09:27 Pompeo şeýle diýdi | |
POMPEO ŞEÝLE DIÝDI
Publisistika
Öñki daşary işler ministri we MRU-nyñ öñki başlygy, geljegiñ respublikan syýasatçysy Maýk Pompeonyñ "Hiç eglişik edäýme: Söýýän Amerikam üçin söweşmek" atly ýatlamalar kitaby syýasatyñ sahypalardan daşyna çogup duran syrlaryny we intrigalaryny ýüze çykardy. Golaýda çap edilen kitap janköýerleri we mediýa platformalaryny diýseñ başagaýlyga saldy: hususanam ýatlamalaryñ awtory düşündirişleri we tutumlary bilen, gerek bolsa 2024-nji ýylyñ prezidentlik saýlawlaryna kandidaturasyny goýmak pikiri barada aýdylanlar boýunça eýýämden amerikan, aýratynam dünýä syýasat sahnasynda täsiriniñ bardygy üçin. Gürrüñi edilýän adam käbir gizlin meseleleri orta dökdi: belki-de, iñ howplularyny: amerikan hökümetiniñ dünýäni Päkistanyñ we Hindistanyñ arasyndaky ýadro urşundan halas etmek formasy we "asyryñ ogurlygy" diýip at berilen wakada Eýranyñ ýadro arhiwiniñ ogurlanmagynyñ syrlary. Emma meniñ pikirimçe iñ ähmiýetli sahypalar: Pompeo we Tramp hökümetiniñ Saud Arabystany bilen güýçli gatnaşygyñ işjeñligine we derwaýyslygyna degişli pelsepesinden we Tramp hökümetiniñ bu gatnaşyga bolan ilgezikliginiñ, obamaçy çepçi akymlary we elbetde olar bilen ýaranlyk edýän syýasy yslamçy gatlaklary nähili boguşy hakdaky gürrüñler. Pompeo ýatlamasynda Saud Arabystan patyşalygy bilen diplomatiki gatnaşygynyñ amerikan metbugatyny ynjalyksyzlandyrýandygyna yşarat edip, patyşalyk bilen gatnaşygyñ güýçli formada arkasynda durupdy. Tejribeli amerikan syýasatçysy Saud Arabystanynyñ mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Selmanyñ-da "döwrüniñ belli liderlerinden bolup, dünýä arenasynda hakykatdanam taryhy şahsyýetdigini subut edip biljek derejede" reformistdigini nygtapdyr. Pompeo kitabynda 2018-nji ýylyñ oktýabrynda Riýadda geçiren duşuşygyndan söz açanda: "Metbugaty gassaphanadaky wegetariandan has beter dälireden zat - biziñ Saud Arabystany bilen bolan gatnaşygymyzdyr" diýip, kinaýaly söz oklaýar. Obamaçy amerikan mediýasy we onuñ amerikan diasporasyndaky ihwan "hojalaryny" öz içine alýan "Osmanyñ köýnegi" meselesi şindizem "Jemal Kaşykçy jenaýaty" meselesidir. Pompeo bu jenaýaty "ylalaşyp bolmajak gabahat jenaýat" hasap etmek bilen birlikde, Kaşykçyny "ýöne bir žurnalist" hasap etmeýär we ony "Saud Bob Wudwordyna" öwren mediýany tankyt edýär. Onuñ pikiriçe Kaşykçy oýnan syýasy jedelinde utulan syýasy "aktiwistdi". Açyk aýdanda, garlawaçlaryñ eldegrilmesiz we mukaddes mediatik syýasat sygyryna döndermek islän meselesini ele alyşdaky çynlakaýlygyñ şular ýaly derejesi heniz görlüp-eşdilmedik zat. Bu sözler bir mahallar amerikan kontrrazwedkasyna başlyklyk eden, yzyndan Jemalyñ ölüsini-dirisini peýdalanan akymyñ möwç uran döwründe daşary işler ministri bolan adamyñ galamyndan çykandygy üçinem möhüm ähmiýeti bar. Sözüniñ soñunda Maýk Pompeo nutugyny ýeterlik we gysgaça jemläp, şeýle diýýär: "ABŞ bilen Saud Arabystanynyñ arasyndaky howpsuzlyk iñ soñky derejede derwaýysdyr". Hawa, mundan öñem şeýledi, mundan soñam şeýle bor. Mişari ZEÝDI. Saud Arabystanly žurnalist. Şenbe, 28.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||