20:30 RHP-niñ ýol görkezijisi | |
RHP-niñ ÝOL GÖRKEZIJISI
Publisistika
Hajy Bekdaş Weli aradan çykmagynyñ 753-nji ýylynda "Hajybekdaşda" guralan medeni çäreler bilen ýatlanyp geçildi. Oppozision partiýalar başga programma, döwlet başga programma bilen çykyş etdi. Alawylary "käbelerinde" ikä böldüler. Şonsuzam soñky döwürde alawylyk baradaky çekişmeler möwjedi. Alysyz alawylyk, musulman alawylyk pylan-pysmydan... Soñky gezek partiýalaryñ biriniñ gurultaýynda şaýat bolduk şeýle gowur-galmagala. Kylyçdaroglynyñ adamlary hötjetlik bilen muny orta atmakdan el çekmeýärler... Şeýle-de, soñky ýyllarda ýurduñ daşyndaky kürt hereketleri alawylyk boýunça ençeme ýyl bäri iş geçirip - alawylygy kürtleşdirip gelýär. Başga bir çekişme makalada munuñ üstünde durup geçeris... Meniñ häzir üstünde durup geçjek bolýanym etnosite-milli aýratynlyk (identiçnost) syýasatlarynyñ nähili hökmürowan edilendigi. Indi çepçilerem synpy göreş syýasatyny ýatdan çykardy, bar bilenleri-bitenleri milli aýratynlyk syýasatyna ýapyşmak! Etniki aýratynlyk syýasatyñ obýektine öwrüldi. Bu milli aýratynlyk syýasaty syýasatyñ barlygy-emele geliş sebäbi boldy... Barha artýan ýagdaýda ýurtdaky ähli problemalaryñ baş sebäbi "milli aýratynlyk basyşlary" görkezilmäge başlandy. Hamana "deñ hukukly raýatlyk" bolanda ähli problemalar çözüläýjek ýalydy! Emma hiç kim şuña düşünenok: kürtlerden alawylara milli aýratynlyklar amerikanlaşdyryldy! Bu milli aýratynlyk syýasatyny änigi-şänigi bilen öwrenjek bolýan ýok... Elimize Diogeniñ çyrasyny alyp, hakyky çepçileri gözleýäris! Milli aýratynlygyñ synpdan ýokarda goýlandygyna düşünmeýärlermikä? Meselem: Adam başyna düşýän girdejiniñ paýlanyşygy we ş.m. meselelerdäki göreşleriñ ýerini milli aýratynlyk merkezli çaknyşyklaryñ eýeländigi nädip görmezlige salynýar? * * * Gitdigiçe totalitar ýagdaýa öwrülýän milli aýratynlyk syýasatlarynyñ respublikamyza duşmançylyk edýändigini näçe kişi duýýarka? Ãhli respublikan gymmatlyklaryny parçalaýarlar, köksüzlik we emelilik döredýärler... Respublikan Halk partiýasy (RHP) "Hajybekdaşda" öñe süren "deñ hukukly raýatlygy" bilen nämäni göz öñünde tutýarka? Bir düşündirse, bizem bilsek! Jemgyýeti syýasy taýdan öwür-çöwür etmegi göz öñüne tutýan amerikan düýpli neoliberal prinsipler bular. Özeninde täze sagçylyk bar... RHP nädip "milli aýratynlyk" duzagyna düşüp ýör? Bilenoklarmyka: Respublika garşy ynamsyzlyk döretjek bolunýar... Beýik ideallarymyzy çökerdip, kollektiwleýin umytlarymyzy ýok etmek maksatlary bar. Biziñ bilýän respublikamyz mümkinçilikleriñ deñliginiñ tarapdary, jynsparazlyga garşy, ekplutasiýa garşy we doly garaşsyzlykçydyr. RHP özüni ekplutator Günbatar bilen deñeşdirmesin, biz hiç haçanam ekplutator bolmadyk. RHP bulary bilenokmyka? * * * Soñky kyrk ýylda sagçy we solçy hökümetler neliberal pozisiýadan ýöredi. Ykdysady hakykatlaryñ ýeri milli aýratynlykçy medeni çekişmeler bieln dolduryldy. Şeýdibem: Syýasat medeniýeti agsadyldy. Neoliberalizme gyşaran Baýkallardyr Kylyçdarogullary partiýanyñ rewolýusion tradisiýasyny bozdy. Diñe RHP däl, çepçiler hiç bir güýçli nägileligi bildirip bilmejek "mysapyr misgin" çagalara öwrüldi duruberdi. Ykdysady hakykatyñ adyndan çepçileriñ indi "antikapitalistik legendalardan" el çekmeleri gerekdi, çekdirdilerem. Her ýurtda diýen ýaly "Hoş gal, proletariat" kitaby çap edildi! Mundan beýläk synpy bölünişigiñ möwriti geçipdi... Wagtyñ bazar ruhuna laýyklykda hemmeler agyp-dönüp duran çepçi-ykdysatçylara boýun boldy, her agyzlaryndan gaçan sözden keramat gözlendi. Olaram ýokary okuw jaýlary ýaly milli aýratynlyk syýasatlarynyñ başyny çekijiler boldy. Milli aýratynlуk syýasaty jemgyýetçilik problemalaryndan gaçmagyñ ýoluna öwrüldi... Synp bölündi. Hereket edip duran milli aýratynlyklaryñ birine öwrüldi: kürt profsoýuzy, alawy profsoýuzy, türk profsoýuzy ýa-da partiýasy ýa-da jemgyýeti we pylan-pysmydanlar. Barsyndan beteri globalçylaryñ gökdäki dilegi ýerde gowuşdy - jemgyýetçilik oppozision göreş ikä bölündi. Işçi hereketleri agsadylansoñ, pikir meýdany milli aýratynlykçylaryñ ygtyýaryna berildi. Yzyndan... Bularyñ gözünde milli aýratynlyga goldanmaýanlar yzagalak faşist boldy duruberdi! Diýjek bolýanym: Haýsy "alawylyk" bolsa bolsun, milli aýratynlykçylyk bilen ýugrulan syýasat hoşniýetliligiñ mesgeni alawylygy-da gorpa iteklär... Milli aýratynlykçy syýasat ýurda atylan gülledir, iñ janagyryly problemadyr. Galyberse-de... RHP ne ýeten, ne amerikançy intellekt bolmaly... Her kellesine gelen zady aýdybermeli däl... Respublikan gymmatlyklardan, halk eýeçiliginden şübhe duýmaly däl. RHP kyýamat senarilerine garşy dik durmaly! Şeýden ýagdaýynda RHP diñe Hajy Bekdaş Welini däl, Möwlana Jelaleddin Rumyny-da ýatlap biler... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |