18:46 Sadranç kitaby: Küşt oýnunyň döreýşiniň sebäpleri | |
SADRANÇ KITABY
Sport we turizm
(Adlynyň, Sulynyň we beýlekileriň ýazgylaryndan düzülen küşt kitaby) كتاب الشطرنج MÄHIRLI WE REHIMLI ALLANYŇ ADY BILEN Biz bu kitapda Adlynyň we Sulynyň düzen meşhur küşt düzümlerini getirdik we bu meşhur küştçüleriň küştüň döreýşi we oýnalyşy barada aýdan pähimlerini beýan etdik. Munda Sulynyň küşt baradaky aýdan sözleri Adlynyň aýdanlaryna jogap hökmünde berilýär hem-de ol Adlynyň düzümlerini has kämilleşdirýär. Mundan başga-da bu kitapda Sulynyň kitabyndaky küşt düzümlerinden hem birnäçesini goşduk. Şeýle-de «Ruhsa fiş-Şatranj», ýagny «Küşt oýnuna giriş» diýen kitabyndan küşt barada beren maglumatlaryny getirdik. Alla hemmelere rowaçlyk bersin. KÜŞT OÝNUNYŇ DÖREÝŞINIŇ SEBÄPLERI • Birinji sebäp Adlynyň ýazmagyna görä, bir adalatly hem dindar patyşanyň döwründe diniň gerek däldigi barada güýçli deliller tapan adamlar ýüze çykypdyr. Patyşanyň raýatlarynyň dini berk tutýanlaryndan başgalary ol adamlaryň ýaňky pikirine goşulmaga meýil bildiripdirler. Adamlar bu ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak üçin bir dana hem ylmyň kämilligine ýeten akyldara ýüz tutupdyrlar. Patyşada bu ýagdaýlar sebäpli dinini hem-de hökmürowanlygyny saklamak barada gorky peýda bolupdyr. Sebäbi din bolmasa höküm, höküm bolmasa hem din boljak däldi. Patyşa diniň garşysyna dörän delili tersine subut edip biljek bir adamyň küşt atly oýny oýlap tapandygyny habar berýärler. Küşti oýlap tapan adam patyşa oýnuň kada-kanunlaryny düşündirýär. «Küşt» sözi pars dilinden arap diline geçendir. Parsça küşte «heştreňk» diýilýär. «Heşt» – sekiz, «reňk» – reňk, ýagny «sekiz reňk» diýmekdir. Küşt tagtasy 64 öýden ybarat bolup, her tarapynda sekiz öý bardyr we her sekiziň öz reňki bar. 64-di ikä bölseň her tarapda 32 öý bolýar, her tarapda mallaryň sany we görnüşi deňdir, biri-birine gabat gelýändir. Küşti synlap otyrka, patyşanyň göz öňüne söweş sahnasy, wakalary we tilsimleri gelipdir. Patyşa şeýle oýa batypdyr: «Bu dünýäde söweş alyp barmakdan beýik zat ýokdur. Çünki söweşde goýberlen ýalňyşlyk bagyşlanylmaýar, küştde goýberlen ýalňyşlyk hem bagyşlanylmaýar. Sebäbi söweş hem, küşt hem akylyň, islegiň hem ygtyýaryň bilen ýöredilýär. Netijede, dogry hereket eden utýar, ýalňyşan bolsa utulýar. Küşt ynsanyň jogapkärdiginiň, bu dünýäniň, ahyretiň synagydygynyň mysalydyr». Küştüň bu dünýä we ol dünýä synag mysaldygyna göz ýetiren patyşa örän begendi. Patyşa adamlary köşge jemlemegi buýurdy. Adamlar üýşensoňlar, patyşa aýtdy: – Hakykatdan hem, Alla öz bendelerine rehimlidir. Ol di-nine uýýanlary we halkyň baştutanlaryny gözden salmaýar. Şol sebäpli hem Ol ynsanlary haýwanlar dek düzgünsiz ýaratmandyr. Alla bu hakykaty hökümdarlygyň üsti bilen aýan etdi. Adamlar küştüň mazmunyna düşünenden soň, küşti oýlap tapan akyldar ýerinden turup, şeýle diýdi: Eger kimdir biri: «Ýaradan adamlary hiç bir zada borçly etmedi» ýa-da «Ol bendeleriniň işine mätäç däl. Bu dünýä ýardam bererden kiçi, işini ýörerden ejiz. Şonuň üçin dünýäni ýöredýän asmanyň ýyldyzlar topary we saýýaralarydyr» diýse, munuň özi «Parasatly Ýaradan biderek, manysyz zatlary ýaradýar» diýmekdir. Şeýlelikde, bu älem jisimdir. Onuň içinde ýaradylan jisimler bar. Ol jisimler hereketdedir. Olar ösüş ýoly boýunça hereket edýärler. Jisimler öz-özlerinden hereketlerini ne güýçlendirip, ne-de gowşadyp bilýärler. Bu älemde Ýaradany we Onuň ýaradan zatlaryny adamlardan başga ýekeje jandar hem aňlap, düşünip bilmez. Bu sebäpden adamlar Ýaradanyň iň beýik ýaradan zadydyr. Şeýlelikde, bu älem içinde ýaradylan zatlar, şonuň bilen birlikde haýwanlar hem adam üçin ýaradyldy. Bir rowaýatda aýdylşyna görä, bir perişde bilen bir şeýtan duşuşar eken. Olar öz aralarynda uzak söhbetler edip, hersi gören zatlaryndan habar berer eken. Bir gezek duşanlarynda, perişde adam barada habar berýär we şeýtana adamy görkezýär. Şeýtan adamy görüp geň galýar. Şeýtan adamyň ýagdaýyny anyklamak üçin ýere düşýär we adamy synlap gelensoň, perişdä şeýle habar berýär: «Adam diýen zat beýleki zatlary üç bölege bölüpdir: ol zatlaryň bir bölegini iýýär, beýleki böleginden peýdalanýar, üçünji bölegini bolsa iýip hem, peýdalanyp hem bilmän öldürýär. Ol guşlardan, balyklardan we mallardan islänini iýýär, sygyr, düýe we başga mallardan peýdalanýar we münýär. Emma ol wagşy haýwanlary hem mör-möjekleri öldürýär. Tebigatyň dört düzümi hem oňa tabyn. Ol ýeri gazyp suw goýberýär, ekinler ekýär, suwy islän tarapyna ugrukdyrýar, howadan dem alyp, lezzet alýar. Ody isleýşi ýaly ulanýar. Bu älem şu bar zatlara gap bolup dur». Bu rowaýata görä, Alla älemi içindäki ähli zady bilen bile adam üçin ýaradypdyr. Adam şu zatlary ýaradan Alla tagat etmäge borçludyr. Ähli ýaradylan zatlara eýe edendigi, akyl we düşünje berendigi üçin, Alla adamy özüne şükür we ybadat etmäge borçly edipdir. Alla adama kämil göwräni bagyş edipdir. Ol göwresinde iň nepis agzanyň kalpdygyna, kellesinde hem ýüzdügine göz ýetiripdir we Ýaradana sežde kylyp, şükür we ybadat edipdir. Emma parasatly Ýaradanyň razy bolmajak ýoly bilen ybadat etmek bolmaz. Bu sebäpden Alla adamlaryň hemmesine Özüne ybadat etmegi parz diýip kellesine guýýar, bolýan hem bolmaýan zatlary düşündirýär. Alla buýruk beren zatlarynyň içinde adama nebsi bilen bagly zatlary terk etmekligi buýurdy. Olar: zulum, sütem ýa-da men-menlik, garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň bilen gatnaşmazlygy we şuňa meňzeş zat-lar. Munuň üstesine Ol adamyň nebsiniň islemeýän zatlaryny hem buýrupdyr. Olar: namaz, agyz beklemek, gaharyňy saklamak we ş.m. Bu soňky agzanlarymyzy Allanyň parz edendiginiň sebäbi ol zatlar adamy synag etmek üçindir. Eger adam bulara boýun bolsa sogabyny, garşy çyksa jezasyny berýär. Şeýlelikde, adam synagdadyr, jogapkärdir we borçludyr. Küşt oýlap tapan adam sözüni tamamlady. Patyşa ol adamy örän hormatlady, islän haýyşyny ýerine ýetirdi we beýik mertebä galdyrdy. • Ikinji sebäp Alymlar şeýle aýdypdyrlar: Bir patyşanyň bir aýaly bar eken. Onuň adamsy garrapdyr, ýöne bularyň perzendi ýok eken. Adamsy ölüm ýassygynda ýatyrka, aýaly hamyla bolupdyr. Şonda patyşa täji aýalynyň garnyna goýmagy buýrup, şeýle wesúet edipdir: «Eger ogul bolsa tagta eýe çyksyn». Ol aýal hem örän akylly hem pähimli eken. Wagty gelende ol ogul dogrupdyr. Ejesi şazada gowy terbiýe berip ýetişdiripdir. Başga ýurtlaryň patyşalary aýala we onuň patyşalygyna göz gyzdyrmaga başlapdyrlar. Aýal gorka düşüp, öz ogluna: «Seniň öz diniňi, mülküňi we halkyňy goramaly wagtyň gelip ýetdi» diýipdir. Şazada goşun jemläpdir. Gowy harby taýýarlyk görüp, daş-töwerekdäki ülkelere ýöriş edipdir. Ol bu söweşlerde üstün çykyp, sag-aman gaýdyp gelipdir. Beýleki patyşalar şazadadan gorkar ekenler. Çünki, şazada her ýylda iki gezek – güýzde hem ýazda ýöriş edýän eken, her gezek hem ýeňiş gazanyp, sag-aman gaýdyp gelýär eken. Günleriň birinde şazada duşmanyny äsgermändir. Duşman onuň biperwaýlygyny aňyp, üstüne ýöriş edipdir. Şazada bu gezekki söweşde wepat bolupdyr. Onuň ejesi hasrata batyp, köp gözýaş döküpdir. Aýal uzak wagtyň dowamynda gam-gussa içre galypdyr. Beýle ýagdaý ony halys tapdan düşürip, heläk ederli görnüpdir. Ol hiç bir zatdan teselli tapmandyr. Adamlar oňa teselli boljak zat gözläpdirler. Aýal hem öz gezeginde teselli berip biljek zady oýlap tapan adama şalygy bagyş etjekdigini aýdypdyr. Ahyry bir akyldar küşt oýlap tapyp, onuň ýanyna gelipdir we: «Men saňa ogluň arzuw eden söweş meýdanyny görkezeýin» diýipdir. Şonda aýal ol oýunda söweş şekilini görüp, oýna düşünmäge hem öwrenmäge çalşypdyr. Soň ol oýnuň çyn aşygy bolup, häli-şindi oýnar eken. Aýal oýnuň şekillerini içgin synlar eken. Şeýdip, ogly üçin gama-hasrata batan aýalyň köňli teselli tapypdyr we küşti oýlap tapana şalygyny bermegi buýrupdyr. • Üçünji sebäp Aýdylşyna görä, bir gaýratly patyşa bar eken. Ol başga patyşalardan paç almasa, kanagatlanmaz eken. Bu patyşa urşy örän gowy görüp, köp uruş eder eken. Soňra ol patyşa hemişe uruş etmäge endik edipdir. Gitdigiçe onuň goşuny hem hökümi güýjäpdir. Netijede, uruş-söweş ylmynda uly tejribe gazanypdyr. Patyşa urşuň hemme tilsimlerine düşünipdir. Günlerde bir gün patyşa şeýle diýipdir: «Meniň bir islegim bar. Men söweşe gatnaşýan goşunlaryň ýerleşişini, biri-birine hüjüm edişini, çaknyşanyny we yza çekilşini, tä biri-biriniň üstünden ýeňiş gazanýança bolup geçýän ýagdaýlar şekillendirlen bir oýny oýlap tapmagyňyzy isleýärin». Hiç kim olar ýaly zady oýlap tapyp bilmändir. Patyşa bu ýagdaýdan närazy bolup, akyldarlarynyň baş akyldaryna kä gyjyt berip, kä igenipdir, kä höweslendirip, käte-de gorkuzypdyr. Onda ol akyldar möhlet diläpdir. Patyşa akyldaryň hemme islegleriniň ýerine ýetirilmegini buýrupdyr. Özüniň rehimliligini görkezip, hemme dilän zatlaryny şol wagtyň özünde ýerine ýetirdipdir. Ol adam ýeke özi çola ýere çykyp, buýrugy berjaý etmäge meşgullanyp başlapdyr. Soňra möhletinden öň patyşanyň dergähine gelip, küştüň düzümini düzüpdir. Patyşa ol oýny synlanyndan we düşüneninden soň, haýran galyp: «Meniň hemme bilýän zatlarymdan iň ajaýyby şu zatdyr. Islän zadyňy dile, islegiňi ýerine ýetireýin» diýipdir. Küşti oýlap tapan adamynyň ady Sassa ibn Dahyr Hindi eken. Ol: «Meniň bir haýyşym bar. Şony berjaý etseň ýeterlik, başga zat islemeýärin» diýipdir. Patyşa «Bütin mal-mülküm sarp edilse-de dile» diýipdir. Sassa: «Küştüň birinji öýüne bir dirhem goý, ikinji öýünde ony iki esse köpelt, şeýdip tä öýleriň soňuna çenli hasabyňy dowam ediber» diýipdir. Patyşa: «Eý, Sassa! Küşt oýlap tapanyňda seni akylly hem kämil adam hasap edipdim. Senden özüňe gelişjek hem peýdaly boljak bir haýyşa garaşypdym» diýipdir. Sassa: «Eger şu haýyşym ýerine ýetmese, onda men başga zat islemeýärin» diýipdir. Onda patyşa: «Sassanyň haýyşyny ýerine ýetiriň» diýip buýrupdyr. Birnäçe wagtdan soň baş wezir gelip: «Patyşam, seniň bar mülküň hem baýlygyň onuň soraýan zadyna ýetenok. Sanap görsek, çykan san biziň eşiden hasabymyzyň çeni-çaky däl eken» diýipdir. Ol san şeýledir: 818. 000. 000. 000. 000. 000. 446. 000. 000. 000. 000. 000. 744. 000. 000. 000. 000. 700. 000. 000. 9. 000. 000. 551. 000. 616. Ýunan pelsepeçileri: «Küşt tebipçilige dahylly zatdyr» diýipdirler. Aýdylşyna görä, ýunan şalarynyň biri içgeçme keseline sezewar bolupdyr. Şa tebiplere derdini bejermegi buýrupdyr. Bukrat syrkawa seredip, ondaky içgeçmäniň wagtal-wagtal gaýtalanýandygyna göz ýetiripdir. Bukrat küştçüleri çagyryp, şanyň öňünde küşt oýnamaklaryny tabşyrypdyr. Şa olaryň oýnuna dykgatly garap, bu oýnuň we oýunçylaryň sözleriniň ajaýypdygyny bilipdir. Soňra şa küşt oýnuny içgin synlamagy höwes edip, küştçüleriň ýanyna baryp oturypdyr. Bukrat oýunçylara küşti gyzyşdyrmagy haýyş edipdir. Şa hem küşte gyzygyp gidipdir we içagyrysyny unudypdyr. Küştüň tebipçilige dahyllydygy, ine, şu ýerden gelip çykýar. Ýunan pelsepeçileriniň rowaýatlaryna görä, Jalinyus lukman: «Küşt ýaly ajaýyp güýmenje ýok, ol boş wagtyňy doldurýan zatlaryň iň gyzyklysydyr» diýipdir. Bir gezek Jalinyus akyldar adamlaryň küşt oýnap oturanyny görüpdir. Olaryň içinde onuň gowy tanaýan adamy hem bar eken. Jalinyus ony köp wagtlap görmän eken. Jalinyus dostundan halyny sorapdyr. Şol wagt ol adam şeýle jogap beripdir: «Men küşt oýnap, on müň dinar utdum. Ol pullara bir ajaýyp ýerden owadan mülk aldym. Men şol mülkümde rahatlykda ýaşaýaryn». Onda Jalinyus: «Küşt ne gözel oýun we ne gözel gazanç eken» diýipdir. Şeýdip, küşt käbir ylymlaryň bölümlerine we şahamçalaryna giripdir. Küşti käbir adamlar tebipçilikde hem peýdalanypdyrlar. Şeýlelikde, küşt tebipçilige serişde hökmünde kabul edilipdir. «Eminnama» atly kitapda ýazylşyna görä, öňki döwürde patyşalar küşti we nardy halaýan hem gowy görýän adamlary bilen oýnar ekenler. Suly özüniň küşt hakyndaky kitabyny Alla we Onuň pygamberine taryp we hamdy-sena aýtmakdan soň şeýle sözler bilen başlaýar: «Bu kitapda iň saýlama küşt döwlerini beýan etdim. Olar ökde küştçüleriň arasynda bolup geçen, owadan gutarýan küşt döwleridir. Ol döwleri kämillik derejesi ýeterlik däl küştçüler üçin saýladym. Sebäbi kämillik derejesi ýeterlik däl küştçüler ol döwlerden peýdalanyp, öz küşt derejesini ýokarlandyryp bilerler. Ol saýlama döwlerde oýunçylar öz ökdeligi bilen biri-birlerini utýarlar. Şol döwler bilen tanyş bolmadyk derejesi pes küştçüleriň ýokary derejede oýnamagy asla mümkin däl. Ökde küştçüleriň sada döwleri bilmezliginiň hem zyýany köpdür. Şeýle-de orta derejeli küştçüler hem sada döwleri bilmäge mätäçdirler. Sebäbi käwagt ýokary derejä girýän küştçüler orta derejelileri ýigrimi gezek utsa, özleri üç-dört gezek utulýarlar. Hiç bir döwürde, hiç bir zamanda ýokary derejeli küştçüleriň üçüsi bolmandyr. Olar bir ýa iki bolupdyr. Iki bolanda hem olar hemişe bir-biri bilen bäsleşipdirler. Razy öz döwrüniň iň güýçli küştçüsi bolup, öz derejesindäki küştçä hergiz gabat gelmändir. Adly özünden öň özüne mynasyp küştçi görmändir. Bu ikisi ýokary derejeli küştçüleriň hataryna girýärler. Ýokary derejedäki küştçüler uzak wagtyň dowamynda köp döwleri synlap, köp döwlerde üstün çykyp, orta derejelilerden tapawutlanypdyrlar. Bu kitapda küşt oýunlarynyň başlangyçlary hem saýlama döwler berilýär. Olar oýnuň başynda mallaryň iň gowy göçümlerini görkezýär. Olary öwrenmek zerur». Adly öz kitabynda küştdäki käbir başlangyç göçümleri düşündirýär. Ol: «Käbir oýunçylar şu başlangyç göçümler bilen oýna başlapdyrlar» diýýär. Şeýle hem, ol oýunçylaryň atlaryny agzap geçýär. Ol başlangyç göçümleriň birnäçesi maňa tanyş däl, ýöne: «Biziň bilmeýän zatlarymyzy könelerden bilýänler bar eken» diýsek, nädogry bolar. Öňküleriň oýunlaryny soňkular bilýär. Köplenç soňkular könelerden ýadygär galan, görmedik zatlaryna höwesjeň bolýarlar. Çünki geçmişiň paýhasy güýçli. Bu jähetden Abulaswat Duwaly : «Eger beýgeljek bolsaň ölüp git» diýipdir. Ol başlangyç göçümleriň arasynda gowulary hem bar. Biz, eger Alla islese, olary öz ýerinde görkezeris we öz ýerinde beýan ederis. Adly küştüň döreýşiniň sebäpleri barada birnäçe maglumatlary hem rowaýatlary ýazypdyr. Olaryň hakykatdygy belli däl we subutnamalary ýok. Ol: «Küşti oýlap tapanyň ady Sassa ibn Dahyr Hindidir» diýýär. Ýöne bu maglumatlar esasan toslanan zatlardyr. Olar rowaýatlarda ýatlanylýar. Küştüň döreýşi baradaky habarlaryň iň dogrusy şeýledir. Birnäçe adamlar Reýýaşydan, ol hem Abu Omardan, ol atasyndan, ol Abu Asym Dahhak ibn Muhallat Şeýbanydan, ol Mygtamyr ibn Süleýman Teýmiden, Teými atasyndan şeýle rowaýat edýärler: «Küşt düýpli bir sebäp bilen döräpdir». Bu habar kabul edilmäge mynasypdyr. Süleýman Teými «Halala» diýen kitabynda şeýle sözleri getirýär: «Maňa Aly ibn Ahmet, oňa Yshak ibn Ybraýym ibn Muhallat Medaýyny, oňa Ybraýym ibn Hamat ibn Zyýat, oňa hem Kagp şeýle diýipdir: «Birinji bolup küşt oýnan Ýuşakus we Kälib ibn Ýuhannadyr. Küşti birinji oýlap tapan Karundyr, parslar bu oýny Ýuşakusdan öwrenipdirler». Allatagalanyň Gurhany Kerimiň aýatlarynda: «Alladan gorkan we Onuň ynam-merhemetine miýesser bolan iki kişi…» diýip beýan edýän iki kişisiniň biri Ýuşakusdyr, beýlekisi ibn Nun. Bize Muhammet ibn Kasymdan, oňa Asmagydan, oňa agasyndan, oňa Abu Raja Kelbiden, oňa Ýahýa ibn Sagytdan, oňa Sagyt ibn Müseýepden şeýle habar geldi: Omar ibn Hattapdan (goý, Alla ondan razy bolsun!) küştüň halal ýa haramdygy barada soralypdyr. Omar: «Küşt näme?» diýip sorapdyr. Omara ogly ölen aýalyň küştden teselli tapyşy baradaky rowaýaty aýdyp beripdirler we küşti düzüp görkezipdirler. Omar muny görüp: «Küştüň çöpleri harby ýagdaýlary aňladýan bolsa, onda ol erbet zat däl eken» diýipdir. Ol aýalyň rowaýaty şeýle ýagdaýda Omar bilen baglanyşykly ýatlanan eken. Ýogsa onuň ýaly rowaýaty hiç bir ýerde hasaba-da aljak däl ekenler. Adly «Küşt oýnuna giriş» atly kitabynda asly näbelli we nädogry maglumatlardan doly habarlary, rowaýatlary we hadyslary habar berijilerden we başgalardan alnan hekaýatlary berýär. Biz pygamberiň sahabalarynyň (goý, Alla olara rehim etsin!) we tabygynlaryň küşt barada aýdan sözlerini getireris. Şeýle hem, küştüň haýsy şert bilen halal bolýandygyny hem-de ol adamlaryň küşte degişli halamadyk zatlaryny aýdarys. Gepiň gysgasy, küştden daş duran adamlar hem bolupdyr. Olar küşti aýyplap, ony salyhatlylykdan daşlaşdyrýan oýun hasaplapdyrlar. Şeýle hem, olar küştüň, eger ol Allanyň buýruklaryndan ünsi bölmese, iň bir özüne çekiji zatdygyny we lezzet berýän zatlaryň iň beýigidigini tassyklapdyrlar. Alla söwdany halal edipdir. Eger süýthorluk aralaşsa, söwda haram bolýar. Alla degişmäni rugsatly edipdir. Eger-de degişmä ýalan sözler goşulsa, onda ol haram bolýar. Küşt barada aýdylanda hem ýagdaý şeýledir. Küşt oýnaýan adam ýatlanan zatlardan daş dursa, onda ony oýnamak dürsdir. Üstesine-de, küşt akylyňy ýiteldýär we gylyk-häsiýetleriňi taplaýar. Sebäbi küşti ýöredýän hem, bir tarapy ýeňşe eltýän hem pikirdir. Küştüň halal bolmagyny üpjün edýän zat, biziň ýatlap geçen zatlarymyzdan (karam, ýalan, süýthorluk, şer ...) daş durmakdyr. Abu Yshak Ybraýym ibn Faht Sajy bize, oňa Ubeýdylla ibn Magaz, oňa kakasy, oňa Osman ibn Musa şeýle habar berýär: «Men Hasana bir kitap berdim. Ol kitapda küşt meselesiniň beýany bardy. Bu kitapda Hasanyň şeýle sözleri bar: «Eger namazdan goýmasa, küşt erbet zat däldir». Usama ibn Züheýr aýdypdyr: «Ýüreklere dynç beriň, zikire düşünersiňiz». Hasan aýdypdyr: «Kalplara dynç beriň. Çünki kalplar basym ýukalýandyr». Aly ibn Abu Talypdan (goý, Alla onuň ruhuny beýgeltsin!) gelen şeýle bir söz bar: «Kalp mejbur edilse, kör bolar». Ibn Mesgut (goý, Alla oňa rehim etsin!) aýtdy: «Ýürekler hem bedenler ýaly tukat bolýar, onuň üçin akylyňy rahatlandyrýan üýtgeşik zatlary gözläň». Ibn Apbas (goý, Alla oňa rehim etsin!) Gurhany we sünneti köp okap, ýadan wagty şygyrlary we kyssalary okar eken. Dawut pygamber şeýle parasatly söz aýdypdyr: «Akylly adam özüni dört sany zatdan boş goýmaly däldir: 1) ahyrete taýýarlyk; 2) dirilikde ýagşylyk etmek; 3) bozuklyga salýan zatlary düzetmek barada pikir etmek; 4) haram däl zatlardan lezzet almak. Erdeşir ibn Bäbek aýdypdyr: «Gulaklaryň halanmaýan zatlary diňlemezligi üçin ýürekleri hem takatlylyk bilen güýmäň». Anuşirwan: «Bedenleriň iýmite mätäç boluşlary ýaly, ýürekler hem parasatlylyga mätäçdir» diýipdir. Akyldarlaryň şeýle sözleri örän kän, ýöne biz olary gysgaltdyk. Ökde ýazyjylar kitap ýazanlarynda okyja täsirli bolar ýaly we okyjy erjel ýapyşyp okary ýaly arasyna degişmeler goşýarlar. Ýürek bedeniň iň möhüm agzasydyr. Onuň ýadawlygy hem iň güýçli ýadawlykdyr. Şeýlelikde, ýürek özüne rahatlyk beriji hem güýmeýji zada mätäçdir. Ol güýmenjeleriň iň gowusy we lezzetlisi küştdür. Patyşalar öz perzentlerine beýleki ylymlar bilen bile küşti hem öwredýärler. Küşt oýnap bilmeýän çagany öz deň-duşlaryndan yza galak diýip hasaplar ekenler. Maňa Muhammet ibn Kasymdan, oňa Muhammet ibn Jahmdan, oňa Aly ibn Musadan, oňa Japar ibn Muhammetden (goý, Alla olaryň hemmesinden razy bolsun!) küştüň artyk tarapy barada şeýle sözler gelip ýetipdir: «Küşt biziň adamlarymyzy meý-şerap içmekden saklaýar». Bize Gyllaby , oňa Ýakup ibn Japar ibn Süleýman, oňa öz kakasy, oňa bolsa Süleýman ibn Aly şeýle gürrüň beripdir: «Ümewi neberesiniň hökümdarlyk süren döwründe biziň adamlarymyz diňe küştden teselli tapýardylar». Bize Abu Aly Hüseýin ibn Fähm şeýle gürrüň berdi: «Abu Müslim küşt oýnamagy döwletiň işi hasap eder eken. Ol bir gezek küşt oýnanda döw Abu Müslim üçin gaty kyn düşüpdir. Ol birbada gorkupdyr, soň döw onuň peýdasyna bolupdyr. Şonda ol şeýle diýipdir: «Alladan kasam içýärin! Men öň munuň ýaly gorkmandym. Ýöne şu oýnuň üsti bilen döwletiň işini ýorsaň, biziň işimiz uly kynçylyklardan soň ahyry gowy gutarjak eken diýen pikire geldim». Apbas ibn Hüseýin ibn Abdylla ibn Apbas ibn Ala ibn Abu Talyp (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle aýtdy: «Han-begler ýogalanda olaryň mirasynda küşti hem hasaba alar ekenler». Bize Abu Sagyt Sukry, oňa Abu Abdylla Muhammet Aly ibn Hemze ibn Hasan ibn Ubeýdylla ibn Apbas ibn Aly, oňa kakasy, onuň kakasyna bolsa kakasy şeýle gürrüň beripdir: «Biziň ýanymyza Hasan ibn Zeýt eşekli gelip durdy. Biz bolsa küşt oýnap otyrdyk. Ol aýagyny eşeginiň üstünde oturan ýerinden aşagyna ýygnap, küşti gyzyklanma bilen synlap: «Muny bärik göç, ony aňryk göç» diýip, häli-şindi nesihat berip durdy». Küşt hakda ýene şeýle rowaýat aýdylýar: Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) küşt oýnap oturan adamlaryň ýanyndan geçip barýan eken. Aly küştçüleri görüp: — Bu gyzyşyp, meşgul bolup oturan heýkelleriňiz näme? — diýdi. Olar: — Küşt — diýip jogap berdiler. Bu rowaýaty Hasan ibn Arrafa, oňa Bahluk ibn Ubeýda, oňa Abu Yshak, oňa Asym ibn Damra gürrüň berýär. Bu ýerde Alynyň hiç zat aýtman ýöräp gitmegi küştüň dürsdügine delildir. Sebäbi küşt Ümewileriň döwründe heýkel görnüşinde bolupdyr. Pyýadalar pyýada goşun şekilinde, atlar, piller hem öz şekilinde edil arap däl milletleriň oýnaýşy ýaly, şol şekillendirilen görnüşinde oýnalypdyr. Biziň döwrümizde ol küşt şekillerini az adamlar bilýär. Arap däl milletlerde beýle küşt bu wagt oýnalmaýar. Alynyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) döwründe küşt şekillendirilen görnüşde eken. Şonuň üçin Aly küşti halamandyr. Ýöne ol «heýkeller» diýse hem, küşti oýnamagy gadagan etmändir we käýinmändir. Bu ýerden küştüň oýun hökmünde rugsatly we halaldygy aýan bolýar. Küştüň öňki döwürde şekillendirilen görnüşde bolandygyna delil hökmünde Abu Bekrden şeýle rowaýat getirilýär, ýagny Hemze ibn Abu Hemze Jezeri, Sabyt ibn Ubeýdylla ibn Abu Bekrden şeýle aýdýar: Abu Bekr oglunyň küşt oýnap oturanyny görüp: «Bu siziň gyzyşyp, meşgul bolup oturan heýkelleriňiz näme?» diýipdir. Ýöne şol diýenine başga hiç bir söz goşmandyr. Aby Bekr hem küştüň heýkellerden düzülendigini halamasa-da, onuň başga zadyny inkär etmändir we närazylyk bildirmändir. Bu sözler biziň aýdanlarymyzy subut edýär. Maňa Abu Bekr ibn Fazl Mawla Aswat, oňa Omar ibn Şabba, oňa Abdyleziz ibn Abu Selme Amry, oňa dogany, oňa kakasy şeýle aýdypdyr: «Ýanymyzdan Kasym ibn Muhammet geçip barýarka, biz küşt oýnap otyrdyk. Küştüň käbir mallary heýkel görnüşinde şekillendirilendi. Ol bize: «Size heýkel şekillendirmegi gadagan edýärin» diýdi. Ýöne ol küştüň özüni aýyplamandyr we gadagan etmändir. Biziň aýdanlarymyzy subut edýän ýene bir zat, sahabalardan soň gelen birinji nesil tabygynlar küşt oýnapdyrlar. Olar hem Alynyň aýdan sözünden habarly we oňa has golaý bolupdyr. Eger-de Alynyň sözleri biziň düşündirişimiz ýaly bolmasady, onda olar küşt oýnamazdylar. Indi sahabalardan, tabygynlardan we olardan soňky gelenlerden küşt oýnanlary, küşti görüp, ony gadagan etmedik we küşt barada soralyp, ony inkär etmedik kişileri ýatlap geçeliň. • Omar ibn Hattap Muhammet ibn Kasym bize, oňa Asmagy, oňa agasy, oňa Abu Raja Kelbi, oňa Ýahýa Sagyt ibn Müseýep şeýle aýdypdyr: «Omardan (goý, Alla oňa rehim etsin!) küşt barada soralypdyr. Omar: «Küşt näme?» diýip sorapdyr. Omara ogluny ýitiren aýalyň hekaýatyny aýdyp beripdirler. Onda Omar: «Söweşe degişli bolsa, küştüň zyýany ýok» diýipdir». Bize Yshak ibn Ybraýym Kazzar, oňa Muhammet ibn Musa, oňa Abu Asym, oňa Awn, oňa Muhammet ibn Sezeýin, oňa Helal ibn Hadyp Mawla Süleýman ibn Ýasar şeýle gürrüň beripdir: «Omar ibn Hattap küşt oýnap oturan wagtymyz, ýanymyzdan geçdi. Ol bize salam berdi. Ýöne küşti gadagan etmedi». Bize Abu Omar we Muhammet ibn Apbas ibn Fazaj, oňa kakasy, oňa Abu Asym Omaryň hekaýatyny aýtdy. Ýöne «Omar ibn Hattap däl-de, Amr ibn Asdy» diýdi. • Abu Sir Bize Ybraýym ibn Faht Sajy, oňa Musa ibn Ybraýym Tebuzeki, oňa Abdyleziz Majysunyň doganoglany, oňa Müslim Nader şeýle aýdypdyr: «Biz küşt oýnap otyran wagtymyzda, ýanymyzdan Abu Sir geçdi we bize küşt oýnamagy gadagan etmedi». • Abu Hüreýre Bize Abu Hasan Nakýad, oňa Abu Bekr Muhammet ibn Bassam Marystany, oňa Fazl ibn Hasan Samy, oňa Abu Abdylla Muhammet Abdyrahman Abdy, oňa Umaýa ibn Hamt, oňa Bakkar ibn Ýahýa, oňa Abu Ruşdeýin ýa-da käbiriniň aýdyşyna görä, Abu Reşit şeýle aýdypdyr: «Men Abu Hüreýräniň bir oglanjygy çagyryp, onuň bilen küşt oýnanyny görüpdim». • Aly ibn Hüseýin Bize Muhammet ibn Ýezit Muhallaby we başgalar, olara Abu Eýýup Medeni, oňa Abu Huzafa, oňa Darawardy, oňa Muhammet ibn Abdylla Zahry, oňa agasy (kakasynyň dogany) ibn Şyhap şeýle aýdypdyr: «Aly ibn Hüseýin (goý, Alla oňa rehim etsin!) öz golaý-garyndaşlary (maşgalasy) bilen küşt oýnar eken». • Muhammet Ibn Sirin Bize Ybraýym ibn Faht, oňa Muhammet ibn Merwan, oňa Mahbup ibn Hasan, oňa Halyt Hazzad şeýle aýdypdyr: «Men Muhammet ibn Sirin bilen iki sany kureýşliniň küşt oýnap oturanyny gördüm. Şonda Muhammet olaryň birine: «Şuny bäri göç, ony aňry göç» diýerdi». Bize Fazl ibn Habap, oňa Süleýman ibn Harp, oňa Hammat ibn Zeýt, oňa Hyşam ibn Hassan, oňa Muhammet ibn Sirin şeýle aýdypdyr: «Eger pula oýnalmasa, küşt oýnamakda erbet zady görmeýärin». Bize Muhammet ibn Ýunus Kudeými, oňa Ruh ibn Ubada, oňa Hyşam ibn Hassan, oňa Muhammet ibn Sirin küştüň erbet zat däldigi barada aýdypdyr. Başga habarlara görä, Muhammet ibn Sirin zyndanda wagty küşt oýnap oturan adamlary görüp, olaryň küşt döwüne gyzyklanma bilen gatnaşypdyr. • Sagyt ibn Müseýep Köp habarlara görä, ol küştde erbetlik görmändir. Şeýle hem, başga beýik alymlar Hasan Basry, Urwa, Hyşam ibn Urwa, Şagby, Saýyt ibn Jübeýr, Kasym ibn Muhammet, Muhammet ibn Munkadyr, Abu Weýl Agmaş, Süleýman Beşşar, Najyýa ibn Kagp, Abu Kallaba, Akrama, Abu Mujalaj, Abu Yshak Hemedany, Zuhry, Abu Awn, Rabyg ibn Abu Abdyrahman, Abu Zyýat, Abu Mälik, Ybraýym ibn Sagt, Ybraýym Talha ibn Abdylla ibn Mugym, Ubeýdylla ibn Hasan Anbary Kazy, Süleýman ibn Mugyra, Abdylmälik ibn Merwan, Aly ibn Hemze Kesaýy – hemmesi küşt oýnalýan wagtyna gabat gelenlerinde, küşt oýnamagy gadagan etmändirler. Olar dymyp geçipdirler, ýa-da oýna gatnaşyp-dyrlar, ýa-da: «Akylyňyzy gaty gidirmäň. Küşt namazdan we Allanyň beýleki buýruklaryndan galdyraýmasyn» diýipdirler, pula küşt oýnamagy gadagan edipdirler. Razy şeýle diýipdir: «Küşt oýnan wagtynda küştçüniň kellesiniň başga pikir bilen ýa-da gam bilen meşgul bolmazlygy gerek. Oýunçy küşti gaýgysyz halda, işiň az wagty, nahardan gaty dok däl wagty oýnamalydyr. Küştçi mallarynyň göçümlerini göçende öz şasyny we garşydaşynyň şasyny göz öňüne getirmelidir. Ol mal almaga howlukmaly däldir. Mugt bolan ýagdaýda-da, soňunda has köp aljagyna we ýeňşe barjagyna göz ýetirmese, howlukmaçlyga ýol bermeli däldir». Suly şeýle diýipdir: «Oýunçy nebisjeňlikden daş durmalydyr. Ol mejbury bolmasa ýa-da utjagyna gözi ýetmese, piliň göçümlerinden seresap bolmaly, ruhy göçmeli däldir. Iki pilini goramalydyr. Esasanam, deňme-deň oýunda pili aýamalydyr. Sebäbi pili gidermek iň uly ýalňyşlyklaryň biridir. Oýunçy husytlykdan hem saklanmalydyr. Sebäbi ahyrky netijede, onuň has köp ýitgi çekäýmegi mümkin. Ýöne käwagt maly bermeklik bilen utuş we ýeňiş nesip etmegi mümkin. Iň gowy küşt döwi – her bir zady öz wagtynda göçmekdir. Husytlyk, geçirimlilik, batyrlyk, töwekgelçilik, gorkaklyk, seresaplylyk, alym-berim, howlukmaçlyk – bularyň hemmesi öz ýerinde we dogry ulanylan halatynda peýdasy köpdür. Oýnuň hakykatyna aň ýetirmek üçin oýny uzak synlap, ýokarda aýdylan zatlaryň eltýän netijelerini öňünden görmegi gerek. Küşt bilen meşgullanýan adamyň sabyrly bolmagy, uzak synlamagy başarmagy, howlukmazlygy we dürs pikir etmekligi zerurdyr». Adly kitabynda küşt düzümlerini we döwlerini ýatlap geçýär. Olaryň arasynda düşnüksiz döwler hem bar. Adlynyň beýle döwleri nireden alandygy näbelli. Oýunçylaryň arasynda ýasama döwler hem bar. Mysal üçin, bir döwde on sekiz göçümden soň oýun gutarýar. Emma biz ol oýnuň sekiz göçümden soň gutarýandygyny görüpdik. Emma Adly ol döwüň sekiz göçümden gutarýandygyny görmändir. Adlydan soňky oýunçylar hem, meniň muny aýdan wagtyma çenli, beýle göçümi görmändirler. Adly bir küşt döwünde dokuz perzini üç perziniň garşysynda goýýar. Beýle ýagdaý hiç haçan boljak hem akyla sygjak zat däl. Ol köp küşt döwleriniň ahyrlaryny berýär. Onuň beren käbir küşt döwlerinde biziň üýtgeden, goşan ýa-da aýran zatlarymyz bar. Çünki käbir adamlar küşte kän üns bermeýärler, küşt bilen az meşgullanýarlar, küşti orta derejede oýnaýarlar ýa-da öň bolup geçen göçümler bilen täze göçümleri tapawutlandyryp bilmeýärler. Bilmeýän adam üçin «Pylany gowy oýnaýar eken» diýen gürrüňi köp gezek eşitmekden, ol adamyň oýnuny bir gezek görmekligi peýdalydyr. Biz şu kitabymyzda Adlynyň kitabyndan düzedip boljak zatlary berýäris. Şeýle hem, Adlynyň nireden alandygy belli bolmadyk nämälim zatlaryny aýryp, diňe onuň özüne degişli zatlary goýduk. _________________________________ Dört düzüm — dört başlangyç bolan suw, toprak, ot, howa. Bukrat — Gippokrat. Jalinyus — Galen. Abulaswat Zalym ibn Amr ibn Sufýan Duwaly — tabygynlardan, arap diliniň grammatikasyny birinji düzen adam hökmünde meşhur bolan, 688-nji ýylda wepat bolupdyr. Abu Asym Dahhak ibn Muhallat Şeýbany — din alymy 827-nji ýylda wepat bolupdyr. Mygtamyr ibn Süleýman Teými — tabygynlardan 802-nji ýylda wepat bolupdyr. Süleýman Teými — tabygynlardan 760-njy ýylda wepat bolupdyr. Karun — rowaýatlara görä gaty baý adam. Gadymy döwürde ýaşap geçen. Gurhanyň 5-nji («Supra») süresiniň 23-nji aýaty. Sagyt ibn Müseýep — tabygynlardan, 712-nji ýylda wepat bolupdyr. Omar ibn Hattap ibn Nufeýl Adawi, Abu Hafs — dört çaryýaryň ikinjisi, 643-nji ýylda öldürilen. Hasan ibn Aly ibn Abu Talyp, Abu Muhammet — Aly ibn Aby Talybyň Patmadan bolan ogly. Muhammet pygamberiň agtygy, 669-njy ýylda öldürilen. Aly ibn Abu Talyp ibn Abdulmuttalyp — dört çaryýaryň dördünjisi, 669-njy ýylda öldürilen. Muhammet ibn Zekeriýa Gyllaby — din alymy, 902-nji ýylda wepat bolan. Abu Bekr Syddyk, Abdylla ibn Osman — dört çaryýaryň birinjisi, 634-nji ýylda wepat bolupdyr. Musa ibn Ybraýym Tebuzeki — din alymy, 837-nji ýylda wepat bolupdyr. Abu Hüreýre — tabygynlardan, 678-nji ýylda wepat bolupdyr. Aly ibn Hüseýin, Zeýnul Abidin — tabygynlardan, Muhammet pygamberiň neberesinden, hijriniň 712-nji ýylynda wepat bolan. Muhammet ibn Sirin — tabygynlardan, 728-nji ýylda wepat bolan. Birden köp perzi hakynda gürrüň gidende, perzi çykan pyýadalar göz öňünde tutulýar. Arap dilinden terjime eden we çapa taýýarlan Şaman BAÝRAMMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |