03:45 PKK-niñ ýeñse ýüzi | |
PKK-niñ ÝEÑSE ÝÜZI
Publisistika
Öjalan "Kürdüstanda raýatlyk meselesi" (“Kürdistan'da Kişilik Sorunu”) kitabyny ýazdy. Ol öz ýanyndan "täze kürt raýatyny" kemala getirerin öýdýär! Ýeri, bu neneñ amala aşmaly: ýaragly göreş arkaly... Ýaraga puly nireden tapmaly? PKK nämäniñ puluna eklenmeli? Soraglaryñ jogaby üçin men ortadan çekileýin: olaryñ öwlüýä ýaly ynanýan Amerikasyndan mysallar ýazaýyn: ABŞ-nyñ Narkotiki serişdelere garşy göreş uprawleniýesi (DEA) şeýle diýdi: "PKK geroin öndürip we neşe söwdagärleriniñ serhetden aşyrýan ýüklerinden paç alyp hem-de Ýewropadaky geroin söwdasynyñ agramly bölegine gözegçilik edip ummasyz girdeji gazanýar..." Başga bir maglumatnamalarynda Asa Hatkinson we bölüm şefi Mişel Braun ýaly DEA-nyñ ýörite hünärmenleri şeýle diýdi: "PKK türk hökümetine farşy terrorçylykly hereketleri goldamak üçin geroin önümçiligini we bikanun söwdasyny alyp barýar..." ABŞ-nyñ Daşary işler ministrligi amerikan senatyna beren maglumatnamasynda şeýle diýdi: "Ýewropa sebitiniñ aşaky kysmynda PKK etniki kürt guramasy neşe dolanşygynda ýer alýar we geroin söwdasynda işjeñ rol oýnaýar..." ABŞ-nyñ Gazna ministrliginden Benjamin Fridman we Matthew Lewitt taýýarlan maglumatnamasynda şeýle diýdi: "PKK işlenmedik morfini Eýrandan, Owganystandan, Päkistandan alyp, geroine öwrüp, soñam Ýewropa satuwa çykarýar..." Başgalarynam goşaýyn: ■ NÄMELERI ÝAZDYLAR BMG-nyñ Narkotiki serişdelere we jenaýatlara garşy göreş uprawleniýesi (UNODC) şeýle diýdi: "Orta Aziýadaky Owganystan we beýleki ýurtlardan Ýewropa aralaşýan bikanun neşe söwdasyndan düşýän girdejiniñ 5 milliard dollara barabardygy çaklanýar. Bu girdejiniñ ýarsy PKK-ä gidýär..." Terrorçylyga garşy ýörite hünärmenler Ýwon Dandurand we Wiwienne Çin tarapyndan UNODC-a berilen "Terrorizm we beýleki dürli jenaýatlaryñ arasyndaky baglanşyklar" maglumatnamasynda şeýle diýilýär: "PKK we beýleki kürt guramalarynyñ arasyndaky hyzmatdaşlyk Sisiliýanyñ mafiýa maşgalalarynyñ arasyndaky hyzmatdaşlyga meñzeýär. PKK neşe söwdasynyñ, önümçiliginden söwdasyna çenli her tapgyrynda ýer alan köp taraply gurama..." Halkara polisiýa guramasy INTERPOL-yñ aýtmagyna görä: "Ýewropadaky neşe söwdasynyñ 60-70 göterimi PKK-niñ gözegçiliginde. 2005-nji ýyldan başlap ýewropa bazaryna gelen narkotiki serişdeleriñ 80 göterimi PKK-niñ gözegçiliginde gelýär..." NATO-nyñ garamagyndaky Ykdysady komitetiñ maglumatnamasynda şeýle setirler bar: "Narkotik industriýasy PKK-niñ iñ girdejili kriminal pudagydyr. Päkistandaky neşäniñ çig mal önümçiliginden, Yrakdaky işlenip taýýarlanşyna, köçelerde satylyşyndan, Ýewropada paýlanyşyna çenli gurama neşe söwdasynyñ her ugrunda ýer alýar..." Ýewropanyñ polisiýa guramasy EUROPOL Ýewropa bileleşigine girýän ýurtlarda terrorizmiñ ýagdaýy we ösüşi baradaky maglumatnamasynda şeýle diýdi: "PKK maddy üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen kürt diasporasynyñ ýerleşýän birnäçe ýewropa ýurdunda bikanun neşe we adam söwdasyny edýär..." OECD-iñ düzümindäki bikanun pullaryñ kanunylaşdyrylmagyna garşy maliýe operasiýalaryny amala aşyrýan bölümiñ (FATF) aýtmagyna görä: "PKK hem edil "Taliban" ýaly bikun neşe söwdasyndan girdeji edinýär. Neşe serişdelerini Türkiýäniñ üstünden ýewropa bazaryna aşyrýanlardan paç alýar..." Jemläp aýdanymda: ■ GARAŞLY ADAM PKK bu işlere Bekaa jülgesindäki Baalbek we Hermen lagerinde kenep we haş-haş ekip, guran laboratoriýalarynda neşe serişdelerini öndürmek bilen başlady... Ele salnan Şemdin Sakyk Öjalanyñ özüne "guramany saklamak añsat däl, neşe söwdasynyñ girdejisi bolmasa munça adamy nädip doýrarys" diýendigini boýun aldy. Bugün ABŞ-dan ÝB-ne, NATO-dan BM-na çenli barsynyñ aýdýanlary şudur: - PKK neşe mafiýasydyr. - Neşe söwdasy we terrorçylyk biri-birinden aýryp bolmajak derejede baglanyşyklydyr, terrorizmiñ batgalygy neşedir. PKK-niñ neşe söwdasyna garşy Germaniýada, Awstriýada, Bolgariýada, Daniýada, Fransiýada, Gollandiýada, Angliýada, Şwesiýada, Şweýsariýada, Italiýada, Kanadada, Moldawiýada, Norwegiýada, Portugaliýada, Polşada, Sloweniýada, Siriýada, Gresiýda we dargamazdan öñ Ýugoslawiýada 1987-2008-nji ýyllar aralygynda geçirilen 92 operasiýada 288 PKK-li ele salyndy... Sanyñ azdygy, çünki "Terrorizmiñ maliýeleşdirilmegine garşy halkara şertnamasyna" gol çelen ýurtlaryñ ele salnan neşe söwdagärlerini-satyjylaryny haýsam bolsa bir ýol bilen PKK-li hasaplamaýandygy tankyt edilýär. Germaniýanyñ Baş Prokuraturasy muny açyk-aýdyñ subut edýär: "Ýewropada ele salnan neşeleriñ segsen göterimi PKK bilen baglanyşyklydyr. PKK Türkiýede we Yragyñ demirgazygynda narkotiki laboratoriýalary işledýän topar hökmünde tanalýar..." Türkiýede bolsa häzire çenli PKK-niñ neşe söwdasyna garşy 414 operasiýa geçirildi, 1.325 PKK-li ele salyndy. Aýyklaýjy netijä geler bolsam: Neşe söwdasy arkaly "täze kürt adamyny" kemala getirip bolarmy? Diñe kellesi doñan we hakykatlary görüp bilmeýän garaşly adam döredip bolar! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.02.2021 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||