12:24 Pul hakda | |
PUL HAKDA
Maliýe we ykdysadyýet
Ykdysadyýet ylmynda kesgitlenişine görä, pul raýat dolanyşygynyň merkezi hereketlendirijileriniň biri bolmak bilen, ykdysady gatnaşyklar çygrynda harytlaryň ähli görnüşleriniň bahasyny kesgitlemek işini amala aşyrýan we häzirki zaman maliýe bazarlaryndaky walýuta söwdasynda, özboluşly haryt hökmünde çykyş edýän ölçeg birligidir. Şonuň bilen birlikde-de pul, ykdysady dolanyşykda anyk wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ulanylýan, kagyz banknot ýa-da metal şaýy görnüşindäki baha ölçegine niýetlenen ýörite belgidir. Häzirki zaman raýat dolanyşygy puluň birnäçe anyk häsiýetleriniň bolmagynyň zerurlygyny ýüze çykardy. Ilkinji nobatda, pul has maýda ölçeg birliklerine, ýagny funt sterling şillinge, şilling pense, pens forinte, ýüz manat elli manada, elli manat bir manada, manat teňňä bölünmäge ukyply bolmaly. Ýöne şonuň bilen bir wagtda-da, uly pul birligi kiçi pul birliklerine bölünende, harytlaryň beýleki görnüşleri ýaly, bazar gatnaşyklaryndaky ähmiýetini ýitirmeli däl. Mysal üçin, uly demir bölegi ýa-da gymmatbahaly daş bolan göwher birnäçe kiçi böleklere bölünende, olaryň bahasy birnäçe esse arzanlaýar. Emma puluň ýüz manat hümmetli kagyzy elinde bolan adam, onuň on bäş ýa-da ýigrimi manadyna haýsydyr bir harydy alandan soň, oňa gaýtargy görnüşinde berlen maýda pul birlikleri özleriniň satyn alyjylyk ukybyny-da, bazardaky ähmiýetini-de ýitirmeýärler. Ikinjiden, puluň görnüşiniň ykjam, agramynyň ýeňil bolmagy bilen bir wagtda, onuň hümmetliligi ýokary bolmaly. Mysal üçin, Gadymy Wawilonda pul hem agram ölçeg birligi hökmünde ulanylan altyndan talantyň agramy 60,4 kg. bolupdyr. Wawilon talanty, her biri 100 drahma bölünýän 60 minadan ybarat ekeni. Elbetde şeýle gödeňsi altyn tokgalarynyň pul birligi hökmünde hümmetiniň juda ýokary bolandygyny çaklamak bolar, ýöne özara hasaplaşyklaryň dürli görnüşleriniň millionlarça, kähalatlarda bolsa milliardlarça pul birliklerinde geçirilýän häzirki döwründe, şeýle “teňňeler” bilen hasaplaşmagyň nädip amala aşyryljakdygyny göz öňüne getirmek hem kyn. Diňe, bir müň talantyň agramy 6 tonnadanam gowrak bolýar. Hatda biriniň agramy, 26,2 gram altyn bolan, Gadymy Gresiýanyň Gomer döwrüniň talanty bilen hem hasaplaşyklary geçirmek hem juda müşgil iş bolardy. Sebäbi wawilon talantyna garanyňda, şeýle “kiçijik grek teňňejiginiň-de” bir millionynyň agramy 26 tonnadan geçýär. Milliardlar bilen ölçelýän hasaplaşyklary geçirmek barada söz açyp oturasy iş hem ýok. Hut şonuň üçinem, 1286-njy ýylda, Çynma-Çynda bolan wagty, ol ýerde kagyz pullaryň ulanylýandygyny görüp, olar baradaky maglumaty özüniň meşhur ýol ýazgylarynda beýan eden Marko Polonyň kömegi bilen kagyz pul, Täzeden Galkynyş eýýamynyň – Renessansyň dirilik suwuna çalymdaş akymlaryna düşüp, ýaňybir ýüzüp ugran Ýewropanyň puldarlarynyň üns merkezine düşmegi başardy. Ýöne şonda-da goja taryh, kagyz pullaryň köpçülikleýin dolanyşyga goýberilmegi üçin ýene-de üç asyryň gerek bolandygyna şaýatlyk edýär. Günbatarda ilkinji gezek kagyz pullar 1690-njy ýylda, şol wagt Beýik Britaniýa korollygynyň düzümine girýän, häzirki ABŞ-nyň Massaçusets ştatynda goýberilip başlanypdyr. Şondan bäri-de, kagyz pullary saklamagyň we daşamagyň amatlyklaryndan ugur alnyp, assa-ýuwaşdan köp döwletlerde altyn, kümüş, mis ýa-da metallaryň beýleki görnüşlerinden taýýarlanan teňňeleriň ornuny kagyz pullar tutup başlapdyr. Elbetde häzirki döwürde-de, dürli ykdysady gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň arasyndaky hasaplaşyklarda altyn pullar ulanylýar, ýöne pullaryň bu görnüşi köplenç döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarda ýa-da iri şereketleriň özara hasaplaşyklarynda, nagt däl görnüşde ulanylýar. Häzirki zaman ykdysady nazaryýeti, ykdysadyýetiň ösmegi üçin pullaryň nagt hasaplaşygyndan nagt däl hasaplaşygynyň has peýdalydygy baradaky pikire ýykgyn edýär. Sebäbi pullaryň nagt däl hasaplaşygy hemişe diýen ýaly, dürli maliýe hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin döredilýän gurama bolan bankyň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu ýagdaý bolsa döwlete maliýe serişdeleriniň hereketini gözegçilikde saklamaga we zerurlyk ýüze çykan halatynda, dürli ykdysady, hukuk we gaýry serişdeleri ulanyp, olaryň akymyny jemgyýet we döwlet üçin has peýdaly ugurlara gönükdirmäge, şonuň ýaly-da, içerki we daşarky ykdysady gatnaşyklaryň ulgamynda bolup geçýän ähli ýagdaýlary doly öwrenip, ykdysady işiň dürli görnüşleriniň daşgynlaryny we gaýtgynlaryny seljermäge, ykdysady ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge, milli ykdysadyýetiň howpsuzlygyny has pugtalandyrmak üçin zerur çäreleriň toplumyny işläp düzmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da nagt däl hasaplaşyk pullaryň daşalmagy bilen bagly çykdajylary ep-esli azaldýar. Çünki hasaplaşygyň bu görnüşi amala aşyrylanda, bank öz müşderisiniň tabşyrygynyň esasynda başga bir bankyň ýa-da özüniň beýleki bir müşderisiniň hasaplaşyk hasabyna pullaryň geçirilendigi barada elektron habary ýa-da elektron resminamany ugradýar. Bu hyzmaty ýerine ýetirendigi üçinem bank, adatça, bir hasapdan başga bir hasaba geçirilen puluň 1 göterimi möçberinde töleg alýar. Hasaplaşygyň bu görnüşiniň ykdysady gatnaşyklarda ýörgünli bolmagynyň ýene-de bir wajyp, oňyn tarapy, içerki ykdysady gatnaşyklarynda maliýe serişdeleriniň aglaba köpüsi banklarda saklanyp, olaryň agramly böleginiň hereketi nagt däl hasaplaşyk görnüşinde amala aşyrylsa, bazarda “jansyz (hereketsiz) pullaryň”, ýagny köne dessurlara eýerilip, birnäçe ýyllaryň dowamynda sandykda saklanýan pullaryň emele gelmezligini üpjün edýär. Şeýle hereketsiz pullaryň möçberiniň köpelmegi, esasan hem içerki ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine oňaýsyz täsir edýär. Sebäbi bu ýagdaý ykdysady gatnaşyklaryň kadaly dolanyşygy üçin zerur bolan pul serişdeleriniň şol dolanyşyga hiç-hili peýdasyz, çaň basyp ýatmagyna getirýär. Onsoň ykdysady dolanyşygyň pul serişdelerine bolan talaplaryny üpjün etmek üçin ýene-de goşmaça pullary çykarmak zerurlygy ýüze çykýar. Bazardaky harytlaryň haýsydyr bir görnüşiniň bahasynyň gysga wagtlaýyn arzanlamagy ýa-da gymmatlamagy, hereketsiz pullaryň ep-esli möçberiniň ykdysady dolanyşyga goýberilmegine itergi beren halatynda bolsa, puluň hümmetzsizlenmeginiň (inflýasiýanyň) ykdysadyýetde ýüze çykmagyna ýol berilýän derejesinden ýokarlanmagy-da mümkin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |