08:22 Prozamyzyñ dili | |
PROZAMYZYŇ DILI
Edebiýaty öwreniş
Türkmen prozasynyň ýagdaýy baradaky meseläni ilik-düwme etmek, «pylan zadyň pylanylygy pylan sebäbe görä eken» diýip, iň bolmanda, öz zelil göwnüň üçin çürt-kesik jogap bermek aňsat däl. Proza näme, dessan näme, çeper dil näme? Dessan haçan hem näme üçin möwritini ötürdi? Proza haçan hem nähili ýagdaýlardyr sebäpler bilen baglanyşyklylykda türkmen edebiýatyna geldi, ol häzir ömrüniň haýsy etapyny ýaşaýar? Elbetde, bu soraglaryň her biri uly monografiýanyň obýekti. Meniň pikirimçe, prozamyzyň diliniň ýagdaýyny «ýasama» däl-de, «çig, bikemal» diýen sypatlar has oňat aýan edýär. Türkmen diliniň janly stihiýasynda ýasamalyk emeliligiň sinonimi, tebigylygyň bolsa antonimi bolup gelýär. Meselem, ýasama gülki ýa-da ýasama ýylgyryş. Ýasamak senetçiniň, ussanyň işi – üýtgewsiz köre-kör kanunlaryň hökmürowanlygy astynda döredijiliksiz işleýän senetçilikden nyşan, sungat – başga zat. Sungat babatda bikemal ýa-da kämil diýen ölçegleri ulanmak has dogry bolarmyka diýýärin. Proza žanrynyň ýüze çykmagy bilen dörän ýüzlerçe romanlaryň, powestleriň, hekaýalaryň içinde senede ýa sungata dahylly zatlar bar. Senetçilik – muny rusça aýdanyňda «okololiteraturnoýe», sungat bolsa hakyky edebiýat üçin diýlip ylham hem ak ýürek, özüne, döwrüne ýeterlik talant bilen ýazylan eserler. Ine, şu iki kategoriýanyň birinjisiniň dilini ählumumy jähetden häsiýetlendirmeli bolsa, onda oňa, dogrudanam, ýasamalyk mahsus diýip bolar. Çünki, ol edebi nalajedeýinlik hem döredijilik neresseligi bilen ýöne ýasalan dildir. Özem, esasan, XX asyryň birinji çärýeginden soň başlanyp, şu günlere çenli dörän proza eserleriniň köpüsi şu topara girýär. Beýleki topar bolsa çeperçilik aňyň ösüşiniň bolaýmaly, obýektiw hadysalaryny öz içine alýan sungat hökmündäki proza. Hatda şu türkmen prozasynyň dili hem bu günki gün çig, bikemal bolup görünýär. Çiglik, bikemallyk bolsa ýaşlyk, tejribesizlik, ýagny wagt bilen baglanyşykly ýagdaýdyr. Gögele prozamyzyň bikemal dili bar. Bikemal «ösüş mümkinçilikleri doly amal bolmadyk» diýmekdir. Prozaiki diliň şygyrýet ýa-da saz dilinden tapawutlylykda bikemaldygy prozaiki pikiriň hem pikirlenmäniň bikemallygyndan habar berýär. Pikirimiz dar, ujypsyz hem özge, has ösen pikirli milletleriňki bilen deňeşdireniňde ähmiýetsiz, sebäbi köplenç durmuş üçin onunjy derejeli zatlar bilen dahylly, şonuň üçinem oňa giňişlik ýetenok, ol torç edilen darajyk ýapjagazlar, şowa körüň gözi ýetip duran darajyk öwrümli ýapjagazlar bilen akýar. Pikir gysyrlygy, duýgy önelgesizligi çeper fantaziýanyň örüsi-ni, hakykaty edebi taýdan ýugrup-ýasamak mümkinçiligini ýürekgysgynç daraldýar. Şo bir sözler, sanlyja sözlem konstruksiýalary, içgysgynç, garypja motiwler mädäňe degýär, irizýär. Öňki pikir, fantaziýa orbitasyny hatda göze görünmesiz, ýöne, iň bolmanda, çala yş derejede giňeldip biljek ýazyjy ýek-tük. Prozaiki pikirlenmäniň bikemallygy – bu näme bolýar? Klassyky edebiýatymyzda diliň öz ýaşaýyş kanunlary bar. Biz tas ýüz ýyla golaý wagt bäri Ýewropa medeniýetiniň dilinde gürlemäge endik etjek bolýarys. Ruslar arkaly geçen Ýewropa medeniýeti özüniň düýp tebigaty boýunça biziňkä ýat. Onsoň dürli sebäplere görä geçmiş medeniýetinden daşlaşan halk birnäçe wagtyň dowamynda ýene-de dürli sebäplere görä ruslar bilen gelen medeni dile öz gatnaşygyny kesgitläp bilmän kösenip gezdi. Munuň özi biziň üçin söz medeniýetiniň krizise düşen, pese gaçan döwri boldy. Men bu ýerde, esasan, XIX asyryň ahyryny hem XX asyryň birinji iki onýyllygyny göz öňüne tutýaryn. Täze edebi çeper gymmatlyklary döretmek babatda munuň özi iň bir agyr ýyllar boldy. Ownujak şahyrlar, geçmişiň emelsiz kopiýasy, telli-pelli... Uly göwrümli edebi eserleriň – dessanlaryň döremegi togtady, poeziýada bolsa şol öňki forma – öňki rifmalar, öňki dil, öňki ritm, stil. Milli ruhuň halys egbarlan pursatlarynda ýekeje-de milli masştablarda pikirlenip bilýän şahyr öňe çykyp bilmedi. Indi, seredip otursak, munuň başgaça bolmagy mümkin hem däl eken: jemgyýet üýtgedi, gatnaşyklar üýtgedi, netijede, adamlar hem, olaryň ruhy-da üýtgedi. Döwür bilen aýakdaş gitmekçi edebiýat hut şol üýtgeşiklikleri täze formalarda materiallaşdyrmaly eken. Feodalizmiň kem-kem ösüp, kapitalizmiň aşa haýal, pyşdyl ýörişi bilen öňe mytdyldaýan zamany. Çünki kolonializm sütemi kapitalizme başyny galdyrmaga, erkin ösmäge maý berenokdy. Diňe ikinji on ýyllykda türkmen ruhy rus medeniýetiniň täsirini alyp, özleş-dirip ugrady. M.Atabaýew, G.Ýomudskiý, S.Öwezbaýew, T.Tekinskaýa dagynyň intellektual zähmeti türkmen ruhunyň ýekeje künjeginde bolup geçýän oýanyş boldy. Hakyky hereket Türkmenistan respublika bolandan soň başlandy. Köne imperiýa syndy. Sowet Soýuzy – Russiýa imperiýasyny ölümden halas etmek üçin Leniniň tapan ýeke-täk çykalgasydy. Ol imperiýanyň başga esaslarda hem başgarak formalarda dowam bolmagydy. Şeýdip hameleon hem gerek ýerinde reňkini üýtgedip, howpdan, ölümden halas bolýar. Munuň özi aman galmak instinktiniň işimi ýa-da oýlanyşykly, ölçäp-döken akyl-paýhasyň ýeserligimi – şunça ýyl geçensoňam bu babatda pylan zat diýäýmek gaty çetin. Umuman, taryhda adamyň aňasty, instinktiw erkiniň hem taryhy prosesiň obýektiw kanunalaýyklygynyň mynasybeti, adam paýhasynyň hem taryhyň paýhassyz gara güýjüniň mynasybeti meselesi örän çylşyrymly zat. Munuň özi aýratyn alnan şahsyýet babatda adam ykbaly kesgitleýärmi ýa-da ykbal adamy diýen meseläniň çylşyrymlylygyna barabardyr... Hawa, ýöne taryh ýa-da ykbal filosofiýasynyň oduny ölçermäniňden gowusy ýokmuka diýýärin. Üstesine, bu bizi esasy gürrüňimizden başga bir gapdala sowup barýar. Gepiň gysgasy, sowet imperiýasy öz jar eden kommunistik dogmalaryna boýun bolup, halklara belli bir manyda ruhy ýazylganlyk berdi: metbugat, magaryf, ylym, sungat resmi kesgitlenen çäklerde-de bolsa, garaz, ýaýbaňlanyp ugrady. Bu zatlar, elbetde, öň halkyň özünde-de bardy. Ýöne öň ruhy durmuşyny halkyň özi – aşakdan gurnaýardy. Täze şertlerde weli döwlet öz barlygyny üpjün etmek hem gurnamak inisiatiwasyny öz eline almak maksady bilen halka göýä onuň özünde ýok zady berýän ýaly, oňa ýokarky ruhy «hezillikleri» berip ugrady. Paýhasyň nukdaýnazaryndan seredeniňde, munuň özi sap paradoksdyr, men muňa taryhyň, türkmençe aýdanyňda, pelegiň oýun etmesi, Pyragyça aýdanyňda bolsa, gabhalygy diýerdim. Imperiýa bir eli bilen berýärdi, beýleki eli bilen bolsa alýardy. Şol iki eliň işjeň hereketiniň arasy bilen bize täze durmuşyň täze formalary bolan teatr, kino, metbugat bilen bir hatarda proza sungaty hem gelip ýetdi. Hawa, taryhyň, dünýäniň agyp-dönmesine görä, kä myrryhyňy atlandyrýan, käte köňlüne aram berýän henegi: bir tarapdan bizi beýik ruhy geçmişimizden üzüp taşladylar, beýleki tarapdan bolsa ruhy ýaşaýşyň entek görlüp-eşidilmedik formalaryny berdiler. Mazmun galmadyk ýere gelen formanyň işi bolsa, batyp galan maşynyň yzky tigriniň boş aýlanyşyny ýada salýar. Birbada, asyl birbada-da däl, tä imperiýa, onuň ideologiýasy synýança, täze dörän sungatlary hem wakalary bolşy ýaly suratlandyrmak, agaja agaç, topraga toprak diýmek, ýagşyň uzak gije dynman ýagandygyny beýan etmek, gijeki ýyldyzlaryň hereketini gürrüň bermek, adamlaryň hereketidir sözlerini bolşy ýaly kagyza geçirmek, Çara – Çary, Amana – Aman, Jerene-de – Jeren diýmek biziň üçin hakykaty suratlandyrmagyň iň ýokary hem iň dogry formasy bolup göründi. Her bir eseriň Günüň dogşy bilen başlanmagy: «Gün naýza boýy galanda», «Gün äpet göwresini Ýerden ýaňy saýlanda», «Gün tilkiguýruk bolanda» diýen ýaly jümleler mädäňe degýärdi. Soň realizm metodynda Günüň güni geldi. Her ýazyjy Günüň dogşuny hem ýaşyşyny suratlandyrýar. Ýetmiş ýylyň içinde iň köp gürrüňi edilen Gün boldy. Emma, edebiýatyň, prozanyň dogruçyllygy bu zatlaryň şeýledigini aýtmak bilen, ýagny, Döwrana — Döwran, Nobatgula – Nobatguly diýeniň bilen, Günüň dogşuny suratlandyrmak bilen tükenmeýär. Proza durmuşyň çigligini öz içine almak bilen çäklense, onuň özem, formasy hem (dil hem formadyr) çig bolýar. Hakykat, eseriň dogruçyllygy ruhuň iň çylşyrymly meselelerini, ruhy ösüşiň logikasyny ýasap-ýugrup bilmek, ýaşaýşyň fundamental kanunalaýyklyklarynyň sungat arkaly beýan edilmegidir. Diňe şeýle halatda çynlakaý sungat, realistik, kämil proza döräp biler. Munuň üçin bolsa sowet ideologiýasynyň inçeden ýeser emellerine per bermeýän, durmuşyň gülüm-ýalymyna aldanmaýan, gaýta, onuň esaslaryna aralaşmaga dyrjaşýan, ony ýeňip geçmegi öz döredijilik erkiniň talaplaryna görä bişirmegi, ýugrup-ýasamagy öz ykbal işi hasaplaýan, durmuş babatda özgeleriň elinden gelmejek hökümini çykaryp bilýän ýazyjy gerekdi. Durmuşy tragediýa hökmünde kabul edip bilen şahsyýet gerekdi. Çünki, düýp özeni boýunça ol durmuş tragediýady ýa-da tragikomediýady. Biz bolsa özene aralaşmazdan, daşynyň telli-pellisine ynanyp, ony çigligine, ýüzleýligine hem taslanylmadyk bikemallygyna guwanyp, göwnühoş bolup gezipdiris. Prozamyzyň formasynyň, şol sanda diliniň ýöntemligi, çigligi hem hut şundan gelip çykýar. Sowet prozaçylary durmuşa çynlakaý garaýandyrys öýdüpdirler, ýöne ol ýüzleý bolup çykdy. Muny wagt geçensoň, täze bir döwür başlanansoň aýtmak aňsat ýaly hem görünýändir. Her hal umumylaşdyryp aýtmak, şonuň üsti bilenem geljekki edebi akymyň ugruny belli etmek gaty aňsat hem däldir. Ýöne, muňa synanyp görmek welin hökman gerek. Sowet ideologiýasynyň aňyrsynda güberçekläp ýatan durmuş hakykaty hakda pikir ýöredilmelidir hem öýdülmedi. Sebäbi sowet ideologiýasyna güp ynandyk. Şol ynam hem bizi gözli kör edipdir. Sowet ateizminiň dünýäni duýuşy ählumumy ýüzleýligi döredipdi. Türkmen sowet prozaçysy hakykata göni däl-de, ýüzleý, sowet ideologiýasynyň islegiçe gelýär. Onsoň bu ýol bile hakykata baryp bolmajagy bellidir, çünki ondan soň hakykat ýok, onuň deregine sowet ideologiýasynyň logikasyna hem prinsiplerine görä özgerdilen ýüzleý reallyk bar. Ölümiň hem ýaşaýşyň düýp meseleleriniň zonasyndan kowlan paýhas sungatyň däl-de, senetçiligiň aladalaryna ulaşýar. Şeýdip ruhuň tükeniksiz energiýasy dolulygyna söze geçmän galýar, sözlere jan girenok. Sözler öli dogýar. Şunlukda, türkmen prozasynyň dili başda öli doguldy. Senetçilik! Senetçilik bolsa emellerden ybarat. Söz senetçiligi söze iş materialy hökmünde garaýar. Ol sözi demir ýa agaç kimin taraşlaýar. Ýöne peýda ýok, ilkibaşky çigligine hem bikemallygyna galýar. Söze dem salmak, ony ganyň hem ruhuň bilen ýugrup, oňa täzeden jan bermek gerek. Hakyky sungatda ýazyjy janyny orta goýýar. Janyny sözde goýýar. Gury söz ýazyjynyň duşmanydyr. Munuň özi – edep-terbiýe berilmedik, geçmiş däp-dessurlary ganyna siňmedik ogluň atasynyň duşmany bolşy ýalydyr. Ýazyjy sözde öz janyny goýup, oňa jan berýär. Jan berip bilmese, prozaçynyň ýeňildigidir. Şu wagta çenli ýeňiş gaty az ýazyja miýesser edipdir. Prozamyzyň diliniň ýasamalygy, suwunyň köplügi, çigligi köpimiziň sözden ejiz gelenligimiziň gözlüje şaýadydyr. Söz sungatynyň iki tipi-de: proza hem poeziýa-da sözi gurnamagyň iki aýratynlygyna görä tapawutlandyrylýar. Şu manyda proza XX asyrdan öň bizde bolmadyk söz sungatydyr. Proza täze döremek bilen, XX asyr çeperçilik aňymyzyň ýaşaýşyny üpjün etmegiň ep-esli bölegini öz üstüne aldy. Ýaňy dörän sungat üçin bu aşa agyr wezipedir. Gürrüň ýene wagta syrygýar. Täze maddy ýaşaýşyny täze predmetler bilen üpjün edip başlan türkmen ruhy üçin dessanlardyr kyssa-da üznüksiz döredijiligiň faktory bolmagyny bes edip, diňe ruhy sarp edişiň faktoryna öwrüldi. Käbirlerimiz proza žanrynyň alamatlaryny dessanyň kyssasynda görüp, hamana proza şonuň esasynda döräp, ösüp gitdi diýýäris. Emma bu beýle däldir. Dessanyň sýužeti durmuşdan, entek işlenilmedik wakalardan däl-de, ertekiden, ýa-da öňden mälim edebi gürrüňlerden alynýar. Munuň özi žanryň özboluşly tebigatyna düşünmekde, ony aýyl-saýyl etmekde möhüm pursatdyr. Emma proza bu galyba sygmaýar. Dessan XX asyryň ýaşaýşyna ukypsyz bolup çykdy. Şonuň üçin dessan geçmişe gitdi... Meniň pikirimçe, dessan özüniň käbir forma – dil, ritm, stil alamatlary boýunça, hakyky poetiki eser. Şu ýerde iki sany pursaty belläp geçesim gelýär. Ilki bilen «poetiki» diýen sypat babatda. Käbirlerimiz bu internasional sözi «şahyranalyk» diýip terjime edýäris. Megerem, bu sözüň manysyny daraltmak, hatda üýtgetmekdir hem. Çünki şahyranalyk, aýdaly, haýsydyr bir eseriň mazmuny sypatyny aňladyp biler, meselem, onda lirizmiň güýçlüdigini, onuň okyjynyň duýgular dünýäsine, kalbyna güýçli täsir edýändigini görkezip biler. Şu manyda şahyrana hekaýa, şahyrana basnýa diýseň, degişli söz düzümleri logiki taýdan tasa gelýär. «Poetiki» diýen sypat bolsa haýsydyr bir eseriň poeziýa tipine degişlidigini görkezýär. Şu manyda «poetiki hekaýa» diýmek bimanylyk bolýar, çünki hekaýa poeziýa däl-de, proza tipindäki söz sungatyna degişli žanr. Şeýlelikde, poetiki – forma görkezijisi. Bu bir. Ikinjiden bolsa, poetiki eser hemişe prozaiki eseriň antinomiýasydyr. «Dessan» özüniň gelip çykyşy boýunça pars sözi bolup, ol «gürrüň, hekaýat, erteki» diýen manylary berýär. Diýmek, žanr hökmünde dessanyň mazmunynda sýužet ýatmaly. Çünki türkmen dilinde-de «gürrüň» sözi belli bir manyda sýužeti, sýužetliligi aňladýar. Forma tarapyndan alanyňda bolsa dessan ilki-ilkiler sap şygyr bilen ýazylypdyr. Munuň özi dessanyň dörän edebiýatynda – pars dilli edebiýatda hut şeýledir. Pars dessanlaryny häzirki zaman poema termini bilen aňlatmak mümkin. Ýöne islendik sýužetli poema dessan bolup bilmeýär. Türki dil we sungat älemine aralaşmak bilen dessan käbir mazmun hem forma, içki hem daşky özgerişlikleri başdan geçirýär. Maddy durmuşynyň ýönekeýligi, bu ýerde forma köpdürlüliginiň ýoklugy, ýarym çarwaçylyk ruha öz täsirini ýetirýär. Ýarym çarwa ruh az sanly forma bilenem özüni doly üpjün edip bilýär. Ruhuň estetiki hajatlaryny doly kanagatlandyryp bilen şol formalaryň esasy biri-de dessandyr. Dessan – sinkretik forma. Dessanda dürli sungatlardan, edebiýatyň dürli žanr formalaryndan gelýän sapaklar bir düwüne çatylýar. Dessanyň süňňünde şeýle köpdürlüligiň sepleşýändigi, tapyşýandygy, birigýändigi üçinem, aýry-aýrylykdaky özbaşdak ýaşaýan sungatlaryň we formalaryň zerurlygy ortadan aýrylýar. Dessanyň köp strukturalylygy, köp funksiýalylygy kemala gelýär. Munuň özi birbada birnäçe amaly ýerine ýetirip bilýän zähmet guralyny ýada salýar. Ruhy-estetiki hajatlary kanagatlandyrmagyň guraly hökmünde dessan bellibir derejede teatryňam, sazyňam, lirikanyňam, eposyňam funksiýalaryny birbada bitirýär. Dessan hem diňlenilýär, hem okalýar, şol bir wagtda-da dessana tomaşa edibem bolýar. Şonuň üçinem çeperçilik tebigaty boýunça dessany proza hasaplamak bolmaz. Dessanyň hatda kyssa bölegi-de biziň häzirki düşünjämizdäki prozadan düýpgöter tapawutlanýar. Ýogsa-da düşünje hakynda: meniň aňlaýşyma görä, türkmen aňynyň düşünjeleri özleşdirmekdäki özboluşly aýratynlygy bar. Biz başga ýerden gelen düşünjäni şoňa meňzeşräk haýsy hem bolsa bir zadymyz bar bolsa, bada-bat bu ikisini absolýut birleşdirmäge, ikisini bir zat hökmünde kabul etmäge dyzap durus. Bu bolsa başga ýerden gelen düşünjäni puja çykarýar, onuň öz ruhumyza hem aňymyza goşant bolubiljek artykmaçlygyny aradan aýyrýar. Şeýdip, düşünjeleriň giňeliş hem ösüş prosesi öňki derejesinde galýar. Türkmeniň aňyna şeýle bir çuň ornan düşünjelerem türkmençeleşdirjek bolup gara güne galýarys. Wraça lukman, holodilnige ýahdan, samolýota – uçar diýýäris, käbir adam bolsa ýahdanyň, uçaryň nämedigini bilenok. Ýeri bolsa-bolmasa aşa türkmençeleşdirjek bolmagyňam peýdasyndan zyýany köpmükä diýýärin. Sözi alyp oňmaly däl, ol sözüň özünde ýok manyny özümizden bermeli däl, sözi öz manysy bilen bilelikde kabul edip almaly. Diňe şonda aňyň baýlaşmagy iş ýüzündäki proses hökmünde ýaýbaňlanyp biler. Göwnüme bolmasa, soňky döwürlerde biri-birinden inçe manysy hem öwüşginleri bilen tapawutlanýan düşünjeleri hasam «birleşdirmek» meýli güýçlenýär. Munuň özi diliň diňe bir leksikasynyň däl, eýsem semantiki örüsiniňem juda daralmagyna, netijede bolsa aňyň dürli düşünjeler arkaly operirleýiş ukybynyň juda peselmegine getirip biler. Biz aňymyza keseden gelip goşulan sözlerdir düşünjeleri özümizde owal bar bolan adaty sözler bilen goşmaga howlukmaly däldiris. Biz ol sözüň entek dilimizde ýok manysyny açmaga dyrjaşmalydyrys. Çünki del sözleriň köpelmegi aňyň çylşyrymlaşmagy ýaly tebigy prosesden habar berýär. Bu prosesiň öňüne böwet bolmaly däl diýip pikir edýärin. Pikirimi mysal bilen düşündireýin. Soňky wagtlarda üstüne «student» sözüniň manysy ýüklenilen «talyp» sözi giň ýaýrady. Aňyň differensirleýji ösüşi üçin munuň özi peýdalydyr öýdemok. Çünki student bir başga, talyp bir başga. Olaryň nämedigini okyjy hem bilýänligi üçin, manylaryny düşündirip oturjak däl... Özüm-ä kyssanyň prozadan düýpli tapawutlanýan hadysadygyny aýdyp biljek. Ol ikisiniň manysyny golaýlaşdyrjak bolmak, baletiň küşdepdiden tapawudy ýok diýmek ýaly bir zat bolýar. Kyssa-da düýp manysynda alanyňda gürrüň, sýužet diýmekdir. Şol gürrüň waka, sýužet geçmiş edebiýatymyzda, käte poeziýa formasynda-da suratlandyrylypdyr. Meselem, Andalybyň «Kyssa-ýy Firgun», A.Kazynyň «Tekeleriň uruş kyssa kitaby» şeýle suratlandyrma oňat mysal bolup biler. Bular formasyna seretseň, häzirki zaman düşünjesindäki poemalar. Ýöne gep diňe bir formada däl bolsa gerek. Kyssadyr proza mazmun taýdanam başga-başga çeper hadysalar ahyryn. Kyssanyň tüýs ertekiçilik mazmuny bar. Şonuň üçinem ol köplenç reallygyň nukdaýnazaryndan juda şertli, hatda shematik elementleri özünde saklaýar. Dessanyň kyssa bölegi – munuň özi şygyrlary biri-birine sepleýär. Şol sebäpli-de obrazlary, temany açyp görkezmekde kyssanyň funksiýasy juda ähmiýetsiz. Bu taýda sýužet ýok – waka bar, eseriň predmetini açmagyň iň esasy serişdesi hökmünde sýužete orun ýok. Şonuň üçinem dessanyň kyssa bölegi hem-ä örän gysga bolýar, hem-de awtor ol ýerde wakalary, gahrymanlaryň sözlerini örän ýygjam beýan edip geçýär. Kyssa prozadaky ýaly derňewçilik, oýlanyjylyk, analizleýjilik däl-de, diňe habar berijilik funksiýasyny bitirýär. Kyssada awtora orun ýok. Eseriň çeper strukturasynda – prozadan tapawutlylykda – awtoryň subýektiw garaýşy oňlanyljak hem oňlanylmajak taraplary bilen özüni bildirmeýär. Şonuň üçinem uly göwrümlidigine, diýmek, belli bir elden çykaýmalydygyna garamazdan, dessan aňsat folklor eserine öwrülip gidýär. Beýleki tarapdan, dessanyň awtorynyň sap formal suratda Andalypdygyna ýa Şabendidigine garamazdan, hiç mahalam kimligini subut etmek aňsat düşmezdi. «Rawylar rowaýat kylurlar ki...» – islendik dessanyň şeýleräk girişiniň bardygy öňýetene mälim. Munuň özi dessanyň, kyssanyň folklora sapylyp gidýändigini görkezýär. Şol bir motiwler, aýdaly, aşyk dessanlarynda ýedi ýyl aýralyk, garyplyk (özge ýurda gitmek), çemen baglamak, ýüzükdir pyçak ibermek – bularyň bary ertekiçilik elementleri, folklorçylaryň änigine-şänigine çenli öwrenen zatlarydyr. Dessanda prozadaky ýaly sýužeti, temany kem-kem açmagyň logikasy däl-de, ýokarky trafaret elementleriň ulanylmagy kesgitleýär... Elbetde, sowet döwründe-de dessan kybap proza eserleri ýazyldy. Ýöne iki trafaretiň arasynda Ýer bile Gök ýaly tapawut bar. Men ýokarda çeperçilik bilen ýazylan, iň talantly eserleriň durugyşan estetiki kanonlary hakda gürrüň etdim. Emma soňky ýazylan dessan kybap eserler zehin mejalsyzlygyndan, öz ýüzüniň ýoklugyndan dörän edebi meňzeşlikleri öz içine aldy. Ençeme ýyllap halkyň kalbyny çoýan, begendiren, agladan dessan bu gün öldi. Emma muňa düşünmän, köne ülňülere öýkünmek arkaly täze eser döretmäge synanyşanlar dessanyň formasynyň durmuşyň dinamizmini öz içine alardan ejizdigine düşünmediler, durmuş bolsa täze formalary talap edýärdi. Dessanyň shematizmi – kanonlary möwritini ötürdi. Kanunalaýyklyk: köne kanonlar ölensoň täzeleri döreýär. Emma bu uzak proses, täze kanonlaryň döremegi – edebiýatyň nobatdaky ýokary galyşyny aňladýar, şol ikisiniň arasyndaky etap bolsa ussalaryň jaýyň boýuny ýetirýän döwrüne gabat gelýär. Munuň özi diňe sarp edilýän, material iýýän döwürdir. Munuň özi, diliň ýasamalykdan, çiglikden, bikemallykdan kösenýän döwrüdir. Ýasamalyk tarapyna ýörite ünsi çekesim gelýär. Türkmen edebi diliniň öňünde geçmişde-de özüniň kuwwatlylygy, çeperçilik mümkinçilikleri bilen görelde, nusga bolup duran diller bolupdyr. Bu, ilki bilen, arap, soňra bolsa pars dilidir. Klassyky döwürde türkmen edebi diliniň formirlenmeginde pars diliniň täsiri entek meseläniň wajyp aspektlerinde öwrenilenok. «Wajyp aspektler» diýenimde, pars edebiýatynyň obrazlar-metaforalar sistemasynyň türkmen çeper pikirlenmesiniň tebigatyna kesgitleýji täsirini göz öňünde tutýaryn. Klassyk dessançylarymyzdyr şahyrlarymyz pars sözlerini – obrazlylyk derejesine ýeten sözlerdir jümleleri üýtgetmezden alypdyrlar. Olar munuň türkmen dilini zaýalaryndan gorkup oturmandyrlar. Indi olaryň alynmadygynam aňar ýaly däl. Şu proses klassyky türkmen edebi diliniň juda baýlaşmagyna getiripdir. Olaryň köpüsi indi edebi dolanyşykdan düşüp galypdyr. Edebi diliň köp elementleri kalka ýoly bilen türkmen diliniň öz resurslary arkaly kemala getirilipdir. Häzirki türkmen edebi diliniň rus diline gatnaşygy beýle erkin häsiýetde bolmady. Gepleşik diline örän köp warwarizmleriň aralaşanlygyna garamazdan, çeper edebiýatyň dili özüni arassa saklamaga çalyşdy. Onsoň täze dörän ylmy, önümçilik, sungat sferalaryna ummasyz köp sözleriň hem düşünjeleriň aralaşandygyna garamazdan, edebiýat öz içki resurslaryna – edebi diliň sözlük sostawyna daýanmaga çalyşdy. Şu hem biziň çeper dilimizi garyp düşürdi. Şeýle-de bolsa, oňa derek ençeme pikirler, obrazlar, öwrümler rus edebýatyndan geldi. Türkmen del sözleri dil agylyna goşmajak bolup gaty jäht tutdy hem welin, neologizmlere derek pikirler, öwrümler, obrazlar örän siňňinlik bilen içimize girdi. Muny soň-soň duýup galdyk. Ýöne rus edebiýaty şeýle ösen edebiýat, şeýle baý, gatlak-gatlak, giň hem çuňňur dil. Muny durşuna alaýmak üçin edil şonuňky ýalagrak dereje hem het gerek. Onuň ýoklugy üçinem bize bulaň baryny özümizçe gaýtalaýmak galdy. Rus edebi dili biziň ýazyjylarymyza öz geçmişiniň edebi dilinden has ýakyn göründi. Geçmiş-ä daş, ol biziň üçin jansyz bir zada öwrüldi, özgäň edebi diliniň baýlygyny tutuşlygyna beýnisine sygdyrardan çeper intellektimiz ejiz, onsoň çig hem ýasama dil kemala geldi oturyberdi. Türkmeniň şu günki edebi hem gepleşik dili mundan ýetmiş ýyl öňdäkisinden düýpli tapawutlanýar. Şahyr Nobatguly Rejebow bir mahal «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda ýazan makalalarynyň birinde «Ýene ýüz ýyldan biz B.Kerbabaýewe hem sözlük bilen düşünmeli bolarys» diýipdi. Ol muny türkmen diliniň şeýle çalt üýtgeýändigini göz öňünde tutup diýipdi. Kyrkynjy, ellinji ýyllaryň türkmen kinofilmlerindäki gepleşiklere diň salanyňda hem Nobatgulynyň pikiriniň hakdygyna göz ýetirýärsiň. Klassykanyň formasyndan düşünjeli ýa düşünmezden ýüz döndereniňden soň isleseň-islemeseň, onuň durgun dilindenem arany açmaly bolýar, sebäp dil hem forma bitewi bir zat ahyryn. Täze sungat – proza özüne mahsus dil talap edýärdi. Ol dili durmuşyň özünden – gepleşikden hem özleşdirilýän özge edebi çeşmelerden almalydy. Türkmen ruhy çürt-kesik üýtgän durmuş ukladynyň öňünde özüni ýitirdi. Garaşman durka, juda geň zat öňünde goýlan adamyň diline söz gelmeýşi ýaly, täze çeper dil hem döräbermedi. Ol islese-islemese ýaşamak üçin çykalga tapman ýasamalyga ýüz urdy. Netijede bolsa XX asyryň türkmen prozasynyň dili çig hem garyp boldy. Ýöne, haýsydyr bir zadyň bitewüligine göz ýetirmezden, onuň bölegine baha bermek çetin. Proza türkmen edebiýatyna XX asyryň otuzynjy ýyllarynda girdi. Ony girizmek üçin rus ýazyjylary Türkmenistana ýörite brigada bolup geldiler. Türkmen durmuşyndan eser döretdiler. Rus ýazyjylarynyň döreden şol eserleri türkmen prozasynyň hamyrmaýasy boldy. Ilkinji prozaçylaryň güni hem aňsat bolmandyr. Nädip aňsat bolsun? Olar ilki bilen rus dilini öwrenmeli. Rus dilinde döredilen eserlerden nädip ýazmalydygyny öwrenjek bolmaly. Nädip ýazmalydygyny öwreneniň bilenem işiň bitdigi däl. Onsoň türkmen dilinde ýazmaly. Türkmeniň ilkinji prozaçysy Abdylhekim Gulluhammedowyň eserlerini okap görenler ilkinji proza eserleriniň nähili we nähili derejede dörändigini synlap bilerler. Türkmen edebiýaty bilen baglanyşykly her bir zady biziň bilmegimiz gerek. Proza – dessanyň çöwre ýüzi. Proza hem dürli žanr formalarynyň – şahyranalygyň, dramanyň, eposyň we edebiýatda, çeper söz arkaly ýaşaýan gaýry formalaryň biri-biri bilen gatnaşygy netijesinde ýüze çykan täze bir görnüşidi. Soňkularyň bary proza tarapyndan ýuwduldy. XX asyrda dünýä edebiýatynda prozanyň has giň ýaýramagynyň düýp sebäbi onuň şol ýuwdarhalygyndandyr. Proza täze dörän pälwan bolup, öz örüsini gaýry formalaryň hasabyna giňeltdi. Onuň dessanyň çöwre ýüzüliginiň sebäbini bolsa şeýle düşündirerdim: forma köpdürliligi dessanda poetiki esaslarda, prozada bolsa prozaiki esaslarda bir-biriniň içinde siňip gidýär. Adam aşgazanynyň dürli-dümen nygmatlary ýaman görmeýşi ýaly, adam ruhy-da dürli formalaryň bitewüliginden alamat berýän prozany has datly görýär. Üstesine, poeziýadyr dramadan tapawutlylykda diliň erkin guralyşy, milli diliň stihiýasyny özünde az jemläp, özge dillere ýeňil, manysyny ýoýmazdan geçirip bolýanlygy prozany umumadamzat edebi hadysasyna öwrüp barýar. Latynçadan terjime edilende proza «gönümel, ýönekeý aýdylan» diýmegi aňladýar. Munuň özi gündelik janly gepleşik dili bilen proza sungatynyň arasynda açyk, gönümel baglanyşyk bar diýildigidir. Prozanyň dili gepleşik diliniň nusgasynda guralýar. Ýöne bu ikisiniň arasynda düýpli tapawudyň bardygyny-da unutmaly däl bolsa gerek: gepleşik dili – stihiýa, proza dili – estetiki esaslarda gurnalan dil, çünki gündelik durmuşda adam spontan pikirlenýär, prozada bolsa ýazyjy aňly-düşünjeli pikir ýöredýär. Prozada ýazyjy durmuş bilen ýüzbe-ýüz durýar. Şonuň üçinem eposdan tapawutlylykda islendik hakyky proza eseri sýužeti hem gaýry taraplary taýdan ýeke-täkdir — gaýtalanmazdyr. Prozanyň döremegi-de şo hili ýüzbe-ýüzlük bilen baglanyşykly bolsa gerek: orta asyrlardan ötüp, Täze zaman diýilýän döwre – kapitalizme gelnende, adamzat ruhy real durmuş bilen sözüň hakyky manysynda ýüzbe-ýüz bolmaly boldy. Eposda (ertekide, dessanda, gahrymançylyk eposynda) şol bir gaýtalanýan motiwleri, sýužetleri taparsyňyz, poeziýada ählumumy şahyrana obrazlaryň özgeribem bolsa gaýtalanyp ýaşaýandygyny görersiňiz, proza weli ýeke-täklik hem aňrybaş derejede indiwiduallykdyr. Täze zaman indiwiduallygyň zamanydyr. Tolstoýyň ýa Dostoýewskiniň, Balzagyň ýa Folkneriň islendik eseriniň sýužet, obraz tarapdan ekiztaýyny, gaýtalanmasyny tapmarsyňyz. Hatda asyrymyzyň soňky ýarymynda hadysa bolan mifologizm hem ýazyjynyň gaýtalanmazlygyny aýan edýän, şony açyjy serişde hökmünde işe girizildi. Bu eýýäm eposdaky mifologema däldir. Bulgakowyň, G.Markesiň ýa-da Hose Borhesiň, Hulio Kartasaryň, Çingiz Aýtmatowyň mifologiýasy, fantastikasy şertlilik, çeper göçme manyly serişde däl-de, reallygyň ekiztaýydyr. Olar durmuşyň real akymyny üýtgedenoklar-da, şol akymyň özboluşly görnüşini beýan edýärler, onuň özge düşündirilişini esaslandyrýarlar. Eposda – durmuş fantastikanyň formalarynda, prozada bolsa fantastika durmuşyň formalarynda beýan edilýär. Türkmeniň edebi diliniň sözlük sostawyna girmedik sözleri ulanmak dili ýoýmak, hyýanat etmek hasaplanýardy. Dialekt, şiwe dillerini ulanmak – gahrymanlaryň kimligine garamazdan – gadagandy. Bu personažlaryň dil özboluşlylygyny ýüze çykaryp bilmeýärdi. Şeýle hem dil galyp bolan sözlük sostawyndan, edebi dil hasap edilýän normanyň stilistikasynyň çäginden çykybilmän, barha galyplaşýardy, garyplaşýardy. Bu ýagdaý isleseň-islemeseň dili bikemallyga getirýärdi. Ýetmişinji ýyllarda zehinli şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen edebi diline täzeçe çemeleşdi. Onuň bu täzeçe çemeleşmesi türkmen edebi dilini demir galypdan, «tussaglykdan» azatlyga çykardy. Onuň bu «etmişi» üçin ençeme ýazyjy-şahyrlar, edebiýatçylar G. Ezizowy tankytladylar, günäkärlediler. Edebi dile täzeçe çemeleşmek türkmen prozasynda segseninji ýyllarda başlandy. Hawa, segseninji ýyllarda diliň kanunlary göre-bile saklanylmady. Edil janly gepleşikdäki ýaly sözlemler düzülip başlandy. Janly dili türkmen prozasynda ilki bolup, zehinli ýazyjymyz Kömek Kulyýew batyrgaýlyk bilen ulanyp başlady hasap edýärin. Üns berseň, onuň janly dili hiç bir türkmen ýazyjysynyňka meňzeýän däldir. Onuň eserlerini okasaň, wäşi adam bilen gürrüňdeş bolan dek, gülüp-gülüp, heziller edýärsiň. Kömek okyjysyny, redaktorlaryny şeýle bir ussatlyk bilen güldürdi welin oňa: «Seniň diliň galyba syganogam» diýen bolmady. Onuň bu ýörelgesini derrew alyp göterdiler. Bu gün her bir ýazyjy eserinde janly söz ulanjak bolup gara günde. Bu gün biziň prozamyzyň dili kämilleşýär, janly dile öwrülýär. Kämilleşme, janlanma diňe bir prozanyň dilinde däl, şol özgerişlik prozamyzyň özünde hem duýulýar. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |