17:53 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Kemsiz gözelleriň hyrydary kän, Dälisi kän, dolusy kän, hary kän. “Ýazgyt” diýip, göwne teselli beren Gözeliň kalbynda ahy-zary kän. 28.11.2022. *** Bu boluşa gören gözler ýadaýar, “Eşidenim-diýmen- meni aldaýar”. Birsydyrgyn geçip otyr aý-ýyllar, Bu günüňe şükür eýle, Allaýar! 18.02.2023. *** Pyragy aýtmyşlaý, bilinmän galmaz, Muhannesler il derdine aglamaz. Täzelik däl aýdan zadym, elbetde, Halyň agyr, bahyl gardaş aglamaz. 18.02.2023. *** Itler aňsat terk etmeýär ýatagyn, Agyr görýär hojaýynyň kötegin. Yzgytsyz heleýe, yzgytsyz äre, Ahyrsoňy görkezýärler etegin. 28.02.2023. *** Adamyň watana borjy uludyr, Ata-baba ol watanyň guludyr. “Namys!” diýip, girilmese söweşe, Günä serdarynda, oýnaş dölüdir. 28.02.2023. *** Köp gördüm döwrümiň garyp, baýyny, Gördüm Karunyny, Hatam Taýyny. Şu günki şum habar entetdi meni, Zordan tapdym baý gardaşyň jaýyny. 28.02.2023. Biri ada kowalaşýar, Biri zada kowalaşýar. Biri weli garrapdyram, Ömür ýada kowalaşýar. 02.03.2023. *** Degişme gürrüňe çyndyr öýtdi, Meni barypýatan güňdür öýtdi. Atasy, enesi, belli özi-de, Köpeý ogly, meni kimdir öýtdl? 02.03.2023. Garry öýi ýykyp, gurdy köşgüni, “Berjaý etdim – diýdi – göwün yşgymy”. Indi ne atadan galdy ýatlama, Ne eneden, hany göwün hoşlugy?! 03.03.2023. Tebigatda hasapsyz zat bolmaýar, Itden şagal, şirden tilki dogmaýar. Garynja-da şeýle, syrtlan-da şeýle, Diňe ynsan doglanynda aglaýar... 24.02.2023. *** Eý, Allaýar, gorkup gezdim daşyňdan, Nämeleri geçirmediň başyňdan? Indem yzda elli, altmyş, ýetmişiň... Derdiň çohdur, gardaş, göwün hoşuňdan. 25.02.2023. *** Şükür, şükür, şükür, Hudaýa şükür, Läbige batmadym, gazsa-da çukur, Siňip gitdi gara ýere meýidi, Melgun, hökmürowan, bolsa-da mekir. 25.02.2023. *** Bar iýenim awy boldy bu gije, Jan gerekmi, pyçak? Atyldy bije. Eýdip-beýdip zordan çykdym daňdana, Daňdan ýene sözüm düşdi şo süýjä. 25.02.2023. *** Diýýändirler: “Ne öçmeýär çyrasy? Ýokmukan oň uky bilen arasy?” Uklamak şahyra hebesdir hebes, Azar berse ýürekleriň ýarasy? 25.02.2023. *** Aldandym köp gezek owadan söze, Aldandym owadan şelaýyn göze. Uzak ýaş berilýän bolsa aldana, Aldasyn goý, ynsap bermese yza. 25.02.2023. | |
|
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Pyragyny okasañ! / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Gezek ýetirse / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |