10:37 Rahmet Gylyjow | |
RAHMET GYLYJOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Rahmet Gylyjow asyl hünäri boýunça arap dili mugallymy. Ol 1996-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri fakultetiniň arap dili bölümini tamamlady. Talyplyk döwründe Kuweýt döwlet uniwersitetiniň Diller merkeziniň ýokary kursunda tejribe geçmegi, onuň arap dilini doly özleşdirmegine giň ýol açdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Magtymgulyny öwreniş bölüminde sowatly edebiýatçy we dilçi alymlaryň, halypalaryň ýanynda işläp, ylmy gözlegler bilen meşgullandy. Milli golýazmalar institutynda nusgawy hem-de orta asyr edebiýatynyň altyn eserleri bilen tanşyp, ol ýerde türkmen halkynyň edebi we ylmy mirasyna, buýsançly taryhyna degişli arap dilinde ýazylan köpsanly eserleri türkmen diline terjime etdi. Şol eserleriň agramly böleginiň dünýä ylmynda meşhurdygyna garamazdan, heniz türkmen ylmy wekilleri üçin täzelikdi. Döredijilik dünýäsindäki ilkinji ädimlerine heniz kiçi ýaşly mekdep okuwçysyka başlan awtoryň ylmy we edebi döredijiligi bilen ýakyndan tanşan okyjylar onuň öz ýazýan ýa-da terjime edýän eserlerinde arassa ahlak gymmatlyklaryna, şahsyýeti kämilleşdirmegiň ýollaryna, türkmen halkynyň buýsançly taryhyna, watansöýüjilige dahylly ugurlara aýratyn üns berilýändigini kesgitländirler. Her terjime edilen kitap özboluşly bir mekdep. Terjimeçiniň döredijilik gorunda bolsa şeýle eserleriň sany onlarça. Ynha, Rahmet Gylyjowyň dürli ýyllarda arap dilinden terjime eden uly göwrümli eserleriniň sanawy: 1. Pygamber tebipçiligi. Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2000. 2. Gursaklaryň şypasy. Hoja Abdylbaky, 2000. 3. Mertebeler we kemlikler. Reýhan Horezmi, 2001. 4. Meşhurlaryň wepaty. Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2001. 5. Döwleti dolandyrmakda patyşanyň ýörelgesi. Ibn Abi Rabi, 2002. 6. Gylyk-häsiýetleriň paty şalyk hazynasy. Ýusup ibn Gyzogly, 2003. 7. Kämil taryh (I tom). Ibn Esir, 2003. 8. Oýlap tapyşlar kitaby. Ysmaýyl Jezeri, 2005. 9. Göwher känlerindäki gizlin ýakutlar. Muhammet Ýahýa Gyfary, 2005. 10. Meşhur adamlaryň sözlügi. Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2005. 11. Dür däneler we merjen monjuklar. Abu Mansur as-Sagalyby, 2005. 12. Müsür we Kair patyşalygyndaky röwşen ýyldyzlar (I–V tomlar). Ýusup ibn Taňryberdi, 2006. 13. Uly haýwanat dünýäsi (I tom). Muhammet Demiri, 2006. 14. Taryhdaky yslam döwletleri. Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2006. 15. Ýadygäri ibn Şerif. Ibn Şerif, 2007. 16. Türkmen döwletleriniň dür sapaklary (I–III tomlar). Hasan ibn Omar ibn Habyp, 2007. 17. Türki dilleriň diwany (I–III tomlar). Mahmyt Kaşgarly, 2008. 18. Gamgyn bolma! Aid al-Karni, 2010. 19. Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary. Kerim aş-Şazili, 2014. 20. Durmuş meýdanynyň gerçekleri. Aşraf Şahin, 2016. «Halallyk kyssalary» atly bu kitaba häzirki zaman arap edebiýatynda söýlüp okalýan eserleriň birnäçesi girizildi. Kerim aş-Şaziliniň «Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary», Aşraf Şahiniň «Durmuş meýdanynyň gerçekleri», Aid al-Karniniň «Gamgyn bolma!» atly eserleri diňe bir arap dünýäsinde meşhur bolman, eýsem, olar dünýäniň birnäçe dillerine hem terjime edilen eserlerdir. «Durmuşy öwredýän tymsallar» atly bölümde ýerleşdirilen gysgadan manyly tymsallar bolsa häzirki zaman arap eserlerinden saýlanyp terjime edildi. Edil şonuň ýaly «Türkmenler hakda 100 hekaýat» atly bölümde ýerleşdirilen rowaýatlar hem orta asyr arap çeşmeleri esasynda terjime edilendir. «Halallyk kyssalary» atly jemleýji bölüm bolsa Rahmet Gylyjowyň şol ugra dahylly taryhy kyssalara, durmuşy wakalara özboluşly döredijilikli çemeleşmesiniň miwesidir. Her bir işe döredijilikli çemeleşmek milli Liderimiziň aýratyn ündeýän zatlarynyň biri. Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir raýat, her bir adam «Döwletiň berkemegi we gülläp ösmegi üçin men näme edip bilerin?» diýen sowaly öz-özüne bermelidir» diýen pähim-parasatly we maksada ugrukdyryjy sözleri döredijilik işgärleri üçin esasy çelgidir. Milli Liderimiziň her bir beýik tagallasy bolsa döredijilik adamlary üçin ylham çeşmesi bolup durýar. «Halallyk kyssalary» atly eliňizdäki kitap hem şeýle mümkinçilikleriň bir miwesidir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky halklaryň edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän bu kitaba milli Liderimiziň beýik sözlerinden ruhlanyp, arap dilinden terjime edilen we taýýarlanan eserler girizildi. © Aşyrmät GARLYÝEW. Çeşmesi: R.Gylyjow. Halallyk kyssalary. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |