17:48 Rubagylar | |
Mähir muhabbetden bada berdiler
Goşgular
Ne -hä meý gutardy,ne-de men gandym. Didar ūçin dūnýe malyn terk etdim Ne giderim bildim,ne yza döndim ,,Ölmezi"-dost tutmak bileniñ işi. Gorkusy-bagryny dileniñ işi. Çagarasyz Yşk kūresin ýakdylar, Ne bagyr tapyldy,ne otly çişi. Diýdim bir derwişe-meñzeş sen a;ýa Dergähiñe barsam bolarmyñ saýa!?)!!!! Diýdi bu dergähe girmek isteseñ Malyñ gedaýa ber,özūñ hudaýa Dūri saklamaga sadap derkar Akyl göwherine-edep derkar. Hakyñ senden özge tamasy ýokdyr ,,Adamkärçilik"-den edinseñ bir kär. Bir niçeden Nebisem bizar bolup Dinmak için çykarmyşyn kasdyna Jay baryn gurduryp, dūşek salmanka Dūşeksizje jaý guranmyş ūstūne. Garynja harsy diýdim, serçä sergezdan, Diýdi- Insan doýsa bize gūzeran ! Kimler -ylmy ýardam bolar tamada Ylym- olary adam bolar tamada. Ylym ūçin gijeler ýatmaýan- Melek, Ýatyp dañ atyrýan -misli suw çelek Halkyny söýeni Halyk tapar Halkdan bizary ýazyk tapar. Mähir muhabbet gitdi Dogan dogandan doýgun. Eý dost,kämil är tapsañ Tozunda başyñ goýgun! Dūnýäń nogsanlygyn terk edip dyndyl Jahyllykdan ylmy derk edip dyngyl Sabyr käsesi hem dolynça gerek Öte sada bolma,käteler syngyl. | |
|
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |