21:56 Sadranç kitaby: Küştde ilki bellemeli zat, derejeleriň tapawudy we mallaryň gymmatlygy | |
KÜŞTDE ILKI BELLEMELI ZAT, DEREJELERIŇ TAPAWUDY WE MALLARYŇ GYMMATLYGYDYR. DEREJELERIŇ JEMI SANY BÄŞDIR
Sport we turizm
Olaryň birinjisi iň kämil derejedir. Bu derejä az sanly küştçüler degişlidir. Beýle derejeli küştçüler: Şarara, Jabyr, Zabzap, Abu Nagam, Adly, Razy we başgalardyr. Olaryň iň güýçlüleri Zabzap bilen Razydyr. Bir wagtda beýik küştçüleriň üçüsi ýüze çykmandyr. Bir wagtda olaryň biri ýa-da ikisi döräpdir. Soňra ikinji dereje gelýär. Bu kämil dereje diýlip atlandyrylýar. Kämil derejäniň wekilleri iň kämil derejäniň küştçüleri bilen on döw küşt oýnasalar, on oýundan dört oýna çenli utuş gazanýarlar. Soň üçünji dereje gelýär. Ol ussatlyk derejesidir. Ussatlyk derejesiniň oýunçylary ikinji kämil derejäniň oýunçylarynyň birinji iň kämil derejäniň oýunçylaryny az utuşlary ýaly, ikinji derejäniň oýunçylaryny azda-kände utmagy başarýarlar. Soň dördünji ökdelik derejesi, soňra hem bäşinji höwesjeňlik derejesi gelýär. • Küşt mallarynyň gymmaty Küştde şa özüniň gymmaty jähetinden baş mal hökmünde garalýar. Şadan soň gymmatlylygy beýik bolan mal hökmünde ruh gelýär. Onuň gymmaty bir dirheme barabardyr. Atyň bahasy dirhemiň üçden iki bölegine deňdir. Perziniň bahasy dirhemiň üçden bir bölegine deňdir. Käbir küştçüler: «Perziniň bahasy altydan bir dirheme barabardyr» diýip hem aýdýarlar. Piliň bahasy dirhemiň dörtden bir bölegine deňdir. Perzi bilen duşuşýan piliň bahasynda artykmaçlyk bar, ýagny öýjükleriniň reňki gabat gelse, ikisi duşup bilýär. Sebäbi gara we gyzyl pil bolýar, şeýle hem gara we gyzyl perzi bardyr. Şanyň we perziniň pyýadalarynyň, ýagny şanyň we perziniň öýlerinde duran pyýadalaryň her biriniň bahasy dirhemiň dörtden bir bölegine barabardyr. Şanyň pyýadasynyň bahasy hem pilleriň bahasy ýalydyr. Hemme oýunçylaryň pikirine görä, piliň bahasy has ýokarydyr. Ýöne meniň pikirimçe, ikisiniň bahasy biri-birine golaýdyr. Käbir oýunçylaryň pikirine görä, perziniň pyýadasynyň bahasy şanyň pyýadasynyň bahasyndan gowudyr. Ýokarda biz: «Perzi bilen duşuşýan piliň artykmaçlygy bardyr» diýipdik. Perzi bilen duşmaýan piliň bahasy perziniň pyýadasynyň bahasyndan gowudyr. Piliň we atyň pyýadalary, ýagny şolaryň öýlerinde duran pyýadalaryň her biri dirhemiň altydan bir bölegine deňdir. «Pyýada bäşden bir dirheme deňdir» diýýän oýunçylar hem bar. Oýunçylar piliň pyýadasyny atyňkydan gowy hasaplaýarlar. Oýunçylaryň pikirine görä, piliň pyýadasy atyň pyýadasyndan orta golaýdygy sebäpli gowudyr. Pilleriň ortada duran pyýadalarynyň gymmatyna görä gyrada duran pyýadalaryň bahalary has azdyr. Sebäbi hemme pyýadalar iki tarapdan alyp bilýärler. Olar bolsa bir tarapdan alýarlar. Meniň pikirime görä, şa golaý duran pyýadalar pyýadalaryň gowusydyr. Men: «Şa golaý duran atyň pyýadasy ortada duran pyýadalardan soň iň gowy pyýadalardyr. Munuň özi her bir ortada duran pyýadanyň perziden gowudygyny aňladýar» diýýärin. Zabzap bilen Abu Nagam şeýle diýipdir: «Biz iki gyraky pyýadany perzi bilen çalyşmakçy bolup synanyşmaýarys. Sebäbi pyýadalar wagty gelse perzi çykýar». Mallaryň bahalary oýnuň başynda olaryň mallary alşyna görä kesgitlenýär. Çünki artykmaçlyk mallaryň alnyşyna görä döreýär. Ýöne döwüň dowamynda malyň gymmaty tagtada ýerleşişine we garşydaşyň mallaryna garşylyk görkezişine görä artyp hem, kemelip hem biler. Käbir döwlerde pil atdan gowudyr. Sebäbi dört duşuşýan perzi (bir reňkdäki) atyň garşysyna durup, döwi utýar. Ýöne reňki olaryňkydan tapawutly piliň garşysyna oýun deň halda gutarýar. Eger bir döwde duşuşýan, ýagny perziler köpelse, olar bilen duşuşmaýan pil ruhdan artykmaç bolýar. Şeýlelikde, döwe görä mallaryň gymmatlyklary üýtgeýär. Käbir döwde ruh bilen atda baha bolmaýar. Sebäbi ruh bilen at ruhuň garşysyna deň oýun oýnaýar. Şeýlelikde, at bilen üç perziniň, ruh bilen üç perziniň garşysyna ne atyň, ne ruhuň güýji bardyr. Eger şol perziler tagtanyň öýleriniň birinde duşuşmaýan bolsa, beýle döw deň halda gutarýar. Bu atlary her hili döwlerde küşt düzümleri görnüşinde düşündireris. Eger Hudaý halasa, kitabymyzda deň oýunlary we utuş bilen gutarýan oýunlary beýan ederis. Olar barada oýunçylaryň pikirleriniň deň gelýänleri hem, ters gelýänleri hem bar. • Ruhlar «Magluba» sözi arap dilinde küşt adalgasy bolup, ol: «Oýun utuşly ýagdaýdadyr» diýmekligi, «kaýyma» sözi bolsa «oýun deňme-deň ýagdaýdadyr» diýmekligi aňladýar. Iki ruhuň bir ruhuň garşysyna ýeňişli (maglubaly) oýnajakdygy şübhesizdir . Iki at bir atyň garşysyna deňme-deň (kaýyma) oýnaýar. Köp oýunçylaryň pikirine görä, iki at şany ýatyryp bilenok, iki ruh bolsa şany ýatyryp bilýär. Onuň üçin birinji deňme-deň, ikinji bolsa ýeňişlidir. Eger iki at bir atyň garşysyna «ýeňildi» diýen ýere gabat gelinse, onda beýle ýagdaý: «Iki at beýleki aty gysyp, onuň öýlerini eýeleýär» diýmekdir. Iki ruh — ruh bilen atyň garşysyna deňme-deň oýnaýar. Her döw ýeňişli ýa-da deňme-deň diýlip kesgitlenen wagtynda, oýun tagtanyň ortasynda bolmaly, şa bolsa gysylan halda bolmaly däl. Şa gysylan halynda oýun ýeňişli ýa-da deňme-deň gutardy diýlip hasap edilmeýär. Şeýlelikde, köp mal gysylan bolsa, garşydaşyň az malynyň güýji has artykmaç bolýar. Ruh bilen iki pil — ruhuň garşysyna deňme-deňdir. Ruh, perzi we ol perzi bilen duşmaýan pil ruhuň garşysyna ýeňişli ýagdaýda durandyr. Eger pil perzi bilen duşuşsa haýal ýeňýändir. Birnäçe adamlar maňa Razynyň haýal ýeňişli oýnuny oýnap, ertirden agşama çenli utup bilmändigini aýtdy-lar. Ahyry Razy gaharlanyp, oýny taşlapdyr. Hakykatdan bolsa, ol ýeňişli oýun, ýöne gaty haýal gidýär. Ruh, perzi we pil biri-biri bilen duşýan ýa-da duşmaýan halatynda ruh bilen perziniň garşysyna deňme-deň bolýar. Şeýlelikde, ruh bilen piliň garşysyna perzi bilen pil duşsa ýa duşmasa, oýun deňme-deň gutarýar. Ruh, perzi we pil — ruhuň we garşydaşynyň perzisi bilen duşýan piliň garşysyna oýnasa, gowşak deňme-deňdir. Ruh, perzi we iki pil – ruhuň we garşydaşynyň perzisi bilen duşýan perziniň garşysyna oýnasa hem oýun deňme-deňdir, duşmaýan perzisiniň garşysyna oýnasa hem deňme-deňdir. Ruh, perzi we iki pil – ruhuň we duşmaýan piliň garşysyna oýnasa, oýunçylaryň köpüsi oňa deňme-deň, käbirleri ýeňişli diýýärler, eger-de perzi pil bilen duşýan bolsa, hemmesiniň pikiri boýunça oýun ýeňişlidir. Sebäbi artykmaç mally oýunçy pili mugt alýar ýa-da daňýar we üç bolup, bir malyň garşysyna çykýar. Ruh — ruh bilen atyň garşysyna oýnasa, oýunçynyň biri gowşak bolmasa, arassa deňme-deňdir. Bu ýerde ýalňyş oýnalsa hem oýun deň gutarýar. Hemme oýunçylaryň pikirine görä, ruh, iki at we perzi — iki ruhuň garşysyna oýnasa ýeňýändir. Iki ruh – ruhuň, atyň, piliň we iki duşýan perziniň garşysyna oýnasa, deňme-deňdir. Ruh we üç perzi – iki ruhuň garşysyna oýnasa hem oýun deňme-deňdir, eger dört perzi bolsa, biri beýleki üçüsi bilen duşmaýan oýun deňme-deň ýagdaýdadyr. Oýunçylaryň käbiri muny «ýeňişli ýagdaý» diýip atlandyrýar. Ruh – iki piliň garşysyna oýnasa, ýeňişli ýagdaýdadyr. Eger pilleriň biri perzi bilen oýnasa, duşsa-duşmasa deňme-deňdir. Ruh – iki atyň we bir perziniň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. Hemme oýunçylaryň pikirine görä, bu oýna ýene bir pil goşulsa ýeňişli ýagdaýdadyr. Meniň pikirimçe, ruhuň ýanynda pil bolsa ýa iki pil bolsa, ýeňişli ýagdaýdadyr. Oýunçylaryň käbiri muňa «deňme-deň» diýýärler. Ruh – atyň, iki duşýan perziniň we iki piliň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. Iki perzi duşmaýan bolsa, onda ol ýeňişli ýagdaýdadyr. Bir pil bolsa deňme-deňdir. Pyýada bilen ruh perziniň garşysyna oýnasa ýeňişli ýagdaýdadyr. Şeýle hem, iki duşýan perzi şadan daş bolsalar, ýeňişli ýagdaýdadyr. Ruh we iki pil – iki duşýan perziniň garşysyna oýnasa ýeňişlidir. Perziler duşmaýan bolsa, deňme-deňdir. Bu ýagdaýy Adly şekilleriniň birinde görkezýär. Biz hem ony düzüm görnüşinde, Hudaý halasa, görkezip geçeris. Ruh we pil – at bilen piliň garşysyna oýnasa ýeňişlidir. Ruh we perzi at bilen duşýan perziniň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. Eger perziler duşmaýan bolsa, onda ýeňişli ýagdaýdadyr. Ruh we iki pil – at bilen perziniň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. Ruh atyň garşysyna deňme-deňdir. Iki ruh – iki atyň garşysyna oýnasa, ýeňişli ýagdaýdadyr. Atlaryň oýunçysynda pil bolsa hem ýeňişli ýagdaýdadyr. Iki ruh – at we iki duşýan ýa-da duşmaýan perzileriň garşysyna oýnasa, ýeňişli ýagdaýdadyr. Oýunda ruhlar bilen pil bar bolsa, ýeňiş tiz gazanylýar. Pil, at we iki perzi – iki ruhuň garşysyna oýnaýan bolsa, onda oýun deňme-deňdir. Ruh, perzi we pil – iki atyň garşsyna oýnasa ýeňişli ýagdaýdadyr. Käbir oýunçylaryň pikirine görä, atlar bilen pil oýnaýan bolsa deňme-deňdir. Iki ruh we pil – ruh, at we piliň garşysyna oýnasa, soňy mälim däl oýundyr. Ruh we pil – atyň we iki piliň garşysyna oýnasa, şübheli bolsa hem köplenç deň oýundyr. Iki ruh — dört perziniň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. Şunuň bilen ruhlar bölümi tamam boldy. • Atlar Oýunçylaryň hemmesiniň pikirine görä, iki at – bir atyň garşysyna deňme-deňdir. Ýöne men bu oýny gowy öwrenenimden soň, ony ýeňişli ýagdaýda ýaly gördüm. Eger men öz pikirimiň we güýjümiň artyklygyna şübşhelenmedik we iki atyň eýesine ýykgyn etmedik bolsam, onda: «Hemme oýunçylar deňme-deň diýmek bilen hata goýberýärler» diýerdim. Men iki ruhuň bir ruhuň garşysyna näme üçin şübhesiz ýeňişli ýagdaýda bolýandygyny şeýle düşündirýärin: sebäbi iki ruh şa bilen galsa, olar şany ýatyrýarlar, iki at bilen şa galsa, olar ony ýatyrmaýarlar. Ýöne bir atyň gysylmagy sebäpli ýeňiş bar ýaly bolup görünýär. Şübhäniň döremegi hem şu ýerden gelip çykýar, at atyň garşysysyna, ruh ruhuň garşysyna ýaly bolup görünýär. At – üç duşýan perziniň garşysyna deňme-deňdir. Duşýan perziler bilen iki pil oýnaýan bolsa hem deňme-deňdir. At – iki perziniň we iki piliň garşysyna oýnasa, oýun deňme-deňdir. Pilleriň ýerine ýekeje perzi oýnaýan bolsa, ýeňişli ýag¬daýdadyr. At – piliň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. At we iki pil – iki piliň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. Muny Adly ýatlap geçýär. Biz hem ony, Hudaý halasa, düzüm hökmünde görkezeris. Iki at – iki perziniň garşysyna oýnasa deň oýundyr. Sebäbi at perziden güýçli bolsa-da, onuň güýji ýeterlik däl. Ýöne iki at oýnaýan bolsa, onda olaryň artykmaçlygy hakykatdan-da aýan bolýar. Iki at – üç perziniň garşysyna oýnasa, oýun deňme-deňdir. Iki at – iki piliň we bir perziniň garşysyna oýnasa, köplenç deňme-deň gutarýar. Ýöne gaty uly kynçylyk bilen utup bolýar. Şonuň üçin muňa «kyn ýeňiş» diýsek hem bolýar. At we perzi – atyň perzisi bilen duşmaýan iki perziniň garşysyna oýnasa, ýeňişli ýagdaýdadyr. Eger olar duşsalar ýa-da olaryň biri duşsa deňme-deňdir. At we perzi – perzi bilen piliň garşysyna duşsalar hem, duşmasalar hem ýeňişli ýagdaýdadyr. Piliň eýesinde ýene bir pil bar bolsa deňme-deňdir. Şunuň bilen atlar baradaky bölüm tamam boldy. • Piller, pyýadalar we perziler Iki duşýan perzi – dört perziniň garşysyna oýnasa, ol dört perzileriň biri garşydaşynyň perzileri bilen duşýan bolsa hem deňme-deňdir. Iki perzi – bir perziniň garşysyna oýnasa, iki perzi bilen ýa-da biri bilen duşsa hem ýeňişli ýagdaýdadyr. Iki perzi – iki piliň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. Perzi bilen pil duşsa-da, duşmasa-da piliň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. Iki perzi we pil – iki perziniň garşysyna oýnasa, ýeňişli ýagdaýdadyr, pil ýok bolsa deňme-deňdir. Pil – pyýadanyň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. Iki pil – pyýadanyň garşysyna oýnasa, ýeňişli ýagdaýdadyr. Ony biz düzümlerimizde düşündireris. Iki perzi we iki pil – iki piliň garşysyna oýnasa, ýeňişli ýagdaýdadyr. Eger perziler bilen bir pil bolaýsa-da ýeňişli ýagdaýdadyr. Sebäbi piller perzilerden gowşakdyr. Bu sebäpden iki perzi we pil iki perziniň garşysyna oýnasa deňme-deňdir. Ýöne iki pil oýnaýan bolsa ýeňişli ýagdaýdadyr. Iki perzi — bir pyýadanyň garşysyna oýnanda käbir ýag-daýlarda deňme-deň, beýleki bir ýagdaýlarda bolsa ýeňişli ýagdaýdadyr. Biz bu ýagdaýlary düzümlerimizde görkezdik. Bu sebäpden bu ýerde olary düşündirip durmadyk. Käwagt py¬ýada – pyýadanyň garşysyna oýnasa, ýeňiş bilen gutarýar. Şeýle hem, perzi — perziniň garşysyna oýnan ýagdaýlary düzümlerde beýan edildi. • Küşt mallarynyň ýerleşiş tertibi Şa – «patyşa», perzi – «wezir» diýmekdir. Sebäbi perzi şany goraýar, onuň daşyny ýapýar, töwereginde goşuny bilen durýar we onuň öňünden barýar. Muhammet ibn Abdylmälik Zeýýat küşti gowy görer eken. Ol: «Küştde piliň orny mürzäniň salgyt ýygnamakdaky orny ýalydyr. Ol salgyt ýygnaýar we hilegärlik edýär. Onuň söweşde orny az. Ýöne pil söweşde bir meşhur iş edýär. Onuň işi hile bilen bagly. Gerek ýerinde şa bilen ruha ýa-da şa bilen ata şarama edip bilýär. Şa oýnuň soňunda birnäçe malyň garşysyna oýnap, oýny deň gutaryp bilýär. Eger oňa duşýan mal bolmasa, perzi hem şeýledir. Bu ýagdaýda pil atdan gowudyr. Eger perziler köpelse, olar ruhdan güýçli bolýar». At barada başgalar şeýle diýýärler: «At küştde atlynyň ornunadyr, ruh goşun ýolbaşçysy ýalydyr». Şeýlelikde, ruhda ýolbaşçylygyň artykmaçlygy bar. Tagtada mallar köp bolsa onuň güýji peselýär, mal az bolsa we döw giňelse güýji artýar. Pyýadalar pyýada esgerler ýaly öňden ýöreýärler. Olar at-lara we ruhlara päsgel berýärler. Eger ruh pyýadanyň arkasyna geçse, onda ol pyýadalaryň arkasyndaky atlara öwrülýär. Suly şeýle diýýär: «Bir gezek men bir döwde utdum. Mende perzi, pil we ruh bardy. Onuň şasy gabaldy. Men garşydaşyma öz mallarymy berdim. Ol mallary alyp, örän buýsanýardy. Ýöne men onuň şasyny gysyp utdum. Onuň mallary kändi. Utulandan soň meniň ýeňşimi aýyplady. Käbir hökümdarlar onuň tarapyny tutdular-da, ol döwde meniň garşydaşymyň utmagyny has dogry hasap etdiler. Şonda men oňa şeýle diýdim: «Men saňa aýan bolar ýaly bir mysal getireýin. Biziň aramyzda bolup geçen döw iki goşun. Diýeli, iki goşun duşupdyr. Aralarynda söweş uzaga çekipdir. Bir tarapyň söweşijileriniň biri beýleki patyşanyň ýeke galanyny görüp, garşydaş şanyň duran tarapyna gidýär we öz ýoldaşlaryny taşlaýar. Onuň ýoldaşlarynyň köpüsi ölýär. Ýöne şonda-da ol patyşanyň yzyndan ýetip, ony öldürýär. Şeýdip, ol ýeňiş gazanýar». Bu sözlerimi ol adam makul bildi we dogry hasaplady. Bu hasap dogry hasap. Özi hem ol köplenç döwlerde bolýan zatdyr. Adly aýdypdyr: Bu şekil küştüň matematika dahyllydygyny aňladýar: Kim şu ýol bilen on müň müňe çenli elini (barmaklaryny), ýatkeşligini we ýazgyny ulanman sanajak bolsa, on sany daşy alyp, her daşy bir sanyň (sifriň) üstüne goýsun (ýagny birden ona çenli). Şeýdip küşt matematika hem dahylly bolupdyr. __________________________ Ol döwrüň küştünde ruhuň we atyň göçüşleri häzirki zaman küşt oýnuna meňzeş bolup, şu döwre çenli üýtgemän gelipdir, ýagny häzirki göçülipdir. Pyýadalar bir öý öňe göçýär. Perziler gytaklaýyn bir öý göçýär. Piller gytaklaýyn bir öýüň üstaşyry ikinji öýe göçýär we öňünde duran malyň ýa-da pyýadanyň üstünden böküp geçip bilýär. Pyýadalar garşydaş tarapyň iň soňky setirine baranda diňe perzi çykýar, başga mala öwrülmeýär. Perziler gytaklaýyn bir öý göçmegi sebäpli duşup ýa-da duşuşman biler. Oýnuň başynda iki perzi duşmaýar, ýöne pyýadalar perzi çyksa arasynda duşýany we duşmaýany bolýar. Atyň pyýadasy ýa-da piliň pyýadasy — atyň ýa-da piliň öýlerinde duran pyýada. Bu ýerde küşt tagtasynyň üstünde galan mallaryň ýagdaýyna görä mallaryň güýjüniň artykdygy ýa-da deňeçerdigi beýan edilýär. Ýöne mallaryň güýjüniň artyk ýagdaýynda hem netijäniň oýunçynyň ukybyna baglydygy aýdylýar. Küşt berlende şa bilen bilelikde ruha, perzä ýa-da beýleki mallara hüjüm bolsa şoňa «şarama» diýilýär. Arap dilinden terjime eden we çapa taýýarlan Şaman BAÝRAMMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |