07:02 Ritoriki sowallar | |
RITORIKI SOWALLAR
Goşgular
Dünýe – düýş. Düýş gören wagtyň, Düýş içre düýş görmediňmi?! Hak tendürstlik beren wagty, Bagt agtaryp, sermediňmi? Ukyp berdi. Hakyn berdi. Heser berdi. Ýakym berdi Nebis görkezip, akyl berdi, Tapmaçany ýormadyňmy?! Paýyň alyp bir çetinden Derýa ýaly rehmetinden, Ýagty ýalançyň petinde Müdimilik ornadyňmy?! Seň ornuňa çözdi Taňry Köp derdiňi. Kömek – emri. Saňa sowgat berlen ömri Gorkulara bermediňmi? Ýagşa sarp et, bukma jany, Dünýe panymy, sen pany, Heniz wagtyň barka, häli Heý oýlanyp görmediňmi?! Hak tendürstlik beren wagty, Nurlanjak bol, dünýe ýagty? Ýatlap gör, düýş gören wagtyň, Düýş içre düýş görmediňmi?! 15.09.2021 ý. | |
|
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Gam goşulan goşgy / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Syzla / Goşgular - 31.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |