03:09 Pespäl | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ PESPÄL Üýtgeşik bir zat gerek däl Bagda guşlar saýrap dursa Ilden-ile barýan ýollar Çar tarapa ýaýrap dursa. Keramat bar gyzyl közde, Alamat bar ýylçyr buzda. Bolýar bize gyşda, ýazda Howa sowap, maýlap dursa. Utulmasaň söwdalarda, Suw bol bolsa howdanlarda, Bolýar ala meýdanlarda Alma, narlar gülläp dursa. Halal bolsa bu giň ojak Ýeri başga näme diýjek? Goç ýigitler ýalňyşmanjyk Ýary seçip-saýlap dursa. Gumry gonsa üçegiňde, Nanyň bolsa saçagyňda. Kemiň näme gujagyňda Agtyjagyň oýnap dursa. Ýok zatlara başyň goşma, Näme gerek mundan başga. Ylham atly täsin çeşme Ýetmiş ýaşda gaýnap dursa. Alkyşlaýyn iýlen duzy, Bu arzuwyň ýokdur yzy. Besdir bize Allaň özi Käte nazar aýlap dursa. ▶ YKBALA Arzuwym o diýen ullakan zat däl, Altyn däl, maşyn däl, ýa samalýot däl, Owadan jäjek däl, ýasama at däl, Ilkinji dilegim kemlikden sakla! Çagalygyň hözüründen aýyrma, Ata ýurduň huzuryndan aýyrma, Ömrüm boýu emme emläp doýurma, Wagty gelende emzikden sakla! Ene-de, Ata-da bir gün gitmeli, Soň özümiz olaň ornun tutmaly, Gözýaşdanam halas etseň et weli, Ýalbarýan ýüregi doňlukdan sakla! Işim rowaçlanyp ugrugan ýerde, Ýolukdurma hern-ä bolgusyz derde, Asly ýeke, özi çäkli ömrümde, Başganyň üstünden gülmekden sakla! Öz ýoluma, ýoldaşyma ynanman, Ýaşamaly etmäweri eý aman, Owal başda öz sazyňä guwanman, Özgäniň sazyny çalmakdan sakla! Bu owadan dünýä guwanjym meniň, Ygtybar dostlarym daýanjym meniň, Mukaddes baýdagyn ynanjym meniň, Del baýdaga tagzym kylmakdan sakla! Yzyňa göz aýla nähili bolup, Geçdiň agyr döwrüň jahyly bolup, Indem uly iliň şahyry bolup, Bi arzy, bi gadyr bolmakdan sakla! Başym bir, ýüzümem bolmasyn iki, Özüme daraýyn, hemmeden ilki, Märekä baş etseň etmäwer gülki, Aşä ýüki arka almakdan sakla! Garaşly etmeseň özümçe ýoga, Taýýärdyryn her dem sag bol diýmäge, Ygtyýär ber gazanjymy aýmäge, Azaşana duş etme emgekden sakla! Är dek çekip näme gelse başyňa, Güýzüňden golaýlap barýäň gyşyňä, Ýüküň bolsa ur ýene-de gerşime, Oňa derek nähak ýumrukdan sakla! * * * Ah, dünýe! Men seni nädip söýmäýin: Mähriňden ganmak ýok, Yşkyňdan doýmak. Ak gyşyň – pähimdar, Baharyň – şahyr, Aý-aýdyň gijäň – süýt, Säheriň – gaýmak. Ah, dünýe! Men seni niçik söýmäýin: Gözümde dur gögelekäm görenim: Näçe gezek kesesinden syn etdim Kak suwuna inen süri jereniň! Ah, dünýe! Men seni neneň söýmäýin – Bu çuňňur çöketler, Bu belent daglar... Daňdan alty ganat öýüň içinde Ýagşyň sesin diňläp ýatylan çaglar! Ah, dünýe! Men seni nädip söýmäýin: Ak gar basan çöle çykarsyň awa... Bir-birini kesip geçer ýodalar, Her ýodaň aňyrsy obadyr oba! Tüňçäni dolduryp garyň suwundan, Owkalap-owkalap awuşan eli, Ojaryň oduna ýüzüňi çoýup, Guşdyrnak gök çaýy içýänsiň weli – Durnaň gözi ýaly asmana garap, Duýmarsyň aýdyma hiňleneneniňi Ýagly murty sypalaplar, içiňden Rüsteme, Görogla deňlenýäniňi. Ah, dünýe! Men seni neneň söýmäýin: Buýra saçlarynda galmady derek. Özüň bolan bolsaň meniň ýerimde Möňňürip-möňňürip aglardyň gerek! Men seni nämüçin söýmäýin dünýe – Sende öý tutyndym, Öwzarly boldum. Enemiň ak süýdün ýere çalmadym, Atamyň ýurduna ygrarly boldum. Ýeri, seni neneň söýmäýim dünýe: Men bäş gezek garşylap Luw ýylyny, Dadyp altmyş güýzüň naz-nygmatyndan, Ysgapdyryn altmuş ýazyň gülüni. Ýetim goýup, Gidip barýar dost-ýarlar... Hiç kimiňem baky däldigi mälim. Bu ýerde hemme zat düşnükli ahyr: Ah, dünýe! Men seni nädip söýmäýin?! * * * Bu ömürde ep-eslije zat gördük, Ýakyndanam mähribanrak ýat gördük, Özi garyp, ýöne göwni şat gördük – Gara ak bolupdyr diýip eşdemok. Kän ondan, kä mundan öwüsýär şemal, Azgyna ahyry tapylýar zowal, Öwüt-ündew bilen – asly bikemal Kemal tapanmyşyn diýip eşdemok. Synlap bu dünýäni, töwerek-daşy, Eşitsem-de her hiliräk „myş-myşy“, Gara gazan ýaly şar gara kişi Duw ak bolaýypdyr diýip eşdemok. Söýýäniň ýalandyr özge ynsany – Onuň üçin ýakyp bilmeseň jany, Gördüm akmakdyryn diýýän danany, Akmaklaryň beý diýenin eşdemok. Şeýleräk bu dünýe, şeýleräk durmuş! Haýrandyryn: akly dolumy ýa boş – Hemmeleriň öz-özünden göwni hoş, Şükür, kemim bar diýeni eşdemok. | |
|
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Iki jahan zyndan ise, gerek maňa bossan ola... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |