10:28 Paýhasly ösümlikler: Erteki we çeper hyýal | |
PAÝHASLY ÖSÜMLIKLER: ERTEKI WE ÇEPER HYÝAL
Ösümlik dünýäsi
Adamzat siwilizasiýanyň tutuş folklory edil ynsan ýaly paýhasly ösümlikler hakyndaky ertekilerden, rowaýatlardan, hekaýatlardan, çeper we sungat eserlerinden dos-doly. Yslam dinine uýmazdan öň, Gök Taňry dinine uýan Gadymy türkleriň rowaýatlarynda paýhasly ösümlikler barada nijeme rowaýatlar, ynançlar bar. Olardan esasylary: - Älem Daragty – Keramatly Baýderek. Köki – Tamugda (Dowzahda), Sütüni – Ortakda (ýagny, Dirileň dünýäsinde, Zeminde), Püri – Uçmahda (Jennetde) bolan Äpet Agaç. Onuň şahasynda bäş kelleli Bürgüt (Symrug) oturyp, Ortagy we Uçmahy ýamanlykdan goraýarmyş hem-de Baýderegiň köküniň daşyna çolanyp ýatan goşakelleli Ýylanşasy (Aýdarhan, Baly, Aždarha) bilen söweş edip, ony ýeňýärmiş. - Tokaý eýesi – Gormanhoja, islän agajyna öwrülip, islän agajy bilen gepleşip bilýärmiş. - Gormanhojaň gyzy – Baýçiçek. - Tokaý alpy – Agajeri – Baýçiçegiň aşygy. - Aw-şikaryň zenan hudaýy, tokaýlaryň, agaçlaryň penakäri – Şalyk kadyn (hatyn) – islese agaçlara, islese haýwanlara ýa-da guşlara öwrülip bilipdir. Ondan başga-da gadymy türkler her bir zadyň öz jany (eýesi, ruhy, guty) bar diýip hasaplaýyşlary ýaly, her bir ösümligem janly, akylly-başly, erkli-ygtyýarly jandar diýip ykrar edipdirler. Yslam dininde bolsa, ösümlikleriň paýhaslydygy, adam dilinde gepleýişleri hakda nijeme hekaýatlar bar. Mysal üçin: Adam ata bilen How ene Jennetde gadagan edilen miwäni (bugdaýy) iýenlerinden soň gaçyp ýören Adam atany tutup saklaýan Jeýlan daragty (igde agajy), soňra olara dözmän, uýat ýerini ýapmak üçin ýapragyny berýän injir agajy. Ýa-da pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalam wagyz edende onuň gapdalynda gözýaş döken hurma agajy hakdaky hekaýat we ş.m.. Gadymy ýunan (grek) mifologiýasynda agaçlarda ýaşaýan tokaý perileri – driadalar hakynda rowaýatlar bar. Driadalaryň içinden gamadriadalaryň bolsa özleri belli bir agajyň düzüm bölegi bolup, şol agaç bilen bilelikde wepat bolýandyklary hakynda aýdylýar. Lapifler (ýarymmifiki ýarymreal taýpa, olar barada Gomeriň “Iliada”-synda-da agzalýar) bolsa, gadymy ýunanlaň düşünjesine görä, şol birwagtyň özünde ýarymadam, ýarymagaç bolupdyrlar. Gadymy saklaplarda (slawýanlarda) agaçlardan wasanlar (idollar, hudaýlaryň heýkelleri, butlar) ýasalyp, olar şekili ýasalan hudaýyň ýerdäki keşbi, synasy (awatary) diýlip ynanylypdyr. Şonuň ýaly-da tokaýda wepat bolanlaryň ruhlarynyň agaçlara öwrülýändigi hakda we dürli arwahy ruhlaryň agaçlara öwrülmäge ukyplydyklary hakynda ynançlar hem hekaýatlar bolupdyr. Gadymy pars rowaýatlarynda-da paýhasly agaçlar hakda birnäçe ertekiler, rowaýatlar bar ekeni. Mysal üçin, Ferdöwsiniň şol pars we türk rowaýatlarynyň esasynda ýazylan “Şanamasynda” Isgender Zülkarnaýnyň bir agaç bilen söhbeti beýan edilýär. Dünýä edebiýatynyň bu meşhur eseriniň hut şu sahnasynyň özeninde “Dilli daragt Wak-wak” hakdaky pars ertekisiniň ýatandygy baradaky çaklamany alymlar öňe sürýärler. Edil şonuň ýaly-da, paýhasly ösümlikler, ýagny gül-gyzlar hakyndaky rowaýatlaryň, ertekileriň gadymy hindilerde-de bardygyny hatda meşhur syýahatçy Marko Polo-da öz işinde beýan edipdir. Mundan başga-da köp halklaryň folklorynda gürleýän agaçlar, gahrymanlara nesihat berýän we hemaýat edýän ösümlikler şekillendirilýär. Mysal üçin, irland ertekilerinde tokaý jadygöýleri – druidler adatça toýra (dub) agaçlary bilen geňeş edýärler. Ýaponlarda bolsa samuraý Tomodataň Ýaşyl Leýlisaç atly gyza aşyk bolýandygy hakynda erteki bar. Ertekiň dowamynda Ýaşyl Leýlisaçyň agajyň kalbydygy ýüze çykýar. Häzirki zaman kino, multfilim, nakgaşlyk sungatynda, edil şonuň ýaly edebiýatda-da paýhasly ösümlikleriň, esasanam agaçlaryň keşpleri bolsa sanardan köp. Hemmelere mälim bolan, paýhasly agajyň iň ýatda galyjy keşpleriniň biri – “Ýüzükleriň hökümdary” filmindäki entleri (agaç çopany) bolsa agzamagam gerek dälmikä diýýän. Dürli internet maglumatlaryndan toplandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |