14:00 Putin öñki owgan goşunyna isleg bildirýär! | |
PUTIN ÖÑKI OWGAN GOŞUNYNA ISLEG BILDIRÝÄR!
Publisistika
Ukrainada göz öñünde tutan maksadyna ýetip bilmedik Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putin goşunyny güýçlendirmek üçin häzire çenli kän emele ýüz urup gördi, meselem, Ukraina çozan badyna Siriýadan müñlerçe esger getirdi, yzyndan wepaly nökeri Ramazan Kadyrowyñ şu günler üçin taýýarlan çeçen urşujylarynyñ podrazdeleniýelerini fronta ugratdy. Bular netije bermänsoñ, bu gezek bölekleýin mobilizasiýa yglan etdi. Bu gezegem urşa gidesi gelmeýän ýüz müñlerçe ýaş rus ýigidi Gürjüstan, Ermenistan, Gazagystan ýaly öñki sowet respublikalaryna geçmäge başlady. Netijede serhet ýakalarynda kilometrlere uzaýan dyknyşyklar emele geldi. Putiniñ soñky synanşygy ukrain frontundaky rus goşun bölümlerini güýçlendirmek üçin öñki owgan goşunynyñ kommandos güýçlerini öz tarapyna geçirmek. Şu maksat bilen herekete geçen "ВАГНЕР" paramilitar rus kompaniýasy Eýrana sygynan öñki owgan kommandoslaryny öz tarapyna çekmek üçin işe girişdi. "ВАГНЕР" birinji tapgyrda müñ adam, ikinji tapgyrda-da ýene müñ adam alyp, 2 müñ adamlyk owgan batalýonyny döretmek isleýär. "ВАГНЕР"-e goşulan öñki owgan kommandoslaryna 1.500 dollar aýlyk we maşgalalaryna-da Russiýada ýaşamaga rugsat beriler. Mälim bolşy ýaly, NATO we amerikan goşuny Owganystanda soñky 20 ýylda müñlerçe harby gullukçy we polisiýa işgäei bilen bir hatarda ýüz müñe golaý ýörite kommandos (спецназ) ýetişdiripdi. 2021-nji ýylyñ 15-nji awgustynda Talibanyñ Kabula girmeginden soñ howpsuzlyk güýçleri bilen bir gatarda kommandoslaram çar ýana pytrapdy. Käbirleri ýaraglary we awtoulaglary bilen bile Täjigistan, Özbegistan, Eýran ýaly goñşy ýurtlara siñse, käbirleri aýak ýeterden çet obalara siñdi. Kommandoslaryñ esasy düzümi-de NATO-dyr amerikan uçarlary tarapyndan daşary ýurtlara çykaryldy. Öñki owgan güýçleriniñ iñ köp siñen we üýşen ýurdy-da Eýran boldy. Bu ýagdaýdan peýdalanmak islän eýran hökümeti owgan esgerlerini Siriýa we Ýemene ugratmagyñ kül-külüne düşdi. Emma owganlaryñ aglaba bölegi Ýakyn Gündogardaky uruşlara gatnaşmaga höwesli däl. Ýöne wagt geçdigiçe öñki esgerleriñ üstündäki basyşlaram artdy. Bir ýandan eýran hökümetiniñ (ýa aýdanymyzy ediñ-de ýurtdan çykyş diýen ýaly) basyşy, bir ýandanam barha kynlaşýan güzeran gaýgysy esgerleri kyn saýlawlar bilen ýüzbe-ýüz edip goýdy. Ine, hut şular ýaly ýagdaýda-da ruslaryñ "ВАГНЕР" paramilitar topary bir ýerden çykyp geldi-de, has oñaýly teklipleri orta oklady. Owganlar öz aralarynda urşup-gyrlyşyp ýören halkam bolsa, hiç wagt ýurduñ daşyndaky çaknyşyklara gatnaşmandylar. Ýöne bu gezek ýagdaý başgaça. Onsoñam öñki owgan hökümetinden birnäçe adamyñ umyt edişiniñ tersine, Taliban režimi bu golaýlarda ýok bolup gitjege meñzemeýär. Hem owgan oppozisiýasy-da eýýäm bir ýyldan gowrak wagt geçendigine garamazdan henizem jemlenişip, aýaga galyp bilenok. Daşarky dünýä-de Owganystandaky tükeniksiz çaknyşyklardan halysalla ýadady. Şonuñ üçin owgan oppozisiýasyna hiç kim ýüz berenok. Täjigistana gaçan öñki owgan wertolýot sürüjileri / Fotosurat: BBC Ýagdaý şeýle bolansoñ, goñşy ýurtlara siñen ýüz müñlerçe owgan esgeri-de indi öz başyny çaramaga mejbur bolýar. Elbetde, owganlaryñ Russiýa ýaly basybalyjy güýjüñ tarapynda we hyzmatynda bolaslary gelenok. Emma ukrain fronty köp sanly owganystanly üçin täze mümkinçilikleriñ gapysyny açýar. Aýda 1.500 dollarlyk aýlyk bilen birnäçe aýlap çagalaryny ekläp bilerler hem-de Günbatara aşmak mümkinçiligi dörär. Owganystanly köp esger Russiýanyñ tarapynda urşansyran bolup, front meýdanynda pursatyny tapan basyna, üýşüp Ukrainanyñ tarapyna geçmegiñ we soñam Günbatara özlerini atmagyñ pikirinde. Onsoñam, Germaniýa ýaly ýurtlar uruşdan we frontdan gaçan ruslara ýa-da rus goşunyndaky esgerlere syýasy gaçybatalga bermäge taýýardyklaryny mälim edipdiler. Maýor Esedulla Oguz Owganystanda iş başynda (2006) Nähili täsin: arasynda türkleriñem bolan NATO ofiserleri ýigrimi ýyllap owgan esgerlerine öz ýurtlaryny goramagy üçin tälim beripdiler. Soñ bir gün olaryñ ruslaryñ tarapynda Günbatara garşy söweşjekdiklerini düýşlerinde görselerem ynanmazdylar. Ýöne durmuş sýurprizler bilen doly bolýar. Putiniñ owgan synanşygyndanam, mundan öñki synanşyklary ýaly netije çykmazmyka diýýärin. Ahyrynda gynanjak tarap ýene ruslaryñ özi bolar. Owganystanyñ öñki Goranmak ministri Bismillah han goragçy serkerdesi Nebi Güýçlä "Hormat haty" gowşuryp durka Owganlaryñ häzirki ýagdaýy batan kärhananyñ ýagdaýyny ýatladýar. Kärhanada derege ýarajak harytlaryñ bireýýäm ýoguna ýanylypdyr, ýöne şonda-da elinde galan iñ soñkuja odur-budury üçinem käte garaşylmadyk ýerden müşderi çykaýýar. Sebäp, hernäçe derege ýaramajak ýaly bolup görünse-de, bazara çykarsañ islendik harydyñ müşderisi tapylýar. Munuñ üçin diñe amatly wagtyna garaşyp oñarmak gerek. Ýigrimi ýyllap uruş üçin taýýarlanan owganlar dünýä olary ýatdan çykaryp özbaşlaryna taşlap giden wagty, birdenkä ruslaryñ gözünde gymmaty artdy duruberdi. Owganlaryñ oñat we ukyp-başarnykly urşujylar bolmagy mümkin. Emma bärde ruslaryñ bilmeýän bir zady bar: Owganystanda hemmeler uruşdan ýadady, indi hiç kimsäniñ urşasy gelenok. Talibanyñ özüne çenli ýurdy söweşip däl-de, gizlin we aýlawly ýollar arkaly eýeledi. Putin üçin iñ gowsy owganlardan daşda durmak. Eger muña ynanmasa, KGB-niñ arhiwiniñ Owganystan boýunça materiallaryna göz gezdiräýsin, megerem, oña şolam ýeterlik bolarmyka öýdýän. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 08.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |