03:06 Sadalyk | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ SADALYK Meniň sadalygym şundan ybarat: Her bir diýlen zada ynanyp ýörün. Bir ministr salanynda ymarat Özümiňki ýaly begenip ýörün. Ýüzüme sylýaryn doganynda Aý, Uzyn dilimde däl, kalbymda Hudaý. Büdrämde golumdan tutsa bir gedaý Monça bolup şoňa söýenip ýörün. Gaýtargy tamam ýok öwenim üçin, Deňdirin ýat üçin, doganym üçin. Bir bendäň göwnüne degenim üçin Sonra ýyllar boýy uýalyp ýörün. Baý däldigim üçin çekemok arman, Eý eziz Allajan, adyňa gurban! "Ýene!", "Ýene!" diýip harsurup ýörmän Berlenje döwlete guwanyp ýörün. Başyna goýbermän arzuw-hyýaly, Belent derejede pes tutup päli, Geçen asyrlaryň adamy ýaly Ynsaba, rysgala daýanyp ýörün. Şeýle ýörelgämden sowlan pilläm ýok, Kim "kelläň bar" diýýär, kimem "kelläň ýok" Sagadyň dili dek ziňkillemäm ýok, Wagtyndajyk ýatyp, oýanyp ýörün. Menem adam, perişde däl elbetde Mümkin, günädenem duramok çetde. Türkmenistan atly täsin döwletde Şükür, hormatlanyp, aýalyp ýörün. * * * Emenip ertire, eýerip Wagta Ýaşap ýördügiňçe düşünýäň pugta: Elbetde, adamlaň barysy bagta Gözün dikmek üçin ýaradylypdyr. Näçe geň bolsa-da bu aýan hemmä: Bagt diýilýän bagly pul bilen teňňä, Puluň bolsa hörpi ýokary iňňän: Öňe çykmak üçin ýaradylypdyr. Ynsanyň häsiýeti, ýaşaýşyň täri Üýtgänok adamzat döräli bäri. Bir bende özüne öý dikse, biri Şony ýykmak üçin ýaradylypdyr. Pelek nijeleri gark edip ünjä, Oňa derek eşret eçilýär ençä. Kim doýýança ýaşap, kimem ýalança Birje bakmak üçin ýaradylypdyr. Möjek eder mydam möjekligini, Goýun bolsa galar goýunlygyna. Dünýä dünýäň çyn däl, oýunlygyna Ünsi çekmek üçin ýaradylypdyr. * * * Adam pakyra deňlik, Aňa-düşünjä çuňluk, Ýalan aglana ýumruk, Çyn aglana çöje ber. Arzuw-entek ykbal däl, Ekipjik iý, ekmän däl. Doka hödür hökman däl, Aşyň bolsa aja ber. Ellerime hereket, Ýüregime kanagat, Bu Zemine bereket Asmana-da damja ber. Sabyr bolmaz söýgide, Agram bolmaz öwgide. Garyndaşsyz ýigide Iň bolmanda baja ber. At berip ozal atla, Zadam berilýär zatla. Baýrak berseň gaýratla Birin Ogultäje ber. ▶ PORTRET ...Dik depede Asman, aşakda-da Ýer, Arasynda bir perişde ýüzüp ýör. Bir görseňem derwüşlere goşulyp Uç-gyraňsyz beýewanda gezip ýör. Bolşy geň galdyrýar gören adamy Pygamerbermi ýa ýönekeý adammy? Al-asmandan inen ýagşyzadamy - Meger boljak ahwalaty syzyp ýör. Deminde "ah", ädiminde hatar bar, Gör, jahanda näçe bela-beter bar. Eýsem ony nämäň yşgy göterýär, Nädip beýle jepalara dözüp ýör. Gör nämeler perwaz urýar başynda Kämilligiň nurun gördüm keşbinde Bir baksaňam söwer ýaryň yşgynda Däli porhan bolup daglar gazyp ýör. Bir görseň keramat, bir görseň sada, Aňk boldum gözüme görünýän zada. Bir seretsem bu ganatly pyýada Magtymguly bolup goşgy ýazyp ýör. | |
|
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |