21:01 Iki ukrain immigrant zenany | |
IKI UKRAIN IMMIGRANT ZENANY
Zenan şahsyýetler
Bar şäheri häzirki Ukrainanyñ orta-günbatar sebitinde ýerleşen kiçijik şäher. 1874-nji ýyl. Tereza Serber Malkiýel - jöhit maşgalasynyñ ýedi gyzynyñ biri bolup (şol wagt Russiýanyñ düzümindäki) bu şäherde dünýä indi. Russiýada ýewreýlere garşy antisemitik-pogrom ýanama hereketlerinden gaçyp, Serber maşgalasy 1891-nji ýylda Nýu-Ýorka göçmäge mejbur boldy. Işçiler synpynyñ immigrantlarynyñ oturýan Lower East Side (Aşakky Gündogar ýaka) raýonyna ýerleşdiler. Bu ýer immigrant jöhitleriñ merkezidi we sosialist hereketleriñ garnizonydy. Tereza Serber 17 ýaşynda tekstil fabriginde işlemäge başlady. Bu pudagyñ işçileriniñ segsen göterimi aýal-gyzlardy. Tereza Serber bir ýyldan soñ zenan işçileri daşyna üýşürmäge başlady: Çaga plaşçylar sindikatynyñ gurujysy boldy. Yzyndan... Tereza Serber (1869-njy ýylda gurlan) ABŞ-nyñ Işçiler Federasiýasynyñ (Zähmet rysarlary) agzasy boldy... Yzyndan... Tereza Serber sosializmiñ aýal-gyzlary azatlyga çykaryp biljekdigine we sosializmiñem aýal-gyzlaryñ doly gatnaşygy bolmasa ýaşap bilmejekdigine ynanyp 1876-njy ýylda gurlan Sosialist Işçiler partiýasyna (SLP) agza boldy... Emma... Kän wagt geçmänkä, 1901-nji ýylda gurulan ABŞ-nyñ Sosialistik partiýasyna (SPA) geçdi. Çünki SLP aýal işçileri öz tarapyna çekmek üçun hiç hili hereket edenokdy, aýal-gyzlaryñ meselelerine az kelle agyrdylýardy. A täze partiýasy? Ol "Aýal meselesinde nirede durýarys?", "Aýal-gyzladyñ halas bolmagy" ýaly makalalar bilen täze partiýasyna-da gerekli maslahatlary bermegi dowam etdirdi. Şeýle-de: • ILKINJI ÄDIM 1909-njy ýyl. Hawa, ABŞ-nyñ Sosialistik partiýasy jynsy diskriminasiýa garşy durýandygyna garamazdan, tejribede aýal-gyzlar partiýada köke bişiriji we pul toplaýjy bolup çäklendirilen işlerde işledilýärdi. Tereza Serber aýal-gyzlary partiýanyñ hataryna çekmek üçin zenan guramasynyñ zerurdygyna ynandy. Partiýanyñ binýadynda Aýal-gyzlaryñ komitetini gurup, şol komitetiñ başlygy boldy. Partiýanyñ "Sosialist aýal", "Öñdebaryjy aýal", "Halkara Sosialistik barlag" we "New York Call" ýaly metbugat serişdelerinde aýal-gyzlaryñ meseleleri boýunça makalalaryny çap etdirdi. Kitap ýazdy: "Iş taşlaýyşdaky tekstil işçisiniñ gündeligi"... Partiýadan egindeşi ýazyjy Jek London ýaly sosialistler bilen işjeñ hereketlere gatnaşdy. Aýal-gyzlaryñ döwlet komitetiniñ başlygy bolup işleýän aýal-gyzlar barada broşýuralary ýazdy, çäreleri geçirdi. Tereza Serber her ýyl fewral aýynyñ soñky ýekşenbesiniñ Döwlet Zenanlar güni hökmünde bellenmegini partiýasyna kabul etdirdi. Birinji gutlanan sene 1909-njy ýylyñ 28-nji fewralydy... Bu aslynda zenan hak-hukuklary hereketiniñ merkezi nokady 8-nji mart Halkara Zähmetkeş zenanlar gününiñ buşlukçysy boldy... 1910-njy ýylda Kopengagende geçirilen Sosialistleriñ ikinji internasional ýygnanşygyndan öñ Halkara Sosialist Zenanlar konferensiýasy geçirildi. Tereza Serber ýaly amerikan sosialistlerinden täsirlenen Klara Setkin ýaly nemes delegatlary belli bir gün bermezden "Zenanlar gününiñ" baýram edilmegini teklip etdiler. Ýurtlaryna wekilçilik edýän ýüz zenan delegat aýal-gyzlara ses bermek hukugyny-da öz içine alýan gyradeñ hak-hukuklaryñ berilmegini biragyzdan talap etdi. Ilkinji gezek 1914-nji ýylda 8-nji mart Halkara Zenanlar güni Germaniýada bellendi. Aradan birnäçe ýyl geçdi: • SOÑKY ÄDIM Beata Poznýak - amerikan aktrisasy, kinorežissýor, şahyr, suratkeş... Maşgalasy ukrain immigranty. Geçen asyryñ segseninji ýyllarynyñ ahyrynda ABŞ-na göçüp gelen Poznýak hökümete Halkara Zenanlar gününi kanuny taýdan tassyklatmak üçin kampaniýalary başlatdy. Onuñ başlan işi şowuna boldy. Galyberse-de, şol günler "Sowuk uruşyñ" gutaryşan wagtlarydy we amerikan hökümetinde sosialist fobisi (gorky) galmandy! Birnäçe ýyllap "sosialistleriñ güni" diýip señrik ýygyrýan günlerine bolan pikirlerini üýtgetdiler: Amerikan kongresi 1994-nji ýylyñ 8-nji martynda Halkara Zenanlar gününi baýram etmegi we şol günüñ dynç güni bolmagyny kabul etdi. Ýagny: Tereza Serberiñ tagallasyndan segsen bäş ýyl geçensoñ zenan zähmetkeşleriniñ güni ABŞ tarapyndanam resmi ýagdaýda tassyklandy. Aýal-gyzlaryñ hak-hukuklarynyñ hasam artyk ykrar edilmegini üpjün etmek üçin häzirem elinden geleni gaýgyrmaýan meşhur Poznýaka ABŞ-da paralytic görkezme baýraklary berlip gelinýär. Emma beýleki ukrain immigrantkasy Tereza Serberiñ adyny, megerem, sosialist bolandygy üçin agzaýanam ýok, ýatlaýanam... Tereza Serber bilen birlikde Zenan zähmetkeşleriñ halkara gününi döreden rewolýusioner zenanlara minnetdarlyk bildirýärin we ähli aýal-gyzlaryñ baýramçylygyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn... Tereza Serberiñ Birinji jahan urşuna garşy çykyşy ýaly ähli aýal-gyzlaryñ "Ýok bolsun, uruş!" diýjegine ynanýaryn... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |