05:58 Saçlary agym | |
Gije düşegine gyşaryp halsyz,
Goşgular
Dünýäň aladasyn unudan çagyň. Ýene-de men hakda oýa batýansyň, Ah,saçlary agym! A,men bolsa özüm bilen gurup jeň, Gorkunç pikir edip egisýän derdim. Saňa dert boljagmy bilen bolsam öň, Garnyňdan gaýyp bolardym. Bimahal,gözünden ýaş döküp sähel, Saýgaryp ýyllaryň öňüni-ardyn. Hiçkime bildirmän,turup ak säher, Ýene öwezime ogul dilärdiň. Hany,olam bolaýmandyr ahyry, Peýdasy ýok,örteneniň,köýeniň. Men türkmeniň ölmez-ýitmez şahyry, Hem seniň birmahal"çagam"diýeniň. Bezelen ak öýler,gaýgysyz şalyk, Indi hiç haýsyna gözüm gidenok. Men juda ýaş,ýöne bady howalyk, Ýa şöhratym meni heläk edenok. Oturansyň,gije geçip hatarsyz, Daň atyp,gün ýere gezände tygyn. Sen ýene men hakda oýa batarsyň, Ah,saçlary agym! Şähribossan Geldimämmedowa | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |