10:10 Prezident Reýgana açyk hat | |
PREZIDENT REÝGANA AÇYK HAT
Poemalar
(Ak tama gowuşmaly ak nama) Ser! Köp gürrüñ edýäñiz ýakyn-yrakda Adamyñ hukugyn goramak hakda... Meniñ hukugymy meniñ ilimde Işde, gezelençde, ýa öz dulumda, Bagymda, dagymda, derýa, çölümde Aýdyñ, kimden goramaly? Aý sorri ser bu sowaly Men hut sizden soramaly! Säher, işe ýollanamda Hukugymy çagalardan Goramaly bolaýmasyn? Sagymda hem sollarymda Bökjekleşip bakja barýan, Jak-jaklaşyp salam berýän Çagajyklar hukugyma Birden "syrtmak salaýmasyn?" Ýa-da işden gaýdanymda Hukugymy babalardan Goramaly bolaýmasyn? Kemsidilen ynsan üçin, Şu bagtyýar döwran üçin, Meniñ doglan günüm üçin, Hem erkana dilim üçin Oda girip, otdan çykan, Söweşlerde ganyn döken Babam meniñ hukugymyñ "Damagyny çalaýmasyn?" Dile geldi - bile geldi, Soñuna çen ediñ belli, Aýdyñ ahyr, aýdyñ jenap, Hossarsyrýan siz tetelli Durmuşymy nämä ýanap, Nämeden şer aramaly, Aýdyñ meniñ hukugymy Ýeri, kimden goramaly? Baga girsem, bag içinde seýl edýän Tahyrlardanmy? Senemlerdenmi? Daga çyksam, ula-kiçä sežd edýän Çopanlardanmy? Keremlerdenmi? Deñizde ýüzemde bekre bişirip, Myhmana gujagyn gerenlerdenmi? Ýa eziz sährama çyksam joş urup, Çal küýzäni ak goşardan aşyryp, Kerseni uzadýan gelinlerdenmi? Ýa daşyna wyşka baryn üýşürip, Ülpüldäp oturan selinlerdenmi? Jerenlerdenmi? Gulanlardanmy? Gussaly gumlarda Şatlyk şäherin Guranlardanmy? Siz gürrüń edýäñiz agyz dolduryp, Goramaklyk hakda halkyñ hukugyn, Onda jenap, başyñyzy galdyryp, Dünýä kartasyna ser salyñ bu gün! Pars aýlagynyñ kenarynda gün dogup, Ýer ekilip-orlanokmy? Ýa o taýnyñ eneleri dünýä perzent dogranokmy? Damaryndan palestinli awarañ Suw akýarmy gan ýerine? Ýa balasy kampuçili biçäräñ Gum iýýärmi nan ýerine? Hyrat guýusyna awy tüýkürseñ, Boston gyrandyndan durarmy akman? Salwadorda ýüpek zülpler tüýdülse, Bolarmy heý, çikagoly ýigitleñ Saçlaryna çal sepmän?.. Ol illere gan çaýkaýan, howup salýan, "Halklaryñ gözüniñ oduny alýan", Ynsan hukugyny pöwha pelsepäñ, Ýalpak derýasyna talhan deý çalýan Ýañky çagalarmy? Ýañky babalar? Ýa çöldäki bagt derýamyñ boýunda Oturan gül obalar? Ak tamyñ agzynda dañ bilen örüp, Ýewropañ hyñ berýän köçesin ýaryp, "Iş beriñ, iş!" - diýip top tutup barýan Aýalyñ, erkegiñ, gojanyñ, ýaşyñ Kim aldy elinden ynsan hukugyn? Kim aldy elinden hünärin, işin? Bamdaky gyzlarmy? Gumdaky ärler? Ýa Nurek, Angara erk eden zorlar? Belki-de, öýümde nagmalar düzüp, Käte hem dünýäniñ ýurtlaryn gezip, Gür berip bagtyýar durmuşmyñ "syryn", Olaryñ hukugyn... men alandyryn?.. ...Siz dile alýañyz "AHLAK" sözüni - "Moral gymmatlyklar penalanmaly!", Ýazgarmaly bolsa şuñ üçin birin, Ozal başda - hut siz günälenmeli! Bu ýalñyz planeta, Bu mawymtyl Şar - Bilýäñiz ahyry - Çäklije hem dar! Bilýäñiz ahyry - Onuñ goýnunda Älem binýadynyñ gönezligi bar!.. Zeminiñ öýünden ören adamzat, Kämillik keşbine giren adamzat Eýsem bir-biriniñ añdaşy dälmi? Gurbaga, ýarganat - Külli haýwanat Eýsem, bir-biriniñ gandaşy dälmi? Ýer Şarynda ýadro urşun ündemek, Ýer Şaryny raket bilen "gundamak" Ahlak azgynlygnyñ çürbaşy dälmi? Bu howply pursatda, Aýgytly demde, Ynsanyñ adyndan bir iş edeñde - Gözlerini goramaly, Ýüzlerini goramaly, Gollaryny goramaly, Ellerini goramaly, Barmagyny goramaly, Dyrnagyny goramaly, Goramaly emzigin, Goramaly arlygyn - Goramaly älemde Adamzadyñ barlygyn! Bu hukugy adamzat Sizden sorap alanok, Ýa sorajak bolanok! Bu hukugy adamzat Köwekdekä daş gazap, Gazandy, Görüp güzap Mermeri palta bilen! Gazandy tümi ýaryp, Çakmakdyr pelte bilen! Ýaýlakda keýik kowlap, Añzakda kowlap sugun, Ýaşamaklyk hukugyn Ýer ýüzüne ýaýdy ol! Dänäni, tarpy tapyp, Ilkinji harpy tapyp, Şol hukugyñ Bakylyk Kanunyny ýazdy ol! Ýazdy soñra ýaradyp Ýelken bilen labyry, Ýazdy, ýokdan bar edip Täçmahaly, Luwry!.. Ilkinji teker bilen Ýer boldy çyzym-çyzym, Teker ganat bekledi Demirden düzüm-düzüm... Jar edip öz hukugym, Bu gün arşa çykdym men. Baky dirilik tugun Ýyldyzlara dikdim men! A siz diksem diýýäñiz Raketi üst-üstüne. Neneñ eliñiz galýar Tutuş taryh kastyna?! "Amerikan raketin Ýewropada dikmeli! Ýere çarbag ýerine Şol nahaldan ekmeli!" - Neneñ diliñiz gelýär Şundan soñra ysgyna?.. Biliñ, jenap, bet pygla Durmarys togap edip. Zat ýok däldir bizde-de Dikmäge jogap edip! Ýöne weli, biz herne Bomba garşy bombany, Öndürmegi ret edýäs! Biz Zeminde raketi Her bombany EBEDI "Öldürmegi net edýäs! "Ýarag synsyn!" diýen ses Biziñ üçin mukaddes! Şol sebäpden dünýäde, Her ýurtda, her künjekde "Moskwanyñ eli bar!" Sebäp diri ýürekde Diriligiñ demi bar! "Moskwanyñ elleri" Bozanok ýurt serhedin, Halklañ özi seljerýär Öz içiniñ jerhedin. Raýdaşlygyñ öñünde Ne beýik bar, ne-de pes, Yasalyp iberlenok, Ýa gana goýberlenok Bu sagdyn dem, bu nepes! Siziñ dilñizde aýtsak: "Parahatlyk ugrunda Gerim alýan bosguna" Ýeke-ýalñyz sebäpkär Hukugy adamzadyñ, Adam ýanmak islänok Düşüp jeñbaz rysgyna Içinde ýanar oduñ!.. ..."Goramak" barada aýtmaly bolsa, Goramaly bu Zeminde biz bu gün Abyzemzem akymynyñ yrylman, Adamzadyñ tohumynyñ gyrylman, Ömürylla dowam etmek hukugyn! Şuny bejit goramaly biz bu gün! A siz bolsa aýbyñyz Ýapmakçy şyltak bilen, Hakykat bir heýkel däl, Guntdan guýlan fakel däl Itip, goparar ýaly, Ýykyp, aparar ýaly Gadymy galtak bilen!.. Maña şu hili haty Gazap bilen ýazdyrýan Şu günleñ hakykaty! Gazetden dikeç-dikeç Howatyrly hem eýmenç Habarlar bosup gelýär, Şyltaklar bosup gelýär, Traktory, azaly, Süýji-süýji gazaly Bir çete gysyp gelýär, Suratlarda - dünýäniñ Dürli-dürli künjünden "Raketlere - ýok!" diýip, "Ýaşamaga - hak!" diýip Mowzuglar göge galýar, Göýä ýer süýşüp gelýär!.. Bu hata siñe baksañ - Bu hatyñ aşagynda Diñe meniñ golum däl, Milýonlañ ady bardyr, Göreşde hem söweşde Ölýänleñ ady bardyr, Bu hatyñ aşagynda Parahatlyk Marşynyñ Ýatmajak bady bardyr!.. ...Ýok çapawul ýollamok Gowşursyn diýp men size, Sebäp bilýän, bu haty, Almarsyñyz piññize. Ýöne, hatym - sungatym, Galkyn-da sen asmana, Guş bolup uç şo ýana! Ak ganatyñ şapyrdat, Gapysyn kak jeñbazyñ, Tebil turzup, gümmürdet! Gir-de Ak tama özüñ, Halkyñ ýürek sözün elt!.. Saña çapawul näme, Saña garawul näme, Soltany bol göwünleñ Dünýäni eneleñ Ak süýdi deý ak nama! aprel, 1983 ý. | |
|
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |