16:58 Rus garabasmam täzeden janlandy | |
RUS GARABASMAM TÄZEDEN JANLANDY
Publisistika
Birnäçe tanşymyñ sosial mediýa hasabyndan paýlaşan wideoroliginde adamyñ ýüregini elendirýän bir epizod bar. Onda bir enäniñ gynançly pursatlaryna şaýat bolýarsyñyz. Ukrain enesi gulluk edip ýören ogluna jañ edýär. Telefony rus esgeri alýar welin, ene: "Bu Dementowyñ telefony dälmi?" diýip soraýar. Esger: "Näme gerekdi, ýogsa-da siz ejesimi?"diýip, soraga sorag bilen jogap berýär. Añyrdan gelen gyryljak we aglamjyraýan ses: "Hawa, men ejesi" diýýär. Rus esgeri: "Muny habar berýändigim üçin gynanç bildirýärin, emma ogluñyz wepat boldy" diýýär. Garamañlaý ene: "Düşündim" diýip, adamyñ kalbyny lerzana salýan gyryk ses bilen zordan: "Jesedini bir öýe ýollarsyñyzmy?" diýýär. Esger: "Häzir biz jesetleri ýygnap ýörüs, ýöne tizara ogluñyzyñ meýdini Ukraina tarapyna tabşyrarys" diýýär. 2017-nji ýylda sabotaž etmek üçin duşman tarapa geçende çaknyşykda öldürilen ukrainaly esgeriñ telefonyna jañ gelýär. Bölünişikçi rus telefona jogap berýär we orta ýañky ýaly dialog çykýar: pic.twitter.com/cHYbKwyR8w — Yüzbaşı Price (Ana Hesap Kapatıldı) (@yzbprice_) February 23, 2022 Bu epizod maña şeýle bir ýiti täsir etdi welin, kyrk ýyl öñki garabasmalarym täzeden gaýmalaşdy. Eýýäm näçe arka ruslardan çekmedigi galmadyk bir maşgalanyñ zürýady we sowet basybalyjylygyny başdan geçiren biri hökmünde, täzeden ruslara degişli bar zady ýigrenip başladym. Diýseñ gowy ýadyma düşýär: 1980-nji ýylyñ tomsunda rus esgerleri öýmüze döküldi. Obamyzyñ arçyny we ýerli kethudalardan bolan kakam ruslaryñ we ýerli owgan kommunistleriniñ nyşanasyndady. Men şol wagt on bir ýaşymdadym we öýmüziñ öñündäki uly tut agajynyñ depesine çykyp gizlenipdim. Gök gözli saryýagyz rus esgerleri hyzmatkärimizi ýere ýatyryp, dilmajyñ üsti bilen "Ýaraglary nirede sakladyñyz?" diýip soraýardy. Esgerlerden biri sapançany hyzmatkäriñ agzyna diränsoñ, hyzmatkär görgüli gorkudan ýaña doñyp galypdy, neresse sandyr-sandyr edýärdi. Menem demimi alman, gorkuly çeper filmiñ wagşyçylykly epizodyna tomaşa edýän ýaly olary synlap otyrdym. Ýüregim agzymdady, birinji gezek bular ýaly zady görýärdim. Sapança atylsa, belki menem tutdan pat edip ýere düşäýmelidim. Biraz wagtdan soñ rus esgerleri wahahaýlap gülmäge başladylar. Ýaşuly hyzmatkär gorkudan ýaña balagyna goýberen bolsa nätjek. Görgüliniñ üstüne bir bedre suw serpilen ýaly balagy şalpy-şarañ bolupdy. Rus esgerleri hyzmatkäri taşlap, biziñ alma baglygymyza siñensoñ, menem tutdan düşägetdin, obamyzyñ ilersindäki çeşmä tarap ökje berdim, ol ýerde adam boýuna ýetýän bugdaýly meýdanlar bardy we gizlenmek üçin şondan amatly ýer ýokdy. Emma ýoly ýarpylanymda garşymdan bir rus tanky çykdy welin, şobada suw degirmenini köçeden bölýän diwaryñ arkasyna gizlendim. Tank gelip diwaryñ edil düýbünde sägindi. Tankdan düşen esgerler diwaryñ düýbüne gelip, dik duran ýerlerinde buşukdylar. Men bolsa diwaryñ beýle ýüzündedim, olaryñ dem alşyna çenli eşdilip durdy. Tolgunmadan, gorkudan ýaña ýüregim gürs-gürs edýärdi, esgerler meni duýsa duýup oturybermelidi. Diwaryñ düýbüne çommalyp, ýañaklarymdan syrygan ýaşlary ýeñim bilen süpürip, gözlerimi ýumanym ýadyma düşýär. Ol ýerde näçe wagt galanymy bilemok, emma gözümi açanymdq esgerler bireýýäm gidipdi. Bu meniñ rus esgerleri bilen ilkinji duşuşygymdy. Tank zynjyrlarynyñ çykarýan şykyr-şykyr sesleri biz çagalaryñ iñ uly garabasmasydy. Haçan biz bu zynjyr seslerini eşitsek, gorkudan ýaña meñzimiz saralýardy. Zynjyr sellers mazaly ýakynlaşyp, soñra durup, yzyndanam gök gümmürdisini ýatladýan bir güwwüldi çykarýardy. Şeýdip heniz çaga ýaşlarymda asmana uçurulan belent-belent jaýlaryñ we parçalanan jesetleriñ arasynda ulaldym. Bir gezek ruslar kakamyñ ýakyn tanyşlarynyñ birini ele salypdylar. Ýerli beglerden bolan iri süñkli we semiz bu adamyñ boýy 1,80 sm töweregidi. Rus esgerleri onuñ ellerini arkasyna dañyp, gözlerini-de baglansoñ ylgamagy buýrupdylar. Pahyr aşa semiz bolandygy üçin biraz ylgady welin, demi demine ýetmedi. Rus esgerleri onuñ üstünden tank sürüp geçdiler. Obamyzyñ ýaşaýjylary rus esgerleriniñ dumly-duşy ýakyp-ýandyryp, ýykyp-ýumrup gidenlerinden soñ tank zynjyrlarynyñ aşagynda mynjyrap ýatan jesediñ galan-gaçan böleklerini ertesi gün gyssagly ýygnap, onuñ maşgalasyna tabşyrypdylar. Biz maşgala bolup muña meñzeş wagşylyklaryñ ýüzlerçesine şaýat bolduk. Bu wakalardan bir ýyl öñ hamana sosialistik doganlyk borjuny berjaý etmek üçin Owganystana gelen ruslar doganlykdan, deñlikden, azatlykdan söz açmaga başladylar welin, garry enem "Wah, uruş geljeg-ow!" diýip, howatyra düşüpdi. Başlangyç mekdepde bilim alyp ýören men: "Ene, sen okap-ýazmany bileñok, bu sözleriñ manysyny nirden biljek" diýipdim. Geçen asyryñ ýigriminji ýyllarynda bolşewik ruslaryñ häzirki Türkmenistanda görkezen wagşylygyny hut özi başdan geçiren garry enem: "Ruslar "parahatçylyk" diýse uruşy, "doganlyk" diýse duşmançylygy göz öñüne tutýandyr" diýip, sözüne şeýle dowam edipdi: "Türkmenistana ilkinji gelenlerinde-de şol sözleri aýdypdylar, emma yzysïre obamyza çozup, hemme ýeri ýakyp-ýandyrypdylar." Men köpbilmişlik edip: "Goýsana, ene" diýipdim. Alty aý geçmänkä-de uruş başlapdy. Owganystanda çagakam başymdan inen gynançly wakalara we wagşyçylyklara on ýyl arakesmeler bilen dünýäniñ başga-başga künçlerinde-de gabat gelipdim we her gezegem köne ýaralarym täzeden gozgapdy: 90-njy ýyllaryñ owgan graždanlyk urşy, Pars aýlagynyñ urşy, Bosniýa gyrgynçylygy, Garabag tragediýasy, çeçen-rus urşy, Siriýadaky graždanlyk urşy. Häzir ýene bir wagşylyga şaýat bolýarys. Taryhyñ dürli döwründe başga halklaryñ üstüne çozan, olaryñ topraklaryny basyp alan ruslar bu gezek bütin dünýäniñ gözüniñ öñünde öz ganybir doganyny bogýar. Umumy taryha we geçmişe, bir medeniýete we dile eýe ruslar bilen ukrainleriñ bar tapawudy - azeriler bilen Anadoly türkleri ýaly. Ikisi-de biri-birinden sähelçe tapawutlanýan bir dilde gürleýär, bir ynanja we bir medeniýete eýe. Ukrainalylaryñ bar günäsi - diýdimzor Russiýadan daşlaşyp, azat dünýäniñ bir parçasy bolmak islemegidir. Zorlugyñ ýerine adalaty, diktatorlygyñ ýerine demokratiýany, bendiligiñ ýerine azatlygy saýlamagy. Ukraina döwlet we halk hökmünde böleklenip, Putin tarapyndan ýok edilýärkä, Kiýewi dürli boş wadalar bilen umytlandyran ABŞ we Ýewropa bileleşigi derege ýaramaýan fury sözler we embargo haýbatlary bilen Russiýany saklamaga synanyşýar. Ýeri, Ukrainada saklatmaýan Russiýanyñ yzyndan Hytaýam altmyş ýyl bäri öz ýeri hasaplap gelýän Taýwany basyp alsa, dünýäniñ haly niçik bor? Şeýle bolýan bolsa, medeni dünýä kiçijik ýüzlenmäm: Zyýanyñ niresinden gaýtsanam, peýdadyr. Putini saklañ, beýlekiler bir şoñka meñzeş haýu-höwese özüni aldyrmasyn. Esedullah OGUZ. 26.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||