11:59 Sadranç kitaby: Küşt öýleriniň atlary | |
KÜŞT ÖÝLERINIŇ ATLARY
Sport we turizm
Şu ýokardaky suratda biz küşt tagtasynyň öýjüklerini atlandyrdyk. Öňde geljek küşt düzümlerinde mallary şol atlary ulanyp göçeris. Her göçümiň adyny aýdyp, pylan öýjükden pylan öýjüge diýsek, siz nämäniň nireden we nirä göçülendigini bilersiňiz. Küştüň bu şekilini parslar hindilerden alypdyrlar. Biz hem ony parslardan aldyk. Parslar küştüň käbir düzgünlerini üýt-gedipdirler. Adamlar hem parslaryň üýtgeden şol küştüni kabul edipdirler. Adamlar: «Hindistanda üç sany zat döredi» diýen söz bilen ylalaşýarlar. Şol üç zadyň öňüne geçjek zat ýok. Şol zatlara başga hiç bir meňzeş zat ýok. Olar: «Kalila we Dimna» atly kitap, tükeniksizlige ornap gidýän dokuz sany san we küştdir. «Hindiler ýyldyzlar ylmyna, tebipçilige we maldarçylyga hem ussat» diýýärler. Ýöne parslar bilen rumlular bu ylymlarda olardan yza galanok. Hyjazyň halky küşti hindi küştüniň düzgüni boýunça oýnaýarlar we ony «Medinäniň oýny» diýip atlandyrýarlar. Ol oýnuň düzgünleriniň biri, meselem, her tarapda şa bilen bir mal galsa we şalaryň biri beýlekiniň malyny birinji alyp gutarsa, beýleki şa ýeke galsa, utuldy diýlip hasap edilýär. Küşti şeýle düzgün bilen Medinäniň halky we hindiler oýnaýar. Hindileriň düzgünleriniň ýene biri – şa gitmäge öý tapmasa we garşydaşynda oňa küşt bermäge mal bolmasa, ol şa ýatdy hasap edilýär. Pars küştüniň düzgüni beýle däl. Hindi küştünde pil çüňkde goýulýar we ol gyýtak çyzyk boýunça däl-de, göni bir öý geçip ikinji öýe göçýär, islän tarapyna, tagtanyň baryp bilen ýerine. Her pil on alty öýe baryp bilýär. Şeýdip, dört pil tagtanyň hemme öýlerine göçýär, emma biri-biri bilen duşmaýar. Emma parslardan alnan küşt biziň şu günki oýnaýan küştümizdir. Onda dört pil diňe otuz iki öe baryp bilýär, her pil sekiz öe, ýagny tagtanyň ýarsyna çenli baryp bilýär. Piliň öýüniň azalmagy onuň gyýtak çyzyk boýunça bir öý geçip ikinji öýe ýöremegi sebäplidir. Hindilerden: «Näme üçin siziň pilleriňiz çüňkde durýar?» diýip soralypdyr. Olar muňa: «Pilli esgerleriň ýolbaşçysy sag ganat hökmünde we çep ganat hökmünde bolýar. Çünki, piliň güýji we gymmatlyklary köp. Atlaryň bolsa şanyň ýanynda bolmagyny has dogry hasap edýärler. Çünki, at kowmak hem gaçmak üçindir» diýip, jogap beripdirler. Bir pelsepeçi alym aty öwüp şeýle diýipdir: «Hakykatdan hem, iň beýik zat adamdyr, soň at, soň laçyn, soň iň gözel zat eli laçynly atly adamdyr». Ýene-de şeýle diýipdirler: «Iň asylly patyşa atly patyşadyr. Şol asylly patyşa bolsa, Babylyň patyşasydyr. Oňa «Şahynşa», ýagny «Patyşalaryň patyşasy» diýilýär. Ikinji ýerde pilli patyşa, ýagny Hindistanyň patyşasy durýar, üçünji ýerde Hytaýyň patyşasy, ol bolsa pyýada esgerleriň patyşasydyr». «Emin» atly kitapda: «Patyşalar dört sanydyr» diýilýär. Hindileriň patyşasy agzalmaýar. Çünki, Hindistanda tire-taýpalar patyşalary hökümdarlyk edýär. Bu sebäpden Hindistanyň patyşasy bar diýip hasap edilmeýär. Şeýlelikde, patyşalar dörtdür. Babylyň patyşasy, türkileriň patyşasy, Rumuň patyşasy we Hytaýyň patyşasy. Hindileriň piliniň güýji perzisiniň güýji ýalydyr. __________________________ Ol döwürde küşt tagtasynyň öýjükleri reňklenilmändir. Mallar gara we gyzyl reňkde bolupdyr. Bu kitapda getirilýän küşt düzümlerini häzirki zaman küşt tagtasynda düzmek üçin ýazaryň beren tablisasyndan ugur almaly. Ýazar beren küşt düzümlerinde käwagt gyzyllar aşakdan oýnaýan edýär, käwagt ýokardan. Gyzyllar tarapdan oýna seretseň, şanyň öýi çep tarapdan dördünji öý bolmaly, garalar tarapdan seretseň, şanyň öýi sag tarapdan dördünji öý bolmaly. Arap dilinden terjime edip çapa taýýarlan Şaman BAÝRAMMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |