerlän Gutulmyş beg bu ýeñşi Togrul bege buşlap, "bu ýerleriñ baýdygyny, ähli zadyñ bolçulykdygyny, rumlularyñ (wizantiýalylaryñ) söweşjeñ ukybynyñ pesdigini, şonuñ üçinem añsatlyk bilen eýelenop bilinjekdigini" habar beripdir. Bu ýeñişden soñ Togrul beg seljuk şazadalaryny Anadolynyñ dürli etraplaryny eýelemäge borçlabdyrypdyr. Olaryñ arasynda Çagry begiñ ogly Ýakut hem-de Musa Ýabgunyñ ogly Hasan hem bar eken. Olaryñ serkerdeligindäki seljuk goşuny 1048-nji ýylda Wizantiýa tabyn Waspurakan korollygynyñ çäklerine aralaşypdyr. Ol Wan kölüniñ (Türkiýäniñ gündogary) töwereginde ýerleşýär. Bu ýeriñ häkimi Aaron Gürjüstanyñ hökümdary Katakalon Kekaumenosdan kömek sorapdyr. Iki goşun Zab derýasynyñ kenarynda duşuşypdyr. Söweş başlan pursady duşman hilä ýüz urupdyr: goşunyñ agyrlyklaryny (sülsadyny) söweş meýdanynda taşlap, yza çekilipdir. Seljuklar "Söweş gutarýança olja güýmenme!" diýen dessury unudyp hem-de wizantiýalylary ýeñildi hasap edip, olary kowalapdyrlar. Ibnül Esir duzaga düşen seljuklaryñ ýeñlip, Hasanyñ şehit düşendigini ýazýar. (Bu ganly epizod O.Ödäniñ "Altynjan Hatyn" we J.Mülkiýewiñ "Seljuklar" romanlarynda hem berlipdir -t.b.). Bu söweş seljuklaryñ ýeñlişi bilen tamamlanypdyr. Serkerde Hasanyñ Wizantiýa garşy ýörişde wepat bolmahy Togrul begi gynandyrypdyr. Ol bu ýeñlişiñ öwezini dolmak üçin Wizantiýa garşy ýöriş etmäge buýruk berýär. Bu ýörişe Häzirbegjanyñ häkimi Ybraýym Ýynaly hem-de Harran sebitinde ýörişde bolan Gutulmyşy jogapkär belläpdir. Wizantiýa çeşmelerinde sany 100 müñ adam diýlip görkezilen seljuk goşuny 1049-njy ýylda Anadoly topraklaryna giripdir. Gürji şazadasy Liparidiñ serkerdeligindäki birleşen ermeni, gürji, rum goşuny Hasangalada (Basean) karargähini gurupdyr. Çeşmelerde wizantiýa goşunynyñ sany 35 müñ adam diýlip görkezilýär. Araz derýasyny geçen seljuk goşuny ýyldyrym çaltlygynda öñe ilerläp, Erzurum şäherini ele geçiripdir. Hasangalanyñ golaýyndaky Pasinler obasyna gelip, wizantiýalylaryñ garşysynda goş ýazdyrypdyr. Goşunlaryñ ýerleşiş ýagdaýy şeýledi: Wizantiýa goşunynyñ sag ganatyna Katalakon, çep ganatyna Aaron atly serkerdeler, merkezine bolsa Liparidiñ özi baştutanlyk edipdir. Seljuk goşunynyñ bir ganatyna Ybraýym Ýynal, beýlekisine bolsa Gutulmyş serkerdelik edýärdi. Katalakon seljuklaryñ üstüne derrew hüjüme geçip, olary bir zarbada dargatmagy teklip edipdir. Emma gürji ynançlaryna görä, ruh gününi ugursyz saýan Liparid söweşi başlamagyñ tarapdary bolmandyr. 1049-njy ýylyñ 18-nji sentýabrynda seljuk-wizantiýa goşunynyñ arasynda aýgytly söweş bolupdyr. Söweşiñ başynda wizantiýa goşunyndaky serkerdeleriñ biri bolan ýegeniniñ öldürilendigini gören Liparid söweşe girmäge mejbur bolupdyr. Gije dowam eden söweşde üstünligiñ haýsy tarapdadygyny saýgarar ýaly bolmandyr. Wizantiýalylar birbada Ybraýym Ýynalyñ serkerdeligindäki ganaty yza tesmäge hem mejbur edipdirler. Emma güýçlerini jemläp, hüjüme geçen seljuklaryñ garşysynda wizantiýa goşuny durup bilmän, ýan beripdir. Liparidiñ baştutanlygynda tas wizantiýalylaryñ ählisi diýen ýaly ýesir alnypdyr. Gaçyp gutulanlar Wan we Ani sebitlerinde gizlenipdirler. Çeşmelerde wizantiýalylardan alnan oljanyñ 15 müñ araba ýüklenendigini habar berýär. Oljalaryñ arasynda wizantiýaly demir sowutly esgerleriñ (rysarlaryñ) 19 müñ sany söweş sowutlary (zyrhlary) hem bar eken. Ybraýym Ýynal Liparidi, ýesirleri we oljalary alyp, 5 günüñ dowamynda ýol ýöräp, paýtagt Reý şäherine gelipdir, Wizantiýa döwletiniñ üstünden gazanylan ilkinji beýik ýeñşi Beýik Seljuk soltany Togrul bege buşlapdyr. Togrul beg bu ýeñiş üçin oña minnetdarlyk bildirip, 40 müñ altyn sowgat bermekçi bolupdyr. Emma Ybraýym Ýynal ol puly almandyr. Bu ýeñişden ruhlanan türkmenler Gara deñziñ kenaryndaky Trabzona çenli süýşüpdirler. Orta asyr taryhçysy Sybt Ibnül-Jewzi Ybraýym Ýynalyñ ýegeni Muhammediñ baştutanlygynda seljuklaryñ bir böleginiñ Konstantinopola çenli barandygyny ýazýar. Pasinler söweşindäki ýeñliş Wizantiýa imperiýasyny sarsdyrypdyr. Balkanlarda başga bir türki kowmuñ ~ peçenegleriñ zarbasyna duçar bolan Wizantiýa seljuklar bilen ylalaşyk baglaşmagyñ ýoluny agtarypdyr. Öñ özüne tabyn bolan, soñra seljuk soltanynyñ häkimligine geçen Merwanogullaryndan Nasyruddöwle Ahmediñ araçyllygy bilen ilçisi Dronosy Reýe ýollapdyr. Çeşmelerde imperatoryñ soltana Liparidi halas etmek üçin öweztöleginden başga-da gymmatbaha sowgatlary ýollandygy aýdylýar. Orta asyr hronologlary Ibnül Esir, Zahaby, Abul-Faraj wizantiýa ilçisiniñ 100 müñ top ýüpek mata (ýüpek - orta asyrlaryñ iñ gymmat harydy), 500 sany oñat eşik, 500 sany at we gatyr, 300 sany müsür eşegi, 1000 öküz, 100 sany kümüş gap, 200 müñ dinar altyn lul getirendigini ýazypdyrlar. Togrul beg Liparide uly merhemet edip, öweztölegini almazdan ony ýesirlikden boşadypdyr. Ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak hem-de ýeñşiñ netijesini berkitmek üçin Togrul beg 1050-nji ýylda Abul Fazl Nasyr atly ilçisini Konstantinopola ýollapdyr. Gepleşikleriñ netijesinde Wizantiýa imperatory öz paýtagtynda IX asyrda gurlan, emma haly harap bolan metjidi rejeletmäge, şaýy fatymy halyfynyñ adyny okalan hutbany Abbasy halyfynyñ we seljuk soltanynyñ adyn okatmaga; metjidiñ mährabyna seljuklaryñ häkimiýet alamaty bolan ok we ýaýyñ şeklini goýdurmaga ylalaşypdyr. Emma Wizantiýa öñ Abbasy halyfyna töleýän ýyllyk pajyny seljuklara tölemäge razy bolmandyr. Pasinler söweşi türkmenlere Anadolynyñ gapysyny açmakda ýeñiş getiren ilkinji söweşdi. Anadolyny ýurt tutunmaga ähmiýet beren Togrul begiñ öz serkerdeliginde 1054-1055-nji ýyllarda Anadola bir ýöriş gurnalypdy. Türkmenler Malazgirdiñ töwereklerine barypdyrlar. Emma türkmenler üçin Anadolynyñ derwezelerini açjak Malazgirt ýörişi entek öñdedi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |