11:02 Russiýadaky döwlet agdarlyşygyna synanşyk we biz! | |
RUSSIÝADAKY DÖWLET AGDARLYŞYGYNA SYNANŞYK we BIZ!
Publisistika
Russiýada "Demir ýumrukly" hasaplanýan Putine garşy gurnalan döwlet agdarlyşygy synanşygy bütin dünýäni haýrana goýdy. Nädip haýrana goýmasyn? Prigožin atly biri orta çykdy, dünýäniñ iñ uly harby güýçleriniñ birine garşy gozgalañ turuzdy. Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Putiniñ "demir ýumrugy" gozgalañçylary gorkuzyp bilmedi. Prigožin diýilýän adam kimkä? Rus hakynatutma harby topary "Wagner"-iñ düýbüni tutujy... Garamagynda kemsiz taýýarlanan, hersi özbaşyna "jeñ roboty" ýaly söweşýän 25 müñden gowrak professional harby gullukçy bar... Putin bu hakyntutma harby toparyny Siriýada, Liwiýada we dürli Afrika ýurtlarynda ulanypdy, ukrain urşunda-da esasy güýçleriñ biri hökmünde fronta sürüpdi... Bular adam öldürmegiñ ussady, rehim-şepagatyñ nämedigini bilmeýän doñýürek harby gullukçylar... "Böwrümizden pyçaklandyk" diýýän Putin häzir ýaragly çaknyşykdan gaça durup, Russiýada graždanlyk urşunyñ çykmagynyñ öñüni almaga synanyşýar. Munuñ özi "Wagner" toparynyñ Russiýanyñ içinde parallel güýje öwrülendigini görkezýär. * * * Russiýada emele gelen bu howsalaly ýagdaýdan Türkiýäniñem almaly sapaklary bar. "Wagner"-iñ topalañy bizdäki şoña meñzeş topar "SADAT"-y ýatlatdy. JHP-niñ başlygy Kemal Kylyçdarogly "Russiýada bolup geçen hadysalar ýurdumyzyñ hökümetine sapak bolar diýip umyt edýärin" diýdi. Munuñ özi örän çynlakaý, möhüm duýduryş... Owal Stambulda "SADAT" ýörite toparynyñ dolandyryş merkeziniñ öñüne gidendigini ýatladan Kylyçdarogly: “SADAT" babatda köşk hökümetine telim gezek duýdurdym. Bolmansoñ, ahyry gapysyny kakdym. Türkiýe Respublikasyny ýykmak, dilini, baýdagyny, konstitusiýasyny üýtgetmek isleýändiklerini aýtdym. Şindi Russiýada bolup geçenler sapak bolar diýip umyt edýärin. Çünki Russiýanyñ "Wagner"-i - Türkiýäniñ "SADAT"-ydyr diýip, häkimiýeti ýene bir gezek hüşgärlige çagyrdy. Kylyçdarogly Türkiýede halka duşman hiç bir paramilitar gurluşa ýol bermejekdigini yglan etdi. Üstünde çynlakaý oýlanmaly, düýpli durlup geçilmeli duýduryşdyr bu... FETÖ-nyñ turzan topalañy heniz ýatdan çykarlanok! • HENEK: "Hiç üýtgemänsiñ-aý!.." Uzak wagtdan soñ Temel bilen gabatlaşan Dursun "Hiç üýtgemänsiñ-aý!.." diýip, geplemäge başlandan, Temel çyny bilen onuñ sözüni kesipdir: - Ýüzüñ-gözüñ durlanypdyr, hiç üýtgemänsiñ-aý... diýen ýaly sözleri gyrkyp taşlaýaly-la, Dursunjan?! Dursun geñ galypdyr: - O nämüçin? Erbet zat diýdikmi saña? Temel boýnuny aşak burupdyr: - Ýok, erbet zat diýeñogam welin... - Ýeri? - Derrew ýalan sözläp başlamaly diýýän-le. • GÜNÜÑ SÖZI Hak dogrudadyr. Dogry zada ant içmegiñ geregi ýok! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |